Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow asylly däbe görä, ýurdumyzyň
Baş arçasynyň ýanynda guralýan Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy. Munuň özi bagtyýar
çagalarda aýratyn şatlyk we begenç duýgusyny döretdi.
Ak
mermerli paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän “Älem” medeni-dynç
alyş merkezi Täze ýyl baýramynyň dabaralarynyň geçirilýän esasy ýerleriniň
biridir. Bu gün hem bu ýerde ýaşajyk türkmenistanlylaryň gatnaşmagynda ajaýyp
baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy. Meýdançanyň merkezinde depesi “2025”
ýazgyly, sekizburçly ýyldyz, dürli öwüşgindäki yşyklar we oýunjaklar bilen
bezelen belent arça oturdylypdyr. Beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deň
bolan ýurdumyzyň Baş arçasynyň töwereginde ertekiler dünýäsi emele
getirilipdir.
Ajaýyp
duýgulary, täsin başdan geçirmeleri paýlaýan Täze ýyl hemmeleriň söýgüli
baýramydyr. Meýdançanyň daş-töweregini gurşap alýan baglar dürli yşyklar bilen
bezelip, agşamlaryna baýramçylyga mahsus özboluşly görnüşi döredýär. Mundan
başga-da, yşyklardan emele getirilen agaçlar we beýleki bezegler bu ýerdäki
gözellikleriň üstüni ýetirýär. Jadyly ertekiler dünýäsine düşen körpeler haýran
galmak bilen täsin şäherjigiň gözelliklerini synlamaga howlugýarlar. Meýdançada
ýaňlanýan ajaýyp aýdym-sazlar olary durşy bilen täsinlige beslenen syýahata
çagyrýar.
Baş
arçanyň ýanynda geçirilýän dabara ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we
paýtagtymyzdan çagalar gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda göreldeli okuwçylar, ders
olimpiadalarynyň, sport, döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri bar.
Hemmeler
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.
Döwlet Baştutanymyzyň bu dabara gatnaşmagy ýaş türkmenistanlylar üçin örän
buýsandyryjydyr hem-de watansöýüjiligi kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň awtoulagy dabaranyň geçirilýän ýerine barýar. Bu ýerde
çagalar hormatly Prezidentimizi ruhubelentlik we şatlyk bilen garşylap, gül
desselerini gowşurýarlar hem-de bagtyýar çagalyk üçin hoşallyklaryny beýan
edýärler. Ýaş nesil baradaky yzygiderli alada, olaryň milli we umumadamzat
gymmatlyklary esasynda terbiýelenmegi üçin ähli şertleri döretmek döwlet
syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Körpeleriň ýerine ýetiren
goşgulary Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň bagtyýar çagalarynyň çuňňur hoşallygynyň
beýany bolup ýaňlandy.
Joşgunly
aýdym-sazlaryň astynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çagalar
bilen bilelikde ajaýyp Täze ýyl arçasynyň ýanyna barýar. Bu ýerde baýramçylygyň
baş gahrymanlary Aýazbaba bilen Garpamyk hem-de ýylyň müçeleriniň keşplerini
janlandyrýan körpeler ýaş nesilleriň adyndan Arkadagly Gahryman Serdarymyzy
Täze ýyl bilen gutladylar. Soňra ýaşajyk körpeleriň aýdym-sazly çykyşlary
ýaýbaňlandyrylýar. Olar bu şanly güne döredijilik sowgatlaryny taýýarlapdyrlar.
Döredijilik
ýoluna ýaňy gadam basan zehinli aýdymçylaryň, sazandalaryň, çagalar tans
toparlarynyň gatnaşmagynda täsin Täze ýyl baýramçylygy ýaýbaňlandyrylýar. Ýaşyl
arçanyň şahalarynda şöhle saçýan bezegler, çagalaryň şatlykly ýylgyryşlary bu
ýere aýratyn gözellik eçilýär. Türkmen hem-de dünýä halklarynyň ertekileriniň
gahrymanlaryny janlandyran keşpler dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.
Hormatly
Prezidentimiz eziz Watanymyzyň, jemgyýetimiziň buýsanjy bolan şadyýan çagalaryň
çykyşlaryna uly gyzyklanma bilen tomaşa etdi.
Döwlet
Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu günüň zehinli mekdep okuwçylary geljekde
Watanymyzyň okgunly durmuş we ykdysady ösüşine mynasyp goşantlaryny goşarlar.
Geçirilýän köp sanly bäsleşikler, ders olimpiadalary, çagalaryň döreden sungat
eserleriniň sergileri döwletimiziň çagalara we ýetginjeklere berýän uly ünsüniň
güwäsidir. Çagalaryň öz mümkinçiliklerini açyp bilmekleri, gyzyklanma bildirýän
ugurlary bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Öňdebaryjy
tehnologiýalar bilen üpjün edilen mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar
baglarynyň, sport, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň gurulmagy munuň aýdyň
beýanydyr. Şonuň netijesinde ýaş türkmenistanlylar öz döredijilik, aň-paýhas
ukyplaryny ösdürýärler, sport bilen meşgullanyp, daşary döwletlerde geçirilýän
ýaryşlarda ýurdumyza mynasyp wekilçilik etmek bilen, baýrakly orunlary
eýeleýärler.
...Uly
şatlyk-şowhunda Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmak baýramçylygyň ýatdan
çykmajak pursady boldy. Luw we ýylan keşbini janlandyrýan lybaslary geýen çagalar
döwlet Baştutanymyzdan özleri bilen Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmagyny
haýyş etdiler. Arkadagly Gahryman Serdarymyz körpe nesliň wekilleri bilen
bilelikde dostlugy, parahatçylygy, bitewüligi, jebisligi alamatlandyrýan Täze
ýyl baýramynyň şatlygyny paýlaşdy.
Soňra
dabara gatnaşan ähli çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen
bilelikde şu günki şatlykly wakadan ýadygärlik hökmünde ýurdumyzyň Baş
arçasynyň ýanynda surata düşdi.
Döwlet
Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we Täze ýyly şadyýan
garşylamagy, ajaýyp gyşky dynç alşy, okuwlarynda üstünlikleri arzuw edip,
awtoulagynda Söwda-senagat edarasynyň binasyna tarap ugrady. Bu ýerde çagalar
döredijilik toparynyň, estrada aýdymçylarynyň, teatr we sirk artistleriniň
gatnaşmagynda Täze ýyl şüweleňi dowam etdi.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz Söwda-senagat edarasynyň baýramçylyk öwüşgininde bezelen
uly zalyna barýar. Bu ýerdäki gözel arçanyň daşynda Täze ýyl ertekileriniň baş
gahrymanlary Aýazbaba we Garpamyk, 2025-nji ýylyň nyşany bolan ýylan,
baýramçylyk lybasly köp sanly ýaşajyk aşgabatlylar, paýtagtymyzyň myhmanlary
bar. Olaryň ählisi döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.
Ýaş
nesilleriň baýramçylyk dabarasyna hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Hökümet
agzalary öz çagalarydyr agtyklary bilen geldiler. Şeýle-de Täze ýyl mynasybetli
guralan dabara daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň
ýolbaşçylary, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki ilçileri öz çagalary bilen
gatnaşdylar.
Hormatly
Prezidentimiz estrada aýdymçylarynyň, teatr we sirk artistleriniň, folklor,
tans toparlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň, şol sanda çagalar
baglarynda terbiýelenýänlerden başlap, dürli ýaşdaky zehinli çagalaryň
çykyşlaryna tomaşa etdi. Baýramçylyk äheňinde bezelen sahnada Täze ýyla
bagyşlanan ruhubelent aýdym-sazlaryň, joşgunly tanslaryň utgaşmagynda täsirli
pursatlara beslenen çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.
“Güneş”
çagalar hory, «Mukam» skripkaçylar topary, “Ruhubelent çagalar”, “Şowhun”,
“Aýjan”, “Dokmaçylar”, “Galkynyş” tans toparlary sahna meýdançasynda öz
döredijilik sowgatlaryny görkezdi.
Soňra
Gahryman Arkadagymyzyň agtyjagy Aýjeren baýramçylyk mynasybetli goşgy aýdyp,
saz çalyp, öz ukyp-başarnygyny görkezdi. Dabara gatnaşyjylar Aýjereniň çykyşyny
şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
Şeýle
hem birnäçe aýdymçylar, döwlet derejesindäki köp sanly bäsleşikleriň, halkara
döredijilik festiwallarynyň ýeňijileri sungat ýolundaky ajaýyp eserleri bilen
çykyş etdiler. Olar Täze ýyl mynasybetli dünýä halklarynyň, türkmen
kompozitorlarynyň häzirki zaman aýdymlaryny, nusgawy eserleri, folklor
häsiýetli horeografik çykyşlary öz içine alýan ýörite medeni maksatnamany
taýýarlapdyrlar.
Tomaşaçylar
Türkmen döwlet gurjak teatrynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň
çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Olaryň çykyşlary
ýygnananlaryň ruhuny has-da belende göterdi. Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň
artistleriniň döredijilik işgärleri öz geň galdyryjy çykyşlary bilen
tomaşaçylarda ýakymly täsirleri döretdi. Ýaşajyk zehinlerem öz başarnyklary
bilen hemmelere şatlyk paýlap, türkmen sungatynyň, medeniýetiniň uly geljeginiň
bardygyny aýdyňlyk bilen görkezdiler.
Täze
ýyl baýramy mynasybetli dabara gatnaşan bagtyýar çagalara süýjülik torty
hödürlenildi.
Döwlet
Baştutanymyz ýygnananlary ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlady hem-de dabara
gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Bu gün paýtagtymyzyň şaýollary, seýilgähleri,
jemgyýetçilik ýerleri ajaýyp Täze ýyl lybasyna beslendi. Özboluşly
kompozisiýalar, yşyklandyryjy bezegler ähli ýerde gözel görnüşleri emele
getirýär. Şeýlelikde, baýramçylyk dabaralary her bir öýe, her bir maşgala ýagşy
arzuwlary, şatlykly pursatlary, baýramçylyk täsinliklerini eçilýär.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan täze —
2025-nji ýyly garşylamaga taýýarlyk görüp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
baştutanlygynda ösüşiň ýoly bilen täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar.