Şu
gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda
ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi.
Täze
taryhy döwürde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ekologik abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen
başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa
geçirilýär. Şunda ýurdumyzdaky tokaý zolaklarynyň çäkleriniň giňeldilmegine,
onuň tebigatynyň biologik köpdürlüliginiň goralyp saklanylmagyna möhüm ähmiýet
berilýär. Döwletimiz tarapyndan amala aşyrylýan ekologiýa syýasaty geljek
nesiller üçin durnukly, arassa tebigy gurşawy döretmegi maksat edinýär.
Tebigaty goramak bilen baglanyşykly işlere halkymyzyň giňden çekilmegi bu
syýasatyň wajyp ugrudyr. Ählihalk bag ekmek çäresi şeýle asylly maksatlary
ilerletmäge hem-de jemgyýetimizde ekologik medeniýeti kemala getirmäge ýardam
berýär.
Hormatly
Prezidentimiziň döwlet syýasatynda daşky gurşawy goramak bilen bagly meselelere
aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda ykdysady we durmuş ulgamlarynda
ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler halkymyzyň abadan durmuşynyň möhüm
şerti hökmünde ekologiýa bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda,
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň»,
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” esasynda ata Watanymyzda
arassa ekologik gurşawy döretmek boýunça giň gerimli işleriň alnyp
barylýandygyny bellemek gerek.
...Şu
günki dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň,
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň
ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, şeýle hem halk
köpçüligi bar.
Döwlet
Baştutanymyzyň awtoulagy ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýeri bolan
paýtagtymyzyň günorta künjegine geldi. Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowy dabara gatnaşyjylar mähirli mübäreklediler. Ýurdumyzyň sungat
ussatlarynyň çykyşlary çärä baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli salamlaşyp, bag nahalyny
ekmek üçin ýörite taýýarlanylan ýere barýar. Ýaş nesliň wekili belent ruha
beslenen goşgy setirleri bilen döwlet Baştutanymyzdan bag ekmek dabarasyna
badalga bermegini haýyş edýär. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow bag nahalyny oturdyp, ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga
berdi. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen bu
giň gerimli çärä gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy hem-de halkymyzyň
milli däpleriniň dowamata atarylýandygyny aýdyňlygy bilen görkezdi.
Dabara
gatnaşyjylaryň ählisi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip, bag
nahallaryny ekmäge girişdiler. Dürli görnüşli nahallaryň bu künjegiň
toprak-howa şertleri nazara alnyp ekilmegi dag etegindäki giňişliklerde tokaý
zolaklaryny döretmäge mümkinçilik berer.
Köpçülikleýin
bag ekmek çäresi ekologik abadançylygy üpjün etmek bilen birlikde, tebigatymyzy
baýlaşdyrmakda-da möhüm ähmiýete eýedir. Halkymyzyň bu asylly işe jebislikde
gatnaşmagy watansöýüjiligiň hem-de ýurdumyzyň özboluşly tebigy gözelligine
hormat goýmagyň, ata-babalarymyzyň daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýaşamak
ýörelgeleriniň häzirki nesiller tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändiginiň
aýdyň nyşanydyr. Ýurdumyzda ekologik ýagdaýy gowulandyrmak, tokaý zolaklarynyň
eýeleýän meýdanlaryny yzygiderli giňeltmek üçin uzak möhletleýin Milli tokaý
maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ählumumy derejede howanyň üýtgeýän
şertlerinde bu Maksatnamanyň amala aşyrylmagy durnukly ösüşi üpjün etmekde,
daşky gurşawy goramakda möhüm ädimdir. Onuň çäklerinde ýurdumyzyň tokaýlaryny
ylmy taýdan öwrenmek we ýagdaýyna gözegçilik etmek işleri göz öňünde
tutulandyr. Bu bolsa ekologik abadançylygy üpjün etmegiň, ýerli tebigy mirasy
gorap saklamagyň netijeli guraly bolup durýar.
Şäherlerde
we obalarda köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylmagy ýaşamak üçin amatly
ekologik gurşawy döredýär. Soňky ýyllarda Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bolşy
ýaly, paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde tokaý zolaklarynyň meýdanlarynyň
çäkleriniň barha giňeldilmegi bu asylly işe möhüm ähmiýet berilýändiginiň
mysalydyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen üstünlikli durmuşa
geçirilýän şähergurluşyk maksatnamasynda ekologik talaplaryň berjaý edilmegi
ileri tutulýan ugurlaryň hataryndadyr. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawy
goramak ugrunda innowasion çemeleşmeleriň aýdyň mysaly hökmünde türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bina
edilen Arkadag şäherini görkezmek bolar.
Mälim
bolşy ýaly, sebitde deňi-taýy bolmadyk bu şäher ýaşamak, zähmet çekmek üçin
döwrebap amatlyklary özünde jemläp, ekologik ölçeglere doly laýyk gelýär.
Arkadag şäherine “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde
durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek”
taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň berilmegi munuň aýdyň beýanydyr.
