Şu
gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy
edaralary tarapyndan 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi
hem-de şu ýylda bu düzümleriň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi.
Ilki
bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew
çykyş edip, geçen ýylda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň Maksatnamasyny
durmuşa geçirmek, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, harby gullukçylaryň hünär
derejesini ýokarlandyrmak hem-de ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak
boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatda çagyryş
boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmak we
Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak boýunça alnyp barlan işler
hem-de Watan goragçylarynyň gününe taýýarlyk görlüşi barada bellenildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, 2024-nji ýylda
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen dürli
çäreler toplumynyň yzygiderli geçirilendigini aýtdy. Ýaragly Güýçleriň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de ýurdumyzyň goranmak ukybyny
ýokarlandyrmak ugrunda degişli işler alnyp baryldy diýip, döwlet Baştutanymyz
belledi hem-de 2025-nji ýylda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini kämilleşdirmek we
ösdürmek boýunça işleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy.
Ýaragly
Güýçleri döwrebap harby tehnikalar we enjamlar bilen üpjün etmek, häzirki
döwrüň talaplaryna laýyklykda harby ulgamda innowasion tehnologiýalardan baş
çykarýan harby hünärmenleri taýýarlamak işleri ileri tutulýan wezipeleriň
hatarynda kesgitlenildi.
Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine Ýaragly Güýçleriň harby
bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de
harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça
meseleleri gözegçilikde saklamak tabşyryldy.
Soňra
Baş prokuror B.Muhamedow prokuratura edaralary tarapyndan 2024-nji ýylda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri, döwrebap tejribäniň we sanly ulgamyň
peýdalanylmagy arkaly bu edaralaryň işini kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn
binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilen çäreler, şeýle hem
prokuratura edaralarynyň işgärleriniň netijeli gulluk etmekleri we olaryň
maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak üçin döredilýän
şertler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanunlaryň ýerine
ýetirilişine, hukuk namalarynyň kanunylygyna, hukuk bozulmalarynyň öňüniň
alynmagyna prokuror gözegçiliginiň amala aşyrylmagyny möhüm wezipeleriň
hatarynda kesgitledi.
Şeýle
hem döwlet Baştutanymyz Prokuratura edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2022 --
2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda we ony amala aşyrmak boýunça ýerine
ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň talabalaýyk
alnyp barylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny aýdyp, bu babatda Baş
prokurora anyk tabşyryklary berdi.
Soňra
içeri işler ministri M.Hydyrow 2024-nji ýylda ýurdumyzda jemgyýetçilik
düzgün-tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça ýerine
ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, ministrligiň
garamagyndaky düzümleriň iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylyşy, sanly
ulgamyň ornaşdyrylyşy, ýangyn howpsuzlygynyň we ýol hereketiniň düzgünleriniň
berk berjaý edilmegi üçin görülýän çäreler barada aýdyldy. Şeýle hem geçen ýyl
we 2025-nji ýylyň başynda ýurdumyzyň welaýatlarynda ulanylmaga berlen döwrebap
ugurdaş desgalar barada maglumat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, içeri işler edaralarynyň,
şol sanda ýol gözegçilik we ýangyn howpsuzlygy gulluklarynyň işini mundan
beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ýol
hereketiniň we ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek boýunça düşündiriş
işleriniň geçirilmeginiň möhümdigi bellenildi.
Şunuň
bilen bir hatarda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
ministrligiň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň, onuň garamagyndaky
ähli bölümlere sanly ulgamyň we öňdebaryjy tejribäniň ornaşdyrylmagynyň
möhümdigine ünsi çekip, ministre işgärleriň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň
gowulandyrylmagyna gönükdirilen işleri mundan beýläk-de dowam etmek babatda
birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ýokary
kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan geçen
ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna
laýyklykda, kazyýet işine sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak boýunça
durmuşa geçirilen çäreler, şeýle hem degişli ösüş Maksatnamasynda göz öňünde
tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilişi we kazylaryň hünär derejesini
ýokarlandyrmak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýokary derejeli hünärmenleri saýlap almaga
aýratyn üns berilmelidigini belledi hem-de kazyýet işgärleriniň hünär we bilim
derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň möhümdigini aýtdy.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy milli kanunçylygyň many-mazmunyny
düşündirmek, hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak işlerini, şeýle hem
Türkmenistanyň Kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň
öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Şunuň
bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kazyýet ulgamyny
yzygiderli kämilleşdirmegiň, kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň
ähmiýetine ünsi çekdi we Ýokary kazyýetiň başlygyna degişli tabşyryklary berdi.
Soňra
milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew ýurdumyzda parahatçylygy we asudalygy
üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilen işleriň we görlen çäreleriň netijeleri,
düzümiň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin döwrebap usullaryň we
öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, öňde goýlan
wezipelere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow ýurdumyzyň milli howpsuzlygyny ygtybarly üpjün etmek boýunça
alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny belläp, ministre
anyk görkezmeleri berdi.
Soňra
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň geçen
ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň
tabşyrygyna laýyklykda, serhet bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny
döwrebaplaşdyrmak, Watan goragçylary üçin talabalaýyk gulluk, ýaşaýyş-durmuş
şertlerini döretmek babatda görlen çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik
Bitarap Türkmenistanyň döwlet serhediniň goňşy ýurtlar bilen dost-doganlyk
serhedidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mukaddes
serhedimiziň ygtybarly goralmagyny üpjün etmegiň, serhet goşunlarynyň işini
mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, Gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň
yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagynyň möhümdigi barada aýtdy.
Şunuň
bilen hatarda, döwlet Baştutanymyz harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen işleri gözegçilikde saklamagy
Gullugyň başlygyna tabşyrdy.
Soňra
adalat ministri M.Taganow milli kanunçylyk binýadyny häzirki döwrüň talaplaryna
laýyklykda kämilleşdirmek, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak boýunça 2024-nji
ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem
raýatlaryň hukuklary we borçlary barada wagyz-nesihat işlerini geçirmek, ilata
degişli hukuk kömegini bermek boýunça ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli kanunçylyk ulgamyny
halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek boýunça işleri
dowam etmegiň möhümdigini belledi. Döwlet düzümleri tarapyndan işlenip
taýýarlanylýan hukuk namalarynyň taslamalary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we
hereket edýän kanunlara laýyk gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we
ministre birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet
gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew geçen ýylda alnyp barlan işler,
Gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi,
şeýle hem onuň işini ösdürmegiň Maksatnamasyny netijeli durmuşa geçirmek
babatda görlen anyk çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda haryt dolanyşygynyň möçberleriniň
artmagynyň, ulag-logistika mümkinçilikleriniň giňelmeginiň gümrük işiniň ýokary
derejede guralmagyny, şol sanda ygtybarly gümrük gözegçiliginiň üpjün
edilmegini talap edýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Gullugyň öňünde durýan wezipelere ünsi çekip, gümrük
terminallarynyň häzirki zaman barlag-gözegçilik enjamlary bilen üpjün edilmegini,
olaryň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, ugurdaş düzümler bilen halkara
hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmek işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Döwlet migrasiýa
gullugynyň başlygy A.Sazakow geçen ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri,
gullugyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça görlen
çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatda gullugy ösdürmegiň
Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde bu düzümiň işgärleriniň gulluk
etmegi, olaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy üçin zerur şertleriň
döredilýändigi, 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýada
raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça ministrler derejesindäki sebitleýin
maslahatyň geçirilendigi barada aýdyldy.
Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Gullugyň işini, şol sanda
migrasiýa hyzmatlaryny yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz
Gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli kämilleşdirmek, halkara
hyzmatdaşlygyny giňeltmek, durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak,
işgärleri taýýarlamak meselelerini Gullugyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň
hatarynda kesgitläp, bu babatda tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly
Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby
doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň
harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň
goranmak ukybyny berkitmek, şeýle hem Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala
agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça
maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini, bu işleriň mundan beýläk hem
dowam etdiriljekdigini belledi.
Ýurdumyzda her ýylyň
27-nji ýanwarynda Watan goragçylarynyň güni dabaraly ýagdaýda bellenip
geçilýär. Bu baýram ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby
gullukçylaryna we işgärlerine bildirilýän uly ynamyň, çäksiz hormatyň we olar
hakda edilýän aladanyň aýdyň subutnamasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Bellenilişi ýaly, ata
Watanymyza wepaly gulluk edip, onuň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny,
çäk bitewüligini we konstitusion gurluşyny ygtybarly goramak, kanunçylygy üpjün
etmek, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini, şeýle
hem jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramak Watan goragçylarynyň mukaddes
borjudyr.
Hormatly Prezidentimiz
pursatdan peýdalanyp, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli harby
gullukçylaryny we işgärlerini ýetip gelýän Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs
ýürekden gutlady.
Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly
Serdar Berdimuhamedow giňişleýin göçme mejlisi tamamlap, hemmelere berk jan
saglyk, rowaçlyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp
barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.