Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini
geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri
girizildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş
edip, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, döwlet maksatnamalarynyň
üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen milli kanunçylygy kämilleşdirmek
boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda,
Mejlisiň şu ýylyň 30-njy noýabrynda geçirilen ýedinji çagyrylyşynyň ýedinji
maslahatynyň barşynda birnäçe kanunlaryň kabul edilendigi barada aýdyldy. Olar
häzirki döwrüň talaplary hasaba alnyp hem-de degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň teklipleri esasynda işlenip taýýarlanyldy. Raýatlaryň
hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, hukuk tertibini, kanunçylygy
pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de
ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler
dowam etdirilýär.
Türkmenistanyň Mejlisinde Gresiýa
Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Estoniýa Respublikasynyň, Efiopiýa Federal
Demokratik Respublikasynyň, Braziliýa Federatiw Respublikasynyň, Belgiýa Patyşalygynyň,
Daniýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly
ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Şeýle hem Russiýa
Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Reglament we parlament
işini guramak boýunça komitetiniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet,
Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek
boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory,
Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili bilen duşuşyklar
geçirildi. Bellenilişi ýaly, deputatlar ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny,
berkarar döwletimiziň gazanýan üstünliklerini wagyz etmek, 2025-nji ýyl üçin
Döwlet býujetiniň, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň ähmiýetini we
many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça çärelere, Gahryman
Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralaryna
işjeň gatnaşýarlar.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylyk
binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça
alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary H.Geldimyradow çykyş edip, 6-njy dekabrda sanly ulgam arkaly
geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň beren
tabşyrygyna laýyklykda, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, edara-kärhanalaryň
ähli işgärlerine noýabr-dekabr aýlary üçin zähmet haklarynyň, pensiýalaryň,
döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň 20-nji dekabra çenli doly
tölenendigi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, berkarar
döwletimizde raýatlarymyzyň döwrebap şertlerde zähmet çekmegi üçin ähli
şertleriň döredilýändigini belledi we zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet
kömek pullarynyň, talyp hem diňleýji haklarynyň öz wagtynda tölenmegini hemişe
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Şeýle hem wise-premýer sanly ulgamy
ornaşdyrmak arkaly ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini
döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. “Türkmenistanda
2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” we
“Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin
Döwlet maksatnamasynda” bellenen wezipelerden ugur alnyp, topluma degişli
ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary zerur enjamlardyr serişdeler
bilen üpjün etmek, web saýtlary kämilleşdirmek, hyzmat etmegiň elektron
görnüşine geçmek, awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny
döretmek, olaryň goraglylygyny hem-de maglumat infrastrukturalarynyň durnukly
işlemegini gazanmak boýunça işler tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen
birlikde, bank edaralarynyň plastik kart we töleg ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak
babatda degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýet,
maliýe we bank toplumynyň işiniň ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi bilen
aýrylmaz bagly bolup durýandygyny aýtdy we wise-premýere gözegçilik edýän
toplumynda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam
etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Amanow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň işini
kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer
“Türkmennebit” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de
pugtalandyrmak, nebithimiýa senagatyny döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmek
babatda geçirilýän işler barada aýdyp, hormatly Prezidentimiziň garamagyna
degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, nebitgaz
pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, nebithimiýa senagatyny
döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi we
“Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän
zawodlary zerur bolan maddy-enjamlaýyn serişdeler bilen yzygiderli üpjün etmek
üçin degişli Karara gol çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly wise-premýere
iberip, resminamanyň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam
edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda
geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş,
topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri geçirilýär. Ekişde
ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak, olary talabalaýyk
saklamak boýunça zerur çäreler görülýär. Pagtaçy babadaýhanlary ýokary hilli
gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek,
ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Maldarçylyk pudagyny ösdürmek,
mallaryň baş sanyny artdyrmak, olaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak babatda
zerur işler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem wise-premýer ekerançylyk
meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak
boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, maddy-enjamlaýyn
binýadyny pugtalandyrmagy dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet
Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekip, gowaça ekiljek
meýdanlarda degişli agrotehniki çäreleri, hususan-da, ýerleri mineral dökünler
bilen gurplandyrmak işlerini dowam etdirmegiň, oba hojalyk tehnikalaryny
abatlap, ýazky gowaça ekişi möwsümine taýýarlamagyň möhümdigini aýtdy we
wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Tohumlyk pagtany
talabalaýyk saklamak, tohumlary gowaça ekişi möwsümine taýýarlamak işlerini hem
üns merkezinde saklamak, bugdaý ekilen meýdanlara ideg işlerini dowam etdirmek,
maldarçylyk hojalyklarynda mallary dok we ýyly gyşlatmak üçin alnyp barylýan
işleri berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserni hem-de onuň kärhanalary
tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, konsern
tarapyndan ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny mineral dökünler bilen öz wagtynda
üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,
«Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan oba hojalyk pudagyny mineral
dökünler bilen öz wagtynda üpjün etmek babatda degişli işleriň alnyp
barylýandygyny aýtdy hem-de ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini fosforly
dökünler bilen üpjün etmek maksady bilen taýýarlanan teklibi goldap,
wise-premýere bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
N.Atagulyýew 2025-nji ýylda ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary
tarapyndan ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilmegi teklip edilýän
sergiler, maslahatlar, işewürlik duşuşyklary barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, bu möhüm çäreler milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda gazanylýan
üstünlikleri halkara jemgyýetçilige giňden tanyşdyrmaga, daşary ýurt maýa
goýumlaryny çekmäge, ýokary tehnologiýalary, innowasiýalary ornaşdyrmaga
gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini halkara derejede giňden tanyşdyrmak, daşary
ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin netijeli işleriň amala
aşyrylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda we daşary ýurtlarda
sergileriň, maslahatlaryň, işewürlik duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilýändigine
ünsi çekip, bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldady hem-de wise-premýere
degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
M.Mämmedowa geljek ýylyň ýanwar aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän esasy
çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýanwar aýynda welaýatlarda,
Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Täze ýyl, Watan goragçylarynyň güni, BMG-niň
Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahatlary,
brifingleri, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny we aýdym-sazly dabaralary
geçirmek meýilleşdirilýär. Täze ýylyň ilkinji aýynda guralmagy göz öňünde
tutulýan esasy çäreleriň hatarynda baýramçylyk dabaralaryny, sahna oýunlarynyň
görkezilişlerini, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek “Türkmenistan
— ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly sport ýaryşlaryny görkezmek bolar.
Şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Goranmak ministrliginiň
Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde edermen
esger, ilhalar ynsan, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül
goýmak dabarasy geçiriler.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda geljek ýylyň ilkinji aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk
görmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere Watan goragçylarynyň güni bilen
bagly çäreleri, Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny ýokary
guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Orazdurdyýewa degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary
tarapyndan Täze ýyl baýramyny, mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsümini
guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlanylan meýilnamalar barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň 1 — 10-njy
ýanwary aralygynda çagalar baglarynda, umumybilim berýän orta mekdeplerde,
medeni-dynç alyş merkezlerinde, seýilgählerde Täze ýyl dabaralaryny geçirmek
meýilleşdirilýär. Çagalara niýetlenen sahna oýunlarydyr kinofilmleriň
görkezilişleri, ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşikleri, ýurdumyzyň
taryhy-medeni ýerlerine, muzeýlere gezelençler göz öňünde tutulýar. Şeýle hem
zehinli çagalara Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy
geçiriler.
Söwda-senagat edarasynda 1 — 10-njy ýanwar
aralygynda Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşjak bagtyýar
körpelere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşurylar. Şeýle-de Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan
hem-de Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiziň,
Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Täze ýyl sowgatlaryny gowşurmak göz öňünde
tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli
teklip hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Täze ýyl
baýramyna bagyşlanan dabaralary ýokary derejede geçirmegiň, mekdep
okuwçylarynyň gyşky dynç alyş günlerini talabalaýyk guramagyň zerurdygyny
belledi hem-de hödürlenen teklibi goldap, wise-premýere birnäçe tabşyryklary
berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
daşary işler ministri R.Meredow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we
ýapon-türkmen komitetleriniň 15-nji bilelikdäki mejlisiniň netijeleri barada
hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň
durmuşa geçirýän daşary syýasatynda Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen
ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Şol ýurtlaryň
hatarynda Ýaponiýa hem bar. Şunuň bilen baglylykda, 16-17-nji dekabrda
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen
komitetleriniň 15-nji bilelikdäki mejlisiniň geçirilendigi aýdyldy. Mejlise
Ýaponiýanyň “ITOCHU Corporation” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy,
ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti,
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki
Subaýyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar gatnaşdy. Ýapon wekiliýetiniň
düzümine “ITOCHU Corporation”, “Mitsubishi”, “Kawasaki Heavy Industries Ltd.”,
“Sumitomo” we beýleki iri kompaniýalaryň, Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we
senagat ministrliginiň, Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC), JETRO daşary
söwda guramasynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň girizilendigini bellemek
gerek.
Komitetleriň bilelikdäki mejlisi iki mowzuga
bagyşlandy. Birinji bölümde söwda-ykdysady, nebitgaz we himiýa senagaty,
“ýaşyl” energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleler ara
alnyp maslahatlaşyldy. Bu meseleler boýunça türkmen tarapy dekarbonizasiýa
ugrunda orta göwrümdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki karz
bermek guralyny ulanmak boýunça geňeşmeleri ýola goýmagy; Türkmenistanda ýapon
kompaniýalary tarapyndan gurlan kärhanalarda öndürilýän harytlary eksport
etmäge ýapon tarapyny çekmek guralyny döretmegi; dikeldilen metany çig mal
hökmünde ulanmak mümkinçiligini öwrenmek arkaly metan zyňyndylaryny azaltmaga
gönükdirilen çäreleri işläp taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagy;
“ýaşyl” we wodorod energetikasynda ýapon tejribesini öwrenmegi hem-de häzirki
zaman ýokary tehnologiýaly önümçiligi ýola goýmagy; “GTG-2” taslamasy üçin “Ýol
kartasynyň” wezipelerini durmuşa geçirmegiň çäklerinde Pariž ylalaşygynyň
borçnamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň milli derejede kesgitlenen goşandynyň
rejelenen görnüşini işläp taýýarlamak boýunça geňeşmeleri ýola goýmagy teklip
etdi.
Ulag, aragatnaşyk, gurluşyk, senagat,
elektroenergetika ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan bölümde türkmen tarapy
Lebap welaýatyndaky gaz turbinaly elektrik stansiýasyny kombinirlenen görnüşe
geçirmek boýunça taslamany işläp taýýarlamak maksady bilen iş toparyny
döretmegi; suw hojalygy ulgamynda öňdebaryjy tehnikalary we tehnologiýalary
öndürýän ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda alyp barmak
üçin ýakyn wagtda bu kompaniýalaryň tanyşdyrylyş dabaralaryny geçirmegi;
“Awtomobil tehnikalaryny üpjün etmek ugrunda ýapon kompaniýalary bilen
hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri” atly “tegelek stol” maslahatyny guramagy teklip
etdi. Ýapon wekiliýeti türkmen tarapynyň öňe süren tekliplerini goldady we
olary durmuşa geçirmek üçin bilelikde iş alyp barmaga taýýardygyny tassyklady.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy mejlisiň dowamynda gazanylan
ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, 2025 — 2027-nji ýyllar
üçin Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny habar
berdi. Şeýle hem mejlisiň çäklerinde birnäçe duşuşyklar geçirildi, olaryň
barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilelikdäki
mejlisiň netijeleri boýunça Teswirnama we 7 sany resminama gol çekildi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, beýan edilen teklipleri makullady hem-de
Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge möhüm ähmiýet
berýändigini belledi. Iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklar barha
pugtalandyrylýar, hil taýdan täze derejä çykarylýar diýip, hormatly
Prezidentimiz aýtdy we Ýaponiýa bilen söwda-ykdysady, maýa goýum
hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmek boýunça işleri dowam etdirmegi
tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
hormatly Prezidentimiziň Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň netijeleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary
ösdürmek döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň
biridir. Şunda Malaýziýa bilen hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. Mälim bolşy
ýaly, Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar
1992-nji ýylyň 17-nji maýynda ýola goýuldy we häzirki wagtda ýokary derejede
alnyp barylýar. Türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýady
döwletara, hökümetara, pudagara resminamalaryň 43-si bilen berkidilendir.
Iki ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň
özara saparlary, ýokary derejedäki duşuşyklary hyzmatdaşlygy ösdürmekde esasy
orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejeli özara döwlet we resmi
saparlaryň 9-synyň amala aşyrylandygyny bellemek gerek. Şeýle hem Hökümet
derejesinde, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli gatnaşyklar
alnyp barylýar. Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky syýasy gatnaşyklar
halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam
Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň we beýleki iri düzümleriň
çäklerinde netijeli ösdürilýär.
Malaýziýa ýurdumyzyň halkara guramalarda öňe
sürýän tekliplerini we başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar. Öz gezeginde,
Türkmenistan hem Malaýziýanyň halkara tekliplerine goldaw berýär. Bu hyzmatdaşlygy
dowam etdirmek maksady bilen, Malaýziýanyň 2025-nji ýylda Günorta-Gündogar
Aziýa ýurtlary birleşiginde (ASEAN) başlyklyk etjekdigini göz öňünde tutup,
Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — ASEAN” formatyny döretmek baradaky başlangyjyny
durmuşa geçirmäge girişmek teklip edilýär. Söwda-ykdysady ulgamda hem Malaýziýa
Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşydyr. Bu ugurda ýurdumyzda 1996-njy ýyldan
bäri uzak möhletleýin we iri möçberli taslamalary durmuşa geçirýän “PETRONAS
Çarigali” kompaniýasynyň alyp barýan işini mysal hökmünde görkezmek bolar.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz
Malaýziýa resmi saparynyň dowamynda ýokary derejede geçirilen gepleşiklerde
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, nebitgaz,
elektroenergetika, ulag we logistika, şähergurluşyk, senagat ugurlaryny ileri
tutulýan pudaklar hökmünde kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady
hyzmatdaşlyk babatda öňde durýan wezipeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin
Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda döwletara utgaşdyryjy guraly —
utgaşdyryjy komiteti ýa-da geňeşi döretmek teklip edilýär. Şunuň bilen
birlikde, döwlet Baştutanymyzyň medeniýetde, ylymda, bilimde yzygiderli
hyzmatdaşlyk alyp barmagy, innowasiýa, programma üpjünçiligine, emeli aňa,
ykdysadyýete we senagata «ýaşyl» standartlary ornaşdyrmaga gönükdirilen häzirki
zaman derslerini öz içine alýan hünärleriň çägini giňeltmegi hem teklip
edendigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiz saparynyň çäklerinde «PETRONAS»
kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda nebitgaz
pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň giň toplumy ara
alnyp maslahatlaşyldy.
Saparyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn
gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de berkitmäge gönükdirilen
14 sany döwletara, hökümetara, pudagara resminama gol çekildi we kabul edildi.
Wise-premýer, daşary işler ministri pursatdan
peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy Malaýziýa resmi saparynyň üstünlikli geçmegi
bilen Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady we berk
jan saglyk, Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp
barýan giň gerimli işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
Türkmenistanyň Malaýziýa bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini,
ýakynda amala aşyrylan resmi saparyň dowamynda hem birnäçe gepleşikleriň
geçirilendigini we möhüm resminamalara gol çekilendigini belledi. Munuň özi
Malaýziýa bilen hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmakda aýgytly ädim boldy. Döwlet
Baştutanymyz beýan edilen teklipleri goldap, ýurdumyzyň Malaýziýa bilen
dostlukly gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan
işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew milli awiasiýa pudagynyň
işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler, hususan-da, Türkmenistanyň raýat
awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň taýýarlanylan Döwlet
maksatnamasy barada hasabat berdi. Maksatnamada Halkara raýat awiasiýasy
guramasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça kadalaryna, tejribelerine we iş
amallaryna laýyklykda, Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň uçuşlaryň
howpsuzlygyny, yzygiderliligini, netijeliligini ýokary derejede üpjün etmek
üçin hukuk hem-de guramaçylyk çäreleri göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy
hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda milli awiasiýa pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny,
awiasiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi
we raýat awiasiýasynyň uçuşlaryň howpsuzlygyny, netijeliligini ýokary derejede
üpjün etmek üçin Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny
üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekdi hem-de
ony sanly ulgam arkaly agentligiň ýolbaşçysyna iberdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da
birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa
gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň
gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.