Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň
gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we
sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam
edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak
maksady bilen, ýerlerde tekizleýiş, geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär.
Pagtaçy babadaýhanlary welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary
hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin pagta arassalaýjy kärhanalarda
tohumlyk gowaça çigitlerini taýýarlamak, talabalaýyk saklamak boýunça degişli
çäreler dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ilatymyzy ýurdumyzda
öndürilýän gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek barada öňde goýan
wezipelerinden ugur alnyp, sebitde ýazlyk ýeralmanyň we soganyň ekişine
girişilip, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini, tohumlaryny
taýýarlamak işleri geçirilýär. Mundan başga-da, häkim welaýatyň çägindäki
ýaşaýyş jaýlarynyň, edara-kärhanalaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň,
beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly
işledilmegini, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen
bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, bugdaýa ideg etmek, meýdanlary ekişe taýýarlamak
işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň oba hojalyk
ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýändigini belledi we häkime
degişli tabşyryklary berdi.
Balkan
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow sebitde dowam edýän oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu ýylyň hasyly üçin bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine
ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlary, ýokary hilli gowaça tohumlaryny ekiş
möwsümine taýýarlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Welaýatda ýeralmanyň,
beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny hem-de tohumlaryny möwsüme
taýýarlamak, olaryň ekişini guramaçylykly geçirmek üçin zerur çäreler görülýär.
Mundan başga-da, häkim welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş
maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy,
tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça alnyp barylýan
işler barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän
agrotehniki çäreleriň ýokary hilli geçirilmeginiň zerur talap bolup
durýandygyny belledi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri
barada hasabat berdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlary agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işlerine
girişildi. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny
tutmak işleri dowam edýär. Pagta öndürijileri gowaça tohumy bilen üpjün etmek
üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça
tohumlaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralmanyň we gök-bakja
ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak
babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim gyş paslynyň dowam edýän
günlerinde welaýatda medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny
kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen
bökdençsiz üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaýa ideg etmek we gowaça ekişine taýýarlyk
işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň möhümdigini
belledi hem-de bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Lebap
welaýatynyň häkimi M.Annanepesow sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, welaýatyň ak ekin meýdanlaryny mineral dökünler bilen iýmitlendirmek,
ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň
çäklerinde meýdanlarda tekizleýiş, çil we geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak,
pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak işleri
geçirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň tohumlary doly taýýar edilip, olaryň
ekişini bellenen möhletde geçirmek babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem
häkim welaýatdaky ýaşaýyş jaýlarynyň, beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň
ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz
we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler
barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň
oba hojalygyny netijeli alyp barmagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we
häkime degişli tabşyryklary berdi.
Mary
welaýatynyň häkimi B.Orazow sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlary mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, ekin meýdanlarynyň daş-töweregini
arassalamak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk görmek maksady
bilen, ekiş geçiriljek ýerlerde tekizleýiş, geriş çekmek, pagta öndürijiler
üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär.
Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişine girişilip, bu jogapkärli möwsümi
öz wagtynda, ýokary hilli geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen
birlikde, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny ekiş möwsümine
taýýarlamak işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň,
mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty
elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek babatda
ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm
ähmiýetine ünsi çekdi hem-de häkime bugdaýa ideg etmek, gowaça ekişine
taýýarlyk görmek işleriniň ýokary hilli geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp
barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu ýyl Diýarymyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady
bilen, welaýatlaryň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
ideg işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, geriş,
çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Pagtaçy babadaýhanlary
ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin pagta arassalaýjy
kärhanalarda tohumlyk gowaça çigitlerini taýýarlamak, ekiş möwsümine çenli
olary talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler görülýär. Hormatly
Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada berýän
tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatlarda ýazlyk gök-bakja ekinleriniň ekiljek
meýdanlaryny we tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak, ýeralmanyň, gök
ekinleriň ekişini geçirmek babatda degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň hiliniň
agrotehniki kadalaryň berjaý edilmegi bilen berk baglanyşyklydygyny, şoňa
görä-de, ähli oba hojalyk işlerinde, şol sanda bugdaýa ideg etmek we ýerleri
ekiş möwsümine taýýarlamak işlerinde bu kadalaryň berjaý edilmeginiň zerur
talap bolup durýandygyny belläp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara
ýüzlenip, gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, çil we geriş çekmek, ýuwuş
suwuny tutmak işleriniň geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy, ekiş
möwsümine çenli pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek
üçin ähli zerur işleri geçirmegi, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg
işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine
tohumlary we ýerleri talabalaýyk taýýarlap, ekişiň depginini güýçlendirmegi,
welaýatlarda pagta, bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň
arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini
üpjün etmegi, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň
kadaly işledilmegini, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen
üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny,
alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.