Şu gün hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň üç aýynda ýurdumyzda alnyp barlan
işleriň jemleri jemlenildi.
Ilki
bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz
berildi. Ol şu ýylyň birinji çärýeginde gazanylan makroykdysady görkezijiler
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş
depgini senagat pudagynda 0,3 göterime, gurluşykda 3,8 göterime,
ulag-aragatnaşyk pudagynda 11,1 göterime, söwdada 9,9 göterime, oba hojalygynda
4 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,8 göterime deň boldy. 2024-nji ýylyň degişli
döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 9,6 göterim artdy.
Ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Geçen ýylyň
döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 12,3 göterim, daşary
söwda dolanyşygy 2,9 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda
Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102 göterim, çykdajy bölegi 97,7 göterim
ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet
haklary, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 11,2 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary,
pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa
goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17 göterim
ýokarlandy. Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde ýerine
ýetirilýän işler barada hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, geçen üç aýda gazanylan üstünliklere esaslanyp,
geljekde-de jemi içerki önümiň ösüşini durnukly saklamagyň, önümçilik
pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça degişli çäreleri geçirmegi dowam
etdirmegiň, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini yzygiderli
kämilleşdirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda
2025-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe “Türkmennebit” döwlet
konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 107,1 göterim ýerine
ýetirildi. Nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 107,1 göterim, benzin
öndürmegiň meýilnamasy 102 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy
100,8 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100,1 göterim, çalgy
ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100,4 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan
gazy öndürmekde 117,9 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Şeýle hem hasabat
döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 104,8 göterim boldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny
artdyrmak boýunça degişli işleri dowam etdirmegiň, olaryň eksport edilýän
möçberini yzygiderli artdyrmagyň wajypdygyny aýtdy. Toplumyň önümçilik
kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak, ýurdumyzyň çägindäki meýdançalarda
gözleg-barlag guýularyny burawlamak işlerini yzygiderli dowam etdirmek zerurdyr
diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda şu ýylyň
geçen üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de welaýatlarda alnyp
barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli
döwri bilen deňeşdirilende, 124,2 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk
ministrligi boýunça 147,7 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça
102,2 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 132,5 göterime,
“Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 140,1 göterime, “Türkmengallaönümleri”
döwlet birleşigi boýunça 129,7 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi
boýunça 101,1 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 101,4 göterime,
Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 102,6 göterime,
“Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 100,4 göterime deň boldy. Hasabat
döwründe oba hojalyk pudagy boýunça maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň
meýilnamasy 262,9 göterim ýerine ýetirildi. Häzirki wagtda dowam edýän
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde bugdaý ekilen meýdanlarda mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.
Gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmek boýunça
zerur işler alnyp barylýar.
Ýeralma
we gök-bakja ekinlerine ideg işleri bilen bir hatarda, welaýatlarda pile
öndürijileri ýüpek gurçugynyň tohumlary bilen üpjün etmek çäreleri hem
guramaçylykly dowam edýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň möçberini
artdyrmagy we hilini gowulandyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň
möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere möwsümleýin oba hojalyk
işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda talabalaýyk alyp barmagy, suw
serişdelerini rejeli peýdalanmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak,
ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegi
tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumynda
2025-nji ýylyň ilkinji üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine
ýetirilen işleriň meýilnamasy 115,9 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we
binagärlik ministrligi boýunça meýilnama 112,8 göterime deň boldy. Senagat we
gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we işleriň
meýilnamasy 120,5 göterim, Energetika ministrligi tarapyndan önümleri
öndürmegiň hem-de işleriň meýilnamasy 104,4 göterim ýerine ýetirildi. Bu
görkeziji “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça 127,1 göterime barabar boldy.
Hasabat döwründe Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet
agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 109,5 göterim,
Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça işleriň meýilnamasy 108,1 göterim berjaý
edildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumy boýunça öndürilýän
önümleriň möçberini has-da artdyrmak üçin degişli işleri dowam etdirmegiň,
elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da kämilleşdirmegiň,
önümçilige täze, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, täze kärhanalary işe
girizmek, önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak boýunça zerur çäreleri
görmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän
ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda
şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Hasabat
döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda
dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 113
göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 101,2 göterime barabar boldy. Dokma
senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 114,2 göterim üpjün
edildi, şol sanda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň
önümçiligi 142,9 göterime, nah matalaryňky 150,9 göterime, taýýar tikin we
örülen önümleriňki 104,3 göterime, gön önümleriniňki 140,4 göterime deň boldy.
