Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe
meselelere seredildi.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek
babatda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen
maksatnamalardan we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alyp,
raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, adam hukuklaryny we azatlyklaryny,
kanuny bähbitlerini goramak, saýlaw ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ylmy intellektual
eýeçilik gatnaşyklaryny düzýän kadalaryň hukuk esaslary, gümrük meseleleri,
ykdysadyýetiň pudaklarynyň, durmuş syýasatynyň dürli ulgamlarynyň kanunçylyk
üpjünçiligi bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli
işler geçirilýär. Halkara guramalar bilen özara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň
çäklerinde Mejlisiň wekilleri BMG-niň düzüm birlikleri we ÝHHG-niň Aşgabatdaky
merkeziniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran okuw
maslahatlaryna, duşuşyklara gatnaşyp, kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmegiň
meseleleri barada pikir alyşdylar. Deputatlar Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň
sekizinji maslahatynda kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine
düşündirmek, milli kanunçylygy kämilleşdirmek bilen bagly raýatlaryň tekliplerini
öwrenmek babatda-da degişli işleri alyp barýarlar. Olar Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýylynyň hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30
ýyllygynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz-nesihat etmek maksady bilen,
welaýatlarda iş saparlarynda bolup, öz saýlaw okruglarynda saýlawçylar bilen
duşuşyklary geçirýärler.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny berkitmek
we kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow senagat howpsuzlygy çygryndaky
kadalary we düzgünleri işläp taýýarlamagyň we tassyklamagyň Tertibiniň
taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, resminama “Howply önümçilik
desgalarynyň senagat howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 4-nji
maddasyna laýyklykda, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan
degişli ministrlikler, pudak edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag
şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy
hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde we
kämilleşdirmekde senagat howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmegiň wajyp bolup
durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz önümçilik
desgalaryny howpsuz ulanmak, senagat howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmek,
önümçilik barlagyny guramak maksady bilen, degişli resminama gol çekdi we ony sanly
ulgam arkaly wise-premýere iberip, birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we
welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, welaýatlarda gowaça ekişi dowam edýär, gögeriş alnan meýdanlarda ilkinji
hatarara bejergi işleri alnyp barylýar. Şeýle hem bugdaý ekilen meýdanlarda
ideg etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Ýurdumyzda ýeralmanyň, gök we
bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak maksady bilen, ekerançylyk
meýdanlarynda ýazlyk ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri
dowam edýär.
Hasabatyň
dowamynda wise-premýer Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreleri
bellenen meýilnama laýyklykda, ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça degişli
işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Nygtalyşy ýaly, bu baýramçylyk mynasybetli
ýurdumyzda möhüm ähmiýetli çäreler, bäsleşikler, sergiler we beýleki dabaralar
geçirilýär. Şeýle hem baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde 25-nji aprelde Aba
Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Türkmen bedewi we dünýäniň
seýisçilik sungaty” atly XVII halkara ylmy maslahaty, Halkara ahalteke atçylyk
sport toplumynda bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigini,
26-njy aprelde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açyk
manežinde “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň
jemleýji tapgyryny, 27-nji aprelde bolsa Halkara ahalteke atçylyk sport
toplumynda baýramçylyk at çapyşyklaryny geçirmek boýunça degişli taýýarlyk
işleri alnyp baryldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny ösdürmek, onuň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam
etdirmegiň, welaýatlardaky gowaça ekişini berk gözegçilikde saklamagyň, bugdaý
ekilen meýdanlarda ideg işlerini talabalaýyk geçirmegiň, Türkmen bedewiniň
milli baýramyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmegiň
wajypdygyny belläp, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Türkmen bedewiniň milli
baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde paýtagtymyzda alnyp barylýan işler
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, baýramçylyk çärelerini ýokary derejede
geçirmek maksady bilen, medeni-durmuş maksatly binalaryň daş-töwereginde,
seýilgählerde, bag ekilen ýerlerde abadanlaşdyryş, dürli görnüşli bezeg
güllerini ekmek işleri alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere paýtagtymyzda baýramçylyk çäreleri
bilen bagly bezeg işlerini geçirmegi, abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan
işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew ýurdumyzyň söwda ulgamyny mundan
beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, söwda ulgamyny kämilleşdirmek, ilaty ýokary hilli söwda hyzmatlary bilen
üpjün etmek, hususan-da, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde döwrebap
bazary gurmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bazaryň çäginde dükanlar,
ammar jaýlary, 700 orunlyk gök-bakja ýerlenilýän hem-de 700 orunlyk halkyň sarp
edýän senagat harytlary ýerlenilýän bazar, 150 orunlyk awtoulag satylýan
meýdança, 200 orunlyk awtoduralga gurlar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň söwda ulgamyny kämilleşdirmek,
ilatymyzy ýokary hilli söwda hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça
maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny, Diýarymyzyň dürli künjeklerinde
söwda we hyzmat ediş maksatly döwrebap desgalaryň gurlup, halkyň hyzmatyna
berilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Daşoguz
welaýatynyň Köneürgenç şäherinde döwrebap bazary gurmak bilen bagly taýýarlanan
teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň maý aýynda geçiriljek
esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, maý aýynyň dowamynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýyly» diýlip yglan edilmegi, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy, Ýeňiş
güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Aşgabat
şäheriniň güni, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli maslahatlary, döredijilik
duşuşyklaryny, bäsleşikleri, sergileri, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz
öňünde tutulýar. Şeýle-de ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri
jemleniler. Şunuň bilen bir hatarda, geljek aýda Liwiýa Döwletiniň
Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň, paýtagtymyzda «Parahatçylyk sazy» atly
halkara festiwalyň geçirilmegi, Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde
fransuz, italýan we türkmen sungat ussatlarynyň bilelikdäki çykyşlarynyň
guralmagy meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän baýramlar bilen
baglanyşykly şu ýylyň maý aýynda geçiriljek çäreleri giňden beýan etmek üçin
zerur işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Ýeňiş güni, Türkmenistanyň
Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Aşgabat şäheriniň güni, Türkmen
halysynyň baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmek hem-de
olary ýokary derejede geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we
wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa 1941 — 1945-nji ýyllaryň
Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli geçiriljek
dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, nesilleriň parahat durmuşy, tutuş adamzadyň azatlygy ugrunda janyny
gurban eden merdana gerçeklerimiz hatyralanylýar, Beýik Ýeňşi gazanmaga ägirt
uly goşant goşan zähmetkeş watandaşlarymyz uly hormat bilen ýatlanylýar. Bu
şanly sene mynasybetli gazaply uruş döwrüniň gahrymançylykly wakalaryny
şöhlelendirýän söhbetdeşlikler, aýdym-sazly duşuşyklar, sergiler, “Halk
hakydasy” ýadygärlikler toplumyna, ýurdumyzyň welaýatlaryndaky söweşjeň
şöhratyň mukaddes ýerlerine öwrülen ýadygärliklere, şeýle hem edermen esger,
ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül goýmak çäreleri, uruş we
zähmet weteranlaryna baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylyş dabaralary geçiriler.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda gahrymançylygyň belent nusgasyny
görkezen uruş we zähmet weteranlary üçin ähli şertleriň döredilýändigini,
olaryň ýaş nesillerde watançylyk, gaýduwsyzlyk, edermenlik ýaly belent
duýgulary terbiýeleýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
wise-premýere uruş weteranlaryna, uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken
enelerimize 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň
80 ýyllygy mynasybetli gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlaryň gowşurylmagyny,
Ýeňiş güni bilen bagly çäreleriň hem ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi
tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 21 — 24-nji apreli aralygynda Gazagystan
Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna we Özbegistan Respublikasyna amala aşyran
dostlukly saparlarynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Merkezi
Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek Bitarap Watanymyzyň
daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bellenilişi
ýaly, 21-22-nji aprelde Gazagystan Respublikasyna bolan dostlukly saparynyň
dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türküstan şäherindäki Hazret Sultan
milli muzeý-goraghanasynyň çäginde ýerleşýän Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähine
zyýarat etdi. Şeýle hem milli medeni topluma baryp gördi. Saparyň ikinji
gününde Gahryman Arkadagymyzyň we Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň
ýolbaşçylygynda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň wekiliýetleriniň
gepleşikleri geçirildi. Onuň dowamynda ýurtlarymyzyň halkara giňişlikde, şol
sanda BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edip, sebit we ählumumy gün
tertibiniň esasy meseleleri boýunça özara düşünişýändikleri bellenildi.
Gepleşikler tamamlanandan soňra, Milli Liderimiz maýa goýum taslamalaryny
durmuşa geçirmegiň iri meýdançasy bolup durýan “SPK TURKISTAN” senagat parkyna
baryp gördi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow 22-23-nji aprelde Gyrgyz Respublikasyna bolan dostlukly
saparynyň birinji gününde Çolpon-Ata şäherindäki meşhur ýerlere, hususan-da,
Çingiz Aýtmatow adyndaky “Ruh-Ordo” medeniýet merkezine bardy. Saparyň ikinji
gününde Gahryman Arkadagymyzyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr
Žaparowyň ýolbaşçylygynda iki ýurduň wekiliýetleriniň arasynda gepleşikler
geçirildi. Taraplar netijeli syýasy dialoga aýratyn üns berip, Türkmenistanyň
we Gyrgyz Respublikasynyň möhüm halkara hem-de sebit meseleleri boýunça
garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da ýakyndygyny kanagatlanma bilen
bellediler. Gyrgyz Respublikasyna saparynyň ikinji gününde Milli Liderimiz
gyrgyz halkynyň amaly-haşam sungatynyň däp bolan görnüşleri bilen tanyşdy,
şeýle hem gyrgyz çapyksuwarlarynyň milli at üstündäki çykyşlary we bäsleşikler
görkezildi.
