Şu gün hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky
mejlisini geçirdi. Onda geçen iki aýda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda
alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli
käbir beýleki meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň
Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek babatda
alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, döwlet
syýasatynyň esasy ugurlaryna laýyklykda, raýatlaryň hukuklaryny we
azatlyklaryny, maşgala gymmatlyklaryny goramak maksady bilen, häzirki wagtda
Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň we “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň
täze beýanynyň, “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda” Türkmenistanyň
Kanunynyň taslamalaryny taýýarlamak, Türkmenistanyň Jenaýat, Arbitraž iş
ýörediş, Jenaýat iş ýörediş, Raýat iş ýörediş kodekslerine, “Administratiw
önümçilik hakynda”, “Awtomobil ulagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna,
ýurdumyzyň dürli pudaklaryny ösdürmegiň hukuk esaslaryny berkitmek we
sanlylaşdyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunçylyk namalaryna
üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Şu döwürde halkara
guramalar, dürli döwletler bilen özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de
ösdürmek babatda işler dowam etdirildi. Kanadanyň,
Gwatemala Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç
hatlary kabul edildi. Daşary ýurtlaryň parlamentleriniň, Türkmenistanda işleýän
diplomatik wekilhanalaryň birnäçesiniň wekilleri bilen duşuşyklaryň 11-si
geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini
kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň halkara guramalar bilen bilelikde guran okuw
maslahatlarynyň 18-sine gatnaşdylar. Deputatlar syýasy partiýalaryň,
jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri bilen bilelikde Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýylynyň, hemişelik Bitaraplygyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz
etmek, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek
babatda guralýan dürli çärelere, duşuşyklara, maslahatlara gatnaşýarlar.
Döwlet
Baştutanymyz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň, halkymyzyň hal-ýagdaýyny
yzygiderli gowulandyrmagyň kabul edilýän kanunlara baglydygyny aýdyp,
ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň
zerurdygyny belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň geçen iki aýynda
gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, görlen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň
durnukly ösüşi üpjün edilýär, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da
ýokarlanýar. Hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda
ösüş depgini senagat pudagynda 1 göterime, gurluşykda 2 göterime,
ulag-aragatnaşyk pudagynda 11,1 göterime, söwdada 9,9 göterime, oba hojalygynda
3,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,8 göterime deň boldy. 2024-nji ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 9,4 göterim
artdy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Geçen
ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň iki aýynda bölek satuw haryt
dolanyşygy 12,1 göterim, daşary söwda dolanyşygy 8,1 göterim ýokarlandy. Döwlet
býujetiniň girdeji bölegi 102,1 göterim, çykdajy bölegi 97,5 göterim ýerine
ýetirildi.
Ýurdumyzyň
iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli
döwrüne görä, 10,9 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek
pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli
çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, 27,3 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba
milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary
derejede saklamak üçin netijeli işleri alyp barmagyň, ministrlikleriň, pudak
edaralarynyň önümçilik meýilnamalarynyň doly ýerine ýetirilmegini gazanmagyň
möhümdigini nygtap, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu
ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada
hasabat berdi. Nebiti we gaz kondensatyny çykarmak babatda gazanylan
tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy. Hususan-da, “Türkmennebit” döwlet
konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 105,8 göterim ýerine
ýetirildi. Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,4
göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 102,2 göterim, polipropilen öndürmegiň
meýilnamasy 102,8 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 110,6 göterim
berjaý edildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmekde 125,3 göterim ösüş depgini üpjün
edildi. Şeýle hem hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy
104,2 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan möçberini
artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegi, nebitgaz toplumynyň bar bolan
önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmagy, pudaga häzirki zaman
tehnologiýalaryny ornaşdyrmak işlerini dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda şu ýylyň
ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, welaýatlardaky
möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, oba hojalyk pudagy
boýunça önümçiligiň ösüş depgini 121,8 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba
hojalyk ministrligi boýunça 103,1 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi
boýunça 100,1 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 143,1
göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 102,5 göterime,
“Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 237,7 göterime,
“Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 104,5 göterime, Azyk senagaty
döwlet birleşigi boýunça 103,7 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty
döwlet birleşigi boýunça 100,9 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi
boýunça 101,3 göterime deň boldy. Hasabat döwründe oba hojalyk pudagy boýunça
maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 469,9 göterim ýerine
ýetirildi.