“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 105,1
göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan
72 birža söwdasy geçirilip, olarda 6 müň 878 şertnama hasaba alyndy. Şu ýylyň
ýanwar — mart aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň
ösüş depgini 102,1 göterime barabar boldy. Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,1
göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 104,3 göterime deň boldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda toplumynyň öňünde
durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin sanly ykdysadyýeti we
elektron söwdany ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň
wajypdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda azyk
önümleriniň hem-de beýleki zerur harytlaryň üpjünçiligini üns merkezinde
saklamak, dokma kärhanalarynda öndürilýän dokma önümleriniň görnüşlerini we
möçberini artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmek, Döwlet haryt-çig mal
biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň işini kämilleşdirmekde halkara tejribeden
ugur almak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere birnäçe
tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu
ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly»
diýlip yglan edilmegi, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy, Halkara
zenanlar güni, Milli bahar baýramy, şeýle hem medeni-durmuş maksatly binalaryň
açylyş dabaralary mynasybetli dürli çäreler, aýdym-sazly çykyşlar geçirildi.
Yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlenildi. Halkara
hyzmatdaşlyk babatda-da dürli çäreler geçirilip, olarda Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýylynyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň many-mazmuny giňden beýan edildi.
Şeýle hem kitaphanalar, muzeýler, Türkmenistanyň Taryhy we medeni
ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi,
Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi,
köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada
hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de
hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleri
ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýere halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça
alnyp barylýan işleri yzygiderli ösdürmek, medeni mirasymyzy öwrenmek,
taryhy-medeni ýadygärlikleri dikeltmek işlerini dowam etdirmek tabşyryldy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda
şu ýylyň geçen üç aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat
döwründe ylymly-bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge gönükdirilen
özgertmeler dowam etdirildi. Şu ýylyň birinji çärýeginde mekdep okuwçylary we
talyp ýaşlar halkara ders hem-de internet bäsleşiklerinde jemi 55 medala
mynasyp boldular. Şunuň bilen birlikde, “Dil — hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm
serişdesi” atly halkara okuw-usuly maslahat, dersler boýunça internet
olimpiadalary geçirildi. Şu ýylyň birinji çärýeginde ylmyň ugurlary boýunça
aspirantura we doktorantura kabul etmek, alymlyk derejelerine dalaşgärlige
hasaba almak bilen bagly işler guramaçylykly alnyp baryldy. “Parahatçylyk we
ynanyşmak dünýäde ekologiýa abadançylygyny gorap saklamagyň ygtybarly
binýadydyr” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Ýanwar
— mart aýlarynda bejeriş-öňüni alyş edaralarynda keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň
öňdebaryjy usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak babatda meýilnamalaýyn
işler alnyp baryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň
hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. Gaznanyň
hasabyna saglygy dikeldilen çagalara, olaryň hossarlaryna Gahryman
Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar dabaraly gowşuryldy. Hasabat döwründe
bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, türgenleri Olimpiýa oýunlaryna, iri halkara
ýaryşlara taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi. Milli ýygyndy toparlaryň
türgenleri medallaryň birnäçesini gazandylar. Şunuň bilen birlikde, Arkadag
şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara
hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygyna
bagyşlanan halkara maslahat hem-de dabaraly çäreler geçirildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim, ylym, saglygy goraýyş,
bedenterbiýe we sport ulgamlarynda netijeli işleri alyp barmagyň, ýokary hem-de
orta mekdepleriň işinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň
möhümdigini belledi. Mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň arasynda halkara
bäsleşikleri we olimpiadalary geçirmegi dowam etdirmek, saglygy goraýyş ulgamynyň
işini yzygiderli kämilleşdirmek, ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi
üçin degişli işleri geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we
wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa
söz berildi. Ol Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň adyndan
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň
Samarkant şäherine iş saparynyň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mälim
bolşy ýaly, şu ýylyň 3-4-nji aprelinde Samarkant şäherinde «Merkezi Aziýa —
Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammit geçirildi. Bu ýokary derejeli
duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady, maýa goýum gatnaşyklary, gaýtadan
dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak, “ýaşyl” ykdysadyýeti, ulag we sanly
arabaglanyşygy ösdürmek, bilim hem-de beýleki durmuş ulgamlarynda bilelikdäki
tagallalary berkitmek bilen bagly meselelere seredildi. Şunda sammitiň gün
tertibiniň şu ýylyň 27-nji martynda Aşgabat şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň
ýolbaşçylarynyň 20-nji duşuşygynda işlenip taýýarlanandygy bellenildi. Döwlet
Baştutanymyz sammitde çykyş edip, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen alyp
barýan hyzmatdaşlygy barada durup geçdi. Sammitiň netijeleri boýunça
Bilelikdäki Jarnama hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Hökümetleriniň we
Ýewropa Komissiýasynyň arasynda örän wajyp çig mallar ulgamynda meýiller
hakynda Beýannama kabul edildi.
