Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş
geçirildi. Bu çäre jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde,
aýratyn-da, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklarynda möhüm
ähmiýete eýe boldy.
Mälim bolşy ýaly, 25-nji oktýabrda geçirilen
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň
Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň
oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyz bu möhüm ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli
2-nji noýabrda sport çäresini geçirmegi, hemmeleriň bilelikde jemgyýet bolup,
sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, Saglyk ýolundan geçmegi, bu çärede ýylyň
dowamynda halkara ýaryşlarda gowy netije gazanyp, ýaşyl tugumyzy belentde
parladan türgenlerimizi gazanan sport üstünlikleri bilen gutlamagy, mynasyp bolan
sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy teklip etdi.
Halkymyzyň abadan durmuşy baradaky
hemmetaraplaýyn alada Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri
tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Şunda ilatyň saglygyny goramaga,
köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, sportuň dürli
görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmäge aýratyn üns berilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän toplumlaýyn
strategiýasynyň netijesinde paýtagtymyzda, ýurdumyzyň sebitlerinde munuň üçin
ähli şertler döredilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, hormatly Arkadagymyzyň
ýol-ýörelgelerine eýerip, eziz Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge
gönükdirilen asylly başlangyçlarymyz dünýäniň abraýly sport düzümleri
tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de
ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini rowaçlandyrýan, halklaryň agzybirligini,
jebisligini pugtalandyrýan döwlet syýasatymyzyň netijesinde ýurdumyz halkara
sport çäreleriniň geçirilýän mekanyna öwrüldi.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 3-nji iýunyň
«Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi, Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde
«Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik
ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi,
Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport
baradaky hökümetara komitetiniň düzümine saýlanylmagy ýurdumyzda sporty
ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň halkara jemgyýetçiligiň
ykrarnamasyna eýe bolýandygynyň aýdyň güwäsidir. Şunuň bilen bir hatarda, şu
ýyl Aşgabat şäherinde üstünlikli geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň
Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň degişli Çözgüdine laýyklykda, Aşgabadyň
«Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilendigini
bellemek gerek.
...Şu günki sport çäresine gatnaşmak üçin bu
ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary,
ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň
ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, talyplar we
beýlekiler ýygnandylar. Köpçülikleýin ýöriş başlanmazyndan ozal,
Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleriniň,
ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň arasynda Saglyk ýoluny ylgap geçmek
boýunça ýaryş guraldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen
Türkmenistanda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýanlaryň sanynyň barha
artmagy sportuň jemgyýetiň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülendiginiň aýdyň
mysalydyr. Ýurdumyzda sport ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen sportunyň
dünýädäki abraýyny belende götermek, ilaty köpçülikleýin sport bilen
meşgullanmaga giňden çekmek, bedenterbiýe-sport we Olimpiýa hereketleri arkaly
sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak üçin giň gerimli işler
durmuşa geçirilýär. Bu işler belent ynsanperwer ýörelgeleri özünde jemleýän
halkara sport hereketine düýpli goşant goşýan Watanymyzyň abraýynyň mundan
beýläk-de ýokarlanmagyna ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly,
sport ählumumy parahatçylygy, döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly
gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup
durýar.
...Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň awtoulagy ir säher bilen Saglyk ýolunyň başlanýan ýerindäki
meýdança geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz medeniýet we sungat ussatlarynyň
aýdym-sazly çykyşlaryny synlady.
Soňra
hormatly Prezidentimiz batly gadamlar bilen Saglyk ýolundan ýörişe başlady.
Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, çärä gatnaşyjylaryň ählisi ýörişe
goşuldy. Hormatly Prezidentimiziň Saglyk ýolundan halk köpçüligi bilen
bilelikde geçmegi Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen parasatly
ýörelgesiniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam
etdirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Paýtagtymyzyň
gözel künjeginde gurlan özboluşly Saglyk ýoly sport-sagaldyş düzüminiň esasy
desgalarynyň biridir. Saglyk ýoly dürli ýaşdaky adamlara diňe bir saglygyny
berkitmäge däl, eýsem, tebigat bilen has ýakynlaşmaga-da mümkinçilik berýär.
