Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk
goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri
jemlenildi. Şeýle-de mejlisiň gün tertibine Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy,
asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn
binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly
meseleler girizildi.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde
degişli ösüş maksatnamasynda bellenilen wezipeleri üstünlikli çözmek maksady
bilen ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Watanymyzyň goranyş ukybyny
berkitmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak, Milli goşunymyzy iň täze tehniki
serişdeler bilen üpjün etmek, serkerdeleriň, esgerleriň hünär derejesini
ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada-da aýdyldy. Çagyryş boýunça
harby gullugy geçýän gullukçylary harby gullukdan boşatmak we harby gulluga
çagyrmak boýunça görülýän çäreler hakynda hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň çäklerinde durmuşa geçirilýän
düýpli özgertmeleriň ugurlaryny nazara alyp, harby düzümleriň esasy
meýilnamalaryna ünsi çekdi. Häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçlerini kämilleşdirmek, degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn
binýadyny berkitmek ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezildi. Şunuň
bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary,
goranmak ministrine çagyryş boýunça harby gullugy geçýän gullukçylaryň harby
gullukdan boşadylmagynyň we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky
çagyrylyşynyň talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmek meselesini gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň on aýyndaky
işleriň netijeleri, şol sanda ýurdumyzda hereket edýän kanunlaryň we
kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek boýunça
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle-de ol ýolbaşçylyk edýän
edarasynda sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylmagy boýunça görülýän çäreler,
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň tabşyrygy esasynda
geçirilen barlaglaryň netijeleri barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
prokuratura edaralary tarapyndan kanunçylygyň doly we dogry ýerine ýetirilişine
yzygiderli gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz
“Türkmenistanda korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça 2025 — 2029-njy ýyllar
üçin Milli maksatnamany” we beýleki resminamalaryň taslamalaryny halkara
hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda taýýarlamagyň wajypdygyny
aýdyp, Baş prokurora bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Içeri işler ministri M.Hydyrow 2024-nji ýylyň
ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, jemgyýetçilik
tertibini saklamak, jenaýatçylygyň öňüni almak, Ýol gözegçiligi gullugynyň we
Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda
kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem
ýurdumyzyň welaýatlarynyň käbir etraplarynda Içeri işler ministrliginiň
Polisiýa müdirlikleriniň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba
alyş toparlarynyň döwrebap edara binalarynyň ulanmaga berlendigi aýdyldy.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, ýurdumyzda jenaýatçylyga we beýleki hukuk
bozulmalaryna garşy göreşmek işleriniň yzygiderli kämilleşdirilmelidigini
aýtdy. Şeýle-de ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilmegini gazanmakda
döwrebap tehnologiýalary ulanmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda
görkezildi. Hormatly Prezidentimiz gyş möwsüminde hojalyk desgalarynda, ýaşaýyş
jaýlarynda ýangynyň öňüni almak üçin degişli barlaglary geçirmegiň möhümdigini
belläp, bu ugurda ilat arasynda düşündiriş işlerini talabalaýyk alyp barmagy
tabşyrdy.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew
kazyýet ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine
ýetirmek, edaranyň maddy-enjamlaýyn binýadyny we işgärler kuwwatyny berkitmek
üçin hasabat döwründe amala aşyrylan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen
birlikde, birnäçe etrap bölümleriniň döwrebap binalarynyň ulanmaga berlendigi
barada aýdyldy. Şeýle-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysynyň garamagyna «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä
bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda»
Permanyň taslamasy hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda jenaýatçylyga we kanun bozulmalaryna getirýän sebäpleriň öňüni almak
üçin degişli işleri geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz
kazylaryň we kazyýet işgärleriniň bilim derejesini, hünär ussatlygyny
yzygiderli ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belläp, Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna
birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz
«Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak
hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permana gol çekdi.
Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew
şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler, ýurdumyzda
howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Şeýle hem ol ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde döwrebap tehniki serişdeleriň
giňden ulanylyşy, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça amala
aşyrylýan çäreler barada aýtdy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, ministrligi ösdürmegiň maksatnamasynda
kesgitlenen wezipeleri netijeli ýerine ýetirmäge aýratyn üns bermegiň
wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralar bilen
ysnyşykly işlemegiň, edaranyň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmagyň möhümdigini
belläp, birnäçe görkezmeleri berdi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew
Watanymyzyň serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek boýunça şu ýylyň on
aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen
birlikde, serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň
barşy, serkerdeleriň, ýaş serhetçileriň hünär endiklerini ýokarlandyrmak
maksady bilen geçirilýän işler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň serhetleriniň goňşy döwletler bilen
dostlukly gatnaşyklaryň binýady bolup durýandygyny belledi hem-de gullugyň
düzümlerini täze tehnikalar bilen üpjün etmek, degişli maksatnamada kesgitlenen
wezipeleri üstünlikli çözmek meselelerine üns bermegiň zerurdygyny aýtdy. Şeýle
hem gullugyň ýolbaşçysyna döwlet serhediniň desgalaryny döwrebaplaşdyrmak
boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek babatda anyk tabşyryklar berildi.
Adalat ministri M.Taganow şu ýylyň ýanwar —
oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, düzümleýin edaralara
sanly ulgamy ornaşdyrmak maksady bilen görlen çäreler, ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine
ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kanun
çykaryjylyk işiniň kämilleşdirilmegini ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda
görkezdi. Döwlet Baştutanymyz hukuk ulgamynyň öňdebaryjy tejribesini öwrenmegiň
wajypdygyna aýratyn ünsi çekip, Watanymyzyň durmuşa geçirýän içeri we daşary
syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, halkara hukugyň umumy
ykrar edilen kadalaryny ýurdumyzyň kanunçylygyna ornaşdyrmak boýunça
teklipleriň yzygiderli işlenip taýýarlanylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy
M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, hormatly
Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryny talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady
bilen amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş
nokatlarynda ygtybarly gümrük gözegçiligini alyp barmagyň zerurdygyny belledi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz döwrebap enjamlaryň mümkinçiliklerini netijeli
peýdalanmak bilen, gözegçilik-geçiriş nokatlarynda gümrük kadalarynyň
bozulmagynyň öňüni almak boýunça işleri has-da güýçlendirmegiň möhümdigine ünsi
çekip, bu ugurda degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy
A.Sazakow şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri, gullugyň öňünde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli çözmek üçin
görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, daşary
ýurt raýatlarynyň ýurdumyza gelmegini we gitmegini hasaba almagy hemişe berk
gözegçilikde saklamagyň, bu ugurda halkara hukugyň umumy ykrar edilen
kadalaryny berk berjaý etmegiň zerurdygyny aýtdy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy raýatsyzlyk meselesi bilen bagly işler boýunça Döwlet migrasiýa
gullugy tarapyndan netijeli çäreleriň görülýändigini belledi hem-de gullugyň ýolbaşçysyna
şu ýylyň 8-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň
degişli edarasy bilen sebitleýin maslahaty guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň jemini jemläp,
ýurdumyzyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna laýyklykda,
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini üpjün
etmäge gönükdirilen çäreleriň görülýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly,
ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala
agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli
çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky işleriň mundan
beýläk-de dowam etdiriljekdigi aýdyldy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde
başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul
edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň parahat, bagtyýar
durmuşynyň üpjün edilmeginiň bähbidine alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly
üstünlikleri arzuw etdi.