Şu
gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň
ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi.
Ilki
bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde ýylyň
başyndan bäri alnyp barlan işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň
goranmak ukybyny ýokarlandyrmak babatda beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi
barada hasabat berdi. Şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli açylyp
ulanmaga berlen gulluk we ýaşaýyş-durmuş maksatly binalar barada hasabat
berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine
eýe bolan Harby doktrinasynyň ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna hem-de
türkmen halkyna mahsus bolan ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk
ýörelgelerine esaslanýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz milli Ýaragly
Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, harby
gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, ýaşlary watançylyk ruhunda
terbiýelemäge aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belledi we bu babatda birnäçe
anyk tabşyryklary berdi.
Baş
prokuror B.Muhamedow ýurdumyzda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine
ýetirilişine talabalaýyk gözegçiligi amala aşyrmak boýunça görülýän çäreler
barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, sanly ulgamy has giňden
ornaşdyrmaga, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, prokuratura
edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga zerur ähmiýet
berilýändigi aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunylygy hem-de hukuk tertibini
pugtalandyrmagyň, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramagyň möhüm wezipe
bolmagynda galýandygyny aýratyn belläp, Baş prokurora kabul edilýän
kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilmegine, hukuk bozulmalarynyň
öňüni almak boýunça ýerine ýetirilýän işlere berk gözegçiligi amala aşyrmagy
tabşyrdy.
Içeri
işler ministri M.Hydyrow şu ýylyň ýanwar aýynda ýolbaşçylyk edýän düzümleri
tarapyndan ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, kanun bozulmalarynyň
öňüni almak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem bu
düzümleri öňdebaryjy tehnikalar we enjamlar bilen üpjün etmek, sanly
tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak, ýol hereketiniň, ýangyn howpsuzlygynyň
düzgünlerini berjaý etmek boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy. Şunuň bilen
bir hatarda, ministr Watan goragçylarynyň güni mynasybetli paýtagtymyzyň
Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda Içeri işler ministrliginiň
ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň täze binalar toplumynyň, şeýle hem
Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň binalarynyň nobatdaky
tapgyrynyň, Içeri işler ministrliginiň Balkan welaýat Polisiýa müdirliginiň
işgärleri üçin 2 sany 4 gatly, 32 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň, welaýat
Polisiýa müdirlikleriniň birliklerinde Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny
anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň edara binalarynyň açylyp ulanmaga
berlendigi hakynda hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, kanunylygyň we hukuk tertibiniň üpjün
edilmegini, dürli hukuk bozulmalarynyň öňüniň alynmagyny Içeri işler
ministrliginiň işgärleriniň öňünde durýan esasy wezipeleriň hatarynda görkezdi.
Döwlet Baştutanymyz ilatyň arasynda ýol hereketiniň düzgünleriniň, ýangyn
howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilmeginiň zerurdygy barada düşündiriş
işlerini yzygiderli geçirmegiň möhümdigini aýtdy hem-de bu babatda degişli tabşyryklary
berdi.
Ýokary
kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan şu
ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, hususan-da, milli kazyýet ulgamynyň
işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, bu işde sanly tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagyna, kazylaryň hünär
derejesiniň ýokarlandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, “Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2022
— 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” öňde goýlan wezipeleri üstünlikli
çözmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, kazyýet ulgamynyň
işini döwrüň talabyna laýyklykda guramagyň, kazyýet edaralarynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň zerurdygy bellenildi. Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu düzümiň işgärleriniň öňünde durýan
wezipeleriň örän jogapkärlidigini aýdyp, olaryň hünär derejesini yzygiderli
ýokarlandyrmagyň wajypdygyna aýratyn ünsi çekdi.
Soňra
milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri, Milli howpsuzlyk ministrligini ösdürmegiň 2022 — 2028-nji
ýyllar üçin Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi boýunça görülýän toplumlaýyn
çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň dowamynda ministrligiň düzüminde
açylyp ulanmaga berlen täze, döwrebap edara binasy we ýaşaýyş jaýlary barada
aýdyldy.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, öňde goýlan wezipelere ünsi çekdi hem-de
ýurdumyzyň milli howpsuzlygyny ygtybarly üpjün etmek babatda alnyp barylýan
işleri yzygiderli dowam etdirmegiň zerurdygyny belläp, ministre anyk
görkezmeleri berdi.
Döwlet
serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýylyň başyndan bäri Watanymyzyň mukaddes
serhediniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek boýunça görlen çäreler,
serhetçileriň netijeli gulluk etmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin oňyn şertleri
döretmek babatda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik
Bitarap Türkmenistanyň döwlet serhediniň goňşy ýurtlar bilen dost-doganlyk
serhedidigini, ýurtlarymyzyň halklaryny köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk,
hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz
mukaddes serhedimiziň ygtybarly goralmagyny üpjün etmegiň, gullugyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň möhümdigini belledi we degişli
tabşyryklary berdi.
Adalat
ministri M.Taganow şu ýylyň ýanwar aýynda milli kanunçylyk binýadyny
hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak, ony döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça
ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna Adalat ministrliginiň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň we
Daşoguz welaýatynyň adalat edaralarynyň edara binalaryny gurmak hakynda Kararyň
taslamasy hödürlenildi.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, milli kanunçylyk
ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, döwlet düzümleri tarapyndan işlenip
taýýarlanylýan hukuk namalarynyň taslamalarynyň döwrüň talabyna laýyk bolmagyny
üpjün etmegiň möhümdigini belläp, ministre bu ugurda alnyp barylýan işleri
dowam etdirmegi tabşyrdy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň
we Daşoguz welaýatynyň adalat edaralarynyň edara binalaryny gurmak hakynda
Karara gol çekdi.
Döwlet
gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri, ýolbaşçylyk edýän düzümini ösdürmegiň maksatnamasyndan
gelip çykýan wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça görlen çäreler, döwlet
Baştutanymyzyň gullugyň işini kämilleşdirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň
ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gullugyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, serhetden geçýän harytlaryň
we ýükleriň gözden geçirilişiniň netijeliligini üpjün etmek maksady bilen,
barlag-geçiriş nokatlarynyň işini has-da kämilleşdirmegiň wajypdygyny belläp,
degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow
şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň
öňünde durýan möhüm wezipeleri netijeli çözmek babatda görlen anyk çäreler
barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, Watan goragçylarynyň güni
mynasybetli Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýat müdirliginiň Kerki etrap
bölüminiň täze edara binasynyň açylyp ulanmaga berlendigi barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gullugyň
ähli düzümleriniň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegini, maddy-enjamlaýyn
binýadynyň pugtalandyrylmagyny, işgärleriň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň
has-da gowulandyrylmagyny, olaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyny ileri
tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezdi we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara
ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda,
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we çäk
bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny
berkitmek, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini,
bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň asuda hem-de bagtyýar
durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri
arzuw etdi.