Şu gün hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere
seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy
D.Gulmanowa alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki
wagtda kabul edilen maksatnamalardan gelip çykýan wezipeleri kanunçylyk taýdan
üpjün etmek maksady bilen, ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan
gelip gowuşýan teklipler esasynda ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni
durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça
işler dowam edýär. Daşary ýurtlaryň parlamentleri we halkara guramalar bilen
gatnaşyklary ösdürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Mejlisiň wekilleri
sanly ulgam arkaly geçirilen çärelere, hususan-da, 1941 — 1945-nji ýyllaryň
Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Russiýa
Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň, şeýle hem Türkmen-saud
parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň maslahatlaryna gatnaşdylar. Milli
parlamentiň wekili ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň guramagynda geçirilen
strategik meýilnamalaşdyryş boýunça ýaş geňeşçileriň sebitleýin okuw maslahatyna
gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde iş saparynda boldy.
Döwlet Baştutanymyz
ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, täze
kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça netijeli işleri alyp barmagyň
möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow geljek ýyl üçin ýurdumyzyň baş maliýe
meýilnamasynyň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň
we maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny işläp düzmek maksady bilen, döwlet
Baştutanymyzyň “Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek
hakynda” Kararyň taslamasyny taýýarlamak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine
ýetirilişi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu
resminamada Döwlet býujetini düzmek üçin ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş
edaralary, häkimlikler tarapyndan berilmäge degişli hasabatlary hem-de
maglumatlary taýýarlamagyň tertibi we möhletleri anyk kesgitlenildi. Geljek
ýylyň Döwlet býujeti we maliýe-ykdysady görkezijileri düzülende, “Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyndan” we degişli hasaplama görkezijilerinden ugur almak
göz öňünde tutulýar. 2026-njy ýylda ýurdumyzyň makroykdysady ýagdaýyny we
maliýe, pul-karz ulgamyny durnukly saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny depginli
ösdürmegi, giň gerimli özgertmeleri dowam etdirmek, maýa goýumlaryň esasy
bölegini täze önümçiliklere gönükdirmek bilen, olaryň netijeliligini artdyrmak,
pudaklara sanly ulgamy, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, amatly işewürlik
gurşawyny döretmek we hususy telekeçiligi ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş
derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda çäreleri durmuşa geçirmek
maksat edinilýär. Hasabatyň dowamynda wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, geljek ýylda hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi
dowam etdirmek maksady bilen, 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda
resminama gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, degişli
tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän toplumynda, hususan-da,
“Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, iri senagat kärhanalaryna sanly ulgamy giňden
ornaşdyrmak hem-de olary halkara tejribä laýyklykda dolandyrmak boýunça zerur
işler alnyp barylýar. Munuň özi buraw işlerine, tebigy gazyň çykarylyşyna we
onuň hereket edýän bir bitewi gaz geçiriji ulgama goýberilişine, gündelik sarp
edilişine gözegçilik etmäge hem-de netijeli dolandyrmaga mümkinçilik berer.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip
hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ilatyny, senagat kärhanalaryny, durmuş maksatly
desgalary tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilýändigini
belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere «Türkmengaz»
döwlet konserni tarapyndan tebigy gazy çykarmak, akdyrmak hem-de sarp edijilere
eltmek işlerine gözegçiligi has-da kämilleşdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
ideg etmek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Galla oragy möwsümine
guramaçylykly girişmek üçin degişli taýýarlyk işleri geçirilýär. Gowaça ekilen
meýdanlarda ideg etmek, hususan-da, hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek
işleri ýerine ýetirilýär. Diýarymyzda ýeralmanyň we gök-bakja önümleriniň
öndürilýän möçberlerini artdyrmak, bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek
maksady bilen, ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekilen ekinlere ideg işleri
geçirilýär. Daşoguz welaýatynda şaly ekişi dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça
alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet
Baştutanymyz welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda ideg işlerini
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alyp barmagyň, şunda oba hojalyk
tehnikalaryny we gurallary netijeli peýdalanmagyň, bugdaý ekilen meýdanlarda
ideg etmek işleri bilen bir hatarda, galla oragy möwsümine hem gowy taýýarlyk
görmegiň zerurdygyny aýtdy we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary
berdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli
geçiriljek “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergä we maslahata
görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, halkara
sergä we maslahata ýerli hem-de daşary ýurt kompaniýalary, ýurdumyzyň
edara-kärhanalary, telekeçiler, işewürler gatnaşarlar. Onda myhmanlary
paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi, milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynyň ýeten
sepgitleri bilen tanyşdyrmak, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de
wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi göz öňünde
tutulýar. Munuň özi häzirki zaman tehnikalary, tehnologiýalary bilen tanyşmaga,
daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara tejribe alyşmaga, täze işewürlik
gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik döreder. Şeýle hem baýramçylyk
mynasybetli gurluşyk we senagat toplumynyň tapawutlanan işgärlerine hormatly
Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasyny, beýleki
medeni çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, 24-25-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly ХХIV köpugurly
halkara sergini we maslahaty guramaçylykly geçirmegiň, Aşgabat şäheriniň güni
mynasybetli guraljak medeni çärelere gowy taýýarlyk görmegiň hem-de olary
ýokary derejede geçirmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewe söz berildi. Ol hasabatynyň
başynda şu ýylyň 15-16-njy maýynda Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde
geçirilen “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady
forumynyň çäklerinde guralan “Russia Halal EXPO” halkara sergisine dünýäniň 12
döwleti bilen birlikde, Türkmenistanyň hem öz milli pawilýony bilen
gatnaşandygyny we ýurdumyzyň pawilýonynyň uly gyzyklanma döredendigini aýtdy.
Wise-premýer şeýle abraýly sergä gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly
Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra wise-premýer
hasabatyny dowam edip, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçiriljek
dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, şanly sene
mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi guralar hem-de onuň çäklerinde milli
halyçylyk sungatyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge mynasyp goşant goşan,
“Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly ada mynasyp bolan
halyçylary sarpalamak dabarasy bolar. Şeýle hem dünýäniň belli
halyşynaslarynyň, alymlaryň, ussat hünärmenleriň gatnaşmagynda Türkmen
halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçiriler. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň garamagyna degişli
teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda halyçylyk sungatyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge
möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz wise-premýere Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli çäreleri, haly
önümleriniň sergisini, Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň
mejlisini ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa paýtagtymyzda guralmagy meýilleşdirilýän
festiwallar barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu
ýylyň 19 — 21-nji maýy aralygynda milli gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmek,
medeniýetleri özara baýlaşdyrmak maksady bilen, «Parahatçylyk sazy» atly
halkara festiwal, 29 — 31-nji maýy aralygynda «Parahatçylyk sazy, dostluk,
doganlyk sazy» atly aýdym-sazly festiwal geçiriler. Festiwallaryň çäklerinde
konsertleri, döredijilik duşuşyklaryny, ussatlyk sapaklaryny guramak,
myhmanlaryň paýtagtymyzyň medeni ojaklaryna, beýleki gözel ýerlerine baryp
görmekleri göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen bagly
halkara derejeli çäreleriň yzygiderli geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere «Parahatçylyk sazy» atly halkara
festiwala, şeýle hem ýaşlar simfoniki orkestriniň we birleşen çagalar horunyň
«Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly aýdym-sazly festiwalyna gowy
taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa 2024-2025-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy,
“Soňky jaň” dabarasy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guraljak
çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda okuw ýylynyň tamamlanmagy hem-de Aşgabat
şäheriniň güni mynasybetli, 25-nji maýda Garaşsyzlyk binasyna, Berdimuhamet
Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär mekdebinde, Gökdepe
etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta
mekdepde Berdimuhamet Annaýewiň heýkellerine gül goýmak dabaralaryny, Balkan,
Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň baş baýdak meýdançalarynda gül goýmak
dabaralaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Soňra ýurdumyzyň ähli orta mekdeplerinde
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly şygar bilen “Soňky jaň”
dabaralary geçiriler. Göreldeli uçurymlara, kärine ussat bilim işgärlerine
hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlar
gowşurylar. Baýramçylyk güni uçurymlaryň Aşgabat we Arkadag şäherleriniň,
welaýatlaryň gözel ýerlerine, medeni-dynç alyş merkezlerine gezelençlerini
guramak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen bir
hatarda, medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertleriniň geçirilmegi göz öňünde
tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda okuw ýylynyň tamamlanmagy hem-de
Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli umumybilim berýän mekdepleriň uçurymlarynyň gatnaşmagynda
«Soňky jaň» dabaralaryny ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyny belläp, degişli
tabşyryklary berdi.
