Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda
2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň,
welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem gün tertibine
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2025-nji ýylda öňde durýan wezipeler,
ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler
girizildi. Hökümetiň giňişleýin mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň
ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat,
Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary,
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy.
Döwlet
Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berdi. Wise-premýer 2024-nji ýylda
milli ykdysadyýetimizde gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde, jemi içerki önümiň
durnukly ösüşi üpjün edilip, ol 6,3 göterim artdy. Bu görkeziji senagat
pudagynda 1,5 göterime, gurluşykda 11 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 7,2
göterime, söwdada 10,1 göterime, oba hojalygynda 5,3 göterime, hyzmatlar
ulgamynda 8,6 göterime deň boldy. 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi
öndürilen önüm 12,1 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik
netijeleri gazanyldy. Geçen ýylda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 13,1
göterim artdy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky
2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 10,6 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe
zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda
maliýeleşdirildi.
2024-nji
ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa
goýumlaryň meýilnamasy doly ýerine ýetirildi hem-de 2023-nji ýyl bilen
deňeşdirilende, 9,1 göterim artdy. Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.
Mejlisiň
dowamynda wise-premýer «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamasynyň taýýarlanylyşy barada
hasabat berdi. Bu resminama ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary,
welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde
işlenip taýýarlanyldy. Ýedi ýyllyk Prezident Maksatnamasynyň we şu ýyl üçin
Döwlet býujetiniň esasynda taýýarlanylan bu resminamanyň taslamasynda 2025-nji
ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijiler, ykdysadyýetiň ähli pudaklary
boýunça önümçilik meýilnamalary beýan edildi. Şunuň bilen birlikde, welaýatlar,
Aşgabat, Arkadag şäherleri boýunça ýerine ýetirilmeli işler, durmuş-ykdysady
ösüşiň, maýa goýumlaryň görkezijileri bellenildi. Şeýle hem ilatyň
girdejilerini yzygiderli artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da
gowulandyrmak bilen bagly çäreler göz öňünde tutuldy.
Soňra
maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýew geçen ýylda Döwlet býujetiniň ýerine
ýetirilişi, özleşdirilen maýa goýumlar, Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň jemleri boýunça
ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 105,9 göterim, çykdajy
bölegi bolsa 99,9 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe ýerli býujetleriň
girdeji bölegi 103,8 göterim, çykdajy bölegi bolsa 99,8 göterim ýerine
ýetirildi. 2024-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda balans toparlarynyň jemi
104 mejlisi, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 88 mejlisi geçirildi.
Olaryň dowamynda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň
garamagyndaky edara-kärhanalaryň maliýe-hojalyk işleriniň netijelerine garaldy.
Döwlet
Baştutanymyz S.Joraýewi maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesinden boşatdy.
Hormatly Prezidentimiz bu wezipä M.Astanagulowy belläp, ony maliýe we
ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy.
M.Astanagulow
bildirilen uly ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny
beýan edip, bu jogapkärli wezipede yhlasly zähmet çekjekdigine ynandyrdy hem-de
Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli
işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Merkezi
bankyň başlygy T.Mälikow 2024-nji ýylda ýurdumyzyň banklary tarapyndan ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň, şol
sanda bank ulgamynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen toplumlaýyn
çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hasabat döwründe ykdysadyýete karzlary
gönükdirmek boýunça degişli işler alnyp baryldy. 2023-nji ýyl bilen
deňeşdirilende, 2024-nji ýylda hususy ulgama, şahsy taraplara, kiçi we orta
telekeçilige banklar tarapyndan berlen karzlaryň möçberi artdy. Şunuň bilen bir
hatarda, oba hojalyk önümlerini öndürijilere berlen karzlaryň görkezijileri
ýokarlandyryldy. Bu görkeziji 30,7 göterime barabar boldy. 2025-nji ýylyň 1-nji
ýanwary ýagdaýyna görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna
laýyklykda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda raýatlara gozgalmaýan
emlägi satyn almak üçin berlen karzlaryň möçberi 16,2 göterim artdy.
Statistika
baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow geçen ýylda ministrlikler
we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan bellenen meýilnamalaryň ýerine
ýetirilişi barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, 2024-nji ýylyň netijeleri boýunça senagat ulgamynda durnukly ösüş üpjün
edildi. Hususan-da, 77 milliard 623,1 million kub metr tebigy gaz, 8 million
279,7 müň tonna nebit çykaryldy. 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, nebit bitumynyň
öndürilişi 10,2 göterim, benziniň öndürilişi 4,8 göterim, mazudyň öndürilişi
8,2 göterim, dizel ýangyjynyňky 0,6 göterim, plastmassadan taýýarlanan we aýna
süýümli turbalaryňky 2,2 göterim, sementiňki 3,5 göterim, balykçylygyňky 20,1
göterim, süýji-köke önümleriniňki 2,1 göterim, süýt önümleriniňki 4,7 göterim,
mesge ýagynyňky 3 göterim, mineral suwlaryň, alkogolsyz içgileriňki 11,5
göterim, gaplanan miweleriň we gök önümleriňki 7,2 göterim artdy. Hasabat
döwründe senagat önümçiliginiň gymmatlyk möçberi nah ýüplükler boýunça 46,7
göterim, nah matalar boýunça 27,1 göterim ýokarlandy.