Häzirki
wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde welaýatlarda
bugdaýa ideg etmek, gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak, ýeralma
we gök ekinleri ekmek, ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlyk görmek boýunça
degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, maldarçylyk hojalyklarynda
owlak-guzy, köşek almak möwsümine başlamak babatda degişli çäreler görülýär.
Welaýatlarda suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak, suw hojalyk
desgalaryny abatlamak boýunça zerur işler geçirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek
boýunça agrotehniki çäreleri öz wagtynda, ýokary hilli geçirmegiň, oba hojalyk
ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak babatda zerur işleri dowam etdirmegiň,
ýazky bag ekmek möwsümine gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belläp,
wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumynda
şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine
ýetirilen işleriň meýilnamasy 116,9 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we
binagärlik ministrligi boýunça meýilnama 112 göterim, Senagat we gurluşyk
önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň
meýilnamasy 126,2 göterim berjaý edildi. Energetika ministrligi tarapyndan önümleri
öndürmegiň hem-de amala aşyrylan işleriň meýilnamasy 106,2 göterim ýerine
ýetirildi. Bu görkeziji “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça 124 göterime
barabar boldy. Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Awtomobil ýollarynyň
gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen
işleriň meýilnamasy 113,1 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça
meýilnama 112,9 göterim berjaý edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda senagat
pudaklaryny ösdürmegiň, täze, döwrebap kärhanalaryň işini ýola goýmagyň, himiýa
kärhanalarynyň doly kuwwatynda işlemegi üçin degişli çäreleri görmegiň
zerurdygyna ünsi çekdi. Energetika pudagynyň kuwwatyny, elektrik energiýasynyň
eksport edilýän möçberini artdyrmak, awtomobil ýollaryny gurmak hem-de durkuny
täzelemek işlerini güýçlendirmek, şu ýyl ýurdumyzda ulanmaga beriljek
desgalaryň gurluşygynyň ýokary hilli alnyp barylmagyny berk gözegçilikde
saklamak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere degişli
tabşyryklary berdi.
Wise-premýer
hasabatyny dowam edip, şu ýylyň mart aýynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň
çäginde gurlan keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümlerini öndürýän
zawodyň açylyş dabarasyny geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklary we ilatymyzy ýokary hilli
gurluşyk önümleri bilen üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyp,
wise-premýere Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän «Bäherden» keramiki
önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän
ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu
ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Hasabat
döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda
dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende,
112,6 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 101,2 göterime barabar boldy.
Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 117,8 göterim
üpjün edildi, şol sanda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah
ýüplügiň önümçiligi 149,7 göterime, nah matalaryňky 156,6 göterime, taýýar
tikin we örülen önümleriňki 109,5 göterime, gön önümleriniňki 140,8 göterime
deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy
104,9 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy
tarapyndan 50 birža söwdasy geçirilip, olarda 5 müň 55 şertnama hasaba alyndy.
Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen
işleriň ösüş depgini 111 göterime barabar boldy. Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 106,6
göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 106 göterime deň boldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda toplumynyň önümçilik kärhanalarynyň kuwwatyny
doly peýdalanmagyň, bazarlarda we söwda nokatlarynda azyk önümleriniň, halkyň
sarp edýän harytlarynyň üpjünçiligini hemişe gözegçilikde saklamagyň
wajypdygyna ünsi çekdi. Dokma senagaty kärhanalarynda öndürilýän önümleriň
möçberini, görnüşlerini artdyrmak hem-de hilini ýokarlandyrmak, hususy
telekeçiligi ösdürmek boýunça netijeli işleri amala aşyrmak möhümdir diýip,
döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu
ýylyň geçen iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly»
diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli dabaralardyr çäreler geçirildi. 17-nji
fewralda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň açylmagynyň 20 ýyllygy
mynasybetli sungat eserleriniň sergisi guraldy. Meşhur bagşy-sazandalara,
sungat ussatlaryna bagyşlanan aýdym-sazly dabaralar geçirildi. Halkara
hyzmatdaşlyk babatda hem dürli çäreler geçirilip, olarda Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýylynyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň many-mazmuny giňden
dabaralandyryldy. Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda teatrlarda sahna oýunlary,
döwlet sirklerinde sirk tomaşalary, paýtagtymyzdaky kinoteatrlarda, kinokonsert
merkezlerinde kino görkezilişler we konsertler guraldy. Kitaphanalar, muzeýler,
Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de
rejelemek baradaky milli müdirligi, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Oguz han
adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri
tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada-da hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň işini mundan beýläk-de
kämilleşdirmegiň, kitaphanalarda, muzeýlerde, beýleki medeni ojaklarda işleri
döwrebap guramagyň, şunda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden
peýdalanmagyň wajypdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere
taryhy ýadygärliklerimizi we medeni gymmatlyklarymyzy aýawly saklamak boýunça
zerur işleri alyp barmagy, baýramçylyklar, şanly seneler mynasybetli göz öňünde
tutulan medeni çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda
şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe amala aşyrylan özgertmeleriň çäklerinde bilim işinde
okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy. Okuw-usuly toplumlar
taýýarlanylyp, kitaplar neşir edildi, birnäçe ugurlar boýunça hünär derejesini
ýokarlandyryş okuwlary geçirildi. Şu döwürde okuwçylardyr talyplar halkara ders
we internet bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, medallary gazandylar. Şunuň
bilen birlikde, ylym ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler dowam
etdirildi. Hasabat döwründe innowasion tehnologiýalaryň önümçilige
ornaşdyrylmagyna, halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly ähmiýet berildi.
Geçen iki aýda bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň ugurlary boýunça
meýilnamalaýyn işler alnyp baryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli görnüşli operasiýalar we
bejergiler amala aşyryldy.
Hormatly
Prezidentimiziň Karary bilen, kliniki ordinatura hakynda Düzgünnama
tassyklanyldy. Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezine we Halkara fiziologiýa
ylmy-kliniki merkezine Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Ratfür Formgebung
German Design Сouncil” edarasy tarapyndan
“German Design Award Winner 2025” atly güwänamalar berildi. Hasabat döwründe
bedenterbiýäni, sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek, türgenleri Olimpiýa
oýunlaryna, çempionatlara, iri halkara ýaryşlara taýýarlamak boýunça işler
dowam etdirildi. Milli ýygyndy toparlarymyzyň agzalary halkara ýaryşlaryň
12-sine gatnaşyp, altyn, kümüş, bürünç medallara mynasyp boldular.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýaş nesilleri terbiýelemäge, bilim ulgamynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen özgertmeleri dowam
etdirmegiň, ylym ulgamyny kämilleşdirmegi, ylmy barlaglaryň netijeliligini
ýokarlandyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigine ünsi çekdi.
Saglygy goraýyş edaralaryna keselleriň öňüni almagyň, bejermegiň öňdebaryjy
usullaryny giňden ornaşdyrmak, ýurdumyzda sporty ösdürmäge aýratyn üns bermek
zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere bu babatda degişli
tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň
ýanwar-fewral aýlarynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy
ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren
tabşyryklaryny, öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, hasabat
döwründe degişli işler geçirildi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda ýurdumyz sebitiň hem-de dünýäniň ýurtlary bilen dostluk,
hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürýär, köptaraplaýyn esasda, abraýly
halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy berkidýär. Şunuň bilen
baglylykda, şu ýylyň 19-20-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako
Knýazlygyna sapary amala aşyrandygy bellenildi. Fewral aýynda Russiýa
Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany ýurdumyza iş sapary bilen
geldi.