Soňra
wise-premýer hasabatyny dowam edip, çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç
alyş möwsümini guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada aýtdy.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň çagalar sagaldyş-dynç alyş
merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümini talabalaýyk geçirmek üçin zerur
şertler döredilýär. Olarda dürli medeni-köpçülikleýin we sport-sagaldyş
çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen bir hatarda, Bilim
ministrliginde çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç alşyny guramak boýunça
toparyň mejlisini geçirmek hem-de onda möwsümiň talabalaýyk guralmagy bilen
bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, gowy dynç
almagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyz wise-premýere Gökderede we «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagynda, welaýatlarda hereket edýän çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde
çagalardyr ýetginjekleriň mynasyp dynç almagy, wagtlaryny peýdaly geçirmegi
üçin tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna
iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, goňşy ýurtlar hem-de ýakyn hyzmatdaş döwletler bilen gatnaşyklary
yzygiderli ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan
ugurlarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň 16-njy maýda «Russiýa —
Yslam dünýäsi: KazanForum 2025» XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşmak maksady
bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş
sapary-da munuň aýdyň mysalydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri forumda çykyş
edip, häzirki wagtda yslam dünýäsiniň öňünde durýan örän wajyp meseleler barada
durup geçdi we yslam ýurtlarynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitinden Ýakyn Gündogar
we Ýewropa ýurtlaryna çenli aralykdaky giňişligi birleşdirýän Ýewraziýa
energetika, ulag we tehnologiýa guşagyny döretmeginiň zerurdygyny belledi.
Hususan-da, hyzmatdaşlygyň bu görnüşiniň durmuşa geçirilmegi netijesinde
energiýa serişdeleriniň, harytlaryň we hyzmatlaryň iň gysga ýollar arkaly
iberilmegini üpjün etmäge hem-de örän uly giňişligi, kuwwatly senagat we çig
mal merkezlerini birleşdirmäge mümkinçilik açyljakdygy nygtaldy. Şunuň ýaly
birleşdiriji guşak ählumumy özara hereketleriň köprüsine öwrüler hem-de
söwda-nyrh syýasatyna, ählumumy ykdysadyýetiň ýagdaýlaryna we ösüşine oňyn
täsir edip biler. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň
“Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek” strategiýasyny iş ýüzünde işjeň durmuşa
geçirýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň garaýyşlaryna laýyklykda, yslam dünýäsiniň
möhüm wezipesiniň ählumumy we yklym derejesinde yzygiderli, durnukly ykdysady
ösüşi üpjün etmek maksady bilen, bilelikdäki işler üçin örän amatly şertleri
döretmekden ybaratdygyny aýtdy. Bu babatda Türkmenistan yslam ýurtlarynyň bähbitleriniň
utgaşykly bolmagyny, olaryň özara düşünişmegini gazanmak, ykdysady
hyzmatdaşlygyň bähbitlidigine we geljeginiň uludygyna düşünmek üçin
diplomatiýany gural hökmünde netijeli ulanmagyň mümkinçiliklerinden ugur alýar.
Ýurdumyz bu ýörelgeleri iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirýär. Ilkinji
nobatda, olary Aziýada giň möçberli we uzak möhletli energetika, ulag,
infrastruktura taslamalaryny amala aşyrmakda ulanýar. Bu ýerde gürrüň
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan —
Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisi hem-de optiki süýümli aragatnaşyk
ulgamy, Merkezi we Günorta Aziýany Ýakyn we Uzak Gündogar bilen birleşdirýän
demir ýollar barada barýar.
