Eziz watandaşlar!
2024-nji
ýyl — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly tamamlanyp barýar. Ýene az
salymdan täze — 2025-nji ýyly garşylarys. 2025-nji ýyl — Gündogar müçenamasy
boýunça ýylan ýyly.
Tamamlanyp
barýan ýyl Garaşsyz Watanymyzyň täze taryhynda halkymyzyň durmuşyny
üstünliklere beslän ýyllaryň biri boldy. Bu ýyl türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlary, taryhy başlangyçlary has-da
rowaçlandy.
Diýarymyzyň
ähli ýerlerinde döwrebap mekdepler, çagalar baglary, saglygy goraýyş, sport
desgalary, medeniýet edaralary, önümçilik binalary, başga-da köp sanly desgalar
ulanmaga berildi. Bagtyýar maşgalalaryň müňlerçesi täze jaýly bolmak bagtyna
eýe boldular. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanyldy.
Ýangyç-energetika
toplumyna degişli iri taslamalar durmuşa geçirildi. Türkmenistan — Owganystan —
Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly
bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi. Şeýle
hem energetika, ulag-aragatnaşyk pudaklaryna degişli birnäçe iri desgalaryň
açylyş we gurluşygyna badalga bermek dabaralary geçirildi.
Ahal
we Lebap welaýatlarynda Bäherden hem-de Lebap sement zawodlarynyň ikinji
tapgyry, Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisi
we elektrik beketleri işe girizildi. Döwrebap agyz suwuny arassalaýjy desgalar
ulanmaga berildi. Köpetdagyň gözel künjeginde «Magtymguly Pyragy»
medeni-seýilgäh toplumy we akyldar şahyrymyzyň heýkeli dabaraly ýagdaýda
açyldy. Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze
binalar toplumynyň we beýleki desgalaryň açylmagy bilen, paýtagtymyzyň
binagärlik keşbi has-da gözelleşdi.
Arkadag
şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam etdirildi. «Arkadag şäherini 2024 —
2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. «Akylly» şäherimiz
halkara sergilerde abraýly baýraklara mynasyp boldy. Ýurdumyzda döwrebap
obalaryň, häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy dowam etdirilýär. Bularyň
ählisi berkarar Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny, belent ösüşlerimizi aýdyň
görkezýär.
Eziz watandaşlar!
Oba
hojalyk pudagynda geçirýän özgertmelerimiz hem rowaçlyklara beslenýär. Şu ýyl
bereketli topragymyzda öndürilýän pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş
nyrhlary ýokarlandyryldy. Edermen daýhanlarymyz Watan harmanyna 1 million 400
müň tonnadan gowrak ýokary hilli bugdaý tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamany
üstünlikli ýerine ýetirdiler. Ýygnalan bol galla hasyly mähriban halkymyzyň,
berkarar Watanymyzyň baýlygydyr, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir. Geljekde
hem oba zähmetkeşlerini ykdysady taýdan höweslendirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny berkitmek boýunça netijeli çäreleri durmuşa geçireris.
Ýurdumyzyň
nebitgaz, ulag-aragatnaşyk we söwda-telekeçilik pudaklarynda hem köp işler
amala aşyrylýar. Bu pudaklar berkarar döwletimiziň gazanýan ösüşlerine mynasyp
goşant goşýarlar.
Eziz watandaşlar!
Halkymyzyň
saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň
ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki
we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleri, saglygy goraýyş maksatly beýleki
desgalar ulanmaga berildi. Ynsan saglygyny goramak boýunça alyp barýan
işlerimiz geljekde-de döwletimiziň üns merkezinde bolar.
Ylym
we bilim ulgamlarynda hem netijeli özgertmeler durmuşa geçirildi. Geljekde hem
ylymly-bilimli, watansöýüji nesilleri kemala getirmäge, ýaşlaryň
başlangyçlaryny goldamaga uly üns bereris.
Ýaş
nesillerimizi sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, ýurdumyzyň halkara sport
abraýyny has-da belende götermek ugrunda uly işleri alyp barýarys. Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ýurdumyzyň
başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul
edildi. Aşgabat şäheri «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri»
diýlip yglan edildi. Bularyň ählisi ýurdumyzyň sporty, sport diplomatiýasyny
ösdürmäge goşýan saldamly goşandynyň ýene-de bir ykrarnamasy boldy.
Eziz watandaşlar!
Şu
ýyl Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Durmuş ösüşi boýunça
komissiýasynyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin agzalygyna saýlanyldy. BMG-niň Baş
Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasy esasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen
2025-nji ýyl — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi.
Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm
ähmiýeti bolan «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy»
hem-de «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly
Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasyna agza
ýurtlaryň köpüsiniň bu başlangyçlarymyzy goldamagy biziň üçin uly abraýdyr.
Munuň özi Türkmenistanyň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň umumadamzat
bähbitlerine gönükdirilendigini, dünýä jemgyýetçiliginde giňden
goldanylýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda
akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli
«Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we
ösüşiň binýady» atly halkara forum ýokary derejede geçirildi. Bu halkara forum
parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde Türkmenistanyň abraýyny has-da belende
göterdi. Beýik söz ussadynyň baý edebi mirasyny toplamakda, aýawly saklamakda,
öwrenmekde we wagyz etmekde uly hyzmatlary bitiren ýurdumyzyň raýatlary hem-de
daşary ýurtly raýatlar Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly
ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşany bilen sylaglanyldy.
2024-nji ýylda ýurdumyzyň Änew şäheri «Türki
dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen abraýly derejäni göterdi we halkara çäreleriň
ençemesi geçirildi.
Milli medeniýetimizi ösdürmek, mirasymyzy
gorap saklamak, wagyz etmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýarys. Geçip
barýan ýylda halkara derejede dürli medeni çäreler, Medeniýet günleri
yzygiderli geçirildi. Arkadag şäherinde guralan Medeniýet hepdeligi medeniýetimizi,
sungatymyzy baýlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Geljek ýyl Medeniýet
hepdeligini Ahal welaýatynda ýokary derejede geçireris.
Umuman, geçip barýan 2024-nji ýyl uly zähmet
üstünliklerine beslendi, berkarar Watanymyzyň şan-şöhraty has-da beýgeldi.
Hormatly adamlar!
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly»
diýlip yglan edilmegi mynasybetli, geljek ýylda ýurdumyzda hem-de dünýä
döwletlerinde halkara çäreler giň gerim bilen geçiriler. Geljek ýylda örän
möhüm taryhy senäni — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk
baýramyny hem ýokary derejede belläp geçeris. Biz bütin dünýäde parahatçylygy
we ynanyşmagy pugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda alyp
barýan işlerimizi mundan beýläk-de dowam etdireris.
Eziz watandaşlar!
Halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak maksady
bilen, täze ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek
pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny ýene-de 10 göterim köpelderis.
Hoşniýetli arzuw-umytlar bilen garşy alýan
täze ýylymyz hem uly rowaçlyklaryň, täze üstünlikleriň ýyly bolar. Bu belent
sepgitlere ýetmekde halkymyzyň gujur-gaýratyna, tutanýerli zähmetine bil
baglaýarys. Merdana halkymyz bilen geljek ýylda-da eziz Watanymyzy
bagtyýarlygyň we rowaçlygyň mekanyna öwürmek ugrunda yhlas bilen zähmet
çekeris.
Eziz watandaşlar!
Ýene az salymdan täze — 2025-nji ýyly garşy
alarys. Şu pursatda siziň ähliňize berk jan saglygyny we täze üstünlikleri
arzuw edýärin.
Täze ýyl Ýer ýüzünde parahatçylygyň,
abadançylygyň, ynanyşmagyň, rysgal-berekediň ýyly bolsun! Hemişe maşgala
ojaklaryňyza agzybirlik, döwletlilik ýar bolsun! Bagtyýar günler dowamat-dowam
bolsun!
Täze
— 2025-nji ýylyňyz gutly bolsun!