Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini
geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa
ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan
işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, Mejlisde ýurdumyzda amala
aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň hukuk ulgamyny pugtalandyrmak boýunça
degişli çäreler görülýär, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk
gelýän täze kanunlar işlenip taýýarlanylýar. Şunuň bilen baglylykda,
Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny işläp taýýarlamak,
hereket edýän kanunçylyk namalarynyň birnäçesine, hususan-da, raýat-hukuk
gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan, administratiw hukuk bozulmalary, salgytlar,
awtomobil ulagy, döwlet we diplomatik gulluk bilen baglanyşykly meseleleri
kadalaşdyrýan kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işleriň
geçirilýändigi aýdyldy. Halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek maksady
bilen, Mejlisiň wekilleri ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan okuw maslahatyna hem-de Germaniýanyň
Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti tarapyndan geçirilen duşuşyga, bu guramanyň
Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherindäki maslahatyna gatnaşdylar. Mundan
başga-da, Mejlisiň wekili Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda guralan metan zyňyndy
gazlaryny azaltmak boýunça tanyşlyk okuw saparynda boldy.
Şeýle hem deputatlar “Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy” ýylynda gazanylýan üstünlikleri, geljegi nazarlaýan
maksatnamalaýyn işleri giňden wagyz etmek we kabul edilýän kanunlaryň
many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek üçin maslahatlara, duşuşyklara
gatnaşýarlar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyş
edýärler.
Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň deputatlarynyň
täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak, hereket edýän kanunçylyk namalaryna
üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alyp barýan işlerini netijeli
dowam etdirmeginiň möhümdigini belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary H.Geldimyradow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda,
Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak
boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.
Döwlet býujetiniň, Türkmenistany
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum
Maksatnamasynyň taslamalary “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 —
2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” hem-de şu
ýylyň maýynda kabul edilen degişli Kararyň esasynda işlenip taýýarlanyldy.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň baş maliýe resminamasy giň gerimli özgertmeleri
üstünlikli dowam etdirmäge we milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da
artdyrmaga gönükdirilendir. Makroykdysady durnuklylygy saklamak, ykdysadyýetiň
pudaklaryny, sebitleri mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, maýa goýumlaryň esasy
bölegini önümçiligi düýpli döwrebaplaşdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş
derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirmek geljek ýylyň esasy wezipeleriniň
hatarynda kesgitlenildi. Hasabatyň dowamynda wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň we Türkmenistany
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum
Maksatnamasynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy. Döwlet
Baştutanymyz geljek ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasynda zähmet haklarynyň,
pensiýalaryň, talyp haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň we beýleki durmuş
tölegleriniň möçberini ýokarlandyrmagyň göz öňünde tutulandygyny belledi.
Geljek ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ykdysadyýetiň
ugurlaryna jemi 40,1 milliard manat möçberinde düýpli maýa goýumlary
gönükdirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz
degişli resminama gol çekdi hem-de Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet
býujetiniň taslamasynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna iberilýändigini
aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalaryň
maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu konserne degişli “Körpeje” gaz gysyjy
desgasynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek babatda zerur çäreler görülýär.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň
taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
“Türkmennebit” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli
berkidilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda
nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady
bilen, degişli Karara gol çekdi we resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere
iberip, ony ýerine ýetirmek babatda degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda işleriň alnyp barlyşy, welaýatlarda
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda geljek ýylda
bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek hem-de azyk bolçulygyny has-da
pugtalandyrmak maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Hususan-da, welaýatlaryň
bugdaý ekilen meýdanlarynda gögeriş we ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek, haşal otlara garşy göreş çärelerini geçirmek işleri dowam
etdirilýär. Ýetişdirilen pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak,
talabalaýyk saklamak we gaýtadan işlemek üçin zerur çäreler görülýär. Daşoguz
we Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyryny
ýygnamak we hasyly talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler geçirilýär.
Welaýatlarda geljek ýylyň hasyly üçin ýerleri
ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak, gowaça ekiljek meýdanlarda ýerleri mineral
dökünler bilen gurplandyrmak, sürüm işlerini geçirmek, tehnikalary netijeli
işletmek boýunça işler geçirilýär. Ilaty ýurdumyzda öndürilýän gök-bakja, miwe
we beýleki azyklyk oba hojalyk önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek
maksady bilen, güýzlük ekilen azyklyk ekinleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap
almak hem-de bu önümler bilen bazarlary üpjün etmek boýunça işler dowam
etdirilýär. Şeýle-de önüm öndürijilerden kabul edilip alnan güýzlük azyklyk
ekinleriň hasylyny sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek, olary talabalaýyk saklamak
boýunça çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini
kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekilen
meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda alyp barmagyň,
pagtany soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň hem-de ýygnalan hasyly talabalaýyk
saklamagy we gaýtadan işlemegi berk gözegçilikde saklamagyň, ýetişdirilen şaly
hasylyny, gant şugundyryny ýygnap almak boýunça zerur çäreleri görmegiň,
ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak üçin degişli işleri alyp barmagyň
wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary
berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annamämmedow ýurdumyzyň himiýa senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan
beýläk-de pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler,
hususan-da, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalaryň
bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek üçin görülýän çäreler barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, “Garabogazkarbamid” zawodynyň bökdençsiz işlemegini
üpjün etmek maksady bilen, bu önümçiligiň zerur bolan çig mal bilen yzygiderli
üpjünçiligini ýola goýmak, esasy tehnologik enjamlary abatlamak zerur bolup
durýar. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtlaryň önüm öndüriji kompaniýalary
bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky teklip beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda hereket edýän himiýa kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny doly
ulanmaga aýratyn ähmiýet bermegiň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň
“Garabogazkarbamid” zawodyny taslama kuwwatynda bökdençsiz işletmegiň
möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu zawodda toplumlaýyn tehniki
hyzmatlary amala aşyrmak boýunça taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Atdaýew hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, şu ýylyň 20-21-nji
noýabrynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistan
Respublikasynyň Ikinji sebitara forumyny hem-de Özbegistanda öndürilen
harytlaryň milli sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, 20-nji noýabrda agzalan
serginiň açylyş dabarasynyň, sebitara forumyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Şeýle hem şol gün Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda iki
dostlukly ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konsertiniň guralmagy teklip
edilýär. 21-nji noýabrda bolsa söwda ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek,
syýahatçylyk pudagyny ösdürmek, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak
bilen bagly meseleler boýunça maslahatlary guramak meýilleşdirilýär. Sebitara
forumyň we serginiň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek,
resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda
we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Goçmollaýewi göni aragatnaşyga
çagyrdy hem-de ony, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, eýeleýän
wezipesinden boşatdy. Soňra hormatly Prezidentimiz wise-premýer B.Atdaýewe
ýüzlenip, onuň ýurdumyzyň söwda toplumynyň işini ýola goýmakda birnäçe
kemçiliklere ýol berendigini belledi hem-de ony, özüne ynanylan wezipäni
oňarmandygy üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden
boşadýandygyny aýtdy.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy N.Atagulyýewi
göni aragatnaşyga çagyrdy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda
toplumy boýunça orunbasary wezipesini 6 aý synag möhleti bilen ýerine ýetirmegi
onuň üstüne ýükledi. N.Atagulyýew özüne bildirilen uly ynam üçin hormatly
Prezidentimize hoşallygyny beýan edip, bu wezipede tutanýerli zähmet
çekjekdigine ynandyrdy hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür,
asylly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz söwda we
daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine
ýetirmegi söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary
K.Kurbanowyň üstüne ýükledi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň wezipä täze bellenen orunbasaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň goňşy
döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini,
bu ugurda Özbegistan Respublikasy bilen hem netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp
barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz
20-21-nji noýabrda Türkmenabat şäherinde geçiriljek Özbegistan Respublikasynyň
milli sergisine we Ikinji sebitara foruma ýokary derejede taýýarlyk görmegiň
wajypdygyny aýdyp, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde ýurdumyzyň
taryhy-medeni ýadygärliklerinde alnyp barlan arheologik gazuw-barlag we
rejeleýiş işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň
«Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp eserinden ruhlanyp,
Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de
rejelemek baradaky milli müdirliginiň, Ylymlar akademiýasynyň Taryh we
arheologiýa institutynyň alymlarydyr hünärmenleri «Milli taryhy-medeni mirasyň
obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary
çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, «Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýaz we güýz möwsümlerinde taryhy-medeni
ýadygärlikleriň birnäçesinde arheologik gazuw-barlag we rejeleýiş işlerini
üstünlikli dowam etdirdiler. Hususan-da, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň
çäginde ýerleşýän Paryzdepe ýadygärliginde, Gökdepe galasynda, Kaka etrabynyň
çäginde ýerleşýän Abu Seýit kümmetinde, Abiwerd galasynyň orta asyr Juma
metjidinde, Balkan welaýatyndaky orta asyr Dehistan şäheriniň gündogar
kerwensaraýynda, «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çägindäki
«Kerwensaraý» ady bilen tanalýan XIV asyra degişli binagärlik ýadygärliginde,
Lebap welaýatynyň çägindäki orta asyr Daýahatyn kerwensaraýynda, Mary
welaýatynyň çägindäki orta asyr Daňdanakan galasynda geçirilen işler barada
aýdyldy.
Şeýle-de Medeniýet ministrligi bilen daşary
ýurtlaryň meşhur ylmy merkezleriniň arasynda baglaşylan Ylalaşyklara
laýyklykda, birnäçe halkara ekspedisiýalar tarapyndan 2024-nji ýylyň ýaz we
güýz möwsümlerinde taryhy-medeni ýadygärliklerde arheologik gazuw-barlag işleri
dowam etdirildi. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde
geçirilýän ylmy gözlegleriň dowamynda toplanan maglumatlary öz wagtynda çap
etmek hem-de olar bilen halkara ylmy jemgyýetçiligi tanyşdyrmak maksady bilen,
ýurdumyzda “Asyrlaryň yzlary” atly ýöriteleşdirilen halkara ylmy ýygyndynyň
neşir edilmegi ýola goýuldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
halkymyzyň baý medeni mirasyny giňden öwrenmegiň, gorap saklamagyň, dikeltmegiň
we wagyz etmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde arheologik
gazuw-agtaryş we rejeleýiş işlerini dowam etdirmegiň, gözlegleriň dowamynda
toplanan maglumatlary ylmy taýdan seljermegiň möhümdigini nygtap, wise-premýere
birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Orazdurdyýewa “Akylly” şäher: dolandyrmak, sanly, “akylly” we emeli aň
tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti” atly halkara ylmy-amaly maslahaty
geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe halkymyz bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag
şäheri munuň aýdyň güwäsidir. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň sentýabrynda Koreýa
Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen “World Smart City Expo” halkara
sergisinde Arkadag şäheri “Iň tapawutlanan “akylly” şäher”, “Daşary ýurt
“akylly” şäheri”, “World Smart City Expo 2024” halkara sergisine goşan uly
goşandy üçin” atly baýraklara mynasyp boldy. Häzirki wagtda daşary ýurtly IT
hünärmenleri, alymlar, professor-mugallymlar bilen “akylly” öý, şäher we
zatlaryň interneti, olaryň dolandyrylmagyny, kiberhowpsuzlygyny üpjün etmegiň
tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak bilen bagly döwrebap tejribeler yzygiderli
öwrenilýär. Bu ugurdaky işleri ulgamlaýyn esasda alyp barmak, Arkadag şäherinde
“akylly” şäher konsepsiýasynyň tapgyrlaýyn ornaşdyrylyşyny we gazanylýan milli
tejribeleri dünýä ýaýmak maksady bilen, şu ýylyň 18-nji dekabrynda
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Akylly”
şäher: dolandyrmak, sanly, “akylly” we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy,
ykdysadyýeti” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzyň ähli pudaklaryna sanly ulgamy hem-de innowasion tehnologiýalary
ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini, bu ugurda daşary ýurtly alymlar,
hünärmenler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň
döredilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz halkara
ylmy-amaly maslahaty guramak baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra wise-premýer Türkmenistanyň Ýaşlar
baýragynyň eýelerini sylaglamak dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýaşlar
baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär, ýaş raýatlary
hemmetaraplaýyn goldamagyň nusgalyk ulgamy döredildi. Her ýylda Magtymguly
adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi döwlet syýasatyny, beýik
özgertmeleri wagyz etmekde ýokary döredijilik başarnygyny görkezen hem-de
bilimde, ylymda, dürli pudaklarda üstünlik gazanan ýaşlary ýüze çykarmak
boýunça bäsleşik yglan edýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda
hem ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýokary okuw
mekdepleri, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan
bäsleşige ýaşlaryň 506-sy hödürlenip, şolardan 135-si saýlanyp alyndy. Şunuň
bilen baglylykda, şu ýylyň 16-njy noýabrynda Ýaşlar baýragynyň eýelerini yglan
etmek we olary sylaglamak dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, milli mirasymyza sarpa goýýan
watansöýüji ýaşlary kemala getirmek babatda netijeli işleriň durmuşa
geçirilýändigini, dürli pudaklarda üstünlik gazanyp, ýokary döredijilik
başarnygyny görkezýän ýaşlarymyz üçin geljekde hem ähli şertleriň
dörediljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
wise-premýere Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini yglan etmek we olary
sylaglamak dabarasyny guramaçylykly geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
daşary işler ministri R.Meredow daşary syýasy işiň habarlar üpjünçiligini
kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işini hemmetaraplaýyn
ösdürmek boýunça tagallalar täze başlangyçlarda öz beýanyny tapýar. Şu ýylyň
1-nji awgustyndan Daşary işler ministrliginiň düzüminde Daşary syýasy habarlar
we sanly diplomatiýa departamentiniň işe başlamagy munuň aýdyň mysalydyr.