Ulag-aragatnaşyk
pudagynda hem oňyn görkezijiler gazanyldy. Ulaglaryň ähli görnüşiniň ýük
dolanyşygynyň 2 göterim, ýolagçy dolanyşygynyň 5,2 göterim artmagy munuň aýdyň mysalydyr.
Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 16,2 göterim artdy. Ýurdumyzyň oba
hojalygynda öndürilen gök önümler, 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 8,4
göterim, azyklyk bakja 6 göterim, ýeralma 4,6 göterim, miwe we ir-iýmişler 1,5
göterim, süýt 2,1 göterim, diri agramdaky etiň öndürilişi 7 göterim ýokarlandy.
Geçen ýylda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde-de oňyn görkezijiler
gazanyldy.
Statistika
baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy halkara standartlara laýyk gelýän
statistiki usulyýet esasynda statistiki hasabatlylygy we maglumatlary
ýygnamagyň usullaryny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hem
hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, “Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, 2025-nji ýylda
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň
taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny belledi. Maksatnama laýyklykda,
2025-nji ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli
ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek,
önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary
gurmagyň hasabyna 3 müňden gowrak täze iş ornuny döretmek, daşary söwda
dolanyşygynyň möçberini 20 milliard amerikan dollaryna ýetirmek göz öňünde
tutulýar. Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde
hususy pudagyň paýyny 71,6 göterime ýetirmek, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň,
döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak
arkaly ilatyň girdejilerini artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak
meýilleşdirilýär.
2025-nji
ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna
jemi 40 milliard manatdan gowrak maýa goýumlary gönükdirmek göz öňünde
tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Türkmenistany 2025-nji
ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny
tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi.
Hormatly
Prezidentimiz wise-premýer H.Geldimyradowa ýüzlenip, 2022 — 2028-nji ýyllarda
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda 2025-nji ýyl üçin
bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri alyp
barmagyň zerurdygyny nygtady. Milli ykdysadyýetimiziň binýadyny berkitmek,
ykdysadyýetimize innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly täze
önümçilikleri döretmek, ykdysadyýetde hususy bölegiň paýyny artdyrmak babatda
netijeli işleri dowam etdirmek möhümdir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Döwlet
býujetiniň girdejilerini artdyrmagyň, onuň çykdajylaryny maksatlaýyn
peýdalanmak boýunça degişli işleri yzygiderli alyp barmagyň wajypdygyna ünsi
çekip, bank edaralary tarapyndan döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen
bagly taslamalary maliýeleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny
belledi.
Döwlet
Baştutanymyz hususy kärhanalaryň we telekeçileriň önümçiligini ösdürmek bilen
bagly taslamalar üçin karz serişdelerini bermegi, ilatymyzyň ýaşaýyş jaý
şertlerini gowulandyrmak üçin ýeňillikli şertlerde karzlaryň berilmegini dowam
etdirmegi, bank ulgamynda hödürlenilýän sanly hyzmatlaryň görnüşlerini,
elektron tölegleriň gerimlerini yzygiderli artdyrmagy tabşyrdy. Şeýle hem
ykdysadyýetimizi ösdürmäge maliýe goldawyny bermek, milli pulumyzyň hümmetini
durnukly saklamak boýunça netijeli çäreleri görmek tabşyryldy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda
2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Hasabat
döwründe “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy
102,1 göterim ýerine ýetirildi. Konserniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary
tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 101,9 göterim, benzin
öndürmegiň meýilnamasy 103,3 göterim, nebit bitumyny öndürmegiň meýilnamasy
224,4 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim berjaý
edildi. Şeýle hem dizel ýangyjynyň, polipropileniň, suwuklandyrylan gazyň
öndürilişi, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşy barada maglumatlar aýdyldy.
Hasabatyň dowamynda wise-premýer döwlet dolandyryş edaralaryny, kärhanalary,
guramalary nebit önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek hem-de bu önümleri has
rejeli paýlamak we peýdalanmak boýunça geçirilýän işler barada aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň alyp barýan energetika syýasatynyň
netijesinde nebitgaz pudagynyň yzygiderli ösdürilýändigini belläp, 2025-nji
ýylda-da bu pudagy döwrebap derejede ilerletmek babatda zerur işleri
geçirmegiň, içerki we daşary ýurtly sarp edijileri tebigy gaz bilen ygtybarly
üpjün etmek üçin degişli işleri alyp barmagyň, nebitgaz pudagynyň
kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary
ornaşdyrmagy dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. «Galkynyş» gaz känini
senagat taýdan özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek,
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny,
aýratyn-da, bu taslamanyň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat
— Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyny güýçli depginde alyp barmak, nebite baý
ýataklary, geljegi uly hasaplanýan meýdançalary özleşdirmek möhümdir diýip,
döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere Türkmenbaşydaky
nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Seýdidäki nebiti gaýtadan işleýän
zawodyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmaga möhüm ähmiýet bermegi, uglewodorod
serişdeleriniň geljegi uly bolan ýataklary gözlemek we barlamak boýunça alnyp
barylýan işleriň depginini güýçlendirmegi, gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň,
seýrek duş gelýän minerallaryň, ýerasty suwlaryň geologiýa gözleg-barlag,
nebitgaz pudagyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak işlerini üstünlikli dowam
etdirmegi, nebitgaz senagaty boýunça hünärmenleriň hünär derejesini yzygiderli
ýokarlandyrmagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk, senagat we
energetika toplumlarynyň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Awtomobil
ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň, Aşgabat
şäheriniň häkimliginiň 2024-nji ýylda alyp baran işleriniň jemleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, toplum boýunça öndürilen önümlerdir işleriň meýilnamasy 105,8 göterim
ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda Gurluşyk we binagärlik
ministrligi boýunça işleriň meýilnamasy 108,6 göterim berjaý edildi. Senagat we
gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine
ýetirilen işleriň möçberi 1 milliard 708 million manat boldy. Energetika
ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň
meýilnamasy 104,6 göterim berjaý edildi. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni
boýunça bu görkeziji 114,6 göterime barabar boldy. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny
dolandyrmak baradaky döwlet agentligi boýunça işleriň meýilnamasy 106,4
göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça meýilnama 115,8 göterim ýerine
ýetirildi.
