Şu gün hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli
birnäçe meseleler girizildi.
Ilki bilen, Mejlisiň
Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp
barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda
Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen bagly kabul edilen
maksatnamalaryň hukuk esaslaryny döretmek, raýatlaryň azatlyklaryny, kanuny
bähbitlerini goramak, ýurdumyzda hukuk tertibini we kanunylygy pugtalandyrmak,
halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen
baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam etdirilýär.
Türkmenistanyň
Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy
tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi
mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň
Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde Gahryman
Arkadagymyzyň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, Mejlisiň
deputatlary syýasy partiýalaryň, iri jemgyýetçilik birleşikleriniň,
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen bilelikde şu ýylyň we
onuň nyşanynyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň taryhy,
syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz etmek, ýurdumyzyň kada-kanunçylygyny
kämilleşdirmek babatda degişli işleri alyp barýarlar.
Döwlet Baştutanymyz
Serdar Berdimuhamedow döwrüň talabyna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny
işläp taýýarlamagyň hem-de bu ugurda degişli çäreleri görmegi dowam etdirmegiň
möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzyň halkara maliýe derejesini
pugtalandyrmak we abraýyny ýokarlandyrmak, “Türkmenistanyň daşary ykdysady
işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” kesgitlenen
wezipeleri çözmek üçin ugurdaş düzümler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça
görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Ol Döwlet daşary ykdysady iş
bankynyň Beýik Britaniýanyň “Fitch Ratings” agentligi bilen geçiren işleri
barada aýdyp, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halkara maliýe derejesini pugtalandyrmagy dowam
etdirmegiň, bu ugurda halkara agentlikler bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň
wajypdygyny belledi we taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän toplumynda, hususan-da,
“Türkmengaz” döwlet konserniniň garamagyndaky edara-kärhanalarda ýerine
ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, nebitgaz toplumyna
degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli
pugtalandyrylýar we has oňaýly iş şertleri döredilýär. Munuň özi pudakda zähmet
çekýän işgärleriň has netijeli işlemegini üpjün etmäge, zähmet öndürijiliginiň
yzygiderli ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň edara-kärhanalarynyň
maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigini, pudakda zähmet
çekýänler üçin amatly iş şertleriniň döredilýändigini aýtdy hem-de bu ugurdaky
işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi goldap,
wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalygy pudagynda alnyp barylýan işler
barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
ýurdumyzyň gowaça ekiljek meýdanlarynda sürüm işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp
barylýar. Tekizleýiş, geriş, çil çekmek hem-de ýuwuş suwuny tutmak işleri
ýerine ýetirilýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, ýokary hilli
gowaça tohumyny taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň bugdaý
ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam
edýär. Şeýle hem wise-premýer şu ýyl Diýarymyzda oba hojalyk ekinleriniň bol
hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, degişli Kararyň taslamasynyň
taýýarlanylandygyny habar berdi we ony döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, welaýatlarda häzirki jogapkärli möwsümde alnyp barylýan işlere
möhüm ähmiýet bermegiň, ýazky ekişe gowy taýýarlyk görmegiň zerurdygyny
belledi. Şeýle-de ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmaga, ekinleriň
hasyllylygyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermegiň, oba hojalyk önümleriniň
öndürilýän möçberini has-da artdyrmagyň wajypdygy nygtaldy. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Welaýatlar boýunça 2025-nji ýylda oba hojalyk
ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakynda” Karara gol çekip, ony
sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän pudaklaryna, hususan-da,
elektroenergetika pudagyna degişli binalary we desgalary gurmak, durkuny
täzelemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly,
paýtagtymyzyň günorta bölegindäki asma ýoluň talabalaýyk bolmagyny gazanmak
maksady bilen, düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu işler
türkmen gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetiriler. Şunuň bilen baglylykda,
hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, häzirki döwürde Aşgabat şäheriniň keşbiniň barha
gözelleşýändigini, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş merkezleriniň, medeni-durmuş
maksatly binalaryň yzygiderli gurulýandygyny aýtdy we paýtagtymyzda ýerleşýän
asma ýolda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek hakynda resminama gol çekip, ony
sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Aşgabat şäherinde Owganystanyň önümleriniň
sergisini we işewürlik maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 23 — 27-nji fewralynda geçirilmegi
meýilleşdirilýän bu çärelere goňşy ýurduň haryt öndüriji kompaniýalarynyň
hem-de Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän işewürleriniň
gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Serginiň we işewürlik maslahatynyň çäklerinde
özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýurdumyzda öndürilýän önümleri
Owganystana eksport etmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmak
meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda Owganystanyň önümleriniň sergisiniň we işewürlik
maslahatynyň geçirilmeginiň türkmen-owgan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de
ösdürmekde möhüm ädim boljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň fewral aýynda geçiriljek esasy
çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, geljek
aýda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan
edilmegi hem-de Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli
welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde maslahatlary, döredijilik
duşuşyklaryny, brifingleri, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary
geçirmek göz öňünde tutulýar. Gazet-žurnallaryň redaksiýalary tarapyndan dürli
döredijilik bäsleşikleriniň yglan edilmegi meýilleşdirilýär. Mundan başga-da,
ýokary hem-de hünär-tehniki, orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň,
umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda “Türkmenistan —
ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly uniwersiadanyň we spartakiadanyň
sport ýaryşlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Fewral aýynyň esasy çäreleriniň
hatarynda “Täze taryhy döwrüň dünýä nusgalyk ösüşleri — Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň baş ýörelgesi” atly dabaraly maslahat, “Sungat — parahatçylygyň
dili” atly şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisi, “Milli ýörelgelerimiz nesil
terbiýesinde”, “Türkmen Bitaraplygy — halkara parahatçylygyň we durnukly ösüşiň
kepili” atly maslahatlar, “Parahatlyk — geljege mukaddes miras” atly dabaraly
çäre hem bar.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, fewral aýynda geçiriljek çärelere gowy
taýýarlyk görmegiň hem-de olary ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi
we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa 2025-nji ýylda aspirantura, doktorantura we
alymlyk derejelerine dalaşgärlige, kliniki ordinatura kabul etmegiň meseleleri
barada hasabat berdi.
“Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasynda” hem-de “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan
wezipeleri durmuşa geçirmek, ylym ulgamynyň işini mundan beýläk-de
kämilleşdirmek, sanly ykdysadyýeti dolandyrmak babatda ýaş alymlaryň täze
neslini kemala getirmek, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan inženerleri,
tehnologlary, lukmanlary we beýleki hünärmenleri taýýarlamak üçin ýurdumyzyň
degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde degişli
işler geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýyly” şygary astynda geçýän 2025-nji ýylda ylmy-barlag edaralarynda, ýokary
okuw mekdeplerinde aspirantura, doktorantura, alymlyk derejelerine dalaşgärlige
hem-de kliniki ordinatura kabul etmegiň sany baradaky resminamanyň taslamasy
taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, berkarar Watanymyzda ylym ulgamyny kämilleşdirmäge, alymlary,
ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýändigini, bu ulgamy
ösdürmek boýunça köp işleriň amala aşyrylýandygyny aýtdy. Şeýle hem döwlet
Baştutanymyz 2025-nji ýylda aspirantura, doktorantura, alymlyk derejelerine
dalaşgärlige, kliniki ordinatura kabul etmek boýunça degişli işleri geçirmegiň
wajypdygyny nygtap, degişli resminama gol çekdi hem-de ony wise-premýere sanly
ulgam arkaly iberip, resminamanyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi
tabşyrdy.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi.
Ýewropa Bileleşigi hem-de
oňa agza ýurtlar bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak
ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu
gatnaşyklaryň çäklerinde anyk çäreler görülýär. Şunda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel bilen 2023-nji ýylyň
18-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda geçiren duşuşygyny bellemek bolar. Mundan
başga-da, 2024-nji ýylda Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis
Şinasyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Boumanyň,
halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýutta Urpilaýneniň Aşgabada
saparlarynyň bolandygy barada aýdyldy. 2024-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň
Daşary işler ministrliginiň wekiliýetiniň Brýussele sapary boldy. Onuň
dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň ýokary wezipeli wekilleri bilen duşuşyklar
geçirildi hem-de ÝB we oňa agza döwletler bilen Türkmenistanyň arasyndaky
gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga Teswirnama gol çekildi. Şunuň
bilen bir hatarda, Aşgabatda we Brýusselde Türkmenistan bilen Ýewropa
Bileleşiginiň arasynda parlamentara dialogyň, Bilelikdäki komitetiň mejlisleri
yzygiderli geçirilýär, şeýle hem adam hukuklary boýunça dialog hereket edýär.
