Şu gün hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk ministri Ç.Çetiýewiň hem-de
welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda
ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen
baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Ol welaýatda
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda möwsümleýin ideg işleri alnyp
barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda pagtanyň öndürilýän möçberini
artdyrmak baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatyň
gowaça ekiljek meýdanlarynda tekizleýiş we geriş çekmek işleri ýerine
ýetirilýär. Önüm öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, ýazky oba
hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak
babatda zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja
ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça işler
ýerine ýetirilýär. Ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde sebitiň
ekerançylyk meýdanlarynyň daş-töwereginde, suwaryş we şor suw akabalarynda
arassaçylyk işleri geçirilýär. Şeýle hem häkim welaýatyň çägindäki
medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty
elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek
boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin
işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň, ýazky ekiş
möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmeginiň möhümdigini belledi we bu ugurdaky
işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Balkan
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş,
geriş çekmek işleri geçirilýär. Ekiş möwsüminde önüm öndürijileri ýokary hilli
gowaça tohumy bilen üpjün etmek hem-de oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary
möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýurdumyzda ýeralmanyň we
gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak barada öňde goýlan
wezipelerden ugur alnyp, welaýatda bu ekinleriň ekiljek ýerlerini, tohumlaryny
ekiş möwsümine taýýarlamak babatda degişli işler alnyp barylýar. Sebitiň
ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny, suw üpjünçiligini gowulandyrmak
boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim gyş möwsüminde welaýatyň
çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik
maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik
energiýasy, agyz suwy, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda ýerine
ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, ýazky ekiş möwsümine
talabalaýyk taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew sebitdäki möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak üçin alnyp
barylýan işleriň çäklerinde topragy fosfor döküni bilen gurplandyrmak, sürüm,
tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär.
Pagtaçy daýhanlary welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli
gowaça tohumy bilen üpjün etmek, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk
tehnikalaryny abatlamak hem-de möwsüme taýýar etmek babatda zerur çäreler
görülýär. Hormatly Prezidentimiziň ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýeralma,
gök-bakja we beýleki azyklyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça berýän
tabşyryklaryndan ugur alnyp, häzirki wagtda bu ekinleriň ekiljek meýdanlaryny,
tohumlaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ekin meýdanlarynyň
daş-töwereginde, suwaryş we şor suw akabalarynda arassaçylyk işleri geçirilýär.
Mundan başga-da, häkim welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş
maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik
energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça ýerine
ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinleriniň ýazky ekişine
talabalaýyk taýýarlyk görülmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezdi
we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Lebap
welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Welaýatda şu ýylyň hasyly üçin gowaça
ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri ýerine
ýetirilýär. Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, pagta
öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça
zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja
ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, bu ekinleriň tohumlaryny taýýarlamak işleri
dowam etdirilýär. Ekin meýdanlarynyň daş-töweregini, suwaryş we şor suw
akabalaryny arassalamak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim häzirki
günlerde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň we jemgyýetçilik binalarynyň
ýyladyş ulgamlarynyň talabalaýyk işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy,
tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi ugrunda görülýän çäreler
barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň, hususan-da, bugdaýa ideg hem-de ýazky ekişe taýýarlyk işleriniň
ýokary hilli, guramaçylykly geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny
belledi we häkime anyk tabşyryklary berdi.
Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow
welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly, sebitiň
bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Gowaça
ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.
Hususan-da, tekizleýiş, geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Ekiş möwsümine
çenli pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek, oba
hojalyk tehnikalaryny ýazky ekişe taýýarlamak boýunça zerur işler alnyp
barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da
pugtalandyrmak barada öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, häzirki wagtda
welaýatda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny,
olaryň tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle
hem welaýatda ösdürilip ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap
almak, ýygnalan hasyly gaýtadan işlemek boýunça zerur çäreler görülýär.
Welaýatyň ekerançylyk meýdanlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak işleriniň
çäklerinde ekin meýdanlarynyň daş-töweregini, suwaryş we şor suw akabalaryny
arassalamak işleri dowam etdirilýär. Mundan başga-da, häkim welaýatdaky ýaşaýyş
jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly
işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz
üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda, ýokary hilli geçirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda
häkime anyk tabşyryklary berdi.
Soňra oba hojalyk
ministri Ç.Çetiýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
Diýarymyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen,
welaýatlaryň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg
işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň gowaça hasylynyň düýbüni tutmaga görülýän
taýýarlyk işleriniň çäklerinde meýdanlarda tekizleýiş, geriş, çil çekmek, ýuwuş
suwuny tutmak işleri geçirilýär. Pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça
tohumlary bilen üpjün etmek hem-de ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny
möwsüme taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär. Welaýatlarda ýeralmanyň
we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny ýazky
ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi
çekdi we ministre häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
ýokary hilli, agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz
iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de
bir gezek ünsi çekdi we welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerinde tekizleýiş, çil,
geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleriniň geçirilişini berk gözegçilikde
saklamagy, ekiş möwsümine çenli pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy
bilen üpjün etmek üçin ähli zerur işleri geçirmegi, tehnikalary, gurallary ýaz
ekişine talabalaýyk taýýarlamak babatda degişli işleri alyp barmagy, bugdaý
meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün
etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, Mary welaýatynda ýetişdirilen gant
şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ýeralma, gök-bakja ekinleriniň
ýazky ekişine talabalaýyk taýýarlyk görmek, welaýatlarda pagta we bugdaý
öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen
işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek babatda anyk
tabşyryklar berildi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ekin meýdanlarynyň
daş-töwereginde, suwaryş, şor suw akabalarynda arassalaýyş işleriniň yzygiderli
geçirilmegini, welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň
ýyladyş ulgamlarynyň işledilişini, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we
agyz suwy bilen üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz
Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan
saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi.