Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň
gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we
sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam
edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu ýyl bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, gallaçy
daýhanlar tarapyndan bugdaý ekilen meýdanlara ideg etmek, ösüş suwuny tutmak
işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlara gögeriş suwuny tutmak, hatarara
bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk
tehnikalary netijeli işledilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri
ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam
etdirilýär. Sebitde pile möwsümini guramaçylykly geçirmek we bu ugurda bellenen
meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle hem
häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, «Türkmenistanyň
Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň
ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür
üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga
berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky
gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda, ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we häkime degişli
tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin
meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradowa söz berildi. Häkim, ilki bilen,
Balkanabat Halkara howa menzilini açyp berendigi üçin hormatly Prezidentimize
welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza
hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden berk
jan saglyk, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini
arzuw etdi. Soňra ol welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlara ideg etmek, ösüş suwuny tutmak
işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekilen meýdanlara gögeriş suwuny tutmak,
gögeriş alnan meýdanlara bolsa hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek işleri
dowam edýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar.
Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda möwsümleýin ideg işleri geçirilýär.
Sebitde pile öndürmek boýunça bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek
maksady bilen, pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri
alnyp barylýar. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda
açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň
berk berjaý edilmeginiň, ekinlerden bol hasyl almak bilen bir hatarda, ýer-suw
serişdelerinden hem netijeli peýdalanmaga ýardam edýändigini belledi we bu
ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet
Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek
barada-da tabşyryklary berdi.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Welaýatda gowaça ekişi
tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi,
otag etmek, ýekelemek işleri geçirilýär. Ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja
ekinleri ekilen meýdanlara ideg etmek, suw tutmak işleri ýerine ýetirilýär.
Welaýatda şaly ekişine girişilip, möwsümi guramaçylykly geçirmek boýunça zerur
çäreler görülýär. Pile möwsüminiň çäklerinde ýüpekçi kärendeçiler tarapyndan
ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy
2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba
milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň bellenen möhletlerde ýokary
hilli geçirilmeginiň, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we
bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik
maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenilen möhletlerde ýerine
ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Lebap
welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň
möçberini artdyrmak barada öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, sebitiň bugdaý
ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwy tutulýar.
Gowaça ekilen meýdanlarda pagtaçy babadaýhanlar tarapyndan gögeriş suwuny
tutmak, endigan gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek, otag işleri
alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma, sogan ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam
edýär. Welaýatda ýetişdirilen pile hasylyny ýygnamak we döwlet harmanyna
tabşyrmak işlerine girişildi. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada
hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk
geçirilmeginiň, bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryny netijeli peýdalanmagyň
möhümdigini belledi we degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda
bellenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi
hem-de häkime bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Mary
welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde bugdaý ekilen
meýdanlarda ösüş suwy tutulýar. Bugdaý oragyna guramaçylykly girişmek maksady
bilen, galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, däne ýygýan kombaýnlary we
beýleki tehnikalary möwsüme taýýar etmek babatda zerur çäreler görülýär. Kadaly
gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek
işleri geçirilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja
ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri alnyp barylýar. Şeýle hem pile
öndürmek boýunça meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, pile
öndürijiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär. Mundan
başga-da, häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmeginiň geljekde oba
hojalyk ekinlerinden bol hasyl almagyň esasy şerti bolup durýandygyny belledi
we häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän
möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki
wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg etmek işleri alnyp barylýar. Bugdaý oragy möwsümine taýýarlyk
görmegiň çäklerinde galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, kombaýnlary,
beýleki tehnikalary möwsüme doly taýýar etmek babatda zerur çäreler görülýär.
Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde
hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzda azyk
bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli
ýerine ýetirmek maksady bilen, ýazlyk ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk
ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Daşoguz welaýatynda
şaly ekişi dowam edýär. Pile möwsüminiň çäklerinde welaýatlarda ýüpek gurçugyna
ideg etmek, ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap almak işleri alnyp barylýar.
Diýarymyzyň tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangynyň döremeginiň
öňüni almak maksady bilen, ýangyna garşy gorag zolaklaryny döretmek boýunça
arassaçylyk hem-de sürüm işleri geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda oba hojalyk önümleriniň
öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmak, pudagy toplumlaýyn ösdürmek boýunça
öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi
hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz
iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlarda gögeriş alnan gowaça
meýdanlarynda hatarara bejergi hem-de ýekelemek, otag etmek işleriniň alnyp
barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy, gowaça ideg etmekde oba hojalyk
tehnikalaryny doly güýjünde peýdalanmak üçin zerur çäreleri görmegi, bugdaý
ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini
üpjün etmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda zyýan berijileriň ýüze çykmagynyň öňüni
almak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly
Prezidentimiz ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlara talabalaýyk
ideg edilmeginiň, Daşoguz welaýatynda şaly ekişiniň bellenen möhletlerde
geçirilmeginiň, welaýatlarda ýüpek gurçugyna ideg etmek, pile taýýarlamak
boýunça netijeli işleriň alnyp barylmagynyň zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz pagta
we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine
ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini gazanmak, tokaý
zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangyn döremeginiň öňüni almak boýunça
geçirilýän işleri berk gözegçilikde saklamagy, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň bellenen
möhletlerde ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk,
maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.