4-nji
aprelde «Merkezi Aziýa ählumumy howa meseleleriniň öňünde: bilelikdäki
abadançylyk üçin jebislik» atly halkara forumyň geçirilendigi aýdyldy. Forumda
hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň häzirki wagtda Birleşen Milletler
Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasy, Pariž ylalaşygy
we ekologiýa, daşky gurşawy goramakda beýleki halkara resminamalar babatda alyp
barýan işleri barada beýannama bilen çykyş etdi.
Soňra
wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň birinji çärýeginde
Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada
hasabat berdi. Hasabat döwründe Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny
yzygiderli durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny,
öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen degişli işler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz ikitaraplaýyn we
köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde
netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, ýanwar
aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygyna sapary amala aşyrandygy bellenildi.
Fewral aýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany
ýurdumyza iş sapary bilen geldi. Mart aýynda Gruziýanyň Premýer-ministriniň
Türkmenistana resmi sapary boldy.
Hasabat
döwründe daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana, ýurdumyzyň
wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary netijeli özara
gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Sanly ulgam
arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 178-si geçirildi. Şeýle hem ýurdumyzda
daşary ýurtlaryň, halkara guramalaryň wekilleri bilen resmi gepleşiklerdir
duşuşyklar geçirildi. Şu güne çenli halkara resminamalaryň 31-sine gol çekildi.
Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli
amala aşyrylýar, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirilýär.
Ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça hem netijeli çäreler
görülýär. Ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmak
Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup, bu babatda-da degişli
işler alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň
ählumumy abadançylyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýandygyny,
ýurdumyzyň dünýäniň ähli döwletleri we halkara guramalar bilen deňhukukly,
özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigini belledi. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine dünýä we
sebit döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer,
ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary ilerletmek boýunça işleri dowam etdirmegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew
gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alnyp barlan
işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe bu toplum boýunça
ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 118,4 göterime deň boldy.
Şu ýylyň birinji çärýeginde awtomobil, demir ýol, howa, deňiz, derýa ulaglary
arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 104,3 göterim, ýolagçy gatnatmagyň meýilnamasy
101,4 göterim ýerine ýetirildi.
Geçen üç aýda
“Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş
depgini 107,1 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 110,4 göterime,
“Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 126,5 göterime,
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 125,5 göterime,
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 122 göterime deň boldy. Şeýle hem
“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň
Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada
aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, milli ulag-kommunikasiýa pudagynyň işini döwrüň talabyna laýyk
guramak üçin degişli işleri alyp barmagyň, ulagyň ähli görnüşleri bilen ýolagçy
we ýük dolanyşygyny ösdürmegiň, halkara üstaşyr ulag mümkinçiligini doly
ulanmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belläp, agentligiň
ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly
Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Garaşsyz ýurdumyzda
şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen
maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini, jemi
içerki önümiň ösüşiniň hasabat döwründe 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp
gelýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Döwlet Baştutanymyz
ýurdumyzda iri senagat, durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň, şol sanda täze
şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki
desgalaryň gurluşyklarynyň dowam etdirilýändigini belläp, ykdysadyýetiň
pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek babatda işleriň ýerine ýetirilişini
hemişe berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz
Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 7-nji aprelde Diýarymyzda
Bütindünýä saglyk gününiň giňden bellenilip geçiljekdigini, ýurdumyzda sagdyn
durmuş ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylýandygyny, köpçülikleýin bedenterbiýäni,
sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Pursatdan peýdalanyp,
döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Bütindünýä
saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasarlary hormatly Prezidentimizi hem-de türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen
mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny,
berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.