Ylmyň,
tehnologiýanyň çalt ösýän döwründe tebigaty gorap saklamak, onuň bilen
sazlaşykly ýaşamak möhüm wezipe bolup durýar. Türkmenistanyň bu ugurdaky öňe
sürýän başlangyçlary halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolýar. Şolaryň
hatarynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly
tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny,
BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Aral
meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, Hazar deňziniň ekologik
abadançylygyny gorap saklamak ýaly teklipler bar. Türkmenistan ekologiýa
meselesinde halkara dialoga işjeň gatnaşmak bilen, BMG-niň çäklerindäki oňyn
hyzmatdaşlygy giňeltmek, beýleki iri guramalar bilen netijeli özara
gatnaşyklary ösdürmek ugrunda çykyş edýär hem-de adamzadyň geljegi bilen bagly
meseleleri çözmek işini işjeňleşdirmäge goşant goşýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 30-njy noýabry — 12-nji
dekabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen
Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly
konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda Türkmenistanyň Ählumumy
metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan yglan etmegi ýurdumyzyň häzirki
döwrüň derwaýys meselelerini çözmäge jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň aýdyň
güwäsi boldy. Şunuň bilen birlikde, Diýarymyzda «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek
boýunça işleriň çäklerinde ekoinnowasiýalary işläp taýýarlamak we ulanmak,
ekologik taýdan arassa ulaglara geçmek, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak
boýunça çäreler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň ylmy-tehniki kuwwatynyň
artmagy ekologik abadançylygy üpjün etmäge hemmetaraplaýyn ýardam edýär. Milli
ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda serişde tygşytlaýjy tehnologiýalar giňden
ornaşdyrylýar, howanyň arassalygyna gözegçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak,
gurulýan zawod-fabrikleriň, beýleki desgalaryň ekologik talaplara laýyk
gelmegini gazanmak babatda anyk işler ýerine ýetirilýär. «Ýaşyl» ykdysadyýete
geçmek işi tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, oba hojalygyny durnukly
ösdürmek, energiýa tygşytlylygyny, onuň netijeliligini artdyrmak,
ýaşaýyş-durmuş maksatly ulanylýan önümleriň galyndylaryny dolandyrmak,
ekoulgamlary gorap saklamak ýaly ugurlar boýunça amala aşyrylýar.
...Çäräniň
dowamynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir
orunbasarlary bilen gürrüňdeş boldy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary
T.Atahallyýew hormatly Prezidentimize tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan
ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz
bag nahallarynyň yzygiderli ekilmeginiň ekologik abadançylygy üpjün etmegiň
netijeli usullarynyň biri bolup, jemgyýet üçin ägirt uly peýda getirýän asylly
işdigini belledi we bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleri hemişe gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary
B.Annamämmedow baş şäherimizi abadanlaşdyrmak, onuň çäklerinde arassaçylyk
işlerini geçirmek babatda ýerine ýetirilýän çäreler, paýtagtymyzdaky gurluşyk
işleri barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli şähergurluşyk
maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ekologik standartlaryň berjaý edilmeginiň
möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy we wise-premýere degişli tabşyryklary
berdi.
Bu
gezekki dabara gatnaşyjylaryň yhlasly zähmeti ildeşlerimiziň Watanymyzyň
üstünliklerine buýsanmak bilen bir hatarda, onuň tebigatyna aýawly
çemeleşýändiklerini hem aýdyň görkezdi. Şu gün Diýarymyzda köpçülikleýin bag
nahallaryny ekmek bilen bir hatarda, ozal bar bolan tokaý zolaklaryna ideg
etmek işleri-de geçirildi. Munuň özi seýilgähleriň arassalygyny, baglaryň
ösüşini üpjün etmekde wajyp ähmiýete eýedir.
Çäräniň
çäklerinde ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň gatnaşmagynda “Dünýäniň
aşhanalary” atly halkara aşpezlik bäsleşigi geçirildi. Bu ýerde hormatly
Prezidentimiz dürli ýurtlaryň halklarynyň aşhanasynyň birnäçe tagamlaryny
taýýarlamagyň usullary we aýratynlyklary bilen gyzyklandy.
Bäsleşige
gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy milli aşhanalar üçin däp bolan tagamlaryň
aýratynlyklary bilen tanyşdyrdylar. Aşpezlik sungaty her bir halkyň
medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup, onda milletiň ýaşaýyş-durmuşy hem-de aýratynlyklary
öz beýanyny tapýar. Bäsleşigiň çäklerinde türkmen aşhanasynyň dürli tagamlary
hem tanyşdyryldy.
Bu
bäsleşik Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyga, hoşniýetli
goňşuçylyga, parahatçylyk söýüjilige esaslanýan medeni-ynsanperwer syýasatynyň
üstünliklere beslenýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.
Bag
ekmek dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow çärä gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
“Dünýäniň
aşhanalary” atly aşpezlik bäsleşigine gatnaşyjylara güwänamalar we ýadygärlik
sowgatlar gowşuryldy.
Ählihalk
bag ekmek dabarasynyň barşynda tutuş ýurdumyz boýunça agaç nahallarynyň 632 müň
498 düýbi ekildi. Şeýle hem seýilgähleri we tokaý zolaklaryny arassalamak,
abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 2 million 260 müň 836 düýp baga
ideg etmek işleri geçirildi.
Şeýlelikde,
şu gezekki ählihalk bag ekmek dabarasy ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň
şanly 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda
ýurdumyzyň ekologiýa meselelerini çözmek boýunça ählumumy tagallalara goşýan
mynasyp goşandynyň nobatdaky beýany boldy.