2024-nji
ýylda iri önümçilik we durmuş maksatly binalardyr desgalaryň 86-sy ulanmaga
berildi. Şolaryň hatarynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby
mekdebiň, Aşgabat şäher häkimliginiň toplumynyň binasy, Magtymguly Pyragynyň
ýadygärligi we medeni-seýilgäh toplumy, Halkara sagaldyş-dikeldiş hem-de
Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleri, Bäherden, Lebap sement
zawodlarynyň ikinji tapgyry, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil
ýolunyň Tejen — Mary bölegi, “Balkan — Daşoguz” ýokary woltly asma elektrik
geçirijisi, “Daşoguz” elektrik bekedi, Aşgabat şäherinde “Bagtyýarlyk” suw
arassalaýjy desgasy, “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 13 sany 9 gatly, Daşoguz
şäherinde 70 sany 4 gatly ýaşaýyş jaýy we desgalar toplumy, ýurdumyz boýunça
jemi 5 sany orta mekdebiň, 2 sany çagalar bagynyň binalary bar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň
bökdençsiz işledilmegini gazanmak üçin zerur çäreleri geçirmegiň, ylmyň,
tehnologiýalaryň iň täze gazananlary esasynda senagat we gurluşyk önümçiligi
boýunça täze, döwrebap kärhanalary döretmegiň möhümdigini belledi. Içerki we
daşary ýurtly sarp edijileri elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin
elektrik energiýasynyň öndürilişini yzygiderli artdyrmak, täze elektrik
stansiýalaryny gurmak, paýlaýjy ulgamlaryň tehniki ýagdaýlaryny gowulandyrmak
boýunça netijeli işleri durmuşa geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz
aýtdy. Himiýa senagatynyň kärhanalaryny doly kuwwatyna çykarmak, täze
kärhanalary gurmak işlerini-de güýçlendirmek wajypdyr. Şunuň bilen birlikde,
hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda täze awtomobil ýollaryny gurmak,
döwrebaplaşdyrmak, ýollaryň dünýä standartlaryna gabat gelmegi üçin pudagyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek babatda işleri dowam etdirmegi, şu ýyl
açylmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň bellenen möhletde, ýokary
hilli ulanmaga tabşyrylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän
ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda
geçen ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Söwda
we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş
depgini, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,1 göterime,
öndürilen önümleriň ösüş depgini hem 103,1 göterime barabar boldy. Geçen ýylda
Dokma senagaty ministrligi boýunça 117,3 göterim ösüş depgini üpjün edildi, şol
sanda, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň
önümçiligi 149,3 göterime, nah matalaryňky 129,7 göterime, gön önümleriniňki
124,4 göterime barabar boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça haly
önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 102,3 göterim ýerine ýetirildi.
Hasabat
döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan birža söwdalarynyň 302-si
geçirilip, olarda 29 müň 317 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy
tarapyndan 2024-nji ýylda amala aşyrylan işleriň ösüş depgini 111,8 göterime
barabar boldy. Sergileriň 27-si, maslahatlaryň 131-si geçirildi. Senagatçylar
we telekeçiler birleşmesi boýunça geçen ýylda oba hojalyk we azyk önümleriniň
öndürilişiniň ösüş depgini 110 göterime, senagat önümçiliginiň ösüş depgini
bolsa 104,1 göterime barabar boldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, dokma senagaty kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak,
dokma önümleriniň daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak
boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegiň, halyçylyk pudagyny ösdürmegiň,
öndürilýän haly önümleriniň görnüşlerini köpeltmek boýunça işleri dowam
etdirmegiň zerurdygyny belledi. Içerki bazaryň azyk we beýleki zerur harytlar
bilen üpjünçiligini gowulandyrmak üçin söwda toplumynyň önümçilik kuwwatyny
doly peýdalanmak, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň
işini netijeli guramak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly
Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmeginiň hususy tarapyň
işjeňleşmegi bilen bagly bolup durýandygyny nygtap, ýurdumyzda hususy pudagy
ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory
M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2024-nji ýylyň ýanwar — dekabr
aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat
döwründe toplum tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini
118,8 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz, derýa ulaglary
arkaly ýükleri daşamagyň ösüş depgini 102,8 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş
depgini 104,2 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe «Türkmendemirýollary»
agentligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 104,1 göterime,
«Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 114,5 göterime, «Türkmenhowaýollary»
agentligi boýunça 140 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça
128 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça 116,2 göterime deň boldy.
