Şu gün hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe
meselelere seredildi.
Döwlet Baştutanymyz
mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek
meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy
B.Gündogdyýewe söz berdi. Ol jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň
Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek boýunça bu toparyň geçiren işleri
barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, asylly däbe eýerip, iş kesilen 321 raýatyň mübärek Gadyr
gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi. Döwlet
Baştutanymyz toparyň başlygyna hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen
bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öz
öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi
tabşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly
zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini
görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.
Mejlisiň Başlygy
D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk esaslaryny mundan beýläk-de berkitmek,
kanun çykaryjylyk işini yzygiderli kämilleşdirmek, döwletimiziň kanunçylyk
binýadyny halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek boýunça
alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda
Mejlisde döredilen iş toparlarynda adyl kazyýetligiň döwrebap kanunçylyk
esasyny döretmäge, adamyň we raýatyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda
kepillendirilen hukuklaryny hem-de azatlyklaryny mundan beýläk-de netijeli
durmuşa geçirmäge, administratiw edaralar tarapyndan kabul edilýän namalaryň
hukuk esaslaryny, saýlaw ulgamynyň işini kämilleşdirmäge, awtomobil ulagy
çygrynda hereket edýän degişli edaralaryň işlerini düzgünleşdirmäge, migrasiýa
syýasatynyň has-da netijeli guralmagyny üpjün etmäge gönükdirilen we başga-da
birnäçe ugurlarda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanun
taslamalaryny taýýarlamak işleri amala aşyrylýar.
Şeýle hem halkara
guramalar we daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň
çäklerinde görülýän çäreler barada aýdyldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň we
Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky
wekilhanasynyň arasynda 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň
ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, iş duşuşygy geçirildi. Şunuň
bilen bir hatarda, Mejlisde BMG-niň düzüm birlikleri bilen bilelikde 2025-nji
ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi,
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Ählumumy
parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde zenanlaryň orny” atly maslahat
geçirildi. Onda döwletimiziň sebitde we dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy,
durnukly ösüşi üpjün etmekde gazanan üstünliklerini, öňe sürýän başlangyçlaryny
parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä ýaýmakda halkara guramalar bilen
bilelikde durmuşa geçirýän işleriniň netijeliligini mundan beýläk-de
ýokarlandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da,
deputatlar döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan parasatly syýasatyny, ýylyň
şygarynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz etmek, kabul edilýän kanunlaryň
many-mazmunyny halkymyza düşündirmek boýunça geçirilýän çärelere gatnaşýarlar.
Hormatly Prezidentimiz
täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak hem-de hereket edýän kanunçylyk
namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça alnyp barylýan işleri
dowam etdirmegiň, kabul edilen kanunçylyk namalaryny halk köpçüligine
düşündirmek işlerini yzygiderli geçirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwlet Baştutanymyzyň bank ulgamyna sanly
tehnologiýalary ornaşdyrmak we bu ulgamyň edaralarynyň işini kämilleşdirmek
boýunça beren tabşyryklaryna laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 —
2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda”
kesgitlenen möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek üçin degişli işler alnyp barylýar.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer bu ugurda görülýän çäreleriň ýurdumyzyň
bank edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini
aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bank ulgamynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we
bank işini döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini
belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere “Daýhanbank”
döwlet täjirçilik bankynyň işini has-da kämilleşdirmek babatda degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet
konsernleriniň gurluş düzümini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu işleriň geçirilmegi nebitgaz ýataklarynyň
tapgyrlaýyn özleşdirilmegini netijeli dowam etdirmäge, pudaga sanly ulgamyň
ornaşdyrylmagyny talabalaýyk alyp barmaga, nebit we nebithimiýa senagatyny
okgunly ösdürmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, nebitgaz pudagynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň
biri bolup durýandygyny belledi hem-de wise-premýere “Türkmengaz”,
“Türkmennebit” döwlet konsernleriniň gurluş düzümini kämilleşdirmek boýunça
alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de
welaýatlarda dowam edýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bugdaý
ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Ýazlyk ekinleri ekmek,
ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär.
