Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň
gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň
welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli
maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Ol welaýatyň
ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş alnyp, häzirki wagtda mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Geljek
ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak maksady
bilen, topragy fosfor döküni bilen gurplandyrmak, sürüm işleri dowam
etdirilýär. Şunuň bilen birlikde, geljek ýyl ulanyljak tehnikalary we gurallary
möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem welaýatyň
çägindäki biokärhanalary abatlamak, olary zerur serişdeler, enjamlar bilen
üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. Pagta öndürijiler bilen döwlete
tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary geçirmek babatda işler dowam edýär. Mundan
başga-da, häkim welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar
baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy,
tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça, şeýle-de Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň
talaplaryna laýyklykda geçirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime
anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli
maksatnamasynyň çägindäki gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Balkan
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Geljek ýylyň hasyly üçin
gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça alnyp barylýan
işleriň çäklerinde topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak, sürüm işleri
ýerine ýetirilýär. Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny
abatlamak, möwsüme doly taýýar etmek babatda degişli çäreler görülýär.
Welaýatyň çägindäki biokärhanalarda abatlaýyş işleri geçirilip, olary zerur
serişdelerdir enjamlar bilen üpjün etmek işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem
döwlete tabşyrylan pagta hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz
wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatyň çägindäki
medeni-durmuş, jemgyýetçilik maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly
işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy, agyz suwy we tebigy gaz bilen
bökdençsiz üpjün edilmegi ugrunda zerur çäreler ýerine ýetirilýär, Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda gurluşyk işleri dowam edýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaýa ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda geçirilmeginiň, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň
möwsüme talabalaýyk taýýar edilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime
anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasynyň
çägindäki gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Soňra
sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi
D.Babaýewiň möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen
dowam etdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda
sürüm, topragy fosfor döküni bilen gurplandyrmak işleri geçirilýär. Ýazky ekiş
möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary abatlanylýar. Sebitde bar bolan
biokärhanalary geljek ýylyň möwsümine taýýarlamak boýunça ýörite topar
döredilip, olaryň önümçilik binalaryny abatlamak, zerur serişdeler bilen üpjün
etmek babatda degişli işler ýerine ýetirilýär. Tabşyrylan pagta hasyly üçin
önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar geçirilýär. Howanyň sowamagy bilen
baglylykda, welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly
binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, agyz
suwy we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär.
Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki
möhletlerde, ýokary hilli geçirilmeginiň geljekde bol hasyl almagyň esasy
şertleriniň biridigini belledi we häkime bu ugurda alnyp barylýan işleri
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatdaky gurluşyk
işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Lebap
welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.
Geljek ýylyň pagta hasyly üçin ekiş geçiriljek meýdanlarda sürüm, topragy
mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Oba hojalyk
işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak boýunça
çäreler görülýär. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatdaky biokärhanalary ýazky oba
hojalyk işlerine taýýarlamak maksady bilen, olary zerur serişdeler, enjamlar
bilen üpjün etmek boýunça işler ýerine ýetirilýär. Welaýatyň pagta öndürijileri
bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyk işleri dowam etdirilýär. Mundan
başga-da, häkim sebitiň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly
binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, agyz
suwy we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça geçirilýän çäreler, Oba
milli maksatnamasynyň çägindäki gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň
zerurdygyna ünsi çekdi we häkime bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatdaky gurluşyk
işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak hakynda
tabşyryklary berdi.
Mary
welaýatynyň häkimi B.Orazow sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly
üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak üçin topragy mineral
dökünler bilen gurplandyrmak, sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen
birlikde, geljek ýyl oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary abatlamak,
möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatdaky
biokärhanalarda abatlaýyş işleri geçirilip, olary zerur serişdeler, enjamlar
bilen üpjün etmek babatda işler ýerine ýetirilýär. Şeýle-de sebitde ösdürilip
ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bökdençsiz kabul
etmek, gaýtadan işlemek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Döwlete
tabşyrylan pagta hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda
geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Häkim welaýatyň çägindäki
medeni-durmuş, jemgyýetçilik maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly
işletmek, ilaty elektrik energiýasy, agyz suwy, tebigy gaz bilen bökdençsiz
üpjün etmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler, Oba milli maksatnamasynyň durmuşa
geçirilişi barada-da hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli geçirilmeginiň möhüm talap bolup
durýandygyna ünsi çekdi we bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatda alnyp barylýan
gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Geljek
ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak üçin
meýdanlarda sürüm, mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri ýerine
ýetirilýär. Ýazky oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalary abatlamak hem-de
bejermek boýunça degişli işler geçirilýär. Geljek ýyl daýhanlary bioönümler
bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, welaýatlardaky
biokärhanalaryň zerur bolan ýerlerinde abatlaýyş, bejeriş işlerini geçirmek,
olary çig mal we enjamlar bilen üpjün etmek babatda zerur çäreler görülýär.
Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak hem-de bu
möwsümi öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki
möhüm ornuna ünsi çekdi we häzirki wagtda pudakda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin
işleriň ýokary hilli, guramaçylykly alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy
wise-premýere tabşyrdy.
Soňra
döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlaryň bugdaý
ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň geçirilişine berk gözegçilik etmegiň,
hususan-da, bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegine üns berilmeginiň
zerurdygyny belledi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz geljek ýylyň hasyly üçin
oba hojalyk ekinleriniň düýbüni tutmak işlerini berk gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.