23-24-nji
aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna dostlukly sapary amala
aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz Samarkant şäherinde bolmagynyň birinji gününde
Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Islam Karimowyň ýagty ýadygärligini
hatyralady. Şol gün agşam Gahryman Arkadagymyz Özbegistanyň Prezidenti Şawkat
Mirziýoýew bilen bilelikde “Baky şähere” baryp gördi. Bu ýerde däp bolan halk
senetçiliginiň hem-de amaly-haşam sungatynyň önümleri görkezildi.
Saparyň
ikinji gününde türkmen halkynyň Milli Lideriniň Özbegistan Respublikasynyň
Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda türkmen-özbek
ykdysady gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigi, ikitaraplaýyn haryt
dolanyşygynyň möçberiniň artdyrylýandygy bellenildi. Şol gün Gahryman
Arkadagymyzy Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy — «Ýokary derejeli
dostluk» (“Oliý Darajali Dustlik”) ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy.
Milli
Liderimiziň şu ýylyň 5 — 8-nji awgustynda Awazada geçiriljek möhüm halkara çärä
— BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça maslahatyna ünsi
çekip, dostlukly döwletleriň Baştutanlaryny oňa gatnaşmaga çagyrandygyny
bellemek gerek. Nygtalyşy ýaly, bu köptaraply meýdança sebitiň ýurtlarynyň
arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilýändigini aýdyň görkezer. Şeýle hem şol döwürde
Merkezi Aziýanyň her bir döwletiniň Awazada öz milli gününi geçirip
biljekdigine üns çekildi.
Wise-premýer,
daşary işler ministri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly saparlarynyň döwletara
hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, sebitde durnuklylygy we ösüşi üpjün etmegiň ýolunda
möhüm ädim bolandygyny nygtady. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda amala aşyrylýan Türkmenistanyň bitarap daşary syýasat ugruny
durmuşa geçirmäge saldamly goşantdyr.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik
Bitarap Türkmenistanyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen özara bähbitli
gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini we bu ugurda netijeli işleriň
durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystan,
Gyrgyz we Özbegistan Respublikalaryna bolan sapary hem muňa şaýatlyk edýär diýip,
döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministrine bu dostlukly
döwletler bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegi dowam
etdirmegi tabşyrdy.
Wise-premýer,
daşary işler ministri hasabatyny dowam edip, Türkmenistan bilen Yslam
Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp
barylýan işler barada aýtdy.
Mälim
bolşy ýaly, 2012-nji ýylda Aşgabatda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Yslam
Hyzmatdaşlyk Guramasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işleri
boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi tarapyndan bilelikde «Musulman dünýäsinde
bosgunlar» atly halkara maslahat geçirildi we onuň jemleri boýunça Aşgabat
jarnamasy kabul edildi. Şeýle hem 2021-nji ýylda sanly ulgam arkaly Yslam
Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammiti
geçirildi. Sammitiň işine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşandygyny bellemek gerek.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygyny mundan
beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen birnäçe teklipler beýan edildi.
Şolaryň hatarynda şu
ýylyň 20-21-nji iýunynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilmegi
meýilleşdirilýän YHG-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 51-nji
mejlisiniň işine türkmen wekiliýetini gatnaşdyrmak we onuň dowamynda ýurdumyzyň
başlangyjy esasynda «Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynda we bütin
dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi goldamakda hem-de
berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnamanyň kabul edilmegini
gazanmak; 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan
edilmegi mynasybetli YHG-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky
mejlisiniň çäklerinde parahatçylyga bagyşlanan maslahaty guramak baradaky
teklipler bar. Şeýle hem geljek ýyllaryň dowamynda bu guramanyň mowzuklaýyn
mejlislerini, hususan-da, ulag, energetika, bilim, oba hojalygy we daşky
gurşawy goramak ýaly ugurlary boýunça ministrler derejesindäki maslahatlaryny
ýurdumyzda geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek; şu ýylyň 1-2-nji iýulynda
Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Azyk
howpsuzlygy boýunça yslam guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýedinji mejlisine
ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagy baradaky teklip beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz
Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň wajyp ugurlarynyň biriniň halkara
guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdygyny belledi. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyz bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň
arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi mundan beýläk-de dowam etdirmegiň
möhümdigini belläp, bu ugurdaky teklipleri goldady we wise-premýer, daşary
işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň
ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew milli
awiasiýa pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna we Howa kodeksine hem-de Halkara raýat
awiasiýasy guramasy (ICAO) tarapyndan kabul edilen halkara standartlara
laýyklykda, ýurdumyzyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün
etmegiň Döwlet maksatnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen
baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň milli awiasiýa pudagynda uçuşlaryň howpsuzlygyny
üpjün etmäge uly ähmiýet berilýändigini, Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň
agzasy hökmünde Türkmenistanda uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça maksatnamalary
işläp taýýarlamagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen
baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň
howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasynyň taslamasyny makullap,
agentligiň ýolbaşçysyna degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip,
27-nji aprelde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden bellenip
geçiljekdigini aýdyp, ahalteke bedewlerimiziň halkymyzyň milli buýsanjydygyny,
gymmatly baýlygydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary we
mähriban halkymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Ministrler Kabinetiniň
agzalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hem-de türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy
Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutladylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.