Şu gün hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere
seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň
Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işleri barada
maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň
Konstitusiýasynyň esasy ýörelgelerine laýyklykda, raýatlaryň hukuklaryny,
kanuny bähbitlerini goramak, hukuk tertibini we kanunçylygy pugtalandyrmak,
ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini
mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny
taýýarlamak işleri dowam edýär. Halkara guramalar, daşary ýurtlaryň
parlamentleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça netijeli işler durmuşa
geçirilýär. Mejlisiň deputatlary BMG-niň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli
döwlet edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatyna we duşuşygyna gatnaşdylar.
Şeýle-de deputatlar hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň,
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygynyň sebit we halkara derejede parahatçylygy, ynanyşmagy, netijeli
hyzmatdaşlygy berkitmekdäki ähmiýetini, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny
halkymyza düşündirmek boýunça çärelere işjeň gatnaşýarlar.
Döwlet Baştutanymyz
ýurdumyzyň kanunçylygynyň döwrebap we kämil bolmagy üçin netijeli işleri dowam
etdirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň 8 — 10-njy apreli aralygynda
Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän
BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň
(SPECA) Milli utgaşdyryjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna görülýän
taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda
BMG-niň hukuk gurallaryny we standartlaryny ulanmak arkaly Hazarüsti ulag
geçelgesiniň ugrunda maglumatlar hem-de resminamalar multimodal alşygyny
sanlylaşdyrmak boýunça “Ýol kartasynyň” durmuşa geçirilişine syn bermek,
SPECA-nyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösüş konsepsiýasynyň taslamasyny ara
alyp maslahatlaşmak, sebitleýin söwda arabaglanyşygyny çuňlaşdyrmak we beýleki
meseleler barada özara pikir alyşmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ýurdumyzyň
daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi hem-de wise-premýere
Şweýsariýa Konfederasiýasynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi
Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň Milli utgaşdyryjy
edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gowy taýýarlyk görmegi we oňa işjeň
gatnaşmagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Amanow Energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça
türkmen-rumyn iş toparynyň sekizinji mejlisini geçirmek boýunça görülýän
taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, toparyň şu ýylyň
aprelinde Aşgabatda geçiriljek nobatdaky mejlisiniň işine türkmen tarapyndan
Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit
we gaz uniwersitetiniň, “Türkmengaz”, “Türkmennebit”, “Türkmenhimiýa” döwlet
konsernleriniň, Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet
elektroenergetika korporasiýasynyň, “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli
paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar. Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Ýewropa döwletleri bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli
ösdürýändigini, şol sanda Rumyniýa bilen dostlukly gatnaşyklary alyp
barýandygyny belledi. Şoňa görä, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Energetika
babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň nobatdaky
sekizinji mejlisini ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda
alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda gowaça ekişine guramaçylykly girişilip, bu
möwsümi bellenen agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmek üçin degişli
işler alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri
ýerine ýetirilýär. Şeýle hem bugdaý oragyna görülýän taýýarlygyň çäklerinde
galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, degişli tehnikalary möwsüme
taýýarlamak üçin zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda
ýeralma, gök-bakja, beýleki azyklyk oba hojalyk ekinlerine ideg işleri dowam
etdirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw
serişdelerini tygşytly peýdalanmak babatda degişli işler alnyp barylýar. Pile
öndürmek möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde pile öndürijiler bilen
şertnamalary baglaşmak, ýüpek gurçugynyň tohumlaryny, olaryň idediljek
jaýlaryny möwsüme taýýarlamak işleri geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn
ösdürmegi dowam etdirmegiň, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli
pugtalandyrmagyň, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişini
berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi we bu babatda wise-premýere
birnäçe tabşyryklary berdi.
Wise-premýer hasabatyny
dowam edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk
pudagyndaky özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzda azyk
bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen taýýarlanylan degişli
resminamanyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
Diýarymyzda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini has-da artdyrmak,
şalynyň ýokary hasylyny öndürmek maksady bilen, Türkmenistanda 2025-nji ýylda
şaly öndürmek hakynda Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere
iberdi hem-de bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, sarp edijileriň elektrik
üpjünçiliginiň hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň energetika
kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmak, sarp edijileri elektrik energiýasy
bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, Energetika ministrligi
tarapyndan elektrik stansiýalarynda, dürli güýjenmeli asma elektrik geçiriji
ulgamlarynda, transformator beketlerinde meýilnama esasynda abatlaýyş we
durkuny täzelemek işleri ýerine ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
berkitmegiň, sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz we ygtybarly
üpjün etmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de elektrik
ulgamlarynda abatlaýyş işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, döwlet
elektrik stansiýalarynyň işiniň döwrebap ýola goýulmagyny üpjün etmegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde
geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine görülýän
taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, 2027-nji ýylyň 15-nji
maýy — 15-nji awgusty aralygynda geçiriljek bu sergä Türkmenistanyň ýokary
derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, Söwda we daşary ykdysady
aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan degişli işler alnyp barylýar.