Sport sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň çeşmesidir. Ýurdumyzda sport hereketine
goşulýanlaryň sany yzygiderli artyp, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýänleriň
gatnaşmagynda köpçülikleýin çäreleri guramak indi asylly däbe öwrüldi. Sport
bilen yzygiderli meşgullanmak adamyň ruhubelent bolmagyna, onuň döredijilik
işine oňyn täsir edýär. Bu ajaýyp künjekde dagyň tenekar howasy, güýz paslynyň
ynsan ruhuny göterýän säheriniň hoştaplygy bilen utgaşyp, adamlary beýik
maksatlara ruhlandyrýar. Bu gün Diýarymyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda
paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde tebigaty goramak meselesine möhüm ähmiýet
berilýär.
Gahryman
Arkadagymyzyň ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça asylly
başlangyçlarynyň häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda
üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Watanymyzyň tebigatyny we onuň
gözelligini aýawly saklamak, daşky gurşawy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini
has-da gowulandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup
durýar. Türkmenistan bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy hem işjeň ösdürýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň
onlarçasyna goşulyşan ýurdumyzyň durnukly ösüş babatda dünýä jemgyýetçiliginiň
öňünde durýan meseleleri çözmäge jogapkärçilikli çemeleşmegi, şol sanda
Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy munuň aýdyň mysalydyr.
...Bu
ýerden türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň belent başly heýkeli
seleňläp görünýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan
edilen şu ýylda Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejede bellenilýär,
şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen şygyrlaryny dünýäde giňden wagyz etmek
boýunça işler alnyp barylýar. 11-nji oktýabrda paýtagtymyzda hormatly
Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň
özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forum hem
munuň aýdyň güwäsine öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, türkmen
halky müňlerçe ýyllyk taryhynyň dowamynda adamzadyň umumy ösüşine uly täsir
eden ruhy we medeni gymmatlyklary döreden halkdyr. Şahyryň eserleri dünýä
edebiýatynyň, adamzat medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alandyr.
Söz ussadynyň dürdäne eserlerini halk ýatdan öwrenipdir. Bagşy-sazandarlarymyz
onuň çuň many-mazmunly goşgularyny aýdyma öwrüp, şu günlerimize ýetiripdir.
Bu
ýerden paýtagtymyz örän ajaýyp görünýär. Belent binalar ak mermere beslenen
Aşgabadyň binagärlik keşbini has-da gözel görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň
başyny başlan şähergurluşyk maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan
üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda ýurdumyzyň baş şäheri tanalmaz derejede
özgerýär. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat dünýäniň owadan hem-de ýaşaýyş üçin
ähli zerur şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda ornuny has-da
pugtalandyrýar.
Köpçülikleýin
ýörişiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedowdan alnyp
barylýan işleriň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Wise-premýer şäheriň ekologik
abadançylygyny üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, gurluşygy alnyp barylýan
desgalardaky işleriň ýagdaýy barada aýtdy. Döwlet Baştutanymyz baş şäherimizi
ösdürmegiň konsepsiýasynyň durmuşa geçirilişine ünsi çekip, şäher
infrastrukturasyny kämilleşdirmek, paýtagtymyzdaky seýilgählere we seýilbaglara
talabalaýyk ideg etmek, ýaşaýjylar üçin amatly şertleri, sport bilen
meşgullanmak üçin mümkinçilikleri döretmek meselelerini hemişe üns merkezinde
saklamagy tabşyrdy.
Milli
hem-de ählumumy derejede ekologik abadançylygy üpjün etmek maksady bilen,
ýurdumyzda toplumlaýyn we uzak möhletleýin Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli
amala aşyrylýar. Onda senagat düzüminiň, ulag-kommunikasiýa ulgamynyň okgunly
ösmegi, şäherleriň we täze ilatly ýerleriň geriminiň giňemegi bilen baglylykda,
ýaşyl zolaklaryň, tokaýlaryň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Soňky ýyllarda Diýarymyzyň
dürli künjeklerinde, şol sanda paýtagtymyzyň töwereginde köpçülikleýin bag
nahallaryny ekmek asylly däbe öwrüldi. Halk köpçüliginiň işjeň gatnaşmagynda
ýaz hem-de güýz pasyllarynda geçirilýän ählihalk bag ekmek dabaralarynyň
dowamynda her ýylda millionlarça düýp bag nahaly ekilýär. Saglyk ýolunyň
ugrunda hem-de golaýynda ekilen agaç nahallary we güller bu ýeriň gözelligini
has-da baýlaşdyrýar, Köpetdagyň eteginiň ekologik ýagdaýyna amatly täsirini
ýetirýär. Munuň özi salkyn howaly güýz günlerinde has-da äşgär duýulýar.
