Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň
gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba
hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly
meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam
edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek we ösüş suwuny tutmak
işleri alnyp barylýar. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary,
kombaýnlary, beýleki tehnikalary galla oragy möwsümine taýýarlamak boýunça
zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi,
ýekelemek, otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja
ekinleri ekilen meýdanlarda möwsümleýin ideg işleri geçirilýär. Pile öndürmek
möwsüminiň çäklerinde ýüpekçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçuklaryna ideg
etmek işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde
ýerine ýetirilmeginiň, galla oragy möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmeginiň
zerurdygyny belledi we häkime bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de
hormatly Prezidentimiz welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli,
öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Balkan
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri geçirilip, ösüş
suwy tutulýar. Galla oragy möwsümine guramaçylykly girişmek maksady bilen,
kombaýnlary, bugdaý daşajak awtoulaglary, galla kabul ediş nokatlaryny möwsüme
doly taýýar etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda
gögeriş suwy tutulýar, gögeriş alnan meýdanlarda bolsa hatarara bejergi işleri
ýerine ýetirilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen
meýdanlarynda möwsümleýin ideg işleri alnyp barylýar. Pile öndürmek möwsümi
dowam edip, pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri
geçirilýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga
berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky
gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryny
berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň ekinlerden bol we ýokary hilli
hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi hem-de häkime degişli
tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary
hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu ýyl sebitde bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen,
ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp
barylýar. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, kombaýnlary we beýleki
tehnikalary möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatda
gowaça ekişi dowam edýär. Gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri geçirilýär.
Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Ýazlyk ýeralma,
beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Ýüpekçi
kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barylýar.
Welaýatda şaly ekişine guramaçylykly girişilip, häzirki wagtda meýdanlarda
sürüm, tekizleýiş, suw tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da,
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu
ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş,
önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini berk
gözegçilikde saklamagy, bugdaý oragy möwsümine ykjam taýýarlyk görülmegini
üpjün etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda
açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde
saklamak barada tabşyryklary berdi.
Lebap welaýatynyň häkimi
M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, sebitde
bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwy tutulýar. Galla oragy möwsümine taýýarlyk
görmegiň çäklerinde galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, degişli
tehnikalary möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler geçirilýär. Welaýatda
gowaça ekişi tamamlanyp, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak,
gögeriş alnan ýerlerde bolsa hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri
alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma, sogan ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam
edýär. Sebitde ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barlyp, pile kabul ediş
bölümleri möwsüme doly taýýar edildi. Şeýle-de häkim “Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň ýokary hilli
geçirilmegini, bugdaý oragy möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini ileri
tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitledi we bu babatda degişli görkezmeleri
berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge
gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen
işleriň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Mary welaýatynyň häkimi
B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki
wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwy tutulýar. Galla kabul ediş
kärhanalaryny, elewatorlary, däne ýygýan kombaýnlary we beýleki tehnikalary
bugdaý oragy möwsümine taýýar etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Welaýatyň gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda degişli ideg işleri, hususan-da,
hatarara bejergi, otag işleri geçirilýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan
netijeli peýdalanylýar. Ýazlyk ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen
meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar. Welaýatda ýüpek gurçugyna ideg etmek
işleri dowam edip, bu ugurda ýüpekçilere degişli ýardamlar berilýär. Mundan
başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik
maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginiň ähli tapgyrlarynda kadalaryň we
düzgünleriň berk berjaý edilmeginiň, işleriň ýokary guramaçylyk derejesinde
ýerine ýetirilmeginiň oba hojalygynda oňyn netijeleri gazanmagyň möhüm şerti
bolup durýandygyny belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de
döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde
tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda
dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki
wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg etmek işleri alnyp barylýar. Galla oragy möwsümine taýýarlykly
girişmek, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda ýygnap
almak maksady bilen, galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, kombaýnlary
we beýleki tehnikalary möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur çäreler
görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan
ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri geçirilýär. Ýazlyk
ýeralma, gök-bakja hem-de beýleki azyklyk ekinleriň ekilen meýdanlarynda ideg
işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatlarda pile öndürmek möwsüminiň çäklerinde
ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär. Şeýle-de wise-premýer howanyň
gyzmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň tokaý zolaklarynda, öri we ekin
meýdanlarynda ýangynyň döremeginiň öňüni almak üçin alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna
ünsi çekdi hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak,
dokma senagatynyň kärhanalaryny çig mal bilen üpjün etmek boýunça pudagyň
öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup
durýandygyny belledi hem-de wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz
iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň, hususan-da, gowaça we ýazlyk ekinlere ideg etmek, galla oragyna
taýýarlyk görmek işleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň
zerurdygyny belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa
gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.