Şu gün hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba
hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly
meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam
edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
möwsümleýin ideg işleri alnyp barylýar. Meýdanlary gowaça ekişine taýýarlamak
maksady bilen, ýerlerde tekizleýiş we geriş çekmek işleri geçirilýär. Pagtaçy
babadaýhanlar üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli
gowaça tohumyny, ýazky oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary
möwsüme taýýarlamak babatda degişli işler ýerine ýetirilýär. Welaýatda ýazlyk
ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny
möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýerleriň melioratiw
ýagdaýyny gowulandyrmak, suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak işleri alnyp
barylýar. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda
açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin agrotehniki çäreleri, hususan-da,
bugdaýa ideg we meýdanlary ekişe taýýarlamak işlerini ýokary hilli geçirmäge
toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary
berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge
gönükdirilen maksatnamalarda welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz
wagtynda we talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Balkan
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg
işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlaryny, pagta öndürijiler
üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny
we gurallary ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler dowam
etdirilýär. Ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini,
tohumlaryny möwsüme taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem suw
serişdelerini tygşytly, netijeli peýdalanmak maksady bilen, welaýatyň çägindäki
derýalarda, suwaryş akabalarynda suwuň kadaly akymyny üpjün etmek boýunça
degişli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň netijeliligini
ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime
degişli görkezmeleri berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şu ýyl welaýatda
açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak maksady bilen,
ýerlerde tekizleýiş we çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri talabalaýyk alnyp
barylýar. Şunuň bilen birlikde, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy
bilen üpjün etmek, ýazky oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary möwsüme
taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja
ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak işleri
alnyp barylýar. Welaýatyň ekerançylyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny
gowulandyrmak, suwaryş akabalarynda suwuň kadaly akymyny üpjün etmek maksady
bilen, suwaryş, şor suw akabalarynda arassaçylyk işleri geçirilýär. Şeýle hem
häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara
laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilmeginiň
oba hojalyk işlerini netijeli alyp barmagyň esasy şerti bolup durýandygyny
belledi we häkime anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz
öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini aýdyp,
bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Lebap
welaýatynyň häkimi M.Annanepesow dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda sebitde bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady
bilen, ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri
alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny
tutmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Pagtaçy babadaýhanlar üçin ýokary
hilli gowaça tohumyny, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk
tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Welaýatda
ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, olaryň
tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak üçin zerur çäreler görülýär. Ýazky oba
hojalyk möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde welaýatyň ekerançylyk
meýdanlarynyň daş-töwereginde, suwaryş we şor suw akabalarynda degişli
arassaçylyk işleri geçirilýär. Mundan başga-da, häkim “Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik
maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaýa ideg etmek, ekerançylyk meýdanlaryny
ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
ýerine ýetirilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitledi we bu
babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary
hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Mary
welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek babatda öňde goýlan
wezipelerden ugur alnyp, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri
dowam edýär. Gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak maksady bilen,
ýerlerde tekizleýiş, geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýokary hilli gowaça
tohumyny, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary ekiş möwsümine taýýarlamak
işleri dowam edýär. Häzirki wagtda welaýatda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja
ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak
boýunça degişli işler geçirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini
gowulandyrmak, suwuň kadaly akymyny üpjün etmek maksady bilen, welaýatyň
çägindäki derýalarda we suwaryş akabalarynda degişli arassaçylyk işleri alnyp
barylýar. Mundan başga-da, häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 —
2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, «Türkmenistanyň
Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap
merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji
ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň gurluşyk işleri barada
hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilmeginiň
ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, oba hojalygyny
durnukly ösdürmäge hem ýardam berýändigini belledi we bugdaýa ideg etmek,
meýdanlary ekişe taýýarlamak işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda
geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz
öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine
ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam
edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Diýarymyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek hem-de ilatymyzy
galla önümleri bilen bolelin üpjün etmek maksady bilen, bugdaý ekilen
meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär.
Gowaça ekişine görülýän taýýarlygyň çäklerinde meýdanlarda tekizleýiş, geriş,
çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Pagtaçy babadaýhanlar
üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny
ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem
welaýatlarda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny,
olaryň tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine
ýetirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, dowam edýän oba hojalyk işlerini agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ýokary hilli geçirmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň
zerurdygyny belledi we wise-premýere möwsümleýin işleri gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Soňra
döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba
hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we welaýatlaryň gowaça ekiljek
ýerlerinde tekizleýiş, çil, geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleriniň
geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy, pagta öndürijileri ýokary hilli
gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin ähli zerur işleri geçirmegi, tehnikalardyr
gurallary ýaz ekişine talabalaýyk taýýarlamak üçin degişli işleri alyp barmagy,
welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk
geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, ýeralma, gök-bakja
ekinleriniň ýazky ekişine tohumlary we ýerleri talabalaýyk taýýarlamak,
welaýatlarda pagta, bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň
arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini
üpjün etmek tabşyryldy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň
çägindäki derýalarda we suwaryş akabalarynda suwuň kadaly akymyny üpjün etmek
üçin degişli işleri geçirip durmagy, şu ýyl sebitlerde açylyp ulanmaga
berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk
işleriniň barşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk
jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri
arzuw etdi.