Şu
gün Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda
şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guraljak Birleşen
Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça
üçünji halkara maslahatyna taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň
düzgünlerinden we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan, ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalardan ugur
alyp, adam hukuklaryny we azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, saýlaw
ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ylmy-intellektual eýeçilik, gümrük meseleleri bilen
baglanyşykly kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça geçirilýän işler
barada habar berdi.
Ýurdumyzda
2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi,
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dünýä
ýurtlarynyň arasynda dost-doganlyk, hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny
ösdürmek babatda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy. Hususan-da,
häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “BMG-niň deňze
çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň
tertibine goşmaça maglumat” atly Kararnamasyna laýyklykda, şu ýylyň awgustynda
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek maslahatyň çäklerinde guraljak
parlamentara foruma taýýarlyk görülýär. Şunda bu forumyň parlamentara
gatnaşyklary ösdürmäge, dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty
esasynda gazanan oňyn tejribesini, halkara başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan
berkitmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendigi
bellenildi. Forumyň many-mazmunyny köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde
giňden şöhlelendirmek maksady bilen, Mejlisde guramaçylyk iş topary döredildi.
Şeýle hem deputatlar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, türkmen Bitaraplygynyň
sebitde we dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy, netijeli hyzmatdaşlygy
berkitmekdäki ähmiýetini, kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny halk
köpçüligine düşündirmek boýunça geçirilýän çärelere gatnaşýarlar, köpçülikleýin
habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler.
Hormatly
Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp
barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde parlamentara forumy
geçirmegiň meýilleşdirilýändigini aýdyp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda
guraljak halkara maslahata we parlamentara foruma gowy taýýarlyk görmegiň
hem-de olary ýokary derejede geçirmek üçin guramaçylyk işlerine işjeň
gatnaşmagyň zerurdygyny belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp
barýan ýurtlar: durnukly ösüş arkaly parahatçylyk we ynanyşmak” atly BMG-niň
deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna
görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”
diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy
mynasybetli halkara maslahatlary, duşuşyklary, döwlet çärelerini guramaçylykly
geçirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, bu
forumy ýokary derejede geçirmek hem-de myhmanlary garşylamak bilen baglanyşykly
meseleler barada aýdyldy. Şeýle-de wise-premýer «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda
ykdysadyýet, maliýe we bank toplumyna degişli myhmanhanalary we kottejler
toplumyny tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlamak babatda durmuşa geçirilýän
çäreler hakynda hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere Birleşen Milletler Guramasynyň
deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny
guramaçylykly geçirmek boýunça ykdysadyýet, maliýe we bank toplumy tarapyndan
hem gowy taýýarlyk görmegi, bu halkara çäräni geçirmek bilen bagly maliýe
soraglaryna aýratyn üns bermegi, Awazadaky ykdysadyýet, maliýe we bank
toplumyna degişli myhmanhanalarda taýýarlyk işlerini alyp barmagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýangyç-energetika toplumy tarapyndan
BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji
maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly,
“Türkmengaz” döwlet konserniniň garamagyndaky ýörite gurnama dolandyryş edarasy
tarapyndan halkara maslahatyň esasy we ugurdaş çäreleriniň geçiriljek ýeri
bolan “Awaza” sport toplumynda gurluşyk, abatlaýyş we abadanlaşdyryş işleri
alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, çäreleriň çäklerinde myhmanlara ýokary
hilli hyzmatlary hödürlemek üçin syýahatçylyk zolagyndaky nebitgaz toplumyna
degişli myhmanhanalarda, kottejler toplumynda tomusky dynç alyş möwsümine
taýýarlyk görlüşi barada hem aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny ýokary derejede
geçirmek maksady bilen, «Awaza» sport toplumynda gurluşyk, abatlaýyş,
abadanlaşdyrmak işleriniň alnyp barylýandygyny, bu işlere berk gözegçilik
etmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere «Awaza» milli
syýahatçylyk zolagynda nebitgaz toplumyna degişli myhmanhanalarda taýýarlyk
işlerini alyp barmagy hem tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän toplumy
tarapyndan BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça
üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, bu halkara maslahaty ýokary derejede geçirmek maksady bilen, oba hojalyk
pudagy tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary
bilen bilelikde taýýarlyk işleri alnyp barylýar. «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagynda bag nahallaryna, gök zolaklarda ideg işleri geçirilýär.
Şeýle-de
wise-premýer Balkan welaýatynda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat
berdi. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş
alnan meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri alnyp
barylýar. Bugdaý, ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleri ekilen
meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär.
Pile öndürmek möwsüminiň çäklerinde welaýatyň pileçi kärendeçileri tarapyndan
ýüpek gurçuklaryna ideg edilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagynda guraljak halkara maslahaty ýokary derejede geçirmek boýunça oba
hojalyk pudagy tarapyndan hem degişli taýýarlyk işleriniň alnyp barylmagynyň
zerurdygyny nygtady. Bu ýerde ähli ekilen bag nahallaryna ideg etmek işlerine
gözegçilik etmek, oba hojalyk toplumyna degişli myhmanhanalarda, binalarda we
desgalarda taýýarlyk işlerini alyp barmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz
aýtdy hem-de bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow halkara maslahata görülýän
taýýarlyk, 2025-nji ýylda Balkan welaýatynda gurlup ulanmaga beriljek binalarda
we desgalarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji
maslahatyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde gurluşyk we senagat toplumy
tarapyndan degişli işler ýerine ýetirilýär. Häzirki wagtda “Awaza” milli
syýahatçylyk zolagynyň ýol-ulag düzümlerinde abadanlaşdyryş, ýol belgilerini,
yşyklandyryjylary täzelemek işleri dowam edýär. Topluma degişli myhmanhanalarda
myhmanlaryň medeniýetli dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen
zerur çäreler görülýär.
Wise-premýer
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň degişli
desgalarynda, Esenguly etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 20 müň kub metr
bolan agyz suwuny arassalaýjy desgada gurluşyk işleriniň tamamlaýjy tapgyrlarda
alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen bir hatarda, Garabogazköl aýlagynyň
üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň we oňa eltýän ýoluň, “Altyn asyr” Türkmen
kölüniň golaýynda döwrebap obanyň gurluşygy batly depginde dowam edýär. Häzirki
wagtda Gyzylarbat etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly elektrik
stansiýasynda gurluşyk işleri tamamlandy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara
çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça gurluşyk we senagat toplumynyň hem gowy
taýýarlyk görmelidigini belledi. Türkmenbaşy şäherinde, Awaza etrabynda,
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda awtomobil ýollarynyň ugrunda oturdylan ýol
belgilerini, ýol yşyklaryny, ýol hereketini sazlaýjy yşyklary, gorag
germewlerini, asfalt örtügini abatlamak işlerine gözegçilik etmek zerurdyr
diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere gurluşyk-senagat toplumyna
degişli myhmanhanalarda taýýarlyk işlerini alyp barmagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew söwda toplumynyň düzümleri
tarapyndan BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça
üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Dokma
senagaty ministrligi tarapyndan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara
maslahata gatnaşyjylar üçin ýokary hilli hyzmatlary guramak bilen bagly degişli
taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Myhmanhanalardaky dükanlary dürli görnüşli
sowgatlyk harytlar bilen üpjün etmek, ähli söwda nokatlarynda harytlaryň
bolçulygyny döretmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle-de tomusky dynç alyş
möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde topluma degişli myhmanhanalaryň, kottejler
toplumlarynyň daş-töweregindäki gök zolaklarda, baglarda abadanlaşdyryş işleri
alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny ýokary derejede
geçirmek üçin söwda toplumynyň hem gowy taýýarlyk görmelidigini belläp,
wise-premýere halkara foruma gatnaşyjylara hem-de myhmanlara hödürlenilýän
iýmit we söwda hyzmatlarynyň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmegi, söwda
toplumyna degişli myhmanhanalarda, desgalarda taýýarlyk işlerini alyp barmagy
tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamy tarapyndan
BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji
maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
häzirki wagtda halkara maslahaty we onuň bilen bagly beýleki ugurdaş çäreleri
köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden şöhlelendirmek boýunça degişli
guramaçylyk işleri geçirilýär. Esasy çäreleriň geçiriljek ýerlerinde dürli
sergileri, beýleki medeni çäreleri guramak meýilleşdirilýär.
Şeýle
hem wise-premýer Balkan welaýatynda geçiriljek medeni çäreler barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, 31-nji maýda dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan
edilen “Çalsana, bagşy!” atly bäsleşigiň, 26-njy iýulda “Ýaňlan, Diýarym!”
telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyrlaryny, 2 — 7-nji
iýunda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza — dostluk mekany” atly
halkara tans we folklor festiwalyny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek
halkara maslahaty we onuň bilen bagly ugurdaş çäreleri köpçülikleýin habar
beriş serişdelerinde giňden beýan etmek üçin gowy taýýarlyk görmegiň
wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz metbugat
wekillerine işlemek üçin gowy şertleri döretmegi, maslahatyň geçýän döwründe
meýilleşdirilen medeni çärelere-de gowy taýýarlyk görmegi, medeniýet toplumyna
degişli myhmanhanalarda taýýarlyk işlerini talabalaýyk alyp barmagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamy
tarapyndan BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça
üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, halkara foruma gatnaşyjylary myhmansöýerligiň asylly däplerine laýyklykda
garşy almak we çäreleri ýokary derejede geçirmäge ýardam bermek maksady bilen,
ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini bilýän talyplardan
meýletinçiler taýýarlanylýar. Maslahat döwründe esasy çäräniň geçirilýän
binasynda lukmançylyk bölümlerini döretmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen
birlikde, Awazadaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerini, şypahanalary tomus
möwsümine taýýarlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Çagalaryň tomusky
dynç alyş möwsüminde merkezlerde dürli çäreleri, şol sanda gezelençleri,
oýunlary, bäsleşikleri, döredijilik işgärleri bilen duşuşyklary, göçme
sergileri we beýlekileri geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkara maslahaty guramaçylykly geçirmek boýunça
ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we ýaşlar toplumynyň hem gowy taýýarlyk
görmelidigini, halkara foruma, onuň bilen bagly ugurdaşlykda guraljak çärelere
ýurdumyzyň ýaşlarynyň hem işjeň çekilmelidigini belläp, wise-premýere bu
babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz syýahatçylyk
zolagyndaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde, şypahanalarda alnyp
barylýan arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerini gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji
ýylda ýurdumyzda möhüm iri halkara çäreler geçirilýär. Munuň aýdyň mysaly
hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
döwletler boýunça üçünji maslahatyny (LLDC3) görkezmek bolar. Mälim bolşy ýaly,
2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Birleşen
Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji
maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat” atly Kararnama kabul edildi.
Bu resminamada Baş Assambleýa Türkmenistanyň Hökümetiniň Birleşen Milletler
Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji
maslahatyny ýurdumyzda geçirmek baradaky hoşniýetli teklibini beýan etdi.
Maslahaty Awazada has ýokary derejede, şol sanda döwlet we hökümet
Baştutanlarynyň derejesinde “Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe
ýardam bermek” atly mowzuk boýunça geçirmek karar edilýär.
Türkmenistanyň
BMG bilen bilelikde guramagynda geçiriljek bu halkara maslahatyň çäklerinde
syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly
çäreleriň guralmagy göz öňünde tutulýar. Foruma hem-de onuň dowamynda
geçiriljek ugurdaş çärelere deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň
düzümine girýän 32 ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, 47 sany kiçi ada
döwletleriniň, 49 sany az ösen ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýetleriniň,
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň,
birnäçe halkara, sebit guramalarynyň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik
birleşikleriniň, hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagyna
garaşylýar. Mundan başga-da, Merkezi Aziýa döwletleriniň medeni çäreleriniň geçirilmegi
boýunça degişli işler alnyp barylýar. Halkara maslahatyň Türkmenistanda
guralýandygy bilen baglylykda, şol döwürde Merkezi Aziýanyň her bir ýurdunyň
Awazada öz milli gününi geçirip, özboluşly medeniýetini, sungatyny, milli
tagamlaryny görkezmegi göz öňünde tutulýar.
Häzirki wagtda
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bu wekilçilikli halkara forumy ýokary
derejede, talabalaýyk geçirmek boýunça BMG-niň Sekretariaty bilen bilelikde
degişli taýýarlyk işlerini alyp barýar. Çäräniň çäklerinde ýurdumyzyň degişli
ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň
gatnaşmagynda BMG-niň degişli düzüm birlikleri bilen protokol üpjünçiligi,
ulag-aragatnaşyk, wiza meseleleri ýaly ugurlar boýunça yzygiderli esasda iş
duşuşyklary we gepleşikleri guralýar.
Şeýle hem maslahaty
ýokary derejede geçirmek üçin ýurdumyzyň aragatnaşyk toplumy tarapyndan
görülýän çäreler barada aýdyldy. Halkara maslahatyň resmi internet saýty synag
maksatly işe girizildi. Birleşen Milletler Guramasynyň maslahaty geçirmek
boýunça jogapkär düzüm birligi bilen geçirilen iş duşuşyklarynyň netijesinde
bildirilýän talaplara laýyklykda, «Awaza» sport toplumynyň binalarynyň şekil
taslamalarynyň täzelenen görnüşleri taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýer, daşary işler ministrine
halkara maslahatyň maksatnamasyny amala aşyrmak üçin ähli zerur işleri ýerine
ýetirmegiň, forumyň we onuň çäklerinde guraljak halkara çäreleriň
protokol-guramaçylyk meselelerini utgaşdyrmagyň, çäräniň geçýän günlerinde
ikitaraplaýyn duşuşyklary guramak bilen bagly protokol işlerini alyp barmagyň
möhümdigini aýtdy hem-de maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi
üçin gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew toplum
tarapyndan BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça
üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, halkara çärelere gatnaşjak myhmanlary ýörite howa gatnawlary, demir ýol
ulaglary bilen getirmek, alyp gitmek bilen bagly meýilnamalaýyn işler alnyp
barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, forumyň geçiriljek döwründe şäheriçi ugurlar
boýunça jemgyýetçilik awtobuslarynyň, ýeňil taksi awtoulaglarynyň gatnawlarynyň
ýygjamlaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar. Myhmanlary ýokary hilli aragatnaşyk,
internet hyzmatlary bilen üpjün etmek işleri meýilnamalaýyn esasda dowam edýär.
Şeýle hem hasabatda
tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler
barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, agentlige degişli myhmanhanalarda dynç
alýanlary kabul etmek we olara ýokary hilli hyzmat etmek boýunça degişli
çäreler görülýär. Möwsümde ýolagçy otly gatnawlarynyň tassyklanan tertibinden
başga-da, Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugry boýunça goşmaça ýolagçy
gatnawlaryny guramak, Balkanabat Halkara howa menzili — Türkmenbaşy,
Türkmenbaşy demir ýol menzili — Awaza we Aşgabat — Awaza ugurlary boýunça
yzygiderli awtobus hem-de Aşgabat, Daşoguz, Mary, Türkmenabat, Kerki Halkara
howa menzillerinden Balkanabat Halkara howa menziline täze ýolagçy howa
gatnawlaryny ýola goýmak, gatnawlaryň sanyny artdyrmak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, maslahata gatnaşyjylaryň maksatnama boýunça çärelere
gatnaşmagyny üpjün etmek üçin, olary ýurdumyza ýörite howa gatnawlary bilen
getirmek, garşy almak we ugratmak, zerur ulag serişdeleri bilen üpjün etmek
meselesine gözegçilik etmegiň möhümdigini aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ulag we kommunikasiýalar toplumyna degişli
myhmanhanalarda taýýarlyk işlerini talabalaýyk alyp barmagy tabşyrdy.
Soňra Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew ýurdumyzyň harby we hukuk
goraýjy edaralary tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri
barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine
maslahaty ýokary derejede geçirmek üçin degişli işleri geçirmegi, onuň geçýän
döwründe tertip-düzgüniň, ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň berk berjaý edilmegini
gazanmagy tabşyrdy.
Balkan welaýatynyň häkimi
H.Aşyrmyradow halkara maslahata görülýän taýýarlyk hem-de welaýatda alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň awgustynda
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň deňze
çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny
guramaçylykly geçirmek babatda degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Tomus
möwsüminde Awazada ilatyň oňaýly dynç alşyny guramak maksady bilen, myhmanhanalarda,
çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde, kottejler toplumlarynda we beýleki
jemgyýetçilik ýerlerinde abadanlaşdyryş işleri ýerine ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, Balkan welaýatynyň häkimine maslahata ýokary derejede taýýarlyk
görmegi, welaýatda, aýratyn-da, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda
abadanlaşdyryş, arassaçylyk işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de
döwlet Baştutanymyz Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna ýokary
derejede taýýarlyk görülmelidigini aýtdy.
Soňra hormatly
Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, «Awaza» milli
syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň awgustynda geçiriljek Birleşen Milletler
Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň esasy wakalarynyň biri boljakdygyny
belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler
Guramasy bilen bilelikde geçiriljek bu halkara ähmiýetli foruma gowy taýýarlyk
görmegiň wajypdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini jemläp,
oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň
gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.