Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň
gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we
sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatdaky
möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri bilen bir hatarda, tohumlyk
bugdaýyň hasylyny ýygnap almak, talabalaýyk saklamak üçin taýýarlyk işleri-de
alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek,
otag etmek işleri dowam edýär. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde
işledilýär. Pile möwsüminiň çäklerinde taýýarlanylan piläni kabul ediş
nokatlaryna tabşyrmak işine guramaçylykly girişildi. Şeýle-de häkim
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli
welaýatda geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlaryndaky möwsümleýin işlerde
agrotehniki kadalaryň berjaý edilmeginiň oba hojalygyny netijeli alyp barmagyň
esasy şertleriniň biridigini belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi.
Balkan
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek, ösüş
suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýygnap
almaga, ony talabalaýyk saklamaga taýýarlyk görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda
gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda bolsa hatarara bejergi, otag
etmek we ýekelemek işleri ýerine ýetirilýär. Bu agrotehniki çärelerde oba
hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Şunuň bilen birlikde, ýüpek
gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim Türkmenistanyň
Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli welaýatda geçirilmegi
göz öňünde tutulýan dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli
geçirilmeginiň, bu işlerde kuwwatly tehnikalardan netijeli peýdalanmagyň
zerurdygyny belledi hem-de bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, sebitde bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ak ekin
meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ösüş suwuny
tutmak işleri alnyp barylýar. Tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýygnap almak hem-de
talabalaýyk saklamak boýunça taýýarlyk işleri dowam edýär. Gowaça ekilen
meýdanlarda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek işleri geçirilýär. Şunda
oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Welaýatda şaly ekişi
guramaçylykly dowam edip, ekiş geçiriljek ýerlerde sürüm, tekizleýiş we suw
tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Pile boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli
ýerine ýetirmek maksady bilen, şu günler ýüpekçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek
gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we
Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli welaýatda medeni-köpçülikleýin çäreleri
guramaçylykly geçirmek babatda-da degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, pagta we bugdaý ýaly aýratyn ünsi talap edýän
ekinlere ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly
geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Lebap
welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg
işleri geçirilýär. Ýetişdirilen tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýygnap almak we
talabalaýyk saklamak üçin ýöriteleşdirilen galla kabul ediş nokatlary möwsüme
doly taýýar edildi. Şunuň bilen birlikde, galla oragynda ulanyljak oba hojalyk
tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatyň
gowaça ekilen meýdanlarynda kadaly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, gögeriş
suwuny tutmak, hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri alnyp barylýar.
Bu ugurda oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns
berilýär. Sebitde ýetişdirilen pile hasylyny ýygnamak işleri tamamlaýjy
tapgyrda alnyp barylýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň
güni mynasybetli welaýatda meýilleşdirilýän medeni-köpçülikleýin çäreleri
ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, meýilnama esasynda
taýýarlyk işleri dowam edýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaýa we gowaça ideg etmek işleriniň ýokary
hilli geçirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda häkime degişli
tabşyryklary berdi.
Mary
welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Tohumlyk bugdaýyň
hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, talabalaýyk saklamak üçin taýýarlyk işleri
alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, otag
etmek, ýekelemek işleri geçirilýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan
netijeli peýdalanylýar. Şeýle hem welaýatda ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap
almak we döwlet harmanyna tabşyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da,
häkim Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçiriljek
dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda, hususan-da,
gowaça we bugdaý ekilen meýdanlarda dowam edýän möwsümleýin işleriň ýokary
hilli, guramaçylykly geçirilmeginiň, bu ugurda oba hojalyk tehnikalarynyň
netijeli işledilmeginiň möhümdigini belledi hem-de häkime degişli tabşyryklary
berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba
hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri alnyp barylýar. Tohumlyk bugdaý
hasylyny ýygnap almak we talabalaýyk saklamak boýunça taýýarlyk işleri geçirilýär.
Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde
hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri alnyp barylýar. Bu ugurda oba
hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Daşoguz welaýatynda şaly ekişi dowam
edýär. Bu işler bilen bir hatarda, pile möwsüminiň çäklerinde Balkan we Daşoguz
welaýatlarynda ýüpek gurçugyna ideg etmek, Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda
bolsa ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap almak işleri ýerine ýetirilýär. Howanyň
gyzmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň tokaý zolaklarynda, öri we ekin
meýdanlarynda ýangynyň döremeginiň öňüni almak maksady bilen, ýangyna garşy
gorag zolaklaryny döretmek boýunça arassaçylyk, sürüm işleri geçirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny, gaýtadan işleýän
senagaty çig mal bilen üpjün edýän oba hojalyk pudagynyň milli
ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we pudagy durnukly ösdürmegiň,
önümçilige täze tehnologiýalary we ylmyň soňky gazananlaryny giňden
ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýere birnäçe tabşyryklary
berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz
iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlaryň gowaça meýdanlarynda
hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleriniň alnyp barlyşyny berk
gözegçilikde saklamagy, gowaça ideg etmekde oba hojalyk tehnikalaryny doly
güýjünde işletmek üçin zerur çäreleri görmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg
etmek işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi, tohumlyk
bugdaý hasylyny talabalaýyk ýygnap almak, daşamak hem-de saklamak işlerine gowy
taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatynda
şaly ekişini bellenen möhletlerde geçirmegiň, welaýatlarda ýüpek gurçugyna ideg
etmek, pile taýýarlamak boýunça netijeli işleri alyp barmagyň, pagta we bugdaý
öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen
işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini gazanmagyň möhümdigini
belledi. Döwlet Baştutanymyz howanyň gyzmagy bilen baglylykda, tokaý
zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangyn döremeginiň öňüni almak boýunça
geçirilýän işleri berk gözegçilikde saklamagy, welaýatlarda Türkmenistanyň
Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçiriljek çärelere
gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk,
maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.