Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýanwar aýynda milli
ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem
ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny mundan
beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, Mejlisde milli tejribeden we halkara hukugyň umumy ykrar
edilen kadalaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň,
“Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň
taslamalaryny taýýarlamak, Türkmenistanyň Jenaýat, Arbitraž iş ýörediş, Jenaýat
iş ýörediş, Raýat iş ýörediş kodekslerine, “Administratiw önümçilik hakynda”
Türkmenistanyň Kanunyna, ykdysadyýetiň aýry-aýry pudaklarynda amala aşyrylýan
özgertmeleri hukuk taýdan düzgünleşdirmek bilen baglanyşykly hereket edýän
kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek babatda degişli
işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, deputatlaryň gatnaşmagynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda döwlet
edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak ugry boýunça
okaýan diňleýjiler bilen önümçilik-tejribe sapaklary geçirildi.
Kanadanyň
Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul
edildi, parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we halkara guramalar bilen
hyzmatdaşlygy giňeltmegiň çäklerinde duşuşyklaryň 3-si geçirildi. Mejlisiň
wekilleri BMG-niň düzüm birlikleri, abraýly halkara guramalar bilen bilelikde
kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine
ýetirilmegini üpjün etmek boýunça geçirilen okuw maslahatlarynyň 8-sine
gatnaşdylar. Deputatlar Gahryman Arkadagymyzyň guramaçylyk döwlet toparynyň
mejlisinde ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmek barada beren
tabşyryklaryny ýerine ýetirmek babatda degişli işleri geçirýärler.
Döwlet
Baştutanymyz täze kanunlaryň ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, kabul edilen
maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli
gowulandyrmaga ýardam bermelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli
kanunçylygy döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmek işini dowam etdirmegiň
wajypdygyna üns çekildi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar aýynda
gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek üçin görlen toplumlaýyn
çäreleriň netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol
sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1 göterime, gurluşykda 2 göterime,
ulag-aragatnaşyk pudagynda 11,1 göterime, söwdada 9,9 göterime, oba hojalygynda
4,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 9 göterime deň boldy. 2024-nji ýylyň degişli
döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 9,2 göterim artdy.
Ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Hasabat döwründe
bölek satuw haryt dolanyşygy 11,1 göterim, daşary söwda dolanyşygy 1,1 göterim
ýokarlandy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 101,9 göterim, çykdajy bölegi 97,4
göterim ýerine ýetirildi.
Ýurdumyzyň
iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli
döwrüne görä, 10,6 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek
pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli
çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, 27,3 göterim artdy. Şeýle hem Oba milli
maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, 2022 — 2028-nji ýyllarda ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda 2025-nji ýyl üçin bellenen
wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin degişli işleri alyp barmagyň
möhümdigini aýtdy. Ykdysadyýetimiziň ösüşine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini
has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maýa goýumlary netijeli peýdalanmak, jemi
içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak, pudaklary sazlaşykly ösdürmek
boýunça zerur çäreleri görmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we
wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu
ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Nebiti we gaz kondensatyny çykarmak babatda gazanylan tehniki-ykdysady
görkezijiler hakynda aýdyldy. Hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan
nebiti çykarmagyň meýilnamasy 104,3 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe
nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 100,7 göterim, benzin öndürmegiň
meýilnamasy 100,2 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100,7
göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 103,8 göterim, çalgy ýaglaryny
öndürmegiň meýilnamasy 113,8 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gazy
öndürmekde 124,2 göterim ösüş depgini üpjün edildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz pudagynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň,
tebigy gazyň we nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmagyň, önümçilik desgalaryny
kadaly ýagdaýda saklamak üçin toplumlaýyn çäreleri alyp barmagyň wajypdygyna
ünsi çekdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz geologiýa-gözleg, buraw işleriniň
netijeliligini has-da ýokarlandyrmagyň möhümdigini belläp, wise-premýere
degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda şu ýylyň
ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, welaýatlarda alnyp barylýan
möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli
döwri bilen deňeşdirilende, 125,9 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk
ministrligi boýunça 123,5 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça
101,4 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 149,7 göterime,
“Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 104,4 göterime, “Türkmengallaönümleri”
döwlet birleşigi boýunça 269,6 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi
boýunça 110,4 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 106,4 göterime,
Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 101,2 göterime,
“Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 101,4 göterime deň boldy. Hasabat döwründe
oba hojalyk pudagy boýunça maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy
388,5 göterim ýerine ýetirildi.