Hasabatyň
dowamynda “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti
ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri çözmek boýunça alnyp
barylýan işler barada-da habar berildi. Şeýle hem ulag-aragatnaşyk toplumyna
degişli önümçilik, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy, onuň maddy-enjamlaýyn
binýadyny has-da pugtalandyrmak babatda ýerine ýetirilen işler hakynda aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag-kommunikasiýa toplumynyň möhüm pudaklaryň
biri bolup durýandygyny, şoňa görä-de, ýolagçy we ýük dolanyşygynyň möçberini
artdyrmagyň, üstaşyr hem halkara ýük gatnawlaryny has-da giňeltmek üçin degişli
işleri alyp barmagyň, ulaglaryň, aragatnaşygyň ähli görnüşleri babatda hyzmatlary
yzygiderli ösdürmegiň, pudaklara sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak işlerini giň
gerimde dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň demir ýol ulagy
pudagynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek
boýunça işleri alyp barmak, awtoulag kärhanalarynyň parkynyň maddy-tehniki
üpjünçiligini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň
medeniýetini ýokarlandyrmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň
bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda howa menzilleriniň durkuny
täzelemegi, uçarlaryň düzümini döwrebaplaşdyrmak babatda netijeli işleri
geçirmegi, täze ugurlar boýunça halkara howa gatnawlaryny açmaga, ýük daşalýan
ugurlary giňeltmäge möhüm ähmiýet bermegi, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini,
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň kuwwatyny doly güýjünde ulanmagy
tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän
ulgamynda 2024-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat
döwründe ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde milli
senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar, Magtymguly Pyragynyň doglan
gününiň 300 ýyllygy, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni
paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli maslahatlar, döredijilik
duşuşyklary, sergiler, wagyz-nesihat duşuşyklary, aýdym-sazly medeni çäreler
geçirildi. Ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlenip,
medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli çäreler
guraldy. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», “Änew —
müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet”, Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda
göwheri” atly kitaplarynyň, akyldar şahyrymyzyň umumadamzat gymmatlygyna
öwrülen goşgulary ýerleşdirilen “Magtymguly” atly täze kitabyň tanyşdyrylyş
dabaralary geçirildi. Aşgabadyň günorta künjeginde “Magtymguly Pyragy”
medeni-seýilgäh toplumynyň we beýik şahyryň ýadygärliginiň açylyş dabarasynda
medeni çykyşlar guraldy.
Geçen
ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi
üstünlikli geçirildi. Arkadag şäherinde VI Wena baly we «Galkynyş»
türkmen-awstriýa bilelikdäki simfoniki orkestriniň konserti, TÜRKSOÝ-na agza
ýurtlaryň II teatr festiwaly we onuň çäklerinde beýleki ugurdaş çäreler,
«Gorkut ata» halkara kinofestiwaly ýokary derejede geçirildi. Täjigistanda,
Ýaponiýada, Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri, ýurdumyzda bolsa
Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Ermenistanyň, Özbegistanyň Medeniýet
günleri, Ýewropa Bileleşiginiň medeniýet hepdeligi guraldy. Hasabat döwründe
teatrlaryň, sirkleriň, kinoteatrlaryň, kinokonsert merkezleriniň,
kitaphanalaryň, muzeýleriň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Oguz han adyndaky
«Türkmenfilm» birleşiginiň, Döwlet habarlar agentliginiň ýerine ýetiren işleri
barada-da habar berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, M.Mämmedowany Türkmenistanyň Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyp, bu wezipä Mejlisiň
Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy
wezipesinde işleýän B.Seýidowany bellemek barada karara gelendigini aýtdy
hem-de degişli resminamalara gol çekdi.
B.Seýidowa
bildirilen uly ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu jogapkärli
wezipede tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy we hormatly Prezidentimize
berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň mundan beýläk-de
rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Döwlet
Baştutanymyz wise-premýer B.Seýidowa ýüzlenip, 2025-nji ýylyň «Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de hemişelik
Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek
üçin taýýarlyk işlerini alyp barmagyň, türkmen halkynyň gadymy medeni mirasyny,
şan-şöhratly taryhyny ylmy taýdan düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä
ýaýmak boýunça maksatnamalaýyn işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz medeniýet ulgamynyň işini döwrüň
talaplaryna laýyk guramagy, ýerlerde kitaphanalaryň, medeniýet öýleriniň kadaly
işlemegini gözegçilikde saklamagy, taryhy ýadygärliklerimiz we medeni
gymmatlyklarymyz bilen tanyşdyrýan syýahatçylyk pudagyny ösdürmegi,
teleradioýaýlymlarda ýaş nesilleriň aň-düşünjesini ösdürmäge niýetlenen
gepleşikleri köpräk taýýarlamagy, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň işini
yzygiderli kämilleşdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda
2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam
etdirildi. Bilim işinde okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy, sanly
bilim ösdürildi, okuw kitaplarydyr gollanmalar neşir edildi, elektron žurnallar
döredildi. “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň
usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” tassyklanyldy.
Ýokary okuw mekdepleri halkara reýting sanawlaryna girizildi. Bäsleşikler, ylmy-amaly
maslahatlar, olimpiadalar guramaçylykly geçirildi. Şu döwürde okuwçylardyr
talyplar halkara bäsleşiklerde jemi 1 müň 549 medal gazandylar.
Hasabat
döwründe ylmy barlaglaryň netijeliligi ýokarlandyryldy. “Türkmenistanda ylym
ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy” tassyklanyldy.
Milli
saglygy goraýyş ulgamyny has-da ösdürmek boýunça işler dowam etdirildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek
boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan çagalaryň kadaly ösüşini, abadan
durmuşyny, saglygy goraýyş edaralaryny döwrebap enjamlar bilen üpjün etmäge
gönükdirilen ynsanperwer işler dowam etdirildi. Mary welaýat Enäniň we çaganyň
saglygyny goraýyş merkeziniň, Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän
kärhananyň, Aşgabat şäherinde Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem-de
Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabaralary geçen ýylyň möhüm
wakalaryna öwrüldi.
Hasabat
döwründe bedenterbiýäni, sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek, ussat türgenleri
taýýarlamak babatda işler dowam etdirildi. Hokkeý boýunça halkara ýaryş, 14
ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça “Ashgabat Open
2024” atly halkara ýaryş guramaçylykly geçirildi. Geçen ýylda türgenlerimiz
medallaryň 752-sini gazanmagy başardylar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe
almagy üçin ýokary şertleri döretmek, ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny ýüze
çykarmak üçin bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, okuw meýilnamalaryny,
maksatnamalaryny, okuw kitaplaryny halkara tejribelere laýyklykda
döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň, orta we ýokary okuw
mekdeplerinde mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işleri
geçirmegiň, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen
çäreleri alyp barmagyň zerurdygyny belledi. Ýurdumyzy ylmy taýdan ösen döwlete
öwürmek üçin ylmy-barlag işlerini dowam etdirmek, bu ugurda halkara
hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz adam saglygyny goramakda, ilatyň saglyk ýagdaýyny
gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, derman
senagatyny ösdürmekde alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň
wajypdygyna ünsi çekip, ýurdumyzda sporty ösdürmek, köpçülikleýin
bedenterbiýäniň ornuny giňeltmek, ýokary sportda Türkmenistany dünýä tanatmak
boýunça maksatnamalaýyn çäreleri yzygiderli alyp barmagy tabşyrdy.
Soňra
welaýatlaryň häkimleri hasabatlar bilen çykyş etdiler.
Ahal
welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow sebitde 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Ol Oba milli maksatnamasyny durmuşa
geçirmegiň çäklerinde maýa goýumlary özleşdirmegiň bellenen ýyllyk
meýilnamasynyň ýerine ýetirilendigini aýtdy.
Geçen
ýylda welaýatda iri önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň birnäçesi, şol
sanda Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde döwrebap umumybilim berýän
mekdep, Ýaşlyk şäherçesinde, Tejen etrabynyň Tejen şäherinde agyz suwuny
arassalaýjy desgalar, Gökdepe, Ak bugdaý etraplarynda lagym suwuny arassalaýjy
desgalar, Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyry, Aşgabat — Türkmenabat
ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi we beýleki desgalar,
önümçilik kärhanalary gurlup ulanmaga berildi. Şunuň bilen birlikde, häzirki
wagtda welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň dowam edýändigi, hususan-da,
bugdaý ekilen meýdanlarda degişli ideg işleriniň alnyp barylýandygy, gowaçanyň,
gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görülýändigi barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, S.Soltanmyradowy Ahal welaýatynyň häkimi
wezipesinden boşadyp, bu wezipä T.Nurmyradowy bellemek barada karara
gelendigini aýtdy we degişli resminamalara gol çekdi.
T.Nurmyradow
özüne bildirilen uly ynam üçin hoşallygyny beýan edip, welaýaty mundan
beýläk-de okgunly ösdürmek üçin gujur-gaýratyny, bilim-başarnygyny
gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden
berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Balkan
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow 2024-nji ýylda welaýatda ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly,
“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň
we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça
2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň
çäklerinde 2024-nji ýylda sebitde medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalar,
ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berildi. Häzirki wagtda welaýatyň ekerançylyk
meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleri, hususan-da, bugdaýa ideg etmek,
gowaçanyň, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk
işleri alnyp barylýar.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
barada hasabat berdi. 2024-nji ýylda sebitde “Balkan — Daşoguz” ýokary woltly
asma elektrik geçirijisi, “Daşoguz” elektrik bekedi, Daşoguz şäherinde 1 müň
496 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaý we desgalar toplumy ulanmaga berildi.
2025-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, şu
günler welaýatyň ak ekin meýdanlarynda degişli ideg işlerini geçirmäge
taýýarlyk görülýär. Bu işler bilen bir hatarda, gowaçanyň we azyklyk
ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görülýär.
Lebap
welaýatynyň häkimi M.Annanepesow 2024-nji ýylda welaýatda ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Oba milli
maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek
maksady bilen, geçen ýyl sebitde medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalary,
inženerçilik ulgamlaryny gurmak boýunça degişli işler alnyp baryldy. Häzirki
wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde welaýatyň
bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri
ýerine ýetirilýär. Gowaçanyň, ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky
ekişine taýýarlyk görülýär.
