Şu
gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda
ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy
bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
belleýşi ýaly, berkarar Watanymyzda her ýyl ählihalk bag ekmek dabaralarynyň
geçirilmegi ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegine uly goşant goşýar we
halkymyzyň özboluşly tebigatymyza bolan buýsanjyny artdyrýar.
Halkymyz
tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagyň hem-de oňa aýawly çemeleşmegiň ajaýyp
däplerini döredipdir. Häzirki wagtda bu däpler täze mazmun bilen
baýlaşdyrylýar. Diýarymyzda tokaý zolaklarynyň çäkleriniň ýyl-ýyldan
giňeldilmegi, köpçülikleýin bag ekmek çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi muny
aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Ýurdumyzda asylly däbe öwrülen bag nahallaryny
ekmek çäreleri täze seýilgähleriň, tokaý zolaklarynyň döredilmegine, türkmen
topragynyň ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna, amatly howa şertleriniň emele
gelmegine ýardam berýär. Munuň özi ekologik howpsuzlygyň, halkymyzyň saglygynyň
we abadançylygynyň möhüm şerti bolup durýar.
...Şu
günki dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň,
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň
diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, halk köpçüligi bar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulagy ählihalk bag ekmek dabarasynyň
geçirilýän ýeri bolan paýtagtymyzyň günorta künjegine geldi. Dabara
gatnaşyjylar Döwlet Baştutanymyzy mähirli mübäreklediler. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň
çykyşlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.
Hormatly
Prezidentimiz ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, bag ekmek üçin ýörite
taýýarlanylan ýere barýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýanyna ýaş nesliň
wekili gelýär. Ol belent ruha beslenen goşgy setirleri bilen hormatly
Prezidentimizden bag ekmek dabarasyna badalga bermegi haýyş edýär.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bag nahalyny oturdyp, güýzki
ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi. Döwlet Baştutanymyzyň tutuş
ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan bu asylly çärä gatnaşmagy onuň ähmiýetini
has-da artdyrdy. Munuň özi paýhasly pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda kemala
getiren milli dessurlarynyň häzirki zamanyň ruhuna laýyk derejede
ösdürilýändigini alamatlandyrýar.
Dabara
gatnaşyjylaryň ählisi hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, bag
nahallaryny ekmäge girişdiler. Dürli görnüşli nahallaryň bu künjegiň
toprak-howa şertleri nazara alnyp ekilmegi dag etegindäki giňişliklerde tokaý
zolaklaryny döretmäge mümkinçilik berer.
Daşky
gurşawyň köpdürlüligini goramak we baýlaşdyrmak boýunça netijeli işleriň
durmuşa geçirilmegi Watanymyzyň abadançylygynyň kepilidir. Tebigat baradaky
alada häzirki döwrüň iň wajyp wezipeleriniň biridir. Şoňa görä-de, Türkmenistan
Ýer ýüzüniň häzirki we geljek nesilleriniň abadançylygynyň bähbidine ählumumy
ekologik meseleleriň oňyn çözgütlerini öňe sürýär. Eziz Diýarymyzda giň gerimli
tokaý maksatnamasynyň amala aşyrylmagy howanyň üýtgemegi bilen bagly ýagdaýlara
garşy ählumumy tagallalara goşulýan ägirt uly goşantdyr. Howanyň üýtgemegi ýaly
möhüm ugurda BMG we beýleki iri halkara düzümler bilen hyzmatdaşlyk etmek tutuş
adamzadyň öňünde durýan möhüm wezipeleri çözmekde işjeň orun eýeleýän
Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň
biridir.
Birleşen
Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna
goşulan Türkmenistanyň ýokary derejeli forumlarda öňe sürýän başlangyçlary
halkara bileleşik tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Şolaryň hatarynda
Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar
boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny, BMG-niň Aral
deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Aral meselesini
BMG-niň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, Hazar deňziniň ekologik
abadançylygyny gorap saklamak ýaly teklipler bar.
Türkmenistanyň
Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy ýurdumyzyň häzirki döwrüň derwaýys
meselelerini çözmäge jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň aýdyň güwäsidir. Mälim
bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň 30-njy
noýabry — 12-nji dekabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý
şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky
Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda döwletimiziň
bu resminama goşulýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Döwlet Baştutanymyz
Türkmenistanyň halkara guramalar hem-de hyzmatdaş ýurtlar bilen borçnamadan
gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmäge gönükdirilen taslamalaryň we
maksatnamalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini aýtdy.
Türkmenistanyň
abraýly halkara düzümler bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýändigine halkara
hyzmatdaşlyk esasynda taýýarlanylan “Aram guşaklykdaky Turan çölleri” atly
köptaraplaýyn hödürnamanyň çäklerinde “Bereketli Garagum”, “Gaplaňgyr” döwlet
tebigy goraghanalarynyň, “Repetek” döwlet biosfera goraghanasynyň hem-de onuň
“Ýerajy” çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň
sanawyna girizilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň aýratyn
ekologik ähmiýeti bolan tebigy ýadygärlikleriň goralyp saklanmagyna hem-de
wagyz edilmegine gönükdirilen maksatnamasy işjeň durmuşa geçirilýär.
...Çäräniň
dowamynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir
orunbasarlary bilen gürrüňdeş boldy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary
T.Atahallyýew hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tutuş ýurdumyz
boýunça geçirilýän ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşy barada habar berdi.
