Şu gün Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly
Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby
we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň geçen iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň
jemleri jemlenildi, şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy
üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny
berkitmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Watanymyzyň
goranyş ukybyny pugtalandyrmak, ýolbaşçylyk edýän düzümlerine sanly ulgamy,
öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler
barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň
maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, serkerdeleriň, olaryň maşgala agzalarynyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda amala aşyrylan işler
barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän Harby doktrinasynyň
ýurdumyzda parahat we abadan durmuşyň ygtybarly kepilidigini nygtady. Döwlet
Baştutanymyz Ýaragly Güýçlerimizi mundan beýläk-de döwrebap tehnikalar bilen
üpjün etmegiň, Goranmak ministrliginiň, onuň garamagyndaky düzümleriň işini
kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, serkerdeleriň hünär derejesini
yzygiderli ýokarlandyrmaga, ýaş esgerleri watançylyk ruhunda terbiýelemäge
aýratyn ähmiýet bermegiň, Ýaragly Güýçlerimizi kämilleşdirmek boýunça
maksatnamalaýyn işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi we Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe tabşyryklary berdi.
Baş prokuror B.Muhamedow
kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine prokuror gözegçiligini amala
aşyrmak, sanly ulgamy işjeň ulanmak, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň
maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen şu ýylyň geçen iki
aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şunda sanly
ulgamy has giňden ornaşdyrmaga, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga,
prokuratura edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga zerur
ähmiýet berilýändigi bellenildi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada-da
aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, döwletimizde kanunlaryň ýerine ýetirilişine, hukuk namalarynyň
kanunylygyna yzygiderli prokuror gözegçiligini amala aşyrmak, ýokary hünärli
işgärleri taýýarlamak boýunça netijeli çäreleri görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi
we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Içeri işler ministri
M.Hydyrow ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny
berjaý etmek, hukuk tertibini üpjün etmek boýunça şu ýylyň ýanwar-fewral
aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ösüş
maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde degişli düzümleri döwrebap
enjamlardyr tehnikalar bilen üpjün etmek boýunça netijeli işler amala
aşyrylýar, sanly ulgam işjeň ulanylýar. Şeýle hem hasabat döwründe Watan
goragçylarynyň güni mynasybetli birnäçe desgalaryň açylyp ulanmaga berlendigi
barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini ýokary derejede üpjün
etmek, jenaýatçylygyň, beýleki hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça alnyp
barylýan işleri dowam etdirmegiň, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň,
ýangyn howpsuzlygy kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmegiň zerurdygyny
belledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy öňde goýlan
wezipeleri üstünlikli çözmek üçin içeri işler edaralaryna sanly ulgamy we işiň
täze usullaryny işjeň ornaşdyrmagyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň
mümkinçiliklerinden has doly peýdalanmagyň wajypdygyna ünsi çekip, degişli
görkezmeleri berdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy
B.Hojamgulyýew şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, degişli
düzümlere sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, kazyýet işiniň netijeliligini
ýokarlandyrmak, işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak maksady bilen görlen çäreler
barada hasabat berdi. Şeýle hem bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa
geçirilişi, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi
barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we
wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permana gol
çekip, kanunylygyň we hukuk tertibiniň berjaý edilişine yzygiderli gözegçilik
etmegiň wajypdygyny aýtdy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
düzgün bozulmalary ýüze çykarmaga, olary döredýän sebäpleri we şertleri aradan
aýyrmaga, kazyýet edaralarynyň işiniň hilini, kazyýet ulgamyny we kazyýet
önümçiligini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleri netijeli dowam
etdirmegiň möhümdigini belläp, Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Soňra milli howpsuzlyk
ministri N.Atagaraýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, Watanymyzda
parahatçylygy üpjün etmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça
görlen çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň milli howpsuzlygyny ygtybarly üpjün etmek boýunça
alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini nygtady we
birnäçe görkezmeleri berdi.
Döwlet serhet gullugynyň
başlygy Ý.Nuryýew Watanymyzyň serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek,
serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, serkerdeleriň
hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýaş serhetçileri watançylyk ruhunda
terbiýelemek boýunça geçen iki aýda ýerine ýetirilen işler barada hasabat
berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap
Türkmenistanyň serhetleriniň goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklaryň
binýady bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, degişli düzümleri
täze tehnikalar bilen üpjün etmek, serhet goşunlaryny ösdürmegiň
Maksatnamasynda kesgitlenen çäreleri öz wagtynda ýerine ýetirmek bilen bagly
meselelere hemişe üns bermegiň zerurdygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz gullugyň
ýolbaşçysyna serhetlerimiziň ygtybarly goragyny üpjün etmek boýunça alnyp
barylýan işleri netijeli dowam etdirmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Adalat ministri M.Taganow
şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri,
hususan-da, milli kanunçylyk işini kämilleşdirmek, ýolbaşçylyk edýän
düzümlerine sanly ulgamy ornaşdyrmak üçin degişli teklipleriň taýýarlanylyşy,
hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada
hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, kanun çykaryjylyk işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň öňde
durýan esasy wezipeleriň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, daşary
ýurtlaryň bu ulgamdaky öňdebaryjy tejribesini öwrenmek zerurdyr diýip,
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy we kanun
taslamalaryny taýýarlamak, taslamalara hukuk taýdan netijenama bermek boýunça
alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmek, edara-kärhanalarda, raýatlaryň
arasynda kanunçylygy düşündirmek bilen bagly çäreleri yzygiderli geçirmek
barada birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň
başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerini täze tehnikalar bilen
üpjün etmek, olaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, gullugy ösdürmegiň
Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýylyň başyndan bäri amala aşyrylan
işler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Döwlet gümrük gullugynyň
maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylýandygyny nazara almak bilen, harby
gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça ýörite okuwlary yzygiderli
guramagyň wajypdygyny nygtady. Ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny
işjeň ulanmak döwletimiziň serhedinden geçirilýän harytlaryň we ýükleriň
talabalaýyk gözden geçirilmegini üpjün edýär diýip, hormatly Prezidentimiz
aýtdy we gümrük nokatlarynda ygtybarly gümrük gözegçiligini alyp barmagy, bu
düzümiň maglumat-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek işini dowam etdirmegi tabşyrdy.
Döwlet migrasiýa
gullugynyň başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk edýän düzümini ösdürmegiň
maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady
bilen, şu ýylyň iki aýynda görlen çäreler barada hasabat berdi. Hasabatda
işgärleriň netijeli işlemegi üçin amatly şertleri döretmek boýunça geçirilýän
işleriň çäklerinde döwrebap desgalaryň ulanmaga berlendigi aýdyldy. Şeýle hem
migrasiýa hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler
barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, bu düzümiň işini döwrüň talabyna laýyklykda guramagyň
işgärleriň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny talap edýändigini
belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda migrasiýa
ýagdaýlaryna ygtybarly gözegçilik etmek, raýatlara migrasiýa babatda ýokary
hilli hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek
babatda degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz
Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna laýyklykda,
ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala
agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça netijeli
çäreleriň görülýändigini belledi. Şunda bu ugurdaky işleriň mundan beýläk-de
dowam etdiriljekdigi nygtaldy.
Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly
Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk,
halkymyzyň asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan
jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.