Gahryman
Arkadagymyz çykyşynda azyk howpsuzlygyna aýratyn üns berip, bu meseläniň
ähmiýetini we yslam ýurtlarynyň onuň çözülmegi üçin edýän tagallalaryny
birleşdirmeginiň zerurdygyny belledi. Mundan başga-da, tehnologiýalaryň ösüşi
ýaly möhüm ugurda hyzmatdaşlygyň uly ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda,
Milli Liderimiziň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala
aşyran iş saparynyň türkmen-rus gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösmegine täze
itergi berjekdigi aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň
Tatarystan Respublikasy bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge möhüm
ähmiýet berýändigini belledi. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Tatarystan
Respublikasynda geçirilen halkara ykdysady foruma gatnaşmagy hem hyzmatdaşlygy
berkitmekde möhüm ädim boldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer,
daşary işler ministrine bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi
tabşyrdy.
Wise-premýer,
daşary işler ministri hasabatyny dowam edip, Türkmenistan bilen Ýewropada
Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek
boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň esasy
ugurlarynyň biri-de halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekden
ybaratdyr. Şolaryň arasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy hem
bar.
Ýurdumyzyň
bu gurama bilen gatnaşyklary syýasy, ykdysady, daşky gurşaw, ynsanperwer
ugurlar boýunça ýyllyk meýilnamanyň esasynda alnyp barylýar. Şunuň bilen
baglylykda, Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge
gönükdirilen birnäçe teklipler beýan edildi. Şolaryň hatarynda Ýewropada
Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň şu ýylyň
29-njy iýuny — 3-nji iýuly aralygynda Portugaliýa Respublikasynyň Porto
şäherinde geçiriljek 32-nji her ýylky mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň
wekiliýetiniň gatnaşmagy boýunça degişli işleri geçirmek we bu çäräniň
çäklerinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň
Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ugurdaş çäräni guramak; ÝHHG-niň
Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň direktorynyň
çakylygyna laýyklykda, bu býuronyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen ikitaraplaýyn
duşuşyklary geçirmek, onuň işi bilen tanyşmak, hyzmatdaşlygyň geljekki
mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, şu ýylyň 9-njy
iýunynda türkmen wekiliýetini Polşa Respublikasynyň Warşawa şäherine iş
saparyna ibermek; 18-19-njy iýunda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde
guraljak Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň we
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň serhet gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň forumyna türkmen
wekiliýetiniň gatnaşmagy boýunça degişli işleri geçirmek we çäräniň çäklerinde
ýurdumyzyň bu gurama bilen serhet howpsuzlygy boýunça alyp barýan işleriniň
esasy ugurlaryny beýan etmek; 2025-nji ýylyň 27-28-nji maýynda Aşgabatda ÝHHG
bilen bilelikde dawalaryň öňüni almak boýunça öňüni alyş diplomatiýasy hem-de
BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» gün
tertibini durmuşa geçirmek, bu ugurda Howpsuzlyk geňeşiniň degişli
Kararnamasyny ýerine ýetirmek boýunça sebitleýin maslahaty guramak baradaky
teklipler bar.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň halkara guramalar, şol
sanda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklary
ösdürmäge aýratyn üns berýändigini hem-de ýurdumyzyň bu düzüm bilen netijeli
hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiz wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurdaky işleri dowam
etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory
M.Çakyýew “Türkmendemirýollary” agentliginiň maddy-tehniki binýadyny mundan
beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda demir ýol ulgamynyň ýük
dolanyşygyny ösdürmek, üstaşyr geçirijilik ukybyny artdyrmak boýunça ägirt uly
işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi geografik taýdan amatly ýerleşýän
Türkmenistanyň üstaşyr ulag kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga mümkinçilik
döredýär. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklipleri hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň üstaşyr geçirijilik ukybyny
artdyrmaga we demir ýol ulgamynyň ýük dolanyşygyny ösdürmäge möhüm ähmiýet
berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz demir ýol
ulaglary pudagynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek bilen bagly taýýarlanylan
teklipleri makullady we agentligiň ýolbaşçysyna degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 18-nji maýda
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň dabaraly
bellenilip geçiljekdigini aýtdy. “Bu baýramçylyk Garaşsyz Watanymyzyň mundan
beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işlerde biziň jebisligimizi we
agzybirligimizi has-da pugtalandyrýar” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we
pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylary hem-de mähriban halkymyzy
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden
gutlady.
Mejlise
gatnaşyjylar hem hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň
Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden mähirli
gutladylar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny,
berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.