Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk
goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen
işleriň jemleri jemlenildi.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Watanymyzyň goranyş ukybyny
pugtalandyrmak, ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işini sanly ulgamy ornaşdyrmak
arkaly döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça şu ýylyň başyndan bäri ýerine
ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Watan goragçylary üçin
talabalaýyk gulluk we iş şertlerini döretmek, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak,
çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan
boşatmak we Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak boýunça görülýän
çäreler barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, diňe
goranyş häsiýetli Harby doktrinany durmuşa geçirmegiň çäklerinde ileri tutulýan
wezipelere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ýaragly
Güýçlerini kämilleşdirmegiň we ösdürmegiň möhümdigini belläp, döwlet
Baştutanymyz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe
anyk tabşyryklary berdi.
Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň on bir
aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ähli ulgamlarda kanunçylygyň berjaý
edilmegine gözegçilik etmek babatda alnyp barylýan işler, ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň tabşyrygy boýunça kanunçylyk hukuk
namalarynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişine geçirilen barlaglaryň netijeleri
barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda kanunylygyň we düzgün-tertibiň
pugtalandyrylmagynyň bu edaranyň işiniň esasy ugrudygyny belledi. Şunda sanly
ulgamyň işjeň ulanylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Munuň özi prokuratura edaralarynyň
işini kämilleşdirmäge, düzümiň üstüne ýüklenen wezipeleriň talabalaýyk ýerine
ýetirilmegi üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz
nygtady we Baş prokurora degişli tabşyryklary berdi.
Mejlisiň
barşynda hormatly Prezidentimiz prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden
boşatmak hakynda degişli resminama gol çekdi.
Içeri
işler ministri M.Hydyrow 2024-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda hukuk
bozulmalarynyň öňüni almak, ýol howpsuzlygy düzgünleriniň, ýangyna garşy göreş
düzgünleriniň berjaý edilmegini üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen
toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, degişli ösüş
maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada aýdyldy.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, jenaýatçylyga we
beýleki hukuk bozulmalaryna garşy göreşmek boýunça işleri netijeli dowam
etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz ýol hereketiniň
howpsuzlygyny üpjün etmekde döwrebap tehnologiýalary ulanmagyň we gyş
möwsüminiň gelendigi üçin ýangyn howpsuzlygynyň kadalarynyň berjaý edilişine
berk gözegçilik etmegi esasy wezipeleriň hatarynda kesgitläp, ministre birnäçe
tabşyryklary berdi.
Ýokary
kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işler,
sanly ulgamyň mümkinçiliklerini işjeň ulanmak, işgärler kuwwatyny
pugtalandyrmak arkaly milli kazyýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça
durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, düzümiň öňünde
durýan wezipeleriň talabalaýyk berjaý edilmegi üçin döwrebap usullary we
innowasion tehnologiýalary işjeň ulanmagyň zerurdygyny belledi. Hormatly
Prezidentimiz öňde durýan meýilnamalar barada aýtmak bilen, Ýokary kazyýetiň
başlygyna kazyýet işgärleriniň hünär bilimini artdyrmak we işini kämilleşdirmek
boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Soňra
milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew şu ýylyň başyndan bäri ýurdumyzda
durnuklylygy we asudalygy üpjün etmek, ministrligiň düzümlerine sanly ulgamy
ornaşdyrmak, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek
boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ministrligiň harby gullukçylarynyň hünär
taýýarlygyny kämilleşdirmegiň hem-de bu ugurda döwrebap tejribelerden giňden
peýdalanmagyň möhümdigini belledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy milli howpsuzlyk ministrine öňde goýlan wezipeleriň öz wagtynda,
talabalaýyk ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet
serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri, harby gullukçylaryň gulluk etmekleri üçin döredilýän şertler,
gözegçilik edýän düzümlerini döwrebap tehnikalar we enjamlar bilen üpjün etmek,
serkerdeleriň, ýaş serhetçileriň hünär endiklerini ýokarlandyrmak maksady bilen
görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap
Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklaryny saklamakda serhet
goşunlaryna möhüm ornuň degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, gullugyň
ýolbaşçysyna döwlet serhediniň ygtybarly goragyny üpjün etmek boýunça alnyp
barylýan işleri dowam etdirmek tabşyryldy. Şunuň bilen birlikde, serhetçileriň gulluk
we ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilen çäreleriň
geçirilmeginiň zerurdygyna üns çekildi.
Adalat
ministri M.Taganow şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri
taýýarlamak, ilata hukuk kömegini bermek babatda görlen çäreler, döwlet
Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat
berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny
seljermegiň hem-de olaryň milli kanunçylygyň we halkara hukugyň umumy ykrar
edilen kadalaryna laýyk getirilmeginiň häzirki döwrüň esasy wezipeleriniň biri
bolup durýandygyny belledi. Edara-kärhanalarda, ilat arasynda hukuk
medeniýetiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen çäreleri guramak, kabul edilýän
kanunlaryň maksatlaryny we ähmiýetini düşündirmek ileri tutulýan wezipeleriň
hatarynda kesgitlenildi.
Döwlet
migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk edýän düzümini ösdürmegiň
maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, gullugyň işini döwrüň talabyna
laýyk getirmek boýunça şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işler barada
hasabat berdi. Şeýle hem şu ýylyň noýabrynda türkmen paýtagtynda geçirilen
Merkezi Aziýada raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça ministrler derejesindäki
sebitleýin maslahat barada hasabat berildi. Onda Merkezi Aziýada degişli
ählumumy başlangyjyň jemi jemlenildi. Habar berlişi ýaly, maslahatyň çäklerinde
Türkmenistanyň Hökümetiniň bu ulgamda gazanan üstünlikleri bellenildi hem-de
Jemleýji resminama kabul edildi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, türkmenistanlylaryň hem-de daşary ýurt
raýatlarynyň degişli kanunçylygyň kadalaryny berjaý etmegini hemişe üns
merkezinde saklamagyň zerurdygyny belledi. Gullugyň işgärleriniň öz wezipe
borçlaryny ýerine ýetirenlerinde ýokary hünär derejesini we jogapkärçiligi
görkezmelidiklerini nygtap, hormatly Prezidentimiz gullugyň ýolbaşçysyna
Türkmenistanyň migrasiýa meseleleri boýunça goşulyşan halkara ylalaşyklarynyň
borçnamalarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň jemini jemläp, diňe goranyş
häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap
döwletimiziň harby howpsuzlygyny hem-de bitewüligini ýokary derejede üpjün
etmek, döwletimiziň goranmak ukybyny mundan beýläk-de berkitmek, Watan
goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da
ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.
Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi
tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň parahat hem-de bagtyýar
durmuşynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri
arzuw etdi.