Şu gün Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly
Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň üç aýynda ýerine
ýetiren işleriniň netijelerine garaldy, şeýle hem Garaşsyz döwletimizde
howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de
kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan
wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ýylyň başyndan bäri alnyp barlan
işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, Watanymyzyň goranyş ukybyny
pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini
gowulandyrmak, ýokary hünärli gullukçylary taýýarlamak boýunça geçirilýän işler
barada aýdyldy. Şeýle-de çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby
gullukçylary gullukdan boşatmagyň we harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyň barşy
barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, döwletimiziň goranmak ukybyny pugtalandyrmak, Ýaragly
Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça işleri dowam
etdirmegiň möhümdigini belledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary
gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak bilen baglanyşykly meselelere ünsi
çekip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine bu işleriň
guramaçylykly ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Baş prokuror B.Muhamedow
ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň
ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň
ozal beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem sanly
ulgamy giňden ulanmak we prokuratura edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesini
ýokarlandyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmagy
hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigini aýdyp, Baş prokurora kanunlaryň ýerine
ýetirilişine prokuror gözegçiligini netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Soňra içeri işler
ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň birinji çärýeginde
ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni
almak, ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça alyp baran
işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ministrligi ösdürmegiň
maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, şol sanda hasabat döwründe açylyp ulanmaga
berlen desgalar barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, polisiýanyň podpolkownigi W.Ataýewi içeri işler ministriniň
orunbasary wezipesinden boşatmak hem-de bu wezipä polisiýanyň podpolkownigi
Ö.Kakalyýewi bellemek hakynda Kararlara gol çekdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň,
jemgyýetiň hem-de döwletiň bähbitleriniň goralmagyny, ýol hereketiniň
kadalarynyň berjaý edilişine, ýangyn howpsuzlygy bilen bagly meselelere berk
gözegçilik edilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi we ministre
anyk tabşyryklary berdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy
B.Hojamgulyýew 2025-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzümi
tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, kazyýet işini döwrüň
talaplaryna laýyklykda guramak boýunça görlen çäreler, ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine
ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, kazyýet edaralary tarapyndan kanunylygy, adalatlylygy, hukuk tertibini
üpjün etmek boýunça alnyp barylýan kazyýet önümçilik işlerini netijeli dowam
etdirmegiň möhümdigini aýtdy hem-de Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna milli kazyýet
ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, ulgamyň işgärleriniň hünärlerini
ýokarlandyrmak boýunça zerur işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Milli howpsuzlyk ministri
N.Atagaraýew hasabat döwründe döwletimiziň milli bähbitlerini goramak,
ýurdumyzda durnuklylygy we abadançylygy üpjün etmek boýunça geçirilen çäreler
barada hasabat berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren
tabşyryklarynyň, ýolbaşçylyk edýän edarasyny ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine
ýetirilişi barada aýtdy.
Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Milli howpsuzlyk
ministrliginiň üstüne ýüklenen wezipäniň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet
Baştutanymyz öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin beýleki hukuk goraýjy
edaralar bilen sazlaşykly işlemegiň wajypdygyny belläp, ministrligiň
ýolbaşçysyna birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra Döwlet serhet
gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler,
Watanymyzyň serhetlerini goramak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Şeýle-de serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmagyň, gullugyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny pugtalandyrmagyň barşy barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, dost-doganlygyň serhedi bolup durýan döwlet serhediniň
ygtybarly goralmagyny üpjün etmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny
nygtady. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby gullukçylaryň
gullugy we ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmek, serhet goşunlaryny
has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam
etdirmegiň wajypdygyny aýdyp, gullugyň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.
Adalat ministri M.Taganow
şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda ýurdumyzyň kanunçylyk
binýadyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak babatda görlen çäreler
barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, hukuk ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň möhüm ugurlaryna
ünsi çekdi hem-de kadalaşdyryjy hukuk namalaryny yzygiderli seljermek, milli
kanunçylygy döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça ýerine ýetirilýän işleriň
ähmiýetini belläp, ministre bu babatda degişli görkezmeleri berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň
başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň jemleri hem-de
işiň döwrebap usullaryny we iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça
görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, gullugy ösdürmegiň
maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada
aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, gümrük serhedinden geçirilýän ýüklere we ulag serişdelerine
hereket edýän halkara kadalara, milli kanunçylygyň düzgünlerine laýyklykda
gümrük gözegçiligini ýerine ýetirmegiň möhümdigini belläp, gümrük nokatlarynyň
işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Döwlet migrasiýa
gullugynyň başlygy A.Sazakow şu ýylyň birinji çärýeginde ýolbaşçylyk edýän
düzüminiň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, edaranyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny pugtalandyrmak, gullugy ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli ýerine
ýetirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, gullugyň işine döwrebap
usullary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri
taýýarlamak, migrasiýa ulgamynda kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçiligi
amala aşyrmak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagyň
zerurdygyna ünsi çekdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, Türkmenistanyň goranyş häsiýetine eýe
bolan Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap
döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek,
ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala
agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli
çäreleriň durmuşa geçirilýändigini we bu işleriň mundan beýläk-de dowam
etdiriljekdigini belledi.
Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça
degişli çözgütler kabul edildi.
Mejlisiň ahyrynda
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
goşun generaly Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan saglyk,
halkymyzyň asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan
jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.