Şu gün hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere
seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň
Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny halkara hukugyň umumy ykrar
edilen kadalaryna laýyk getirmek, hususan-da, täze kanun taslamalaryny işläp
taýýarlamak, hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary
girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen
baglylykda, Mejlisiň şu ýylyň 12-nji aprelinde geçiriljek nobatdaky
maslahatynyň gün tertibi barada aýdyldy. Deputatlar “Kazyýet hakynda”
Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýanynyň taslamasyny, “1966-njy ýylyň Ýük
markalary hakynda halkara Konwensiýasyna degişli 1988-nji ýylyň Teswirnamasyna
goşulmak hakynda”, “Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly
ýubileý medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek
hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar
girizmek hakynda”, “Administratiw önümçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna
üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Awtomobil ulagy hakynda”
Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Migrasiýa
hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda”
Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşarlar. Maslahatyň
dowamynda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçynyň
maglumaty diňleniler.
Daşary
ýurtlar we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň çäklerinde
alnyp barylýan işler barada-da habar berildi. Bellenilişi ýaly, milli
parlamentiň deputatlary BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, ÝHHG-niň Aşgabatdaky
merkeziniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren okuw
maslahatlaryna gatnaşdylar. Şeýle hem Mejlisiň wekili BMG-niň Ýewropa ykdysady
komissiýasynyň durnukly ösüş boýunça sebitleýin forumyna gatnaşmak üçin Ženewa
şäherinde iş saparynda boldy. Mundan başga-da, deputatlar döwlet syýasatyny,
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini,
ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri wagyz-nesihat etmek, kanunlaryň
many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça degişli işleri alyp
barýarlar.
Soňra
milli parlamentiň ýolbaşçysy Mejlisiň wekiliýetiniň Parlamentara Birleşigiň
150-nji ýubileý assambleýasyna gatnaşmak üçin şu ýylyň 5 — 7-nji aprelinde
Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherine amala aşyran iş saparynyň
netijeleri barada maglumat berdi. Saparyň çäklerinde Parlamentara Birleşigiň,
şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň, Belarus Respublikasynyň, Özbegistan
Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi.
Olarda ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmakda, kanun
çykaryjylyk işinde tejribe alyşmakda şeýle duşuşyklaryň ähmiýeti bellenildi.
Saparyň
dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Parlamentara Birleşigiň “Durmuş
ösüşiniň we adalatlylygyň bähbidine parlament hereketi” ady bilen geçirilen
150-nji ýubileý assambleýasynda çykyş etdi. Çykyşda hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda ýurdumyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň, Durnukly ösüş
maksatlaryna ýetmek üçin dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň möhüm orny
bellenildi. Şeýle hem assambleýanyň çäklerinde dürli ugurlarda geçirilen
çärelerde türkmen wekiliýetiniň agzalary çykyş etdiler. Mejlisiň ýolbaşçysy
Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrmaga beren ählitaraplaýyn
goldawlary üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs
ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny berkitmegiň, kanunçylyk
namalaryna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan
işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary
ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme foruma görülýän taýýarlyk
işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, forumy şu ýylyň 23-24-nji
aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýar. Oňa
gatnaşmaga 30 döwletden 300-e golaý wekil hasaba alyndy we häzirki wagtda
hasaba almak işi dowam edýär. Şeýle hem forumyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň
agzalarynyň gyzyklanma bildirýän daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen
duşuşyklaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer
hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli pudaklaryny sazlaşykly ösdürmegiň
möhüm wezipe bolup durýandygyny aýdyp, wise-premýere Malaýziýada guraljak
Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça
halkara göçme forumy ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk toplumynda hem-de
welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak
işleri ýerine ýetirilýär. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, bugdaý
ýygýan kombaýnlary galla oragy möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler
geçirilýär. Şeýle hem möwsümde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny we
gurallaryny netijeli işletmek, gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda
ilkinji hatarara bejergi işlerini geçirmek babatda zerur çäreler görülýär.
Ýeralmanyň, gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, bu önümler
bilen ilaty ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, ýazlyk ekinlere ideg
etmek işleri, pile öndürmek möwsümi guramaçylykly dowam edýär. Şunuň bilen bir
hatarda, Türkmen bedewiniň milli baýramyny ýokary guramaçylyk derejesinde
geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň welaýatlarynda
möwsümleýin oba hojalyk işlerini öz wagtynda geçirmegiň möhüm talap bolup
durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere
bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda dowam
etdirmegi, häzirki wagtdan başlap galla oragy möwsümine gowy taýýarlyk görmegi,
welaýatlarda gowaça ekişini bellenen möhletlerde geçirmegi we tamamlamagy,
Türkmen bedewiniň milli baýramyna hem ýokary derejede taýýarlyk görmegi
tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän toplumynda,
hususan-da, senagat pudagynda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, milli senagat pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzda alnyp
barylýan giň gerimli gurluşyklary zerur bolan gurluşyk serişdeleri bilen üpjün
etmek, önümleriň çykarylýan möçberini artdyrmak, hereket edýän kärhanalary
döwrebaplaşdyrmak, olaryň taslama kuwwatynda işledilmegini gazanmak boýunça
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan zerur işler geçirilýär.