Wise-premýer “Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin” diýen şygar
astynda geçiriljek sergä ýurdumyzyň gatnaşmagynyň guramaçylyk meseleleri barada
aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Halkara sergiler býurosy bilen netijeli
hyzmatdaşlyk edip, «EKSPO» sergilerine yzygiderli gatnaşýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Serbiýa Respublikasynyň Belgrad
şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisi bilen
bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň aprel aýynda geçiriljek esasy
çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, geljek
aýyň dowamynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip
yglan edilmegi, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy, BMG-niň Baş Assambleýasy
tarapyndan ýurdumyzyň başlangyjy bilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy”
atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi, Bütindünýä saglyk güni, Türkmen
bedewiniň milli baýramy mynasybetli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny,
brifingleri, sergileri, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemleniler.
Meşhur sazanda Pürli Saryýewiň ömri-döredijiligine, Döwletmämmet Azadynyň
doglan gününiň 330 ýyllygyna, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň doglan
gününiň 105 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik çärelerini guramak
meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklar bilen baglanyşykly şu
ýylyň aprel aýynda geçiriljek esasy çäreleri giňden beýan etmek üçin ähli zerur
işleri alyp barmagyň, Bütindünýä saglyk güni, Türkmen bedewiniň milli baýramy
mynasybetli çärelere gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi we bu babatda
wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda bedenterbiýe-sport hem-de
medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty
wagyz etmek maksady bilen, welosipedli ýörişler, dürli bedenterbiýe-sport
çäreleri geçiriler. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we
Arkadag şäherlerinde 1 — 7-nji aprel aralygynda dürli maslahatlary,
wagyz-nesihat, bedenterbiýe-sport, medeni çäreleri, umumybilim berýän orta
mekdepleriň okuwçylarynyň, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň,
edara-kärhanalaryň işgärleriniň, türgenleriň gatnaşmaklarynda sportuň dürli
görnüşleri boýunça ýaryşlary we dabaraly sport çärelerini geçirmek göz öňünde
tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, Bütindünýä saglyk gününiň jemgyýetimizde sagdyn durmuş
ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmakda, bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde möhüm
ähmiýetini belledi hem-de Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda
bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş çäreleriniň ýokary derejede geçirilmegini
üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen
Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek
boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ýewropa Bileleşigi we oňa agza
döwletler bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň
daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda parlamentara dialog,
bilelikdäki komitet, adam hukuklary boýunça dialog yzygiderli esasda hereket
edýär.
«Merkezi Aziýa — Ýewropa
Bileleşigi» formatyndaky hyzmatdaşlyk hem toplumlaýyn häsiýete eýedir. Bu
hyzmatdaşlygyň çäklerinde 27-nji martda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we
Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 20-nji
duşuşygy geçirildi. Onuň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýanat kabul edildi.
Şeýle hem duşuşygyň çäklerinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Merkezi
Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak» atly
utgaşykly maslahat geçirildi. Mundan başga-da, duşuşykda Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň hem-de Ýewropa Geňeşiniň we Ýewropa
Komissiýasynyň başlyklarynyň gatnaşmagynda Samarkantda geçiriljek sammite taýýarlyk
görmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Sammitiň gün
tertibine söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky
hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri,
“ýaşyl” ykdysadyýet, ulag, sanlylaşdyrmak ýaly ugurlarda özara gatnaşyklary
işjeňleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi. Şeýle-de sammitiň çäklerinde
birnäçe ýokary derejeli ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi
meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek
boýunça zerur tagallalary edýändigini, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen ýola
goýlan gatnaşyklara hem aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Döwlet
Baştutanymyz Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy
ilerletmegi dowam etdirmegiň möhümdigini aýdyp, wise-premýer, daşary işler
ministrine degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Özbegistan
Respublikasyna boljak iş saparyna ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew
“Türkmendemirýollary” agentligi tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de onuň işgärleri üçin has oňaýly
iş şertlerini döretmek maksady bilen, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň
demir ýol menzilindäki degişli desganyň taslamasyny düzmek we durkuny täzelemek
boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň
ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň döwrebap demir ýol ulagy pudagynyň
mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň, munuň üçin demir ýol menzilleriniň
häzirki döwrüň talaplaryna görä işlemeginiň möhümdigini belledi hem-de Balkan
welaýatynyň Türkmenbaşy demir ýol menzilindäki wagonlary arassalaýjy desganyň
durkuny täzelemek boýunça taýýarlanylan teklibi makullap, bu ugurda degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip,
ýurdumyzda 30-njy martda Oraza baýramynyň bellenilip geçiljekdigini aýtdy
hem-de Oraza baýramyny bellemek we 30-njy martdaky dynç gününi 31-nji marta —
duşenbe gününe geçirmek baradaky Permana gol çekdi. Mejlisde döwlet durmuşyna
degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli
çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen
mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny,
berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.