Döwlet
Baştutanymyz bag nahallarynyň yzygiderli ekilmeginiň ekologik ýagdaýy
gowulandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigine ünsi çekip, daşky gurşawy goramak,
ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça durmuşa geçirilýän işleri hemişe
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary
B.Annamämmedow baş şäherimizi abadanlaşdyrmak, onuň çäklerinde arassaçylyk
işlerini geçirmek babatda ýerine ýetirilýän işler, paýtagtymyzda alnyp barylýan
gurluşyk işleri barada habar berdi.
Döwlet
Baştutanymyz Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmegiň, paýtagtymyzda arassaçylyk
kadalarynyň berjaý edilişini, gurluşyklaryň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine
ýetirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny belläp,
wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly
Prezidentimiziň tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän şähergurluşyk
maksatnamasynda hem ekologiýa meselesine möhüm ähmiýet berilýär. Seýilgäh
zolaklarynyň giňeldilmegi, köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegi ekologik
abadançylygy üpjün etmäge goşant goşýar.
«Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», “Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasy” esasynda Diýarymyzda amatly ekologik gurşawy döretmek
boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň keşbi
tanalmaz derejede özgerdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baş şäherimizi
ösdürmek boýunça alyp barýan özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa
geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly,
Aşgabadyň eteklerinde hem tokaý zolaklarynyň, şol sanda arça agaçlary oturdylan
meýdanlaryň çäkleri barha giňeýär. Olar uglerod oksidiniň howadaky derejesini
peseldip, howany tozandan arassalaýar we ýellerden goranmagyň tebigy serişdesi
bolup durýar. Aşgabadyň çäginde emele gelen tokaý-seýilgäh zolagy bu ýerde
howanyň gowulanmagyna ýardam edýär. Aşgabat şäheriniň Birleşen Milletler
Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly
başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goşandy üçin degişli güwänama mynasyp
bolmagy hem ýurdumyzyň ekologiýa diplomatiýasyny ösdürmekdäki üstünligidir,
halkymyzyň tebigaty goramak ugrunda çekýän zähmetiniň ýokary baha mynasyp
bolýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Diňe bir durmuş-ykdysady ulgamlarda däl,
eýsem, daşky gurşawy goramak ugrunda-da innowasion çemeleşmeleri synag etmek
üçin geljegi uly meýdança hökmünde täze Arkadag şäherini mysal getirmek bolar.
Mälim bolşy ýaly, bu taslama türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly
Berdimuhamedowyň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň tagallalary bilen durmuşa geçirilýär. Sebitde özboluşlylygy
bilen tapawutlanýan «akylly» şäher rahat ýaşamak, zähmet çekmek üçin döwrebap
amatlyklary özünde jemläp, ekologik ölçeglere doly laýyk gelýär, daşky gurşaw
bilen sazlaşykly utgaşýar. Şäherde sanly, maglumat-aragatnaşyk we «ýaşyl»
tehnologiýalar giňden ornaşdyryldy, desgalaryň gurluşygynda bolsa ekologik
taýdan arassa serişdeler ulanyldy. Arkadag şäherine “Ýewropada Howpsuzlyk we
Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we
innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky
güwänamanyň berilmegi Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi bilen ekologiýa ýaly
möhüm ugurdaky gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýediginiň mysalydyr.
Şäherleriň we beýleki ilatly ýerleriň töwereginde
saýaly baglaryň ekilmegi daşky gurşawyň arassalygyny, howanyň hapalanmagynyň
öňüniň alynmagyny üpjün edýär. Sähra giňişliklerinde bag nahallarynyň ekilmegi
ilatly ýerleri epgekden, tozanly ýellerden goraýar. Şeýle hem gür baglaryň sil
suwlarynyň täsirini peseltmekde, umuman, amatly howa gurşawyny emele getirmekde
ähmiýetlidigini bellemek gerek.
...Şu günki dabara gatnaşyjylaryň yhlasly
zähmeti halkymyzyň asylly işlere bolan höwesini we jebisligini aňladýar.
Ýurdumyzda tutuş halkymyz üçin bähbitli işlere hemmeleriň agzybirlikde
gatnaşmagy asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgeleriň häzirki döwürde üstünlikli
dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Şu gün Diýarymyzda köpçülikleýin bag
nahallaryny ekmek bilen bir hatarda, ozal bar bolan tokaý zolaklaryna ideg
etmek işleri hem geçirildi. Munuň özi seýilgähleriň arassalygyny,
abadançylygyny, baglaryň ösüşini üpjün etmekde wajyp ähmiýete eýedir.
Bag ekmek dabarasy tamamlanandan soňra,
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çärä gatnaşyjylar bilen mähirli
hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşynda tutuş
ýurdumyz boýunça agaç nahallarynyň 539 müň 185 düýbi ekildi. Şeýle hem
seýilgähleri we tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen
birlikde, jemi 2 million 67 müň 630 düýp baga ideg etmek işleri geçirildi.
Şeýlelikde, bu gezekki köpçülikleýin bag ekmek
dabarasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň
ekologik abadançylygy üpjün etmek, daşky gurşawy goramak boýunça ählumumy
tagallalara goşýan mynasyp goşandynyň aýdyň güwäsi boldy.