Munuň özi içerki bazary ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmäge
hem-de pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam berer. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda senagat pudagynyň işini döwrebap alyp
barmak, täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa
geçirilýändigini belledi. Gurluşyklary gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek,
önümleriň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam
etdirmek, hereket edýän kärhanalaryň taslama kuwwatynda işledilmegini, olarda
meýilnamalaýyn abatlaýyş işleriniň geçirilişini berk gözegçilikde saklamak
zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew şu ýylyň maýynda Eýran Yslam
Respublikasynyň Gürgen şäherinde Türkmenistanda öndürilen harytlaryň sergisini
guramaga görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, iki
dostlukly ýurduň arasynda söwda dolanyşygyny has-da artdyrmak hem-de
Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleri bilen goňşy ýurduň işewürlerini, sarp
edijilerini giňişleýin tanyşdyrmak üçin geçiriljek sergä milli
ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň
agzalarynyň eksporta niýetlenen harytlary bilen gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady
gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça yzygiderli işleriň amala aşyrylýandygyny, Eýran
Yslam Respublikasynyň hem ýakyn hyzmatdaşlyk edilýän döwletleriň biri bolup
durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gürgen
şäherinde Türkmenistanda öndürilen harytlaryň sergisini geçirmek boýunça
taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34
ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin
guramaçylyk toparyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gün ösüşiň milli ýörelgesine
üstünlikli eýerýän ýurt hökmünde dünýäde syýasy taýdan durnukly, ykdysady
taýdan kuwwatly, parahatçylygy goldaýan döwletleriň birine öwrüldi. Milli
ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, medeniýet ulgamynyň, şol
sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini hem döwrüň talabyna laýyk
derejede guramaga, medeni mirasymyzy dünýä ýüzünde giňden wagyz etmäge, halkara
media giňişligine çykmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanda mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyny uly zähmet üstünlikleri bilen garşylamaga giňden
taýýarlyk görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli
geçiriljek döwlet çärelerine gowy taýýarlyk görmek we olary ýokary derejede
geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy
mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk
toparyny döretmek hakynda Karara gol çekdi hem-de wise-premýere degişli
tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa şu ýylyň 22 — 25-nji apreli
aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde sportuň milli we guşakly
alyş göreşi boýunça halkara ýaryşy geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde
ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň
wekillerinden ybarat bolan iş topary döredilip, ýerine ýetirilmeli çäreleriň
meýilnamasyna laýyklykda, häzirki wagtda guramaçylykly işler alnyp barylýar.
Sport arkaly parahatçylygy dabaralandyrmakda möhüm waka öwrüljek bu halkara
ýaryşa daşary ýurtlardan köp sanly sport wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, türkmen sportuny dünýä derejesinde ösdürmek,
ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da ýokarlandyrmak ugrunda netijeli
işleriň amala aşyrylýandygyny, halkara sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýändigini
belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Aşgabat şäherindäki Olimpiýa
şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda sportuň milli we guşakly
alyş göreşi boýunça halkara ýaryşa gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary
guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa iş saparyna görülýän taýýarlyk boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri, şol sanda Ýaponiýa bilen özara
bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri
tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Iki ýurduň arasyndaky diplomatik
gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 22-nji aprelinde ýola goýuldy. Geçen döwrüň
dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ygtybarly şertnama-hukuk binýady
döredildi. Şeýle hem yzygiderli parlamentara we hökümetara gatnaşyklar ýola
goýuldy. Türkmenistan bilen Ýaponiýa halkara guramalaryň çäklerinde-de netijeli
hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly döwletiň BMG-niň we
beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde ýurdumyzyň başlangyçlaryny
yzygiderli goldaýandygy bellenildi.
Soňky 15 ýylyň dowamynda
durmuşa geçirilen bilelikdäki iri taslamalar hem ikitaraplaýyn ykdysady
hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Gazhimiýany,
elektroenergetikany, ulag ulgamyny, suw hojalygyny türkmen-ýapon
hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan strategik ugurlarynyň hatarynda görkezmek
bolar. Türkmenistanyň Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy
okgunly ösdürilýär. Türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ulgamlaýyn esasda utgaşdyrmak
maksady bilen, iki ýurduň arasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon
we ýapon-türkmen komitetleri işjeň hereket edýär. Ylym-bilim ulgamyndaky
hyzmatdaşlyga hem uly ähmiýet berilýär. Bu babatda Ýaponiýanyň Halkara
hyzmatdaşlyk agentligi (JICA) Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşy bolup durýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde, ýokary okuw
mekdeplerinde türkmen ýaşlary ýapon dilini öwrenýärler. Hormatly
Prezidentimiziň Ýaponiýa amala aşyrjak iş saparyna taýýarlyk görmegiň barşynda
onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça degişli çäreler
görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli maksatnamany hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň
arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary depginde ösdürilýändigini, ýurtlarymyzyň
arasynda syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň
gerimini giňeltmek üçin ähli şertleriň bardygyny aýdyp, wise-premýer, daşary
işler ministrine ýakyn wagtda bu dostlukly ýurda boljak iş saparyna gowy
taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew raýat
awiasiýasy pudagy üçin halkara guramalar bilen bilelikde ýokary derejeli
hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, “Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan Halkara raýat
awiasiýasy guramasynyň bütin dünýä boýunça awiasiýa işgärlerini okatmagyň
hilini we netijeliligini ýokarlandyrmaga, okuw merkezleriniň arasynda
hyzmatdaşlyga, tejribe alyşmaga gönükdirilen ýörite maksatnamasynyň çäklerinde
zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi ýurdumyzyň howa ulaglary üçin zerur bolan
hünärmenleri taýýarlamaga, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine
ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli
hünärmenleri taýýarlamakda halkara guramalar bilen ýola goýulýan gatnaşyklary
berkitmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz
«Türkmenhowaýollary» agentliginiň howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan
mekdebiniň işini kämilleşdirmek bilen bagly teklibi makullap, agentligiň
ýolbaşçysyna degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna
degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça çözgütler
kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen
mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny,
berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.