Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň,
konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň
ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini
geçirdi. Onuň gün tertibine Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikde alyp barýan
daşary syýasatyna degişli möhüm meseleler girizildi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, 12-nji
dekabrda uly baýramyň — Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilip geçiljekdigini
aýtdy hem-de ýygnananlary we ähli halkymyzy bu şanly sene bilen tüýs ýürekden
gutlady. Hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden
etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň günäsini geçýäris.
Olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri geçirip durýarys diýip,
hormatly Prezidentimiz belledi.
Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri
boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz
berildi. Ol iş kesilen adamlaryň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini
geçmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, asylly
däbe eýerip, iş kesilen 276 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli
günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi. Toparyň ýolbaşçysyna hukuk goraýjy
edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan
boşadyp, olar ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly,
ähli zerur işleri geçirmek barada görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz
günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden
hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamagy arzuw etdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa
söz berildi. Ol, ilki bilen, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ähli
işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimizi Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs
ýürekden gutlap, berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri
arzuw etdi.
Şeýle
hem wise-premýer döwlet Baştutanymyza Daşary işler ministrliginiň,
Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk
edaralarynyň ýolbaşçylarynyň adyndan döwletimiziň daşary syýasatyna, halkara
gatnaşyklaryna bagyşlanan Hökümetiň giňişleýin mejlisini geçirýändigi üçin tüýs
ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen birlikde, bu duşuşygyň hormatly
Prezidentimiziň Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki alyp barýan işleriniň
netijelerine berýän bahasyna, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar ulgamynda eýeleýän
ornuny berkitmegiň ýollary, häzirki we ýakyn döwürde milli diplomatiýamyzyň
işiniň ugurlary baradaky garaýyşlaryna düşünmek babatda gowy mümkinçilikdigi
nygtaldy. Munuň özi milli diplomatik gullugyň işgärleri üçin ýolgörkeziji we
esas goýujy ýörelgeler bolup durýar.
Mälim
bolşy ýaly, 2025-nji ýyl Türkmenistan üçin möhüm ýyllaryň biri bolar. Şunda uly
şanly seneleri — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny hem-de
ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň
degişli Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini aýratyn bellemek gerek. Şunuň bilen
baglylykda, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň taryhy mejlisiniň netijeleri boýunça Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly bilen bagly dabaralaryň we çäreleriň ýokary derejede,
guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen döredilen guramaçylyk
komitetiniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda halkara çäreleri
hyzmatdaşlar bilen bilelikde mynasyp derejede geçirmek üçin ähli zerur işleriň
alnyp baryljakdygyna üns çekildi.
Nygtalyşy
ýaly, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň halkara ugrunyň
yzygiderli we ulgamlaýyn esasda ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Bu
babatda uzak ýyllaryň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda
Türkmenistan tarapyndan halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça möhüm
başlangyçlar, pikirler we teklipler öňe sürüldi. Olar ählumumy howpsuzlygy,
parahatçylygy, ösüşi berkitmek, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag
diplomatiýasyny ösdürmek, ekologiýany goramak, ynsanperwer gatnaşyklary
güýçlendirmek bilen bagly mowzuklary öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda,
häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda uly ähmiýete eýe bolan
bu syýasatyň we tutumly işleriň mynasyp derejede dowam etdirilýändigi
bellenildi. Bütin adamzadyň bähbitlerini göz öňünde tutýan şeýle syýasatyň
netijeleri halkara düzümlerde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda
giň goldawa eýe bolýar, Milletler Bileleşiginiň anyk Kararnamalarynda we
halkara ähmiýetli işlerde aýdyň beýanyny tapýar.
BMG-niň
Baş Assambleýasy tarapyndan 2024-nji ýylda ýurdumyzyň teklibi boýunça 4 sany Kararnamanyň
— “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”; “Merkezi Aziýa —
parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy”; «Merkezi Aziýada ýadro
ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalaryň kabul edilendigi
aýdyldy. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Birleşen Milletler
Guramasynyň oýunlary” atly Kararnama bolsa ynsanperwer ulgamda ýurdumyzyň
tagallalaryna berilýän ýokary bahadan nyşandyr. Bu resminama dürli halklaryň
arasynda dostlugyň, hyzmatdaşlygyň we raýdaşlygyň pugtalandyrylmagy babatda uly
ähmiýete eýedir. Çünki häzirki wagtda ynsanperwer häsiýetli işler umumadamzat
ösüşi nukdaýnazaryndan parahatçylygy döretmegiň, onuň durnuklylgyny üpjün
etmegiň binýady bolup durýar. Sebit we ählumumy derejede parahatçylygy
goldamaga gönükdirilen bu Kararnamalaryň kabul edilmegi hormatly
Prezidentimiziň çuňňur oýlanyşykly daşary syýasat strategiýasynyň üstünlikli
amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär.
Wise-premýer,
daşary işler ministri Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işiniň
kämilleşdirilmegine berýän aýratyn ünsi hem-de yzygiderli goldawlary,
hususan-da, gullugyň işgärler düzümini taýýarlamak, guramaçylyk, maliýe we
maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak, diplomatlaryň iş, ýaşaýyş-durmuş
şertlerini has-da gowulandyrmak babatda edýän uly tagallalary üçin hormatly
Prezidentimize diplomatik gullugyň ähli işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden
hoşallyk bildirdi. Şeýle-de ol şu günki mejlisde beriljek tabşyryklardan ugur
alnyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, daşary ýurtlardaky ilçihanalar,
konsullyklar, halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalar tarapyndan “Bitarap
Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin
Konsepsiýasyna” esaslanyp, 2025-nji ýylda daşary ýurtlar we halkara guramalar
bilen syýasy, daşary ykdysady gatnaşyklary has-da berkitmek, medeniýet, ylym,
bilim, durmuş ugurlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin maksatnamalaýyn
işleriň alnyp baryljakdygyna ynandyrdy.
Soňra
hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün 2024-nji ýylda
Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyna degişli alnyp barlan işleriň jemleriniň
jemleniljekdigini, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň, geljek ýyl
üçin ileri tutulýan wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.
Bellenilişi
ýaly, 2024-nji ýylda möhüm ähmiýetli halkara çäreler geçirildi. Türkmen
halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýurdumyzda
we daşary ýurtlarda giňden bellenildi. Daşary ýurtlarda bu şanly sene bilen
bagly wajyp ähmiýetli çäreleriň 170-e golaýy geçirildi. Aşgabatda Magtymguly
Pyragynyň 300 ýyllyk şanly ýubileýine bagyşlanan «Döwürleriň we
siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly
halkara forumyň geçirilmegi esasy waka boldy. Forum Magtymgulynyň filosofik
mirasyna daýanmak bilen, halkara parahatçylygy pugtalandyrmakda, özara
düşünişmegi, ynanyşmagy güýçlendirmekde, ösen dialog medeniýetiniň güýjüne we
geljegine bolan ynamy berkitmekde möhüm birleşdiriji şert bolup çykyş etdi. Bu
halkara forum parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde Türkmenistanyň abraýyny
belende göterdi. Dünýä bileleşigi tarapyndan biziň ýurdumyza, türkmen halkyna,
onuň baý taryhyna, medeniýetine uly hormat bilen garalýandygyny görkezdi.
Döwlet
Baştutanymyz geljek ýylda-da Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy we
ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy
tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan
edilmegi mynasybetli giň gerimli çäreleriň geçiriljekdigini aýtdy. Hormatly
Prezidentimiz ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy
sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro
ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul
edilmeginiň hem möhüm waka bolup durýandygyny, gurama agza ýurtlaryň köpüsiniň
biziň bu başlangyjymyzy goldamagynyň ýurdumyz üçin uly abraýdygyny nygtady we
hemmeleri taryhy ähmiýeti bolan bu wakalar, ýetilen sepgitler bilen tüýs
ýürekden gutlady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu wakalaryň Türkmenistanyň
daşary syýasatyny giňden beýan etmek bilen, bütin dünýäde parahatçylygy,
durnukly ösüşi üpjün etmek, ynanyşmak esasynda gatnaşyklary ösdürmek ugrunda
alnyp barylýan işleri has-da dabaralandyrýandygyny belledi we bu ugurda halkara
guramalar bilen bilelikdäki işleri mundan beýläk-de netijeli dowam etdirmegi
tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz 2025-nji ýylda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli iri halkara
ähmiýetli resminamanyň taýýarlanylmagyna ünsi çekip, şol resminamada Bitaraplygyň
kadalarynyň aýdyň beýan edilmelidigini belledi we Daşary işler ministrligine bu
ugurda ýurdumyzyň ilçihanalary, halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalary
üçin degişli gözükdirijileri işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynda döredilen
parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary
toparynyň çäklerinde hem özara hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilmelidigini
aýdyp, 11-nji dekabrda Aşgabatda şol toparyň ýokary derejedäki mejlisiniň
geçiriljekdigini belledi.
Biziň
işimiz esasy iki ugur, ýagny ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn diplomatiýa ugry
boýunça alnyp barylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi
hem-de geljekde Türkmenistanyň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny amala aşyrmak
maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylygy saklamak boýunça
tagallalarynda bitarap ýurtlara bu guramanyň çäklerinde ileri tutulýan
hyzmatdaş derejesini bermek başlangyjyny goldaýan döwletleriň sanyny artdyrmaga
möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Ählumumy
energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini
döretmek baradaky başlangyjymyzy goldaýan ýurtlaryň sanyny artdyrmak maksady
bilen, ikitaraplaýyn derejede alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmegiň zerur
bolup durýandygyny nygtady.
Ýakynda
Daşary işler ministrliginiň düzüminde täze Daşary syýasy maglumatlar we sanly
diplomatiýa departamenti döredildi. Şeýle hem ilçihanalarymyzyň birnäçesinde
metbugat attaşesi wezipesini girizmek hakynda karar kabul edildi. Bu işleriň
ählisi bir maksada gönükdirilen ulgamlaýyn ädimlerdir. Ýagny ýurdumyzyň gazanan
üstünliklerini dünýä ýaýmaga, daşary syýasatymyzyň many-mazmunyny düşündirmäge
niýetlenendir diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Döwlet
Baştutanymyz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy belleniljek
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň daşary syýasatynyň halkara
giňişlikde özüni aýdyň görkezmelidigini, maglumat beriş işlerinde öňde goýlan
wezipeleriň has giň gerimli bolmalydygyny, Bitarap döwletimiziň baý taryhynyň,
medeniýetiniň, däp-dessurlarynyň, gadymy ýadygärlikleriniň, özboluşly, ajaýyp
tebigatynyň, häzirki zaman «akylly» şäherleriniň, ähli ugurlarda gazanýan uly
üstünlikleriniň beýan edilmelidigini aýtdy. Munuň üçin Türkmenistanyň ähli
ilçihanalaryna bolýan ýurtlarynda döredijilik duşuşyklaryny geçirmegi, abraýly
gündogarşynas alymlar, taryh, arheologiýa, medeniýet ulgamlarynda işleýän
hünärmenler we habarçylar bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýmak
tabşyryldy.
Hormatly
Prezidentimiz geljek, 2025-nji ýylda ýurdumyzyň daşary syýasat we diplomatiýa
işiniň esasy wezipesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy
tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen Kararnamalary durmuşa
geçirmekden ybarat bolup durýandygyny aýtdy we BMG-ä agza ýurtlardan başga-da,
guramanyň Sekretariaty bilen hem ýakyndan hyzmatdaşlygy alyp barmagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy
bilen bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri amala
aşyrýandygyna ünsi çekdi. Şolaryň hatarynda “Türkmenistan bilen Birleşen
Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin
hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasy”, «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk»
atly Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleriniň bilelikdäki maksatnamasy
bar. Şeýle-de şu ýylyň 6-njy dekabrynda «Türkmenistan — Birleşen Milletler
Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Şol
mejlisiň jemleri boýunça «2025 — 2027-nji ýyllarda Türkmenistanda Durnukly ösüş
maksatlary boýunça hasabatlylygy berkitmek baradaky «Ýol kartasy» kabul edildi.
Döwlet Baştutanymyz Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň
Konsepsiýasynyň örän giň gerimlidigini we köp sanly meseleleri öz içine
alýandygyny belläp, geljek ýylda-da Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hem-de
köptaraplaýyn derejede öz hyzmatdaşlygyny berkitmegi dowam etdirjekdigini
aýtdy.
Hormatly
Prezidentimiz goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugur bolup
durýandygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky, Hazarýaka
sebitdäki döwletler bilen doganlyga, hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege
hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklary berkitmegi dowam etdirjekdigini, Günorta
Aziýanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri
bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürjekdigini belledi. Arkadagly Gahryman
Serdarymyz häzirki döwürde şol sebitlerde ählumumy ykdysady we tehnologik
ösüşleriň gazanylýandygyny, bu sebitleriň ýurtlarynyň hem Türkmenistan bilen
hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady. Ýewropa we Amerika
ýurtlary bilen birek-birege hormat goýmaga esaslanýan deňhukukly, özara
bähbitli gatnaşyklary ösdürmek hem dowam etdiriler diýip, hormatly
Prezidentimiz sözüni dowam etdi we şol ýurtlar bilen ýokary tehnologiýalar
ulgamynda, «ýaşyl» energetika geçmekde, emeli aňy ornaşdyrmakda hyzmatdaşlyk
etmäge, daşary syýasatymyzda Afrika ýurtlary bilen hem gatnaşyklara aýratyn üns
bermegiň zerurdygyny belledi.
Döwlet
Baştutanymyz Türkmenistanyň halkara guramalaryň ýanyndaky ähli wekillerine
ýüzlenip, geljek ýyl köptaraplaýyn diplomatiýanyň örän möhüm ähmiýete eýe
boljakdygyna ünsi çekdi we Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň garaýyşlaryny
goldaýan, ýurdumyza bu ugurda netijeli goldaw berýän döwletleriň sanyny
artdyrmak üçin degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi tarapyndan şanly seneleri,
baýramçylyk dabaralaryny mynasyp garşylamak boýunça maksatnamalaýyn işleriň
alnyp barylýandygyny, şu ýylyň sentýabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýylynyň çärelerini geçirmek boýunça guramaçylyk komitetiniň döredilendigini
belledi hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine guramaçylyk komitetiniň
ilkinji mejlisini geljek ýylyň ýanwarynda geçirmäge taýýarlyk görmegi, onuň gün
tertibi boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy we komitetiň şol mejlisinde
geçiriljek çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanyljakdygyny aýtdy.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, dünýä bileleşigi bilen
geljek, 2025-nji ýylda örän möhüm taryhy we şanly senäni — Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyny hem-de Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýylynyň çärelerini ajaýyp wakalar, uly üstünlikler bilen mynasyp
garşylamak üçin yhlasly işlemelidigini aýtdy we ýurdumyzyň diplomatik
gullugynyň işgärleriniň halkara giňişlikde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň
bähbitlerini goramakda uly işleri alyp barjakdyklaryna berk ynam bildirdi.
Soňra
döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri
hakynda» Karara, şeýle hem ýurdumyzyň raýatlaryny we daşary ýurt raýatlaryny
«Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany
bilen sylaglamak hakynda resminamalara gol çekdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň geçiren Hökümet mejlisiniň dowamynda örän
möhüm meselelere seredilendigini we ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň
esasy ugurlarynyň kesgitlenendigini, milli diplomatik gullugyň öňünde täze
wezipeleriň goýlandygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, ol döwlet
Baştutanymyzyň Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda
gol çeken Kararynyň möhüm ähmiýetini nygtap, gullugyň işgärleriniň adyndan tüýs
ýürekden hoşallygyny bildirdi we öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine
ýetirmek ugrunda yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn, şeýle hem
köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýändigini belledi. Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geljek ýylda birnäçe möhüm
çäreleriň meýilleşdirilýändigine ünsi çekip, milli diplomatik gullugyň
işgärleriniň Türkmenistanyň halkara abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda
netijeli işlejekdiklerine berk ynam bildirdi.
Türkmenistanyň
Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi,
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky
hemişelik wekili W.Hajiýew çykyş edip, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi
Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni
mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Bellenilişi
ýaly, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygy
ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu
babatda Ženewada ýerleşýän ýöriteleşdirilen edaralar bilen hem yzygiderli
esasda degişli işler alnyp barylýar. Hususan-da, bu edaralaryň arasynda iň
irileriniň biri bolan BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen işjeň
aragatnaşyk saklanýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2025-nji ýylda işleri
Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan utgaşdyrylýan BMG-niň Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynda (SPECA) başlyklyk eder.
Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda bu ugurda zerur taýýarlyk işleri alnyp
barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary esasynda, Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň Halkara Migrasiýa
Guramasynyň çäklerinde alyp barýan işleri, şol sanda Türkmenistanyň gatnaşýan
halkara şertnamalaryndan we konwensiýalaryndan gelip çykýan borçnamalaryny
ýerine ýetirmek ugrundaky tagallalary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar
edilýär.
Ol
sözüniň ahyrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky
Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasy hem-de Türkmenistanyň Şweýsariýa
Konfederasiýasyndaky ilçihanasy tarapyndan ähli zerur işleriň durmuşa
geçiriljekdigini belledi.
Şeýle
hem Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi
H.Öwezow çykyş edip, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi Halkara Bitaraplyk
güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we berk jan saglyk, abadançylyk, il-ýurt
bähbitli tutumly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Bellenilişi
ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasatynda sebitiň ýurtlary we goňşy döwletler,
şol sanda Owganystan bilen gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine uly ähmiýet
berilýär. Ýurtlarymyzyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady,
medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk dostluk hem-de hoşniýetli
goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Däp bolşy ýaly, köp ýyllaryň
dowamynda Türkmenistan Owganystana we onuň halkyna yzygiderli esasda
ynsanperwerlik kömegini berýär. Munuň üçin Owganystanyň ýolbaşçylary hem-de
owgan halky hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk
bildirýärler.
Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk däplerine,
dost-doganlyga esaslanyp, bütin sebit üçin örän möhüm taslamalary amala aşyrýar.
Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz
geçirijisiniň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat böleginiň,
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň, Türkmenistandan
Owganystana we bu ýurduň üsti bilen sebitiň beýleki ýurtlaryna geçýän demir
ýollaryň taslamalary bar. Ilçi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly
Prezidentimiziň tagallalary bilen iki goňşy ýurduň arasynda barha ösdürilýän
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda ilçihananyň öňünde goýlan
wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine ynandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, mejlise gatnaşyjylary
Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan
saglyk, abadançylyk, mähriban halkymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.
***
Şu gün Ministrler Kabinetiniň giňişleýin
mejlisi tamamlanandan soňra, “Oguz han” köşkler toplumynda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, şeýle hem Hökümet agzalaryna, ýurdumyzyň
harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň “Magtymguly
Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşanlar toplumyny
gowşurmak dabarasy boldy. Dabaranyň başynda milli parlamentiň ýolbaşçysy
D.Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli kararyny okady.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe Watanymyzy hemmetaraplaýyn gülledip ösdürmekde, dünýä döwletleri we
abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy, parahatçylyk söýüjilik,
dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, türkmen halkynyň medeni-ruhy
gymmatlyklaryny, medeni mirasyny dünýäde dabaralandyrmakda, türkmeniň görnükli
nusgawy şahyry, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň
altyn hazynasyna giren baý edebi mirasyny toplamakda, ylmy esasda öwrenmekde,
türkmen jemgyýetiniň synmaz sütünlerine öwrülen möhüm syýasy-filosofik,
jemgyýetçilik, ynsanperwerlik, ruhy-ahlak garaýyşlaryny wagyz etmekde we
durmuşa geçirmekde, ýaş nesli Magtymguly Pyragynyň ruhy-ahlak garaýyşlarynyň
esasynda terbiýelemekde, ýaşlarda ýokary ahlak sypatlaryny kemala getirmekde,
dana şahyryň edebi mirasyny kanun esasynda ebedileşdirmekde bitiren görnükli
hyzmatlaryny, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri
jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip
gowşan teklipleri göz öňünde tutup hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň
300 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň
“Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar
toplumy gowşuryldy.
Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna,
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, Ministrler Kabinetiniň
ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktoryna, harby we hukuk
goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly
ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumyny gowşurmak dabarasy boldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
daşary işler ministri R.Meredow Hökümet agzalarynyň adyndan hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy döwlet sylagy hem-de Halkara Bitaraplyk
güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Ol “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly
ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglanandyklary üçin
döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Watanymyzyň mundan
beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan,
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan giň
gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda
geljekde-de ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.
Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary,
goranmak ministri B.Gündogdyýew harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli şahsy
düzüminiň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowy “Magtymguly Pyragynyň 300
ýyllygyna” atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen
sylaglanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan
etdi. Ol harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna döwlet sylaglarynyň
gowşurylandygy üçin hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk bildirip, Watan
goragçylarynyň öz öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine
ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz gutlaglar we hoşniýetli
arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Halkara Bitaraplyk gününiň toýlanýan
günlerinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi
mynasybetli özüne gowşurylan sylagy — Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300
ýyllygyna» atly ýubileý medalyny halkymyza gowşurylan sylag hökmünde kabul
edýändigini aýtdy. Bu ýubileý medalynyň gowşurylmagy ata Watanymyzyň gülläp
ösmegi, merdana halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda mundan
beýläk-de yhlas bilen tutanýerli işlemäge borçly edýär diýip, Arkadagly
Gahryman Serdarymyz belledi.
Dabaranyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hemmeleri Halkara Bitaraplyk güni, şeýle hem döwlet
sylaglarynyň gowşurylmagy bilen gutlap, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan
beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi.