Hukuklary bellige aldyrmaklyk üçin gerekli resminamalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

  31.01.2025ý.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisde ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler esasynda milli hem halkara tejribe öwrenilip, kazyýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, ykdysadyýetiň aýry-aýry pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeleri hukuk taýdan düzgünleşdirmek, hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça kanun taslamalary taýýarlanylýar. Mejlisiň deputatlary öňdebaryjy halkara tejribeleri öwrenmek, milli kanunçylygy kämilleşdirmek maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren maslahatlaryna we duşuşyklaryna gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz maglumaty diňläp, milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzda menzilara bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan bank işiniň täze usullaryny ornaşdyrmak, hususan-da, “Galkynyş” töleg ulgamyny işläp taýýarlamak babatda degişli işler geçirildi. Munuň özi edaralardyr şahsy taraplar üçin döwrebap hem-de ýokary hilli menzilara bank hyzmatlaryny hödürlemäge, olaryň gerimini giňeltmäge, bank işiniň netijeliligini artdyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bank hyzmatlarynyň hiliniň yzygiderli ýokarlanýandygyny, bu ugurda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Döwlet daşary ykdysady iş bankynda ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän “Galkynyş” töleg ulgamy bilen bagly teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow sarp edijileri nebit önümleri bilen üpjün etmek boýunça hyzmatlaryň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň çäklerinde paýtagtymyzda we welaýatlarda täze ýaşaýyş toplumlaryny, senagat zolaklaryny, dürli önümçilikleri döretmek babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer nebit önümleri bilen sarp edijilere hyzmat edýän nokatlary has-da artdyrmak üçin netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda içerki sarp edijileri hem-de üstaşyr geçýän ulaglary ýangyç serişdeleri bilen üpjün etmek babatda döwrebap hyzmatlaryň ýola goýulýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz sarp edijilere edilýän hyzmatlary has-da gowulandyrmak maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda dowam edýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, gowaça ekiljek meýdanlarda tekizlemek, geriş we çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek, gowaça çigidini, oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär. Bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin ideg işleri, ilatymyzy ýeralma, gök-bakja önümleri bilen üpjün etmek arkaly azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça zerur işler geçirilýär. Maldarçylyk pudagyny ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak we talabalaýyk idetmek, olaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak, maldarçylyk hojalyklarynda mallary dok hem ýyly gyşlatmak babatda degişli işler alnyp barylýar. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny kadaly derejede saklamak babatda-da degişli çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, gowaça ekiljek meýdanlarda degişli agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmegiň, pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk pagtany gaýtadan işlemegi hem-de tohumlyk gowaça çigidini taýýarlamagy gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny nygtady. Şeýle-de bugdaý ekilen meýdanlarda talabalaýyk ideg işlerini alyp barmagyň, welaýatlarda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlarynda degişli agrotehniki çäreleri geçirmegi dowam etdirmegiň zerurdygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz maldarçylyk hojalyklarynda mallary dok we ýyly gyşlatmak boýunça işleri netijeli ýola goýmagyň möhümdigini aýdyp, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmek, hususan-da, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Tejenkarbamid”, “Marykarbamid”, “Garabogazkarbamid” zawodlary tarapyndan karbamid dökünleri öndürilip, ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijileri bu önüm bilen üpjün edilýär we olar daşary ýurtlara eksport edilýär. Häzirki wagtda zawodlaryň bökdençsiz, ygtybarly işledilmegini gazanmak üçin bu kärhanalary önümçilikde ulanylýan tehnologik enjamlar we serişdeler bilen üpjün etmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hereket edýän himiýa kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny doly ulanmaga aýratyn ähmiýet bermegiň zerurdygyny belledi we wise-premýere “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky karbamid dökünini öndürýän zawodlara toplumlaýyn hyzmat etmek boýunça baglaşylan şertnamalaryň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew şu ýylyň 19-20-nji fewralynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň sekizinji mejlisini geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, hökümetara toparyň nobatdaky mejlisinde söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Türkiýe Respublikasy bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk edýändigini, şunda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň hem netijeli ösdürilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türkmen böleginiň düzümi boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň şöhratly taryhy we baý medeniýeti barada maglumatlary özünde jemleýän hem-de ýaş nesillerimizi watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýeti bolan taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, düýpli öwrenmek, rejelemek, olaryň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek hem-de halkara talaplara laýyk getirmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýylyň ýazky möwsüminde taryhy-medeni ýadygärliklerde ylmy-barlag, rejeleýiş-dikeldiş işlerini dowam etdirmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda taryhy-medeni ýadygärlikleri giňden öwrenmek üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, gazuw-agtaryş işleri netijesinde ýüze çykarylýan arheologik tapyndylary halkara derejede giňden wagyz etmek işlerini dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde şu ýylyň fewral-mart aýlarynda sanly ulgam arkaly halkara okuw-usuly maslahaty we olimpiadalary geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli taýýarlanylan Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyndan ugur alnyp, 28-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 33 ýyllygy mynasybetli “Dil — hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi” atly halkara okuw-usuly maslahaty, 10 — 15-nji martda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda nazary mehanika dersinden IV Açyk halkara internet olimpiadasyny, 18-nji martda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda materiallaryň garşylygy dersinden IV Açyk halkara internet olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Halkara okuw-usuly maslahata we olimpiadalara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary, alymlary bilen bir hatarda, RF-niň, HHR-iň, ABŞ-nyň, Koreýa Respublikasynyň, BAE-niň, Awstriýa Respublikasynyň, GFR-iň, Rumyniýanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Malaýziýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we beýleki onlarça döwletiň abraýly bilim ojaklarynyň zehinli ýaşlarynyň, alymlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Munuň özi ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylmagynda, ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagynda möhüm ähmiýete eýe bolar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň zehin-başarnygyny ösdürmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň degişli ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara okuw-usuly maslahatyny hem-de halkara internet olimpiadalaryny geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasy barada hasabat berdi.

Abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şolaryň hatarynda ÝHHG hem bar. Bu gurama bilen gatnaşyklar dürli ugurlary öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň dowamynda ÝHHG-niň esasy düzüm birlikleriniň çäklerinde Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny öňe sürmek boýunça degişli işleriň geçirilendigi bellenildi. Ýerine ýetirilen işleriň netijelerini jemlemek maksady bilen, 2024-nji ýylyň 5-6-njy dekabrynda Malta Respublikasynyň Walletta şäherinde gurama agza ýurtlaryň her ýylda geçirilýän geňeşiniň ministrler derejesindäki nobatdaky maslahaty boldy. Onuň dowamynda Türkmenistanyň halkara we sebit derejesinde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary beýan edildi. Şunda halkara gatnaşyklarda Bitaraplyk syýasatynyň mümkinçiliklerini ulanmagyň zerurdygy aýratyn nygtaldy. Şeýle-de ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny bilelikde dabaraly bellemek, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini bu guramanyň gün tertibine girizmek teklip edildi.

Hasabatyň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi we ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde 2025-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilýän taslamalaryň meýilnamasynyň taýýarlanylandygyny habar berdi. Bu resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklarynyň esasy ugurlary boýunça anyk çäreleriň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Umuman, şu ýyl taslamalaryň 40-syny durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Hususan-da, syýasy ulgamda parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmäge, kiberhowpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen taslamalar amala aşyrylar. Şeýle-de ykdysady we ekologiýa ugurlarynda birnäçe taslamalary durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Olar ykdysadyýeti, sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, ekologik howpsuzlygy berkitmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly möhüm meseleleriň çözülmegine gönükdirilendir. Mundan başga-da, ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly birnäçe taslamalar meýilleşdirildi. Olaryň çäklerinde ylym we bilim, adam hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, ýurdumyzyň demokratik institutlarynyň binýadyny kämilleşdirmek, gender deňligini üpjün etmek, raýatsyzlyk meselelerini çözmek, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmek ulgamlarynda degişli çäreleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biriniň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybarat bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyny makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde gözegçilik edýän toplumynyň, hususan-da, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmek hem-de awtomobil ulaglary arkaly ýük daşamak üçin ulag serişdelerini bökdençsiz we netijeli işletmek babatda zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyp, ulag serişdelerini netijeli peýdalanmak üçin bu ugurda taýýarlanylan teklibi makullady we agentligiň ýolbaşçysyna degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi

Habaryň resmi çeşmesi:(“Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) - Türkmenistan Bu günweb-saýty).