Departamentiň esasy wezipesi ýurdumyzyň daşary syýasatyny amala aşyrmakda
halkara maglumat giňişliginden has netijeli peýdalanmakdan, döwrebap habar
beriş usullary, jemgyýetçilik diplomatiýasy, täze maglumat-kommunikasiýa
tilsimatlary arkaly Türkmenistan barada dünýä jemgyýetçiliginiň habarlylygyny
artdyrmakdan ybaratdyr. Şu wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, degişli
teklipler taýýarlanyldy.
Türkmenistan hem-de onuň içeri we daşary
syýasaty baradaky maglumatlary dünýä ýaýmak boýunça işler köp ýyllaryň
dowamynda belli bir derejede ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň üsti
bilen amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtlarda alnyp barylýan
maglumat işini has-da güýçlendirmek maksady bilen, käbir ilçihanalarymyzda
metbugat attaşesi wezipesini döretmek teklip edilýär. Häzirki wagtda
Türkmenistanyň halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen hyzmatdaşlygy
möhüm ugurlar boýunça işjeňleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň
Bütindünýä aragatnaşyklar departamenti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky
teklip beýan edildi. Şeýle hem “Türkmenistanyň daşary syýasaty we
diplomatiýasy” ylmy-tejribe žurnaly bilen daşary ýurtlarda çap edilýän ugurdaş neşirleriň
gatnaşyklaryny ýola goýmak maksady bilen, hyzmatdaşlyk etmek hakynda
ikitaraplaýyn ylalaşyklary baglaşmak hem-de žurnalyň habarçylaryny daşary
ýurtlarda akkreditasiýa etmek teklip edilýär.
Döwletimiziň halkara gatnaşyklar ulgamynda
häzirki zaman maglumat tehnologiýalarynyň öňdebaryjy sanly görnüşlerini ulanmak
boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu işleriň gerimini mundan beýläk-de
giňeltmek maksady bilen, şeýle hem ýurdumyzda sanly ulgam boýunça zähmet çekýän
ukyply ýaşlaryň bardygyny nazara alyp, Türkmenistanda sanly ulgam bilen bagly
ähli işleri we oýlap tapyşlary merkezleşdirmek üçin halkara tejribeleriň
esasynda “Sanly birleşme” atly ýörite bir zolagy döretmek teklip edilýär. Şunuň
bilen birlikde, hasabatyň dowamynda başga-da birnäçe teklipler beýan edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hemişelik Bitarap
döwletimiziň parahatçylyk söýüjilige, ynsanperwerlige esaslanýan daşary
syýasaty alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
ýurdumyzyň daşary syýasy işiniň habarlar üpjünçiligini has-da kämilleşdirmegiň,
munuň üçin häzirki zaman usullaryny giňden peýdalanmagyň, daşary ýurt habarlar
gulluklary bilen özara hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi
hem-de taýýarlanan teklipleri goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş
direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamyny ösdürmek, hususan-da, demir ýol
ulagy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, onuň işgärleri üçin
has oňaýly iş şertlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ýakyn ýyllarda
ýurdumyzyň etraplarynyň we şäherleriniň birnäçesinde demir ýol stansiýalarynyň
döwrebap binalaryny gurmak göz öňünde tutulýar we häzirki wagtda bu ugurda
degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýolagçylar we demir ýol ulagy
pudagynyň işgärleri üçin has oňaýly şertleri döretmek babatda netijeli işleriň
alnyp barylýandygyny, häzirki zaman demir ýol stansiýalarynyň yzygiderli gurlup
ulanmaga berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
kabul edilen maksatnama esasynda Ahal welaýatynda Duşak we Bamy, Balkan
welaýatynda Jebel, Mary welaýatynda Baýramaly demir ýol stansiýalarynyň
döwrebap binalaryny gurmak barada taýýarlanan teklibi goldap, agentligiň
ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça
degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.