“Merkezi Aziýa — Ýewropa
Bileleşigi” formatynda giň möçberli hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar, şol sanda
dürli derejede duşuşyklar, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça
forumlar guralýar. Mälim bolşy ýaly, bu formatyň daşary syýasat edaralarynyň
ýolbaşçylarynyň 2023-nji ýylyň oktýabrynda Lýuksemburgda geçirilen nobatdaky
duşuşygynda sebitara gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki “Ýol
kartasy” kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
ösdürmek, şol sanda 2025-nji ýylda Aşgabatda parlamentara dialogyň nobatdaky
duşuşygyny, Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat
edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 20-nji mejlisini geçirmek, halkara hyzmatdaşlyk
boýunça Ýewropa komissarynyň Türkmenistana sapary bilen baglanyşykly teklipler
hödürlenildi. Şeýle-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň hem-de
Ýewropa Geňeşiniň we Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda
guraljak duşuşyk bilen bagly teklip beýan edildi. Bu duşuşygy şu ýylyň
aprelinde Samarkantda geçirmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistanda zenanlaryň
mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen, gender syýasatyna aýratyn üns
berilýär. Bu ugurda daşary ýurtlar
hem-de halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk edilýär. Şunuň bilen
baglylykda, şu ýylyň aprel aýynyň birinji ongünlüginde Aşgabatda Merkezi
Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň zenan ýolbaşçylarynyň forumyny geçirmek
teklip edilýär. ÝB bilen bilelikde ikitaraplaýyn we sebit derejesinde dürli ulgamlarda
birnäçe taslamalardyr maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda,
hormatly Prezidentimiziň garamagyna bilim, daşky gurşawy goramak, ekologiýa,
ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýeti ösdürmek babatda we beýleki ugurlarda
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça maglumatlardyr teklipler hödürlenildi.
Şunuň bilen birlikde, Ýewropa Komissiýasynyň “Horizon Europe”, “Marie
Sklodowska-Curie Actions” maksatnamalary, Ýewropa Gözleg geňeşi bilen
gatnaşyklar ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly
mümkinçilikleri açýar. Şoňa görä, Türkmenistanyň Bilim ministrligine we Ylymlar
akademiýasyna olardan netijeli peýdalanmak boýunça degişli işleri geçirmek
teklip edilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz döwletimiziň öz oňyn Bitaraplyk hukuk
ýagdaýyna pugta eýerip, dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen işjeň
hyzmatdaşlyk edýändigini, geljekde-de parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli
goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürip, «Açyk gapylar» syýasatynyň dowam
etdiriljekdigini belledi. Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen köp ýyllaryň
dowamynda netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Syýasy-ykdysady,
medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklarda gazanylan guwandyryjy netijeler
munuň aýdyň güwäsidir. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň
arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn, hususan-da, “Merkezi Aziýa — Ýewropa
Bileleşigi” formatynda ösdürilýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek
boýunça beýan edilen teklipleri goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine
bu ugurda degişli işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory
M.Çakyýew milli deňiz we derýa ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda
ýerli we daşary ýurt deňiz gämileri abatlanylýar, milli flotumyz üçin täze
deňiz gämileriniň gurluşygy alnyp barylýar. Gämilere hyzmat etmek işleriniň
hilini has-da ýokarlandyrmak babatda degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýük gämileriniň gurluşygynyň milli senagatyň
täze ugry bolup durýandygyny we Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň işini
kämilleşdirmäge ýardam berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny berkitmek boýunça taýýarlanylan teklibi goldap, agentligiň
ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.