Döwlet
Baştutanymyzyň yzygiderli aladasy netijesinde öz çägini giňeldýän tokaý
zolaklary türkmen tebigatynyň bezegine, ekologik abadançylygyň esasy şertine
öwrülýär. Hormatly Prezidentimiz ekologiýa meselelerine, tebigaty goramak strategiýasynyň
wezipeleriniň yzygiderli esasda çözülmegine uly üns berýär. Şunuň bilen bir
hatarda, Saglyk ýolunyň sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde möhüm
ähmiýetini bellemek gerek. Bu ýer köpçülikleýin sport we medeni çäreleriň
geçirilýän ýeri hökmünde türgenleriň, saglygyny berkitmek isleýän raýatlaryň
gelýän esasy merkezleriniň biridir. Sport bilen meşgullanmak adamlara boş
wagtyny has netijeli peýdalanmaga ýardam berýär. Beden maşklary adamyň aňyna,
pikirlenmesine, ünsüne we ýatkeşligine oňyn täsir edip, onda tutanýerliligi,
erki, zähmetsöýerligi, birek-birege bolan oňyn gatnaşyklary, durmuş işjeňligini
üpjün edýär. Saglyk diňe bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin hem uly
gymmatlykdyr. Sport Watanymyzyň geljegi bolan berk bedenli, sagdyn ýaş
nesilleri terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan
sport çärelerine hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy olaryň ähmiýetini has-da
artdyrýar.
Gahryman
Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda,
ilatyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak,
bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak
babatda zerur şertler döredilýär. Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň
Prezidenti, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda Olimpiýa
hereketiniň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär.
1894-nji
ýylda Parižde fransuz jemgyýetçilik işgäri Pýer de Kuberten Olimpiýa hereketini
esaslandyrdy. 1896-njy ýylda bolsa Gresiýanyň Afiny şäherinde Halkara Olimpiýa
Komiteti tarapyndan häzirki döwrüň ilkinji Olimpiýa oýunlary guraldy. Bitarap
Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, hormatly Prezidentimiziň
başlangyçlaryny häzirki döwrüň Olimpiýa hereketini esaslandyryjy Pýer de
Kuberteniň “Sporta waspnamasyndaky” meşhur sözleriniň aýdyň beýany hökmünde
häsiýetlendirmek bolar. Bu senada parahatçylygyň, döredijiligiň, ösüşiň,
şatlygyň we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň maksatlary, ýaşlygyň, ýeňşe bolan
ymtylmanyň ruhy “Eý, sport! Sen — parahatçylyk!” diýen sözler bilen wasp
edilýär. Olimpiýa oýunlarynyň “Bilelikde has çalt, has ýokary, has güýçli”
diýen şygary sportuň adamlaryň arasynda raýdaşlygy, dostlugy pugtalandyrmakda
möhüm ähmiýete eýedigini tassyklaýar.
Hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda amala aşyrylan giň gerimli
özgertmeleriň netijesinde paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda täze sport
desgalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Sebitde deňi-taýy bolmadyk
Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy türkmenistanlylaryň buýsanjyna öwrüldi. Bu desgalar
toplumynyň gurluşygy türkmen sportuny ösdürmekde wajyp tapgyr boldy. Onuň
çäginde ýöriteleşdirilen sport toplumlarynyň ençemesi bolup, olarda iri halkara
ýaryşlaryň birnäçesi üstünlikli geçirildi. Şolaryň hatarynda 2017-nji ýyldaky
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, 2018-nji ýyldaky
Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny, 2023-nji ýyldaky Kuraş boýunça dünýä
çempionatyny, 12 ýaşa çenli ýaş türgenleriň arasynda tennis boýunça Merkezi
Aziýanyň toparlaýyn ýaryşyny görkezmek bolar. Häzirki wagtda Türkmenistan
türgenleşikleri geçirmek, türgenleriň ussatlygyny kämilleşdirmek, sport
ulgamyna degişli ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, sebit we dünýä
derejesindäki ýaryşlary guramak üçin ägirt uly tejribä hem mümkinçiliklere
eýedir. Döwletimiziň yzygiderli goldawlary netijesinde türgenlerimiz ajaýyp
üstünlikleri gazanýarlar. Bularyň ählisi dünýäniň sport giňişliginde
Watanymyzyň abraýynyň belende göterilmegine, Bitarap Türkmenistanyň sport
diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek boýunça başlangyçlarynyň
ilerledilmegine ýardam berýär.
...Döwlet
Baştutanymyz Saglyk ýolundan ruhubelentlik bilen geçip, onuň tamamlanýan ýerine
— pellehana geldi. Bu ýerde ýaňlanan aýdym-sazlar köpçülikleýin ýörişe
gatnaşyjylaryň şatlygyny has-da artdyrdy. Hormatly Prezidentimiz sport çäresine
gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Şeýlelikde,
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň göreldesine eýerip, 6 müňden
gowrak adamyň paýtagtymyzyň Saglyk ýoly boýunça köpçülikleýin ýörişe gatnaşmagy
sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Watanymyzda
köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmäge, jemgyýetimizde sagdyn durmuş
ýörelgelerini berkarar etmäge döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändiginiň
nobatdaky güwäsi boldy.
***
Şu
gün Saglyk ýolundaky köpçülikleýin ýöriş tamamlanandan soňra, halkara
ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň türgenlerini
sylaglamak hem-de Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara
guramalaryň wekilleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň,
ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň arasynda
Saglyk ýoluny ylgap geçmek boýunça ýaryşyň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak
dabarasy boldy. Oňa Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň,
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň,
ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary,
jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, türgenler, talyplar
gatnaşdylar.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sporty ösdürmek üçin giň
mümkinçilikler döredildi. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde zerur enjamlar bilen
üpjün edilen häzirki zaman sport toplumlarynyň, köpugurly stadionlaryň, sport
mekdepleriniň we beýleki ugurdaş desgalaryň gurulmagy netijesinde halkara
ölçeglere laýyk gelýän öňdebaryjy sport-sagaldyş ulgamyny döretmekde uly
üstünlikler gazanylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy hem-de hormatly
Prezidentimiziň tagallalary bilen binýat bolan Arkadag şäherinde köpugurly
sport toplumynyň, suw-sport toplumynyň, 10 müň orunlyk stadionyň gurlup,
ýurdumyzyň ilkinji “akylly” şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky baş
müdirliginiň döredilmegi bu ugurda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýanyň
anyk mysallarynyň biridir.
Ýurdumyzda
ýokary netijeli sporty ösdürmek bilen bir hatarda, sportuň milli görnüşlerini
giňden wagyz etmäge hem aýratyn ähmiýet berilýär. Türgenlerimiz iri halkara
ýaryşlarda, şol sanda Aziýa we dünýä çempionatlarynda üstünlikli çykyş edip,
gowy netijeleri gazanýarlar. Sport halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry, türgenler
bolsa dostlugyň, parahatçylygyň we raýdaşlygyň ilçileridir. Olar hoşmeýilli
erkiň beýik taglymlaryny dünýä ýaýýarlar. Şoňa görä-de, milli sport ulgamynyň
ösdürilmegi ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde
kesgitlenildi.
Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini
berkitmegi döwlet syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri hökmünde yglan eden
Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz sportuň dürli görnüşleri bilen
yzygiderli meşgullanyp, ildeşlerimize görelde bolýarlar. Munuň özi türgenleri
halkara ýaryşlarda ýeňiş gazanmaga ruhlandyrýar. Olaryň üstünlikleri ýurdumyzda
bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeli häsiýete eýedigini tassyklaýar
hem-de Türkmenistanyň halkara sport giňişligindäki abraýyny pugtalandyrýar.
Asylly däbe görä, halkara sport ýaryşlarynda
ýurdumyza mynasyp wekilçilik edip, baýrakly orunlary eýelän türgenler milli
sporty ösdürmäge, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Watanymyzyň
abraýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga goşan uly goşantlaryna hormatyň nyşany
hökmünde döwlet derejesinde sarpalanylýar. Dabara mynasybetli bu ýerde
medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary, sportuň dürli
görnüşleri boýunça türgenleriň görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowyň halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy
toparlarynyň türgenlerine iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet
Baştutanymyz Gutlagynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik
başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň halkara sport abraýynyň belent derejelere
ýetendigini belledi. Berkarar döwletimizde ynsan saglygyny goramaga, jemgyýetde
sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn
nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, köpçülikleýin bedenterbiýäni, ýokary
derejeli sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmäge, sport babatda halkara
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlar
hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär. “Biz sportuň mümkinçiliklerini
parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek arkaly täze sport
düzümlerini dörederis. Hakyky sport söýüjileriň, ussat türgenleriň döwrebap neslini
kemala getirmek üçin ähli şertleri dörederis. Çünki
ýaş nesillerimiziň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy döwrüň möhüm
talabydyr. Sport sagdynlygyň we gözelligiň çeşmesidir” diýlip, Gutlagda nygtalýar.
Çäräniň dowamynda Türkmenistandaky diplomatik
wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleriniň, ministrlikleriň we
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň
talyplarynyň arasynda Saglyk ýoluny ylgap geçmek boýunça guralan ýaryşyň
ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Soňra köp sanly gatnaşyjylaryň şowhunly el
çarpyşmalary astynda halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň milli
ýygyndy toparlarynyň türgenlerine we olaryň tälimçilerine hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan
gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Türkmenistanly türgenler 3 — 5-nji maý
aralygynda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde sportuň dzýudo görnüşi
boýunça geçirilen «Dushanbe Grand Slam — 2024» halkara ýaryşynda, 31-nji mart —
11-nji aprel aralygynda Tailand Patyşalygynyň Phuket şäherinde sportuň agyr
atletika görnüşi boýunça geçirilen dünýä kubogynda, 22 — 26-njy maýda Peru
Respublikasynyň Lima şäherinde agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasyndaky
dünýä çempionatynda, 22 — 30-njy sentýabr aralygynda Bruneý Darussalam
Döwletiniň Bandar Seri Begawan şäherinde sportuň uşu görnüşi boýunça geçirilen
ýetginjekleriň arasyndaky 9-njy dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edip,
altyn medallara mynasyp boldular.
Türgenlerimiz 6 — 10-njy iýun aralygynda Eýran
Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde kuraş boýunça geçirilen Aziýa
çempionatynda, 23-nji awgust — 1-nji sentýabr aralygynda Wengriýanyň Budapeşt
şäherinde sportuň kikboksing görnüşi boýunça ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä
çempionatynda, 8 — 13-nji sentýabr aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana
şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynda alyş hem-de kuraş
göreşi boýunça dürli derejeli medallary gazandylar. Şeýle-de 29 — 31-nji mart
aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde sportuň dzýudo görnüşi
boýunça geçirilen “Uly tuwulga” halkara ýaryşynda, 25 — 29-njy aprel aralygynda
Albaniýa Respublikasynyň Durres şäherinde sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we
12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda, 19 — 28-nji
sentýabr aralygynda Ispaniýa Patyşalygynyň Leon şäherinde sportuň agyr atletika
görnüşi boýunça ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda, 1 — 4-nji
oktýabr aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde sportuň boks
görnüşi boýunça ulularyň arasynda geçirilen halkara ýaryşda, 20 — 26-njy iýun
aralygynda Gruziýanyň Tbilisi şäherinde parapauerlifting boýunça geçirilen
halkara ýaryşda türkmen türgenleriniň üstünlikli çykyş edendiklerini bellemek
gerek.
Erkin göreş boýunça 20 ýaşa çenli türgenleriň
arasynda geçirilen dünýä çempionatynda altyn medala mynasyp bolan Alp Arslan
Begenjowa hem-de agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda
altyn medala mynasyp bolan Şahzadbek Matýakubowa Türkmenistanyň Prezidentiniň
adyndan “Toyota Camry V6” kysymly ýeňil awtoulaglar sowgat berildi.
Sylaglara mynasyp bolanlar hormatly
Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan
etdiler hem-de dünýäniň sport giňişliginde Watanymyza mundan beýläk-de mynasyp
wekilçilik etjekdiklerine ynandyrdylar.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Şeýlelikde, şu gezekki dabara halkara
ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, Türkmenistanyň ýaşyl tuguny belende galdyran
türgenlerimize goýulýan hormat-sarpanyň aýdyň güwäsine öwrüldi.