Soňra
Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň
Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap
merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji
ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, sebitde 5 sany
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalar ulanmaga berildi. Şeýle-de häkim
welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
ideg işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, gowaça ekiljek meýdanlary,
pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, ekişde ulanyljak oba
hojalyk tehnikalaryny ýazky möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur çäreler
görülýär. Şeýle hem welaýatda gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak,
gaýtadan işlemek babatda degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlerine
ýüzlenip, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny”, Oba milli maksatnamasyny
üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz
welaýatlarda we şäherlerde ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň, beýleki durmuş
maksatly binalaryň gurluşygyna berk gözegçilik etmegiň, ilaty arassa agyz suwy,
elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen üpjün etmegi gowulandyrmak boýunça işleri
alyp barmagyň, arassaçylygy berjaý etmek, abatlaýyş işlerini wagtynda geçirmek
üçin ähli zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtady. Şeýle-de hormatly
Prezidentimiz welaýatlarda bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki oba hojalyk
ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek üçin ideg işlerini agrotehniki kadalar
esasynda geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän pudaklarynda
2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, oba hojalygynda özgertmeleriň
geçirilişi we möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, oba hojalyk toplumynda önümçiligiň ösüş depgini 126,9 göterime deň boldy.
Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 101,8 göterime, Daşky gurşawy
goramak ministrligi boýunça 120,1 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet
komiteti boýunça 141,1 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 100,3
göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 233,2 göterime,
“Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 138,3 göterime, Azyk senagaty
döwlet birleşigi boýunça 101,6 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty
döwlet birleşigi boýunça 100,2 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi
boýunça 103,2 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň
meýilnamasy 253,1 göterim ýerine ýetirildi.
Häzirki
wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, gowaçanyň, ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň
meýdanlaryny, oba hojalyk tehnikalaryny, tohumlary ekiş möwsümine taýýarlamak
işleri alnyp barylýar. Maldarçylyk hojalyklarynda gyş paslynda mallary dok we
ýyly gyşlatmak, ýetip gelýän owlak-guzy, köşek almak möwsümine taýýarlyk işleri
dowam etdirilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda suw serişdelerini tygşytly
peýdalanmak, oba hojalyk ekinlerini suw bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek,
ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada
aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinleriniň, çig malyň öndürilişiniň
möçberini artdyrmagyň, ilaty azyk önümleri bilen doly üpjün etmek, gaýtadan
işleýän senagatyň çig mal bilen üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça işleri
dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Ýokary hasyl berýän ekinleriň, miweli
baglaryň täze görnüşlerini döretmek, tohumçylyk işini kämilleşdirmek işlerini
netijeli alyp barmak, öňdebaryjy usullary ulanmak we innowasion tehnologiýalary
ornaşdyrmak esasynda maldarçylyk, guşçulyk pudagyny ösdürmek, azyk senagatyna
degişli kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, täze kärhanalary gurmak boýunça işleri
dowam etdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly
Prezidentimiz oba hojalyk önümçiliginiň tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak
babatda degişli işleri geçirmegiň, oba hojalyk önümlerini öndürijilere edilýän
tehniki hyzmatlaryň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde
saklamagyň, ýüpekçiligi ösdürmek, ýokary hilli pile önümlerini öndürmek, suw
tygşytlaýjy tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak, goşmaça suw
gorlaryny döretmek işlerini dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Ylmy
edaralar oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, täze ýerleri
özleşdirmek boýunça has netijeli işlemelidir, daşky gurşawy goramak, ekologik
abadançylygy üpjün etmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça işler dowam
etdirilmelidir, Diýarymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak,
baýlaşdyrmak babatda degişli işleri alyp barmak möhümdir diýip, döwlet
Baştutanymyz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalyk pudagynyň önümçilik
kuwwatyny doly peýdalanmak, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlaryny,
sanly ulgamy önümçilige giňden ornaşdyrmak işlerini netijeli dowam etdirmek
tabşyryldy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow geçen ýylda
Daşary işler ministrligi tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri barada
hasabat berdi.
Öňde
goýlan wezipeleri, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine
ýetirmek maksady bilen, “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 —
2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek, ikitaraplaýyn we
köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça degişli işler
alnyp baryldy. Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyzyň daşary ýurtlara resmi we iş saparlary guraldy. Geçen ýylyň
dowamynda daşary ýurtlaryň döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň 15-si
Türkmenistanda döwlet, resmi, iş saparlary bilen boldular. Hasabat döwründe
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary, halkara we sebit guramalarynyň
ýolbaşçylarynyň, ýokary derejedäki wekilleriniň 39-sy ýurdumyza sapar bilen
geldi. Bu saparlaryň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklardyr
gepleşikler geçirildi.
BMG
bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy
ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylda
Türkmenistan tarapyndan Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlar we onuň
ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek arkaly
halkara parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen
işler üstünlikli amala aşyryldy. Hususan-da, hasabat döwründe ýurdumyzyň
başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 4 sany Kararnamasy kabul edildi.
Şolaryň biri 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan
etmek bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda bu resminamany iş ýüzünde durmuşa
geçirmek babatda degişli işler alnyp barylýar.
2024-nji
ýylyň dowamynda beýleki abraýly halkara guramalar we döwletara bileleşikler
bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda-da degişli işler amala aşyryldy. Şolaryň
hatarynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyny, Ýewropa
Bileleşigini, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyny, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyny,
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyny görkezmek bolar. Geçen ýylda daşary ýurt
wekiliýetleriniň Türkmenistana, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary
ýurtlara amala aşyran saparlary halkara gatnaşyklaryň okgunly
ilerledilýändiginiň aýdyň güwäsidir. 2024-nji ýylda dürli derejedäki, şol sanda
sanly ulgam arkaly duşuşyklaryň we gepleşikleriň ençemesi geçirildi.
Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadynyň üsti resminamalaryň
238-si bilen ýetirildi.
Daşary
syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli häsiýete
eýe bolýar. Hasabat döwründe Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy
geňeşmeleriň birnäçesi geçirildi. Ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga
uly ähmiýet berilýär. 2024-nji ýylda daşary ýurtlaryň Türkmenistanda täze
bellenen ilçileriniň 30-syndan ynanç hatlary kabul edildi. Şol bir wagtda
Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky 9 ilçisi, 2 konsuly resmi taýdan öz işine
başlady.
Daşary
ýurtly hyzmatdaşlar bilen ykdysady gatnaşyklary ösdürmek döwletimiziň daşary
syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu maksat bilen, geçen ýylyň
dowamynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparlaryň mejlisleriniň
14-si, işewürlik maslahatlarynyň, duşuşyklaryň birnäçesi guraldy.
Medeni-ynsanperwer
ulgam hem Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň wajyp ugry bolup durýar.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçen 2024-nji ýylda
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara çäreleriň
180-e golaýy geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň 11-nji oktýabrynda
Aşgabatda guralan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy —
parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň ähmiýeti bellenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde Türkmenistanyň dünýäde
parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga uly goşant goşýandygyny, bu
ugurda netijeli işleri durmuşa geçirýändigini, ýurdumyzyň alyp barýan daşary
syýasatynyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen deňhukukly, özara
bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendigini belledi.
Türkmenistan
dünýä hem sebit döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady,
medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda ýygjam gatnaşyklary,
ulag-logistika, ýangyç-energetika, suw we ekologiýa ugurlary boýunça netijeli
işleri alyp barýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda birnäçe iri halkara çäreleriň
geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini belläp, wise-premýer, daşary işler
ministrine göz öňünde tutulan çärelere gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary
derejede geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisiň
Başlygy D.Gulmanowa 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada
maglumat berdi.
Bellenilişi
ýaly, bu döwürde milli parlamentiň 3 maslahaty geçirilip, Türkmenistanyň
Kanunlarynyň 36-sy, Mejlisiň kararlarynyň 26-sy kabul edildi. Şolaryň hatarynda
“Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny
döretmek hakynda”, “Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda”, “Energiýany
tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda”, “Gidrometeorologiýa
işi hakynda”, “Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda”
Türkmenistanyň Kanunlary, ýurdumyzyň halkara konwensiýalaryny we ylalaşyklaryny
tassyklamak we olara goşulyşmak baradaky başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan
goldamak boýunça kanunlaryň birnäçesi bar. Hereket edýän kanunlaryň birnäçesi
döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirildi. Döwletara hyzmatdaşlygy
ösdürmegiň çäklerinde geçen ýyl dürli döwletleriň parlamentleriniň, diplomatik
wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklaryň 53-si
geçirildi. Daşary ýurtlaryň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly
ygtyýarly ilçileriniň 15-sinden ynanç hatlary kabul edildi.
Halkara
tejribeleri öwrenmek maksady bilen, Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş
saparlarynyň 37-si amala aşyryldy. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri
ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň abraýly halkara guramalar bilen
bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 123-sine gatnaşdylar. Şunuň bilen
birlikde, milli parlamentiň wekilleri Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda
geçirilen dürli halkara forumlara gatnaşdylar.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek boýunça işleriň alnyp
barylýandygyny, 2024-nji ýylda milli kanunçylyk-hukuk binýadyny
döwrebaplaşdyrmak boýunça işlenip taýýarlanan Türkmenistanyň Kanunlarynyň
36-synyň kabul edilendigini, birnäçe kanunlara üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň
girizilendigini aýtdy. Kabul edilen bu kanunlar Garaşsyz Watanymyzyň mundan
beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny
üpjün edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz dünýä
bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň
Garaşsyz döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasyna öwrülendigini,
Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň halkara
derejede giňden bellenip geçiljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik
Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medalyny hem-de ýadygärlik
nyşany döretmek boýunça kanunçylyk tarapdan degişli işleri geçirmegiň
wajypdygyny nygtady.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen ýylyň
başynda welaýatlarda ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanan
etraby we etrap hukukly şäheri kesgitlemek maksady bilen bäsleşigiň yglan
edilendigini belledi. Ýakynda ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
ýolbaşçylygynda ýörite topar bu bäsleşigiň jemlerini jemledi. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz hasabat bermek üçin Türkmenistanyň Kärdeşler
arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy O.Berdiliýewa söz berdi.
Bellenilişi
ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň welaýatlaryny we
Aşgabat şäherini bäsleşikli esasda ösdürmek baradaky asylly ýörelge hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Döwlet
Baştutanymyzyň degişli Buýrugyna laýyklykda, degişli topar tarapyndan
tassyklanylan tertipde degişli işler alnyp baryldy. Onuň netijeleri boýunça
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçen 2024-nji ýylda
ýurdumyzyň iň gowy etraby kesgitlenildi. Şunlukda, durmuş, ykdysady, medeni
görkezijiler babatda iň gowy netijeleri gazanan Mary welaýatynyň Sakarçäge
etraby bäsleşigiň ýeňijisi diýlip kesgitlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyny 2024-nji ýylyň jemleri
boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan etrap diýip yglan etmek we bu etrabyň
häkimligini 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak
hakynda, şeýle hem 2025-nji ýylda etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň
arasynda täze bäsleşigi yglan etmek hakynda Buýruklara gol çekdi.