Welaýatlarda gowaça ekişi möwsümine başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri
alnyp barylýar. Häzirki wagtda ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we
gurallar, gowaça tohumlary möwsüme taýýar edildi. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gowaça ekişini
agrotehniki möhletlerde ýokary hilli geçirmek maksady bilen, döwlet
Baştutanymyza ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlardyr
mehanizatorlaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň welaýatlarynda tejribe maslahatlaryny
geçirmegiň, il içinde hormatlanylýan ýaşulularyň gatnaşmagynda gowaça ekişine
başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini
kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki
kadalara laýyklykda ideg etmegiň, ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekilen
meýdanlarynda ideg işlerini alyp barmagyň wajypdygyny nygtap, wise-premýere
birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz
mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, gowaça ekişi möwsüminiň golaýlap gelýändigini,
onuň pagtaçy babadaýhanlarymyzyň öňünde örän möhüm wezipeleri goýýandygyny
aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli
welaýatlarynda 26-njy martda gowaça ekişine başlamaga ak pata berip, hormatly
ýaşulularymyzdan gowaça ekişine “Bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi
we Diýarymyzyň edermen pagtaçy babadaýhanlaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine
alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini
mineral dökünler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabatdaky
himiýa zawodynda ammonili superfosfat döküni, “Maryazot” önümçilik birleşiginde
ammiak selitra döküni, “Tejenkarbamid”, “Marykarbamid” we “Garabogazkarbamid”
zawodlarynda karbamid döküni, Garlyk kaliý dag-magdan toplumynda kaliý döküni
öndürilýär. Ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijileri konserniň zawodlarynda
öndürilýän mineral dökünler bilen doly üpjün edilýär. Munuň özi oba hojalyk
önümleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, oba hojalyk önüm öndürijilerini mineral dökünler bilen üpjün
etmekde himiýa pudagyna uly ornuň degişlidigini aýtdy we “Türkmenhimiýa” döwlet
konserniniň bu ugurda alyp barýan işlerini yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew şu ýylyň maýynda geçiriljek “Russiýa — Yslam
dünýäsi: KazanForum” atly halkara ykdysady forumyň çäklerinde guraljak halkara
sergä Türkmenistanyň gatnaşmagy bilen baglanyşykly görülýän taýýarlyk işleri
barada hasabat berdi. Bu sergide halkymyzyň milli medeni gymmatlyklary,
ýurdumyzyň söwda-ykdysady, maýa goýum mümkinçilikleri, eksport ugurly täze
önümleri tanyşdyrylar. Oňa dürli pudaklaryň wekilleri, hususy haryt öndürijiler
gatnaşarlar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady
gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edýän halkara sergilere yzygiderli
gatnaşýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz türkmen haryt öndürijileriniň
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçiriljek
halkara sergä gatnaşmagy boýunça taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza —
dostluk mekany” atly halkara tans we folklor festiwalyny geçirmegiň guramaçylyk
meseleleri barada hasabat berdi. Halkara festiwalyň esasy maksady dünýä
halklaryny türkmen milli tans sungaty we gadymy folklory bilen tanyşdyrmakdan,
olary wagyz etmekden, halklaryň arasyndaky döredijilik gatnaşyklaryny
ösdürmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen medeni-ynsanperwer
gatnaşyklary yzygiderli ösdürýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň
iýunynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza — dostluk mekany” atly
halkara tans we folklor festiwalyny geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa hormatly Prezidentimiziň adyndan
2025-2026-njy okuw ýylynda mekdebe barjak 1-nji synp okuwçylaryna noutbuk
kompýuterlerini sowgat bermek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly,
ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerine ilkinji gadam basýan çagalara
kompýuterleri sowgat bermek ajaýyp däbe öwrüldi. Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýylynda birinji synpa kabul edilmegine garaşylýan 142 müň 698
okuwçyny kompýuterler bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda sowgat
beriljek “Bilimli” nyşanly kompýuterleriň tehniki häsiýetnamalary öwrenildi,
şeýle hem olaryň hil standartlary baradaky kepilnamalar alyndy. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy, ýaşlaryň
innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarmagy boýunça maksatnamalaýyn işleriň
alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere umumybilim berýän
orta mekdepleriň 1-nji synp okuwçylaryna kompýuterleri sowgat bermek bilen
bagly işleri talabalaýyk geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýaşlar syýasaty babatda
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek
boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň
jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini ýokarlandyrmagyň, olaryň döwrebap bilim
almagy, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin giň mümkinçilikleri döretmegiň,
bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan
ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. BMG-niň “Ýaşlar — 2030”
strategiýasynyň maksatlaryndan we wezipelerinden ugur alnyp, “Ýaşlar barada
döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, ýaşlar baradaky döwlet
syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy, “Türkmenistanyň
ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy”
tassyklanyldy. Olary durmuşa geçirmegiň çäklerinde, şeýle hem BMG bilen
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek babatda birnäçe teklipler taýýarlanyldy.
Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly mynasybetli göz öňünde tutulan çäreleriň meýilnamasyny ýerine
ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzyň wekiliýetiniň şu ýylyň 15 — 17-nji aprelinde
ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň
ýaşlar forumynyň işine gatnaşmagy, şeýle hem onuň çäklerinde 16-njy aprelde
Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň
dialogynyň ikinji duşuşygyny guramak teklip edilýär. Şunuň bilen birlikde, maý
aýynda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy bilen
bilelikde Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaş hünärmenleriniň arasynda
sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmek we hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek
maksady bilen, Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin
sebitleýin okuw maslahatyny guramak baradaky teklip beýan edildi. Şeýle hem
BMG-niň agentlikleri tarapyndan ýaşlaryň we ýetginjekleriň ösüşine, olaryň
başarnyklaryny kämilleşdirmäge ýardam bermäge, halkara we sebit derejede geçirilýän
çärelerde olaryň wekilçiligini giňeltmäge gönükdirilen 2025 — 2027-nji ýyllar
üçin “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” atly bilelikdäki maksatnamanyň
taslamasyny işläp düzmek teklip edilýär. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda
Türkmenistanda BMG-niň ýaşlara gönükdirilen degişli sebitleýin taslama
resminamasy amala aşyrylýar. Onuň çäklerinde Zähmet we ilaty durmuş taýdan
goramak ministrliginiň welaýat müdirliklerinde BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen
bilelikde sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly hünär okuwlaryny geçirmek üçin
Okuw-maglumat merkezlerini döretmek teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler
Guramasy bilen yzygiderli we ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigini nygtady. Döwlet
Baştutanymyz ýaşlar syýasaty babatda ýurdumyz bilen BMG-niň arasyndaky
hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda
wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň
ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew milli
flotumyz üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan
işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
deňizçileriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, degişli okuw
maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Onuň dowamynda dürli ugurlar boýunça
hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär. Okuw
maslahatyna “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň, Türkmenbaşy Halkara deňiz
portunyň, “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, “Balkan”
gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň
hünärmenleriniň gatnaşmagy, şeýle-de gyzyklanma bildirýän beýleki döwlet we
hususy taraplaryň çagyrylmagy göz öňünde tutulýar. Agentligiň ýolbaşçysy bu
okuw maslahatynyň geçirilmeginiň ýurdumyzyň deňiz we derýa ulaglary pudagynyň
hünärmenleriniň hünär derejesini has-da ýokarlandyrmaga itergi berjekdigini
aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň deňiz flotunyň işini halkara talaplar esasynda ýola
goýmagyň we bu ugurda halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň möhümdigini
belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz deňiz ulagy boýunça okuw
maslahatynyň ýokary derejede geçirilmelidigini aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly
Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna, ähli watandaşlarymyza
ýüzlenip, 21-nji martda Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň giňden
bellenilip geçiljekdigini, 22-nji martda bolsa ýurdumyzy bagy-bossanlyga
öwürmek maksady bilen, ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçiriljekdigini aýtdy.
Gündogar halklarynyň durmuşynda aýratyn orun eýeleýän Nowruz ynsanperwerligiň,
agzybirligiň, dost-doganlygyň baýramydyr. Nowruz baýramy halklaryň arasynda
dost-doganlygy, agzybirligi, parahatçylygy we ynanyşmagy berkidýär diýip,
döwlet Baştutanymyz nygtady we mejlise gatnaşyjylary hem-de mähriban halkymyzy
Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Ministrler Kabinetiniň
agzalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy
Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap,
berk jan saglyk, ata Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň
bähbidine giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar
Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi.