Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň
gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we
sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatdaky
möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda galla oragy möwsümine taýýarlyk görmek maksady bilen zerur
guramaçylyk çäreleri geçirildi. Tohumlyk ekilen bugdaýyň hasylyny talabalaýyk
ýygnap almak üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen
meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri geçirilýär. Bu
agrotehniki çärelerde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Şunuň
bilen birlikde, pile möwsüminiň çäklerinde taýýarlanylan piläni kabul ediş
nokatlaryna tabşyrmak işleri dowam edýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja
ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek,
ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim
25-nji maýda welaýatda “Soňky jaň” dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça
görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda geçirilmeginiň, şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli
peýdalanmagyň zerur talap bolup durýandygyny belledi hem-de bu babatda birnäçe
tabşyryklary berdi.
Soňra
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradowa söz berildi. Häkim, ilki bilen, Eýran
Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýaty bilen Balkan welaýatynyň arasynda
söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň
çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp
maslahatlaşmak üçin 14 — 16-njy maý aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň
Gülüstan welaýatyna iş saparyny amala aşyrmaga döredilen mümkinçilik üçin
hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk
bildirdi.
Soňra
häkim Balkan welaýatynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda tohumlyk bugdaýyň hasylyny bildirilýän talaplara
laýyklykda ýygnap almak, saklamak maksady bilen degişli taýýarlyk işleri alnyp
barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek
işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatda piläni kabul ediş kärhanalaryna tabşyrmak
işleri dowam edýär. Ýurdumyzda ýeralma, gök-bakja önümleriniň öndürilýän
möçberini artdyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda
sebitde bu ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri ýerine
ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim welaýatyň orta mekdeplerinde “Soňky jaň”
dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada
hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginiň ähli tapgyrlarynda
agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň ekinlerden bol we ýokary
hilli hasyl almagyň, oba hojalygyny netijeli ýöretmegiň esasy şertleriniň biri
bolup durýandygyna ünsi çekdi we häkime degişli tabşyryklary berdi.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew sebitdäki möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, welaýatda galla oragyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, häzirki
wagtda galla kabul ediş kärhanalaryny, däne ýygýan kombaýnlary, beýleki
tehnikalary möwsüme taýýarlamak işleri dowam edýär. Gowaça ekilen meýdanlarda
hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek işleri geçirilýär. Şunda oba hojalyk
tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Welaýatda şaly ekişi dowam edip, bu
möwsümi bellenen möhletde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Şu günler
ýüpekçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär.
Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg etmek, suw tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim
25-nji maýda welaýatda “Soňky jaň” dabarasyny ýokary derejede geçirmek babatda
görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmegini,
bugdaý oragy möwsümine ykjam taýýarlyk görülmegini ileri tutulýan wezipeleriň
hatarynda kesgitledi hem-de bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Lebap
welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler sebitde galla oragy möwsümine taýýarlyk işleri tamamlaýjy
tapgyrda alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Gögeriş alnan meýdanlara hatarara bejergi,
ýekelemek, otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Hormatly Prezidentimiziň
ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýan
wezipelerinden ugur alnyp, welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen
meýdanlaryna ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim 2024-2025-nji
okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli “Soňky jaň” dabarasyny guramaçylykly
geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm
ähmiýetine ünsi çekdi we welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan
agrotehniki çäreleriň, hususan-da, gowaça ideg işleriniň ýokary hilli alnyp
barylmagyny, galla oragyna talabalaýyk taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi
tabşyrdy.
Mary
welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, sebitde galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk
işleri alnyp barylýar. Bu işleriň çäklerinde galla kabul ediş kärhanalary,
elewatorlar, däne ýygýan kombaýnlar, awtoulaglar we beýleki tehnikalar möwsüme
taýýar edildi. Tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, talabalaýyk
saklamak üçin taýýarlyk işleri geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara
bejergi, otag etmek, ýekelemek işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de welaýatda
ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap almak, döwlet harmanyna tabşyrmak işleri
dowam edýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekilen meýdanlara ideg etmek,
ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim
25-nji maýda welaýatda “Soňky jaň” dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça
görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda alnyp
barylýan ideg işleriniň ýokary hilli we guramaçylykly geçirilmeginiň, şunda oba
hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmeginiň, bugdaý oragy möwsümine
guramaçylykly girişilmeginiň möhümdigini belledi hem-de degişli tabşyryklary
berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba
hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki
wagtda galla kabul ediş kärhanalary, elewatorlar, bugdaý daşamakda ulanyljak
awtoulaglar galla oragy möwsümine taýýar edildi. Şunuň bilen birlikde, tohumlyk
bugdaýyň hasylyny talabalaýyk ýygnap almak, saklamak boýunça degişli taýýarlyk
işleri geçirilýär. Ýurdumyzyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek,
otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri utgaşykly alnyp
barylýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Şunuň bilen
birlikde, Daşoguz welaýatynda şaly ekişi dowam edýär. Pile möwsüminiň
çäklerinde ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap almak hem-de döwlet harmanyna
tabşyrmak boýunça işler dowam edýär. Diýarymyzda ýeralmanyň, gök-bakja, beýleki
azyklyk ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, häzirki
wagtda ekerançylyk meýdanlarynda bu ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly
ýygnap almak işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynda özgertmeleri üstünlikli durmuşa
geçirmek, pudagy döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmek boýunça öňde durýan
wezipeleriň toplumlaýyn çemeleşmäni, täzeçil çözgütleri talap edýändigini
belledi we wise-premýere möwsümleýin işleriň ýokary hilli, guramaçylykly alnyp
barylmagyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Soňra döwlet
Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, galla oragy möwsüminiň
ýetip gelýändigine ünsi çekdi hem-de möwsüme gowy taýýarlyk görüp, ony
guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz
welaýatlaryň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek
işleriniň agrotehniki talaplara laýyk alnyp barlyşyny berk gözegçilikde
saklamagy, gowaça ideg etmekde oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmek
üçin zerur çäreleri görmegi, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ýetişdirilen
tohumlyk bugdaý hasylyny bildirilýän talaplara laýyk ýygnap almak, daşamak
hem-de saklamak işlerine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Şeýle-de döwlet
Baştutanymyz Daşoguz welaýatynda şaly ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde
geçirmegiň, sebitlerde pile taýýarlamak boýunça netijeli işleri alyp barmagyň,
pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda
ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini üpjün
etmegiň zerur talap bolup durýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz ýeralma
we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmek, ýetişdirilen hasyly zaýasyz ýygnap
almak işleriniň wagtynda geçirilmegine pugta gözegçilik etmegi, 25-nji maýda
welaýatlardaky orta mekdeplerde «Soňky jaň» dabarasyny guramaçylykly geçirmek
üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.