Hormatly
Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, halkymyzyň tutanýerli zähmeti
netijesinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly üstünlikleriň
gazanylandygyny, bellenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilendigini, döwrebap
kanunlary taýýarlamak hem-de durmuşa ornaşdyrmak boýunça işleriň dowam
etdirilendigini belledi.
Ykdysadyýetimiziň
ýokary ösüş depginini saklap galdyk. Jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim, şol
sanda senagatda 1,5 göterim, söwdada 10,1 göterim, oba hojalygynda bolsa 5,3
göterim boldy. Maýa goýumlar 9,1 göterim artdy. Hasabat döwründe jemi 5 müň 735
sany täze iş orny döredildi. Ýurdumyzda öndürilen önümleriň eksport edilen
möçberi 12 milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy.
Geçen
ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 86 sany önümçilik we
medeni-durmuş maksatly desga, umumy meýdany 1 million 145 müň inedördül metre
deň bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Maşgalalaryň müňlerçesi jaý toýuny
toýladylar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurulýan, ýurdumyzyň
taryhynda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň
gurluşygy dowam etdirildi.
Hormatly
Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumyna degişli iri taslamalaryň durmuşa
geçirilendigini, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz
geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat
gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berlendigini belledi. Ahal we Lebap
welaýatlarynda Bäherden, Lebap sement zawodlarynyň ikinji tapgyry, Balkan —
Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisi we elektrik
beketleri işe girizildi. Döwrebap agyz suwuny arassalaýjy desgalar ulanmaga
berildi. Köpetdagyň gözel künjeginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh
toplumy we akyldar şahyrymyzyň heýkeli, şeýle hem Berdimuhamet Annaýew adyndaky
Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumy, saglygy goraýyş maksatly
halkara merkezler we beýleki desgalar ulanmaga berildi.
Döwlet
Baştutanymyz daýhanlarymyzyň ekinlerden bol hasyl alyp, ýurdumyzyň azyk
howpsuzlygyny üpjün edendiklerini belledi. 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti
kabul edildi. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň möçberi
ýene-de artdyryldy.
Gündogaryň
beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de Änew
şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan
edilmegi mynasybetli birnäçe halkara çäreler guraldy. Ýurdumyzda söz ussadynyň
doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara
arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum ýokary
derejede geçirildi diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Nygtalyşy
ýaly, Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikdäki abraýy yzygiderli ýokarlanýar.
Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Geçen ýyl
Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasynyň çäklerinde birnäçe Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Bu
bolsa Bitarap döwletimiziň öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň
dünýä jemgyýetçiliginde uly goldaw tapýandygynyň aýdyň güwäsidir. Şeýle hem
Bitarap Türkmenistan beýleki iri halkara we sebit guramalary bilen netijeli
hyzmatdaşlygy alyp barýar.
Hormatly Prezidentimiz her ýylyň belli bir
şygar boýunça geçirilýändigini, şu ýylyň hem «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýyly» diýlip yglan edilendigini aýtdy. Bu şygar uly many-mazmuna eýe bolup,
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny has-da ýokarlandyrmaga,
ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen işleri amala
aşyrmaga ruhlandyrýar. Munuň özi biziň üstümize uly jogapkärçiligi ýükleýär.
Şoňa görä-de, bu şygary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin tutanýerli zähmet
çekmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz öňde duran
wezipeler barada durup geçip, «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl umumy
meýdany 500 müň inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlaryny, 4 müň 620 orunlyk
umumybilim edaralaryny, 2 müň orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup
ulanmaga bermegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini gowulandyrmak üçin bu Maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde
welaýatlarda we paýtagtymyzda ençeme desgalardyr binalaryň gurluşygyna badalga
berler. Şeýle hem birnäçe desgalaryň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde
tutulýar.
Biz şu ýyl Ahal welaýatynyň Ak bugdaý
etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliklerinde, Balkan welaýatynyň
Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap obalary, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç
etrabynda täze şäherçäni, Balkan welaýatynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden
geçýän awtomobil köprüsini, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde Halkara howa
menzili toplumyny gurup ulanmaga tabşyrarys. Şeýle hem Aşgabat — Türkmenabat
ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi, Türkmenistanyň
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebi ulanmaga berler
diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak
maksady bilen, awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz, elektrik üpjünçilik
ulgamlarynyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ep-esli serişde
goýberiler.
Ýurdumyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýyly mynasybetli möhüm ähmiýeti bolan birnäçe halkara çäreler geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly»
diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy
mynasybetli diňe bir ýurdumyzyň raýatlaryny däl, eýsem, daşary ýurtly raýatlary
hem sylaglamak bilen bagly degişli teklipleri taýýarlamagyň, ýylyň aýratyn
möhüm wakalaryna öwrüljek bu şanly seneleri geçirmek boýunça häzirden ýokary
derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz şu ýyl üçin kabul edilen
maksatnamanyň örän köp işleri öz içine alýandygyny, ata Watanymyzy mundan
beýläk-de gülledip ösdürmegiň baş maksat bolup durýandygyny aýdyp, halkymyz
bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, 2025-nji ýylda bellenen sepgitlere,
maksatlara ýetiljekdigine berk ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan
saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp
barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.