Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini
geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli
kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada
maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, döwrüň talaplaryna
laýyklykda, milli hukuk ulgamyny kämilleşdirmek babatda degişli çäreler görülýär,
ýurdumyzyň häzirki we geljekki ösüşini kesgitleýän täze kanunlar işlenip
taýýarlanylýar. Hereket edýän kanunçylyk namalaryny halkara hukugyň umumy ykrar
edilen kadalaryna, döwrüň talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, olara
üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär. Şeýle hem daşary ýurtlaryň parlamentleri
bilen özara gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.
Hususan-da, Mejlisiň wekilleri Türkmenistan — Türkiýe parlamentara dostluk
toparynyň duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen, Türkiýe Respublikasynda iş
saparynda boldular. Saparyň dowamynda geçirilen duşuşyklarda toparyň işiniň
kämilleşdirilmegi, ugurdaş komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň
arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi, parlamentler derejesinde
duşuşyklardyr maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi barada pikir alşyldy.
Mejlisiň wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý
ýygnagynyň hemişelik komitetiniň guramagynda geçirilen Merkezi Aziýa we Ýuwaş
ummanyň ada döwletleriniň parlamentleriniň deputatlarynyň maslahatynyň çäginde
geçirilen «Ylalaşygy çuňlaşdyrmak we ösüş üçin bilelikdäki tagallalar» atly
okuw maslahatyna gatnaşandygy habar berildi.
Mejlisiň deputatlary döwlet syýasatynyň,
nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp
geçirilýän çäreleriň, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň we medeni mirasynyň
ähmiýetini wagyz etmek, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk
köpçüligine düşündirmek boýunça guralýan çärelere gatnaşýarlar, köpçülikleýin
habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylygynyň
döwrüň talabyna görä kämilleşdirilmelidigini belledi. Munuň özi döwletimizi
hemmetaraplaýyn ösdürmäge we ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de pugtalandyrmaga
mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu ugurda netijeli
işleri durmuşa geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary H.Geldimyradowa söz berildi. Ilki bilen, wise-premýer döwlet
Baştutanymyzy hem-de Gahryman Arkadagymyzy milli manadyň dolanyşyga
girizilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, ähli halkymyza we
bank ulgamynyň işgärlerine iberen Gutlagy üçin hormatly Prezidentimize tüýs
ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra ol «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň
2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» ýerine ýetirilişi, daşary
ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu ulgamda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak we
tejribe alyşmak üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer şu ýylyň 27-nji noýabrynda paýtagtymyzda ýurdumyz
bilen «VISA» amerikan kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy
mynasybetli halkara işewürlik forumyny geçirmek meselesi barada habar berdi.
Onuň gün tertibine bu kompaniýa bilen strategik hyzmatdaşlygy hem-de halkara
töleg ulgamynyň täze tehnologiýalaryny we innowasiýalary özleşdirmek bilen
bagly meseleler giriziler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda halkara guramalar
we daşary döwletler bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, tejribe alyşmaga möhüm
ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda Türkmenistan
bilen bu kompaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara
işewürlik forumyny geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Amanow «Türkmennebit» döwlet konserniniň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, konserniň işgärleri üçin Balkan
welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde 4 sany 4 gatly, 40 öýli ýaşaýyş jaýyny
gurmagyň göz öňünde tutulýandygy aýdyldy. «Türkmenistany 2024-nji ýylda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» bellenen
wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, wise-premýer döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady
bilen, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň yzygiderli gurulýandygyny belledi. Arkadagly
Gahryman Serdarymyz Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde «Türkmennebit»
döwlet konserniniň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça taýýarlanan
teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda işleriň alnyp barlyşy hem-de welaýatlarda
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, geljek ýylyň bugdaý
hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp
barylýar. Ekin meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak işi dowam edýär.
Ýetişdirilen pagta hasylyny, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny,
Mary welaýatynda gant şugundyryny ýygnap almak boýunça işler geçirilýär.
Häzirki wagtda welaýatlarda güýzlük ekilen azyklyk ekinleriň ýetişdirilen
hasylyny ýygnap almak, olary sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek, bu önümler bilen
bazarlary üpjün etmek üçin degişli çäreler görülýär. Ýurdumyzda mallaryň baş
sanyny we olardan alynýan önümleriň möçberini artdyrmak boýunça işler
geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda
mallar üçin ot-iýmleri taýýarlamak, ýorunja, arpa ideg etmek boýunça zerur
çäreler dowam edýär.
Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý
zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek maksady
bilen, güýzki bag ekmek möwsümine başlamak, şu ýylyň noýabr aýynyň ikinji
ýekşenbesinde bereketli türkmen topragynyň sahawatynyň şanyna Hasyl toýy
mynasybetli baýramçylyk çärelerini giňden ýaýbaňlandyrmak boýunça degişli
taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba
hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmagy dowam etdirmegiň, tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan bugdaý
ekişini guramaçylykly jemlemegiň, ýurdumyzda ýetişdirilen pagta we şaly
hasylyny, gant şugundyryny ýygnap almak işlerini talabalaýyk geçirmegiň wajypdygyny
belledi. Döwlet Baştutanymyz mallaryň baş sanyny artdyrmak boýunça yzygiderli
işleri geçirmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen, güýzki bag ekmek
möwsümine gowy taýýarlyk görmegiň, Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk
çärelerini hem ýokary derejede geçirmegiň zerurdygyny aýdyp, bu babatda
wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annamämmedow «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan ýerli çig maly
netijeli peýdalanmak, «Guwlyduz» kombinatynyň önümçiligini giňeltmek boýunça
geçirilýän işler barada hasabat berdi. Ilki bilen, wise-premýer Gurluşyk we
senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli hormatly Prezidentimizi hem-de
Gahryman Arkadagymyzy toplumyň ähli işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden gutlap,
berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläk-de
üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.
Soňra
wise-premýer hasabatyny dowam etdi. Bellenilişi ýaly, dünýä bazarlarynda uly
isleg bildirilýän hem-de bäsdeşlige ukyply duzlaryň dürli görnüşlerini çykarmak
boýunça döwrebap önümçilikleri ýola goýmak, geljekde «Arkadag Medisina Klasteri
Menejment» kärhanasynda ýerli çig maldan halkara talaplara laýyk gelýän,
lukmançylyk duzuny öndürmekde zerur bolan çig mallary öndürmek üçin ony
ekologik taýdan arassa, ýokary hilli duz bilen üpjün etmek zerur bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip
hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan,
ekologik taýdan arassa ýokary hilli duzlaryň dürli görnüşlerini öndürmek üçin
döwrebap önümçilikleri ýola goýmagy dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Guwlyduz» kombinatynyň
çäginde ýokary hilli duzlary öndürýän täze önümhanany gurmak boýunça
taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Dokma senagaty ministrliginiň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ministrligiň garamagyndaky kärhanalarda
degişli tehnikalaryň, hususan-da, awtoulaglaryň bökdençsiz işledilmegi üçin
netijeli çäreleriň görülýändigi hakynda aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň
garamagyndaky kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak baradaky
taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň 13 — 15-nji noýabry
aralygynda paýtagtymyzda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly geçirmäge görülýän
taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, halkara kinofestiwalyň açylyş we ýapylyş, baýraklaryň gowşurylyş
dabaralaryny Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde
geçirmek göz öňünde tutulýar. «Aşgabat» myhmanhanasynda TÜRKSOÝ-na agza
ýurtlaryň kinematograflarynyň duşuşygyny geçirmek, «Aşgabat» kinoteatrynda,
«Türkmenistan» we «Watan» kinokonsert merkezlerinde festiwala gatnaşýan
ýurtlaryň kinofilmleriniň görkezilmegi, Türkmen döwlet medeniýet institutynda
bolsa daşary ýurtly kinematograflaryň we artistleriň talyplar üçin ussatlyk
sapaklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Daşary ýurtly myhmanlar üçin
paýtagtymyzdaky we onuň etegindäki ajaýyp ýerlere gezelençler guralar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, türki halklaryň köpdürli medeniýetiniň wagyz
edilmegine, ruhy taýdan has-da ýakynlaşmagyna ýardam berýän çäreleriň möhüm
ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
wise-premýere «Gorkut ata» halkara kinofestiwalyna gowy taýýarlyk görmegi we ony
ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa şu ýylyň 8 — 17-nji noýabry
aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda 14 ýaşa
çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda geçiriljek tennis boýunça «Ashgabat
Open 2024» atly halkara ýaryşa görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde
ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden
ybarat bolan iş topary döredilip, onuň ýerine ýetirmeli çäreleriniň meýilnamasy
tassyklanyldy. Häzirki wagtda Diýarymyzda geçirilen iri halkara sport
çärelerinde toplanan tejribelerden ugur alyp, ýaryşy ýokary derejede,
guramaçylykly geçirmek bilen bagly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ýaryşa
Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Hindistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň,
Gazagystanyň, Pakistanyň, Eýranyň, Iordaniýanyň, Beýik Britaniýanyň,
Malaýziýanyň we Hytaýyň, umumylykda, 12 döwletiň 70 sany türgeniniň, şeýle hem
sport wekiliýetleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Halkara ýaryşda baýrakly
orunlara mynasyp bolan türgenlere ýadygärlik sowgatlaryň, Halkara Tennis
federasiýasynyň medallarynyň we şahadatnamalarynyň gowşurylmagy göz öňünde
tutulýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, sporty ösdürmek, ýurdumyzyň halkara sport
abraýyny artdyrmak üçin netijeli işleriň alnyp barylýandygyny, dürli derejedäki
sport ýaryşlaryny geçirmek babatda ähli zerur şertleriň döredilýändigini
kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
wise-premýere Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda 14 ýaşa çenli ýetginjek
oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça halkara ýaryşy geçirmäge gowy taýýarlyk
görmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
Ählumumy metan borçnamasyny ýerine ýetirmek bilen bagly Türkmenistanyň halkara
hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, howanyň üýtgemegi bilen bagly ählumumy gün tertibinde durýan meseleler
babatda Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