Hasabat
döwründe daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana hem-de ýurdumyzyň
wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlarynyň barşynda dürli
ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň
meselelerine garaldy. Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 109-sy
geçirildi. Türkmenistanda daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň wekilleri
bilen resmi gepleşiklerdir duşuşyklar guraldy. Häzirki wagta çenli döwletimiziň
halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetiren resminamalaryň
7-sine gol çekildi.
Daşary
syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli häsiýete
eýedir. Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleriň yzygiderli
geçirilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle hem ilçihanalar arkaly Türkmenistanyň
beýleki döwletler bilen diplomatik gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça
degişli işleriň geçirilendigi aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna
eýermek bilen, ählumumy abadançylyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp
barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer,
daşary işler ministrine dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik,
söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda ýola goýlan
gatnaşyklary ösdürmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.
Soňra
wise-premýer, daşary işler ministri hasabatyny dowam edip, şu ýylyň 19-njy
martynda Aşgabatda geçiriljek “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly
ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara
maslahata görülýän taýýarlyk barada aýtdy.
Bellenilişi ýaly, bu
wekilçilikli foruma daşary ýurtlaryň döwlet düzümleriniň, iri kompaniýalaryň,
halkara guramalaryň, maliýe edaralarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik
wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşarlar. Bu çäräniň maksatnamasyna laýyklykda,
«Merkezi we Günorta Aziýada energetika, ulag we infrastruktura taslamalarynyň
geosyýasy we geoykdysady ähmiýeti», «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —
Hindistan gaz geçirijisi: ykdysady, guramaçylyk we hukuk meseleleri»,
«Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň
halkara ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda orny we ähmiýeti», «Merkezi we
Günorta Aziýa sebitlerinde ulag arabaglanyşygy: ösüşiň taslamalary», «Maliýe
institutlarynyň Merkezi we Günorta Aziýadaky ykdysady taslamalaryň durmuşa
geçirilmegine gatnaşmaklary» atly mowzuklaýyn mejlisleriň 5-sini geçirmek
meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, maslahatyň çäklerinde dürli formatdaky
ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen bagly
birnäçe halkara çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilendigini aýtdy. Döwlet
Baştutanymyz hödürlenen teklibi makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine
durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam
berjek halkara maslahata gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew
gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan
işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe bu toplum boýunça
ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 117,2 göterime deň boldy.
Şu ýylyň iki aýynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly
ýük daşamagyň ösüş depgini 100,5 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini
104,5 göterime ýetdi.
Şu ýylyň ýanwar-fewral
aýlarynda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň
ösüş depgini 108,2 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 111,8
göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 123,4 göterime,
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 110,3 göterime,
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 121,9 göterime deň boldy. Şeýle hem
“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň
Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada
aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden doly we netijeli
peýdalanmagyň, demir ýollaryň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmagyň, döwrebap
tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak bilen, aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini
has-da ýokarlandyrmagyň, üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmekde halkara
hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna
degişli tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly
Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, geçen iki aýda alnyp
barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz döwletimiziň şu ýyl hem depginli ösmegini
dowam etdirýändigini görkezýändigini belledi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde jemi
içerki önüm boýunça görkezijiler, ýylyň başyndaky ýaly, 6,3 göterim möçberde saklanýar.
Iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň,
mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşygy dowam edýär.
Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryndaky özgertmeler kabul eden meýilnamalarymyza
laýyklykda alnyp barylýar diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça netijeli
işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz
ertir Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramynyň dabaraly bellenilip
geçiljekdigini, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine bagtyýar zenanlarymyzyň mynasyp
goşantlaryny goşýandyklaryny aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz eziz
enelerimizi, mähriban gelin-gyzlarymyzy Halkara zenanlar güni bilen tüýs
ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýarlyk
arzuw etdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna
degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli
çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen
mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny,
berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.