Häzirki
wagtda dowam edýän möwsümleýin işleriň çäklerinde welaýatlarda bugdaýa ideg
etmek, gowaçanyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, olaryň
tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak, ýazlyk ýeralmanyň ekişini geçirmek
boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda
ýerleşýän howdanlara suw toplamak, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak,
suw hojalyk desgalaryny abatlamak babatda zerur çäreler görülýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, onuň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy dowam etdirmegi, pudak boýunça
önümçiligiň möçberini artdyrmagy we hilini gowulandyrmagy hemişe üns merkezinde
saklamagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere oba hojalyk
önümleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, welaýatlarda
möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda öz wagtynda
geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk-senagat toplumynda şu
ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine
ýetirilen işleriň meýilnamasy 126,7 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we
binagärlik ministrligi boýunça şu ýylyň birinji aýynda meýilnama 111,8 göterim
berjaý edildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen
önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 122,4 göterime deň boldy.
Hasabat döwründe Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň, amala
aşyrylan işleriň meýilnamasy 108 göterim ýerine ýetirildi. “Türkmenhimiýa”
döwlet konserni boýunça bu görkeziji 156,6 göterime barabar boldy. Şu ýylyň
ýanwarynda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet
agentligi tarapyndan işleriň meýilnamasy 113,6 göterim, Aşgabat şäheriniň
häkimligi tarapyndan 106,7 göterim berjaý edildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň
doly kuwwatynda işlemegini gazanmagyň, ýurdumyzdaky himiýa kärhanalarynyň işini
döwrebap guramagyň, energetika pudagynyň kuwwatyny yzygiderli artdyrmak bilen
bagly işleri hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny nygtady. Döwlet
Baştutanymyz täze ýollary gurmak we ýollaryň durkuny täzelemek işlerini dowam
etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz
öňünde tutulýan desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny
berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän
ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda
şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Söwda
we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş
depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 105,4 göterime,
öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,1 göterime barabar boldy. Dokma senagaty
ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 117,7 göterim üpjün edildi,
şol sanda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň
önümçiligi 154,1 göterime, nah matalaryňky 157,9 göterime, taýýar tikin we örme
önümleriniňki 108,5 göterime, gön önümleriniňki 142,4 göterime deň boldy.
“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 104,8
göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy
tarapyndan 26 birža söwdasy geçirilip, olarda 2 müň 178 şertnama hasaba alyndy.
Şu ýylyň ýanwar aýynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň
ösüş depgini 113,9 göterime barabar boldy. Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesi boýunça geçen aýda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş
depgini 106,4 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 105 göterime
deň boldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda
halkyň sarp edýän harytlarynyň üpjünçiligini hem-de nyrhlaryny hemişe
gözegçilikde saklamagyň, ilaty ýokary hilli azyk önümleri bilen kadaly üpjün
etmek üçin degişli çäreleri durmuşa geçirmegiň möhümdigini belledi. Söwda we
hyzmatlar ulgamlaryny giňeltmegiň, döwrebap kärhanalaryň sanyny artdyrmagyň hasabyna
täze iş orunlaryny döretmek, dokma kärhanalarynyň işini döwrebap ýola goýmak
boýunça işleri dowam etdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we
wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu
ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe baýramçylyklar mynasybetli dürli maslahatlar,
döredijilik duşuşyklary, sergiler, wagyz-nesihat, aýdym-sazly medeni çäreler
guraldy. Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda hormatly
Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş
dabarasy geçirildi. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly»
diýlip atlandyrylmagynyň hem-de ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny giňden wagyz
etmek maksady bilen, aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Halkara
hyzmatdaşlygyň çäklerinde-de dürli çäreler geçirilip, türkmen hünärmenleri
daşary ýurtlarda iş saparlarynda boldular.
«Galkynyş»
milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen
47-nji halkara sirk sungaty festiwalyna gatnaşyp, Baş baýraga we beýleki ýörite
baýraklara mynasyp bolmagynyň hormatyna Arkadag şäherinde dabaraly çäreler
geçirildi. Şeýle-de hasabat döwründe teatrlaryň, sirkleriň, kinoteatrlaryň,
kinokonsert merkezleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, Türkmenistanyň Taryhy we
medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli
müdirliginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Oguz han adyndaky
«Türkmenfilm» birleşiginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýerine
ýetiren işleri barada habar berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň işini döwrüň talaplaryna
laýyk guramagyň, ýerlerde kitaphanalaryň, medeniýet edaralarynyň kadaly
işlemegini gözegçilikde saklamagyň, taryhy-medeni ýadygärliklerimizi aýawly
saklamak boýunça zerur çäreleri yzygiderli geçirip durmagyň möhümdigini aýdyp,
wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda
şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe ylymly-bilimli nesilleri kemala getirmek, okuw
kitaplaryny neşir etmek boýunça işler dowam etdirildi. Mekdep okuwçylary
halkara ders we internet bäsleşiklerinde 12 medal gazandylar. Ylym ulgamynda-da
maksada gönükdirilen işler alnyp baryldy. Şu ýylda ylmyň ugurlary boýunça
aspirantura, doktorantura kabul ediljek aspirantlaryň, doktorantlaryň, alymlyk
derejelerine dalaşgärleriň, kliniki ordinatorlaryň sany tassyklanyldy. Ýanwar
aýynda bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň ugurlary boýunça
meýilnamalaýyn işler durmuşa geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli görnüşli operasiýalar we
bejergiler amala aşyryldy. Hasabat döwründe bedenterbiýäni, sporty we Olimpiýa
hereketini ösdürmek, türgenleri Olimpiýa oýunlaryna, çempionatlara, iri halkara
ýaryşlara taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň
işini talabalaýyk ýola goýmagyň zerurdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz
wise-premýere bilim edaralarynda ýaşlara döwrebap bilim bermek işine aýratyn
üns bermegi, ösüp gelýän nesilleri watançylyk, zähmetsöýerlik ruhunda
terbiýelemek üçin zerur işleri yzygiderli geçirmegi, ulgama degişli täze
desgalaryň gurluşygyny, ýokary hünärli işgärler bilen üpjün etmek işini hemişe
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap
Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek we döwlet
Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen baglylykda,
Daşary işler ministrliginiň şu ýylyň ýanwar aýynda alyp baran işleriniň
netijeleri barada hasabat berdi.
Ýurdumyz
hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan netijeli halkara
hyzmatdaşlyk ugruna eýermek bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde,
abraýly halkara, sebit guramalarynyň çäklerinde dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk
gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 19-20-nji
ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygynda saparda bolandygy
bellenildi.
Ýanwar
aýynda daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň Türkmenistana hem-de ýurdumyzyň
wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary dünýä döwletleri bilen
gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Hasabat döwründe sanly
ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklar, daşary ýurtlaryň we halkara
guramalaryň wekilleri bilen resmi gepleşiklerdir duşuşyklar guraldy. Şu güne
çenli halkara resminamalaryň 6-syna gol çekildi. Daşary syýasat edaralarynyň
ugry boýunça işler yzygiderli ilerledilýär. Ilçihanalar arkaly diplomatik
gatnaşyklary pugtalandyrmak ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup, bu
babatda-da degişli işler geçirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, öňümizde birnäçe halkara çäreleriň bardygyna,
olara ýokary derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy
mynasybetli halkara derejede guraljak çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory
M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan
işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat
döwründe toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini
113,1 göterime deň boldy. Şu ýylyň ýanwar aýynda awtomobil, demir ýol, howa,
deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 101,9 göterime,
ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 104,8 göterime deň boldy. Hasabat döwründe
“Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş
depgini 104,1 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 111 göterime,
“Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 116,3 göterime,
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 116,6 göterime,
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 117,1 göterime deň boldy. Şeýle hem
“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň
Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barlan işler barada
aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Watanymyzyň çäk taýdan amatly ýerleşiş
mümkinçiliginden netijeli peýdalanyp, halkara ulag geçelgeleriniň işini
kämilleşdirmegiň, üstaşyr gatnawlar üçin oňaýly şertleri döretmegiň, olaryň
sanyny artdyrmagyň wajypdygyny nygtady. Ýolagçy we ýük dolanyşygynyň möçberini
artdyrmak üçin degişli işleri alyp barmak, bu ugurdaky işleri talabalaýyk
gurap, ýolagçylara edilýän hyzmatlary kämilleşdirmek, pudaklara sanly ulgamy
giňden ornaşdyrmak işini hem giň gerimde dowam etdirmek zerurdyr diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy we agentligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.
Soňra
hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýanwar aýynyň netijeleri
boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny,
şeýlelikde, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda durnukly ösüşiň
gazanylandygyny belledi. Geçen aýda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň
hasabyna ýurdumyz boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 3
milliard manatdan gowrak boldy. Bu bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini
has-da gowulandyrmaga, welaýatlarda goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik
berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Türkmenistany 2025-nji
ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny” amala
aşyrmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady.
Hormatly
Prezidentimiz sözüni dowam edip, 18-nji fewralda Türkmenistanyň diplomatik
işgärleriniň gününiň bellenip geçiljekdigini aýtdy we Bitarap ýurdumyzyň
diplomatik gullugynyň işgärleriniň öňde goýlan wezipeleri talabalaýyk ýerine
ýetirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýändiklerine ünsi çekdi. Pursatdan
peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz milli diplomatik gullugyň ähli işgärlerini
hünär baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa
gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň
gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.