Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini
geçirdi. Onda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi,
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler ara
alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz
berildi. Ol şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri barada maglumat berdi. Şol döwürde milli parlamentiň 3 maslahaty
geçirilip, olaryň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Kanunlarynyň 36-sy,
Mejlisiň kararlarynyň 22-si kabul edildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň
Konstitusiýasynyň düzgünlerine, halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda, birnäçe
kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.
Şu ýylyň 30-njy noýabrynda geçirilen nobatdaky
maslahatda “Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda”
Türkmenistanyň Kanuny, “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň
ýerine ýetirilişi hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň karary ara alnyp
maslahatlaşyldy we kabul edildi. Şeýle hem ýurdumyzyň halkara konwensiýalaryny
we ylalaşyklaryny tassyklamak, olara goşulmak baradaky daşary syýasat
başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan goldamak, Türkmenistanyň Administratiw hukuk
bozulmalary hakynda kodeksine, Zähmet kodeksine, ykdysady gatnaşyklarda puly
kadalaşdyrmak we oňa gözegçilik etmek, diplomatik gulluk, Türkmenistanyň
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň halkara şertnamalary
bilen baglanyşykly we başga-da käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler hem-de
goşmaçalar girizmek boýunça taýýarlanylan kanunlaryň taslamalary ara alnyp
maslahatlaşylyp, kabul edildi.
Garalýan döwürde ýurdumyzyň Mejlisi hem-de
ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy tarapyndan “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk
Guramasynyň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog — abadan we asuda geljek
üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly” atly maslahat geçirildi. Ýylyň
başyndan bäri daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly
ygtyýarly ilçileriniň 15-sinden ynanç hatlary kabul edildi. Daşary ýurtlaryň
parlamentleri we halkara düzümler bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň
çäklerinde duşuşyklaryň 42-si geçirildi. Mundan başga-da, Mejlisiň deputatlary
kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek we döwlet maksatnamalarynyň ýerine
ýetirilmegini üpjün etmek boýunça halkara guramalar bilen bilelikde guralan
maslahatlaryň 110-syna gatnaşdylar. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak
üçin Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 37-si guraldy. Şeýle
hem deputatlaryň hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatyny wagyz
etmek, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek
maksady bilen geçirilýän maslahatlara, duşuşyklara işjeň gatnaşýandyklary,
köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýändikleri aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hukuk
binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, milli
kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmegiň, bu ugurda
öňdebaryjy halkara tejribeden ugur almagyň möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň
makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetini
durnukly ösdürmek babatda görlen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, hasabat
döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat
pudagynda 2,2 göterime, gurluşykda 11 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 7,1
göterime, söwdada 9,5 göterime, oba hojalygynda 5,3 göterime, hyzmatlar
ulgamynda 8,7 göterime deň boldy. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, şu ýylyň on bir aýynda jemi öndürilen önümiň möçberi 12,1
göterim artdy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy
12,8 göterim ýokarlandy. Daşary söwda dolanyşygynda hem durnukly ösüş
gazanyldy. Wise-premýer Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň 102,6 göterim,
çykdajy böleginiň 97,7 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi. Ýurdumyzyň
iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli
döwrüne görä, 10,6 göterim ýokarlandy.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna
özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, 29,2 göterim ýokarlandy. Şeýle
hem Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berildi.
Hususan-da, ýylyň başyndan bäri ýurdumyz boýunça durmuş maksatly binalaryň we
desgalaryň 49-synyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 32-siniň, ýaşaýyş
jaýlarynyň 725,1 müň inedördül metriniň, inženerçilik ulgamlarynyň we
desgalarynyň gurluşyk işleriniň alnyp barylýandygy habar berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýagdaýyny seljermegi
dowam etdirmegiň, Döwlet býujetiniň girdejileriniň möçberini artdyrmaga aýratyn
üns bermegiň zerurdygyny belledi hem-de eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli
edara-kärhanalaryň işgärlerine 20-nji dekabra çenli aýlyk zähmet haklarynyň
tölenilişine berk gözegçilik etmegi, bu ugurda geçirilen işleriň netijeleri
barada hasabat bermegi wise-premýere tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu
ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, energiýa
serişdeleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak we olaryň dünýä bazarlaryna
iberilýän ugurlaryny giňeltmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Nebiti we gaz kondensatyny çykarmak babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler
hakynda aýdyldy. Hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan
meýilnama 102,3 göterim ýerine ýetirildi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe
nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,9 göterim, benzin öndürmegiň
meýilnamasy 106,4 göterim, daşary ýurtlara tebigy gazy ibermegiň meýilnamasy
100,2 göterim ýerine ýetirildi. Şunuň bilen birlikde, dizel ýangyjyny,
polipropileni, çalgy ýaglaryny, suwuklandyrylan gazy öndürmek, tebigy we
ugurdaş gazy çykarmak boýunça gazanylan netijeler barada hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz
senagatyny ösdürmegiň Maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleri ýerine ýetirmek
üçin zerur çäreleri görmegiň, nebitgaz ýataklaryny düýpli özleşdirmäge aýratyn
üns bermegiň möhümdigini belledi hem-de nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak
boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän pudaklarynda
şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, welaýatlarda alnyp
barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli
döwri bilen deňeşdirilende, 127,4 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk
ministrligi boýunça 100,9 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça
120,6 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 151,1 göterime,
“Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 230,2 göterime,
“Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 134,5 göterime, Azyk senagaty
döwlet birleşigi boýunça 102,1 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty
döwlet birleşigi boýunça 101,1 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi
boýunça 100,1 göterime deň boldy. “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça
meýilnama 100 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe oba hojalyk pudagy
boýunça maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 270,5 göterim boldy.
Oba
hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň çäklerinde ýurdumyzyň bugdaý ekilen
meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, gowaça
meýdanlarynda pagta hasylyny, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny
ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Geljek ýylyň pagta hasyly üçin ýerleri ekiş
möwsümine taýýarlamak maksady bilen, meýdanlarda sürüm, topragy mineral
dökünler bilen gurplandyrmak işleri geçirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw
üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak babatda degişli
çäreler görülýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki
talaplara görä, ýokary hilli we bellenen möhletlerde geçirilmeginiň möhümdigini
belläp, geljek ýylyň hasylyna taýýarlyk görmegi berk gözegçilikde saklamagy,
ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw
ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça zerur çäreleri alyp barmagy wise-premýere
tabşyrdy. Şeýle hem ýurdumyzda dürli görnüşli azyk önümleriniň bolçulygyny
döretmek babatda degişli işleri geçirmek tabşyryldy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk-senagat toplumynda şu
ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine
ýetirilen işleriň meýilnamasy 107,6 göterim boldy. Geçen on bir aýda Gurluşyk
we binagärlik ministrligi boýunça işleriň meýilnamasy 107,4 göterim ýerine
ýetirildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen
önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň möçberi 1 milliard 562 million manada deň
boldy. Hasabat döwründe Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň,
işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 105,2 göterim, “Türkmenhimiýa” döwlet
konserni tarapyndan 115,9 göterim ýerine ýetirildi. Şu ýylyň ýanwar — noýabr
aýlarynda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet
agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 117,4 göterim,
Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan 143,7 göterim berjaý edildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda binalaryň we desgalaryň ýokary hilli
gurlup, bellenen möhletde ulanmaga berilmegi üçin degişli işleri alyp barmagyň
zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz senagat önümleriniň öndürilişini
artdyrmaga aýratyn üns bermegiň möhümdigini belläp, ýollaryň gurluşygyna we
olaryň saklanyşyna gözegçiligi güýçlendirmegi, gurluşyk, energetika, senagat
pudaklaryna öňdebaryjy usullary hem-de täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga
aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän
ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda
şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada
hasabat berdi.
Söwda
we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş
depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 104,5 göterime,
öndürilen önümleriň ösüş depgini 104,9 göterime barabar boldy. Dokma senagaty
ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, 117,3 göterim, şol sanda nah ýüplügiň önümçiliginde 148,2
göterim, nah matalaryň önümçiliginde 129,5 göterim, gön önümleriniň
önümçiliginde 123,2 göterim ösüş depgini gazanyldy. “Türkmenhaly” döwlet
birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 100,1 göterim ýerine ýetirildi.
Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan hasabat döwründe 277 birža söwdasy
geçirilip, olarda 26 müň 968 şertnama hasaba alyndy. Şu ýylyň ýanwar — noýabr
aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini
107,9 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe 25 sergi we 118 maslahat
geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk, azyk
önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 105,5 göterime, senagat önümlerini
öndürmegiň ösüş depgini 106,3 göterime deň boldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, dokma senagaty pudagynyň önümçiligine we
önümleriň köpdürlüligine berk gözegçilik etmegi, ýurdumyzyň bazarlaryny, söwda
merkezlerini halkymyzyň isleg bildirýän harytlary bilen üpjün etmegi,
aýratyn-da, baýramçylyk günlerinde dürli harytlaryň bol we elýeterli bahalardan
bolmagyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda şu
ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»
ýyly diýlip yglan edilmegi, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy,
milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar, medeni-durmuş maksatly
binalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli dürli dabaralar guraldy, ozal
yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlenildi. Halkara
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň çäklerinde dürli çäreler geçirilip, türkmen
hünärmenleri bu çärelere gatnaşmak üçin birnäçe ýurtlarda iş saparlarynda
boldular.
«Gorkut
ata» halkara kinofestiwaly, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň
medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek
dabarasy, TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň hemişelik
geňeşiniň nobatdaky mejlisi, Özbegistan Respublikasynyň we Ýewropa
Bileleşiginiň ýurdumyzdaky Medeniýet günleri, Türkmen-fransuz arheologik
ekspedisiýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli guralan çäre, Berlin döwlet
orkestr toparynyň çykyşy, Koreý medeniýetiniň hepdeliginiň çäginde
Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň hem-de koreý sungat ussatlarynyň
bilelikdäki konserti hasabat döwrüniň esasy wakalarynyň hatarynda görkezildi.
Hasabat döwründe teatrlaryň, sirkleriň, kinoteatrlaryň, kinokonsert
merkezleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, Türkmenistanyň Taryhy we medeni
ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň,
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm»
birleşiginiň, Döwlet habarlar agentliginiň ýerine ýetiren işleri barada-da
habar berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda medeni mirasymyzy öwrenmek hem-de
giňden wagyz etmek üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi we wise-premýere
bu ugurda alnyp barylýan işleri, halkara hyzmatdaşlygy has-da kämilleşdirmegi,
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, teatrlaryň we beýleki medeniýet
edaralarynyň işine gözegçiligi güýçlendirmegi, Halkara Bitaraplyk güni, Täze
ýyl baýramy mynasybetli geçiriljek çäreleri ýokary derejede guramagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda
şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe bilimiň hilini ýokarlandyrmak, okuw meýilnamalaryny we
maksatnamalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Mekdep
okuwçylarydyr talyplar halkara ders, internet bäsleşiklerinde ýokary netijeleri
görkezip, jemi 821 medal gazandylar. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna
laýyklykda, ýurdumyzda halkara olimpiadalaryň we bäsleşikleriň 17-si, halkara
ylmy-amaly maslahatlaryň 9-sy geçirildi. Hasabat döwründe ylmyň,
tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça golýazmalar we oýlap tapyşlar
seljerilip, şolaryň 2221-si makullanyldy. Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna
laýyklykda, “Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige
ornaşdyrmagyň meseleleri” atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy
guramaçylykly geçirildi. Forumyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara
gol çekildi. Şeýle hem hasabat döwründe amaly lukmançylyga öňüni alyş-bejeriş
işleriniň öňdebaryjy usullary ornaşdyryldy. Döwlet Baştutanymyzyň Kararlary
bilen, 2024 — 2028-nji ýyllarda ýurdumyzda fiziologiýa ylmyny ösdürmek,
lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş işi hem-de immuno-öňüni alyş boýunça möhüm
resminamalar tassyklanyldy.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherinde açylyp ulanmaga berlen halkara
derejeli ylmy-kliniki merkezler ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak babatda
nusgalyk işleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Şunuň bilen bir hatarda, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça işler dowam
etdirildi. 2024-nji ýylyň 8 — 17-nji noýabrynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa
şäherçesiniň Tennis toplumynda 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda tennis
boýunça “Ashgabat Open 2024” halkara ýaryşy ýokary derejede geçirildi.
Türgenlerimiz halkara ýaryşlaryň 174-sine gatnaşyp, dürli derejeli medallaryň
616-syny gazandylar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere gözegçilik edýän ulgamlarynyň
işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegi, bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmak
üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetimiziň
ähli pudaklary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns
bermegiň möhümdigini belläp, saglygy goraýyş ulgamynyň işini mundan beýläk-de
kämilleşdirmegi, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ussat türgenleri
taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa
söz berildi. Ol, ilki bilen, BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän
ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar barada aýtdy. 2-nji dekabrda
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň
dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan
azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şunuň
bilen baglylykda, Watanymyzyň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde BMG
bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi
bellenildi.
Däp
bolan hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistan ählumumy parahatçylygy hem-de
ynanyşmagy üpjün etmek, dürli ulgamlarda halkara tagallalary işjeňleşdirmek
boýunça möhüm teklipleri öňe sürýär. Baş Assambleýanyň ýurdumyzyň başlangyjy
bilen öňe sürlen degişli Kararnamalary kabul etmegi bu teklipleriň möhümdiginiň
we dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýandygynyň güwäsidir. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy bu daşary
syýasy ýeňiş bilen Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň adyndan tüýs ýürekden
gutlady hem-de berk jan saglyk, Watanymyzyň abadançylygynyň, halkara abraýynyň
has-da belende galmagynyň, türkmen halkynyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan
asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri şu ýylyň
ýanwar — noýabr aýlarynda Daşary işler ministrliginiň alyp baran işleriniň
jemleri barada hasabat berdi. Bitarap Watanymyzyň daşary syýasat strategiýasyny
yzygiderli durmuşa geçirmek, daşary ýurtlar, halkara guramalar bilen
ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, öňde
goýlan wezipeleriň, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegine
gönükdirilen degişli işler geçirildi.
Hasabat
döwründe hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynda we Gazagystan
Respublikasynda iş saparlarynda boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Birleşen Arap
Emirliklerine, Türkiýe Respublikasyna, Täjigistan Respublikasyna, Russiýa
Federasiýasyna, Gazagystan Respublikasyna, Eýran Yslam Respublikasyna, Wengriýa
saparlary amala aşyrdy. Koreýa Respublikasynyň, Mongoliýanyň Prezidentleri
döwlet saparlary, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti resmi sapar bilen
ýurdumyzda boldular.
Beýik
türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna
bagyşlanyp, 11-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we
siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly
halkara foruma Eýranyň, Pakistanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň,
Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Ermenistanyň, Mongoliýanyň Prezidentleri
gatnaşdylar. 24-nji maýda paýtagtymyzda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak
üçin Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy, Belarus Respublikasynyň,
Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Täjigistan
Respublikasynyň Premýer-ministrleri ýurdumyza iş saparlaryny amala aşyrdylar.
Ýylyň başyndan bäri Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we
Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň, Türki
medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Türki Döwletleriň Guramasynyň,
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretarlary Türkmenistanda saparda
boldular.
Daşary
ýurtlaryň wekilleriniň Türkmenistana yzygiderli saparlary amala aşyrmagy,
ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlarda saparlarda bolmagy hyzmatdaşlar
bilen netijeli gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Şu ýylyň
dowamynda dürli derejedäki, şol sanda sanly ulgam arkaly duşuşyklar we gepleşikler
geçirildi. Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň hukuk binýadynyň üsti 207
resminama bilen ýetirildi. Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça
ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli häsiýete eýedir. Ýanwar — noýabr aýlarynyň
dowamynda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda birnäçe geňeşmeler geçirildi.
Ilçihanalaryň
üsti bilen diplomatik gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.
Bu ugurda degişli işler alnyp barylýar. Garalýan döwürde daşary ýurtlaryň
Türkmenistanda täze wezipä bellenilen ilçileriniň 21-si ynanç hatlaryny
gowşurdylar. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky täze
bellenilen ilçileriniň 8-si we konsullaryň 2-si, degişli halkara guramanyň
ýanyndaky resmi wekili işe girişdiler.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýä döwletleri, şeýle hem abraýly halkara
guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam
etdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Halkara Bitaraplyk güni
mynasybetli bellenen çärelere gowy taýýarlyk görmegiň, olary ýokary guramaçylyk
derejesinde geçirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýer, daşary işler
ministrine anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory
M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan
işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat
döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini
119,1 göterime deň boldy. Şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda awtomobil, demir
ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 102,5
göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 104,2 göterime deň boldy. Hasabat
döwründe “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň
ösüş depgini 103,1 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 110,6
göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 151,1 göterime,
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 117,3 göterime,
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 115,4 göterime deň boldy. Şeýle hem
“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň
Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada
aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, agentligiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň
işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini
belledi we milli ulag-aragatnaşyk toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
yzygiderli pugtalandyrmagy, ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga
aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýylyň on bir
aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň uly
üstünliklere eýe bolýandygyna aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi. Ýurdumyzda
kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Medeni-durmuş, senagat
we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz
ýylyň tamamlanmagyna az wagtyň galandygyny aýdyp, bu ýyly gowy netijeler bilen
jemläp, täze — 2025-nji ýyly mynasyp garşylamak üçin degişli işleri alyp
barmagyň zerurdygyny nygtady.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasyndan gelip gowşan hoş habara
ünsi çekdi. Şu ýylyň 2-nji dekabrynda bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 79-njy
sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro
ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnama biragyzdan kabul
edildi. Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň
Türkmenistanyň başlangyjyny goldamagynyň, dünýä döwletleriniň bu Kararnamanyň
awtordaşlary hökmünde çykyş etmeginiň Bitarap ýurdumyz üçin örän uly
abraýdygyny nygtady. Täze Kararnamanyň kabul edilmegi Watanymyzyň ählumumy
derejede parahatçylygy goramak, özara bähbitli dost-doganlyk gatnaşyklaryny
ösdürmek ugrunda edýän tagallalarynyň giň goldaw tapýandygynyň aýdyň nyşanydyr
diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we geljekde-de bu ugurda alnyp barylýan
işleriň yzygiderli dowam etdiriljekdigini aýdyp, hemmeleri «Merkezi Aziýada
ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamanyň kabul
edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.