Şu gün hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba
hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly
meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatdaky
möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçilikleri
netijesinde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleri
dowam edýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek,
ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly
girişmek maksady bilen, degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma
we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga
öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýazky bag ekiş möwsümini,
ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin
zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim welaýatda Milli bahar baýramy
mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi, şu ýyl açylyp ulanmaga
berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky
gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň
kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň ekinlerden bol hasyl almaga, önümleriň
hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýändigini belledi we bu işleri gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we
öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Balkan
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu ýyl sebitde bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen,
ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri
geçirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek we bu jogapkärli möwsümi
ýokary derejede geçirmek üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatyň ýazlyk
ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda möwsümleýin işler ýerine
ýetirilýär. Ýazky bag ekiş möwsümini, ählihalk bag ekmek dabarasyny talabalaýyk
geçirmek üçin degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim Milli bahar baýramy
mynasybetli welaýatda geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk
görlüşi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaryň
çäklerinde şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli
maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm
ähmiýetine ünsi çekdi we bu işleriň ýokary guramaçylyk derejesinde
geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda,
welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişini gözegçilikde
saklamak barada tabşyryklary berdi.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi.
Ýurdumyzda
azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelere
laýyklykda, sebitiň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryny berjaý
etmek arkaly ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek
meýdanlarda tekizleýiş işleri tamamlanyp, häzirki wagtda çil çekmek, ýuwuş we
tagt suwlaryny tutmak işleri dowam edýär. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň
ekişi dowam edýär. Ählihalk bag ekmek dabarasyna, ýazky bag ekmek möwsümine
taýýarlyk görmegiň çäklerinde degişli işler ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da,
häkim Milli bahar baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek dabaraly çärelere
taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetirilýän işler, şu ýyl açylyp ulanmaga
berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyklaryň barşy barada hasabat
berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň talabalaýyk alnyp
barylmagynyň daýhan yhlasynyň ýerine düşmeginiň hem-de bol hasyl almagyň esasy
şertleriniň biridigini belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem
döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz
öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda
ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Lebap
welaýatynyň häkimi M.Annanepesow sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça
öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, bugdaý ekilen
meýdanlarda möwsümleýin ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek
meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak, ekişe guramaçylykly girişmek üçin zerur
çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralma, sogan ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Welaýatda ýazky bag ekmek
möwsümine, ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Şeýle-de häkim Milli bahar baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk
görlüşi, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga
berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky
gurluşyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän
agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu
babatda degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Mary
welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip
ýetişdirmek baradaky görkezmelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki
wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek,
ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlykly girişmek,
bu möwsümi talabalaýyk geçirmek babatda zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralma
we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär.
Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde
ýazky bag ekmek möwsümine, ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk işleri alnyp
barylýar. Mundan başga-da, häkim Milli bahar baýramyna bagyşlanyp, welaýatda
geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere görülýän taýýarlyk işleri, ýurdumyzy
2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba
milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde
tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň
barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak boýunça
öňde durýan wezipelere toplumlaýyn çemeleşmegiň, möwsümleýin işlere gatnaşýan
ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi we häkime
degişli görkezmeleri berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu
ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde
saklamagy häkime tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba
hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu
günler bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg
işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak
işleri dowam edýär. Gowaça ekişi möwsümine guramaçylykly girişmek hem-de ony
agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Ýurdumyzda ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň
öndürilýän möçberlerini artdyrmak, bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün
etmek üçin ekerançylyk meýdanlarynda bu ekinleri ekmek, ekiş geçirilen ýerlerde
ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de wise-premýer ýurdumyzda daşky
gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek maksady bilen, ýazky bag
ekmek möwsümine badalga bermek hem-de ählihalk bag ekmek dabaralaryny
guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat
berdi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygynyň milli ykdysadyýetimiziň
ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün edýän esasy pudaklarynyň biridigini, şoňa
görä-de, bu pudagy döwrüň talabyna laýyklykda mundan beýläk-de ösdürmegiň, oba
hojalyk önümçiliginde milli ekerançylyk däpleriniň dünýäniň öňdebaryjy
tejribesi bilen utgaşdyrylmagynyň möhümdigini belledi hem-de wise-premýere
birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz
iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we welaýatlarda gowaça ekişini
agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşyny berk
gözegçilikde saklamagy, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, ikinji gezek
mineral dökünleri bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleriniň
agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini gazanmagy tabşyrdy. Şunuň bilen bir
hatarda, ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleriniň
alnyp barlyşyna berk gözegçilik etmek, pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat
ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň
öz wagtynda geçirilmegini gazanmak, welaýatlarda ýazky bag ekmek möwsümine,
ählihalk bag ekmek dabarasyna gowy taýýarlyk görmek tabşyryldy. Şeýle hem
döwlet Baştutanymyz Milli bahar baýramy mynasybetli bellenen çäreleri ýokary
derejede geçirmegi, baýramçylyk günlerinde sebitleriň bazarlaryny we
dükanlaryny azyk harytlary bilen bolelin üpjün etmek üçin degişli işleri alyp
barmagy, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we
önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyna berk
gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk,
maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.