Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini
geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa
döwrüň talaplaryna laýyklykda milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň hasabyna
ýurdumyzyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada
maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, hereket edýän kanunlaryň
seljerilýändigi, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine, halkara hukugyň
umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, olara üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň
girizilýändigi aýdyldy.
Bosniýa
we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul
edildi. Daşary ýurtlaryň parlamentleri we abraýly halkara guramalar bilen
gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, Mejlisiň wekilleri Belgiýa Patyşalygynyň
Brýussel şäherinde geçirilen “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” 7-nji
parlamentara duşuşygyna, Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň jemleýji maslahatyna hem-de
“Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş
çygrynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň”
çäklerinde döredilen Milli dolandyryş we utgaşdyryş toparynyň duşuşygyna
gatnaşdylar. Mundan başga-da, deputatlar ýurdumyzda amala aşyrylýan
maksatnamalaýyn özgertmeleriň ähmiýetini, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň
maksadyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça geçirilýän çärelere
gatnaşýarlar.
Milli
parlamentiň ýolbaşçysy 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça degişli
işleriň geçirilýändigi barada-da habar berdi.
Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek ugrunda alnyp barylýan işleri
yzygiderli dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanyň halkara maliýe
reýtingini we abraýyny ýokarlandyrmak, degişli düzümler, hususan-da, Beýik
Britaniýanyň “Fitch Ratings” agentligi bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak
boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, agzalan agentlik tarapyndan geçirilen seljerme işleriniň netijesinde, şu
ýylyň awgustynda Türkmenistanyň karz reýtingi ýokarlandyryldy. Wise-premýer
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna agentlik bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy
ösdürmäge gönükdirilen degişli teklibi hödürläp, bu çäräniň ýurdumyza çekilýän
maýa goýumlaryň möçberini artdyrmaga, karzlaryň şertlerini ýeňilleşdirmäge, netijede,
döwletimiziň daşary ykdysady işiniň has-da ösmegine ýardam berýändigini aýtdy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halkara maliýe derejesini berkitmek
babatda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini, halkara reýting agentlikleri
bilen hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyz döwletimiziň daşary ykdysady işini has-da ösdürmek bilen
bagly taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli çäreleri
görmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserni
tarapyndan gyş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, konserniň “Türkmengazüpjünçilik” we “Türkmengazakdyryş” birleşikleri
tarapyndan içerki sarp edijileri tebigy gaz bilen bökdençsiz hem ygtybarly
üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär. Gaz bilen işledilýän enjamlaryň
tehniki ýagdaýyna, olardan peýdalanmagyň düzgünleriniň berjaý edilişine
yzygiderli gözegçilik edilýär. Tebigy gazy tygşytly we howpsuz ulanmak,
enjamlardan talabalaýyk peýdalanmak maksady bilen, köpçülikleýin habar beriş
serişdeleri arkaly düşündiriş işleri geçirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň sarp edijilerini gyş möwsüminde
tebigy gaz bilen bökdençsiz we ygtybarly üpjün etmegiň möhüm bolup durýandygyny
nygtady. Döwlet Baştutanymyz “Türkmengaz” döwlet konserniniň gyş möwsümine doly
taýýarlyk görmelidigini, tebigy gazyň sarp edilişine, howpsuzlyk kadalarynyň
ýerine ýetirilişine berk gözegçiligiň ýola goýulmalydygyny aýdyp, wise-premýere
bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de
welaýatlarda möwsümleýin işleriň geçirilişi barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, ýurdumyzda geljek ýyl bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, azyk
bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Hususan-da,
ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär.
Pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, hasyly talabalaýyk saklamak,
ony gaýtadan işlemek boýunça degişli çäreler görülýär. Daşoguz we Lebap
welaýatlarynda şaly hasylyny ýygnamak işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edip, Mary
welaýatynda önüm öndürijilerden gant şugundyryny kabul etmek, talabalaýyk
saklamak hem-de gaýtadan işlemek boýunça işler alnyp barylýar. Welaýatlarda
geljek ýylyň hasyly üçin ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak maksady
bilen, gowaça ekiljek meýdanlarda mineral dökünler bilen gurplandyrmak, sürüm
işlerini geçirmek, tehnikalary netijeli ulanmak babatda zerur çäreler görülýär.
Şeýle hem ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw
ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça işleriň geçirilýändigi aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we
onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy dowam etdirmegiň, bugdaý ekilen
meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda alyp barmagyň, pagta
hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň, pagta arassalaýjy kärhanalarda
tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge we tohumlyk çigitleri taýýarlamaga möhüm
ähmiýet bermegiň wajypdygyny belledi.
Wise-premýer
hasabatyny dowam edip, ýurdumyzda pagtanyň öndürilýän möçberini has-da
artdyrmak üçin geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz welaýatlarda geljek ýylda ýerden, suwdan, oba hojalyk
tehnikalaryndan, mineral dökünlerden netijeli peýdalanmak maksady bilen,
“Türkmenistanda 2025-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda”
Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, resminamanyň
ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Täze ýyl baýramyna taýýarlyk
görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýetip gelýän täze — 2025-nji ýyly mynasyp garşylamak we ýokary derejede
geçirmek maksady bilen, paýtagtymyzyň esasy medeniýet ojaklarynda, şaýollarynda,
dynç alyş seýilgählerinde, medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçirilýän ýerlerinde
Täze ýyl arçalaryny bezemek, beýleki bezeg işlerini geçirmek göz öňünde
tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, paýtagtymyzyň ilatynyň we
myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmegiň
möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmek
bilen bagly paýtagtymyzda bezeg, Täze ýyl arçalaryny bezemek işlerini ýokary
hilli ýerine ýetirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu ugurda taýýarlanan teklibi
goldady hem-de wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew şu ýylyň 4 — 6-njy dekabry
aralygynda Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport
harytlarynyň sergisini, onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürler geňeşiniň
nobatdaky maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bu
giň gerimli gözden geçirilişe Türkiýäniň dürli ugurlarda iş alyp barýan
kompaniýalarynyň hem-de birleşmeleriniň 70-den gowragynyň gatnaşmagy göz öňünde
tutulýar. Sergä gatnaşyjylar, esasan, enjamlary we tehniki serişdeleri,
binalaryň ýyladyş-sowadyş ulgamlaryny, himiki we gurluşyk serişdelerini, dokma,
azyk senagatynyň önümlerini, derman serişdelerini, öý hojalyk harytlaryny
öndürijilerden, logistika, hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan kompaniýalardan
ybarat bolar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzyň ýakyn
hyzmatdaşy bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gowy
taýýarlyk görmegiň, onuň dowamynda türkmen-türk hyzmatdaşlygyny has-da
pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyny nygtap, wise-premýere
birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň dekabr aýynda geçiriljek
esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga
berilmeginiň Tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu döwürde birnäçe medeni çäreleri guramak, “Merdana nesil — 2024”,
“Ýylyň parlak ýyldyzy” atly bäsleşikleriň jemleýji tapgyrlaryny geçirmek göz
öňünde tutulýar. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň raýatlaryna
Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalynyň
gowşurylyş dabaralaryny, Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyny,
paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde medeniýet we sungat ussatlarynyň
baýramçylyk konsertini, welaýatlarda, Arkadag şäherinde aýdym-sazly çäreleri
geçirmek meýilleşdirilýär. Birnäçe çäreler Nebitgaz senagaty we geologiýa
işgärleriniň gününe gabatlanylar. Esasy medeni çäreleriň hatarynda 15-nji
dekabrda Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklarynyň ýakylyş dabarasy, “Ylham”
seýilgähinde, Döwlet sirkiniň, “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň, Arkadag
şäherindäki “Arkadag Binasynyň” öňündäki meýdançalarda we ýurdumyzyň
welaýatlaryndaky “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň öňündäki baýramçylyk
meýdançalarynda medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertleri bar.
Şeýle hem Aşgabat şäheri bilen welaýatlaryň, Arkadag şäheriniň arasynda täze
ýyl teleköprüsini guramak, baýramçylyk feýerwerki göz öňünde tutulýar. Şunuň
bilen birlikde, dekabr aýynda ýurdumyzyň sebitlerinde birnäçe täze desgalaryň,
şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň açylyp ulanmaga beriljekdigi barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän baýramlar we şanly
seneler bilen bagly dekabr aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň,
ulanmaga berilýän desgalaryň açylyş dabaralaryny ýokary derejede geçirmegiň,
Halkara Bitaraplyk güni, Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni
mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belläp, bu
babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa 2025-2026-njy okuw ýylynda
Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary
okuwa ibermek meselesi barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, türkmen ýaşlarynyň bu dostlukly ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine
maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary, bilim we
pedagogika ylymlary, oba hojalyk ylymlary, inženerçilik işi, tehnologiýalar,
tehniki ylymlar, matematika we tebigy ylymlar ugurlary boýunça iberilmegi
maksadalaýyk hasaplanýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak
bilen bagly toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny, ýaşlarymyzyň
müňlerçesiniň daşary ýurtlaryň abraýly bilim edaralarynda okaýandyklaryny
belledi. Döwlet Baştutanymyz 2025-2026-njy okuw ýylynda Hytaý Halk
Respublikasynyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna ýaşlary okuwa ibermek
barada taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň
11-nji dekabrynda halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde
bilelikdäki tagallalara bagyşlanyp geçiriljek maslahata görülýän taýýarlyk
barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, halkara guramalar, ilkinji
nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek
Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen bu abraýly guramanyň çäklerinde
döwletimiz tarapyndan parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça öňe
sürülýän halkara başlangyçlar dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýar
hem-de BMG-niň Kararnamalarynda we beýleki resminamalarynda öz beýanyny tapýar.
Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäherinde halkara maslahaty, Bitaraplygyň
dostlarynyň toparynyň duşuşygyny geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Bitaraplygyň dostlarynyň toparynyň duşuşygynda hormatly Prezidentimiziň
başlangyjy bilen öňe sürlen Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmegiň
mümkinçilikleri, parahatçylyk babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ädimleri,
durnukly ösüşe ýetmek üçin milli we halkara strategiýalara bitaraplyk
ýörelgelerini ornaşdyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, hemişelik
Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň dostluk, parahatçylyk ýörelgelerine
esaslanýandygyny, dünýä we sebit döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen
ysnyşykly hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda,
hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny
berkitmek ugrunda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek maksady
bilen, wise-premýer, daşary işler ministrine bu maslahaty ýokary derejede,
guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisiň dowamynda wise-premýer, daşary işler
ministri Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran
saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Birleşen
Arap Emirlikleri bilen döwletara syýasy-diplomatik gatnaşyklar ýokary derejede
alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň noýabrynda, 2023-nji
ýylyň dekabrynda bu dostlukly ýurda amala aşyran resmi hem-de iş saparlary
munuň aýdyň güwäsidir. Şunuň bilen birlikde, türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2023-nji
ýylyň fewralynda dostlukly ýurda resmi sapary, şu ýylyň ýanwarynda bolsa iş
saparyny amala aşyrandygy aýdyldy. Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, gaýtadan
dikeldilýän energiýa çeşmeleri, ulag-logistika ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň
ileri tutulýan ugurlarydyr. Mundan başga-da, medeniýet, ylym-bilim, sport
ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Nygtalyşy ýaly, netijeli hyzmatdaşlygy has-da
ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Birleşen
Arap Emirliklerine amala aşyrylan iş saparynyň barşynda duşuşyklaryň birnäçesi,
hususan-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň
orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al
Nahaýýan, BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Şeýh
Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyklar geçirildi. Saparyň barşynda
başga-da birnäçe duşuşyklar boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
Birleşen Arap Emirlikleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýurdumyzyň daşary
syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygyny belledi.
Döwletimiz ähli ugurlar boýunça dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge
çalyşýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministrine BAE
bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli berkitmäge aýratyn üns bermek tabşyryldy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hormatly Prezidentimiziň
degişli Kararyna laýyklykda, 26-27-nji noýabrda “Halkara ulag-üstaşyr
geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahaty hem-de
sergini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Maslahatyň meýilnamasyna laýyklykda, ýokary
derejeli plenar mejlisi geçirmek, birnäçe sessiýalarda dürli meselelere
seretmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş
Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnama esasynda her ýylyň 26-njy
noýabrynyň “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýlip ykrar edilmegi mynasybetli,
BMG bilen bilelikde Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ikinji ministrler
maslahatyny, “Hemmeler üçin howpsuz ýollar” atly çäräni guramak
meýilleşdirilýär. Halkara maslahata dünýäniň 40-dan gowrak döwletinden we
ýurdumyzdan 600-e golaý wekiliň, sanly ulgam arkaly 50-den gowrak wekiliň
gatnaşmagyna garaşylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
Türkmenistanyň sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag-logistik merkez hökmünde
eýeleýän ornuny barha berkidýändigini, ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa pudagynyň
işiniň yzygiderli kämilleşdirilýändigini, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň
has-da ösdürilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri:
özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahaty we sergini ýokary
derejede geçirmegiň wajypdygyny nygtap, agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda
birnäçe tabşyryklary berdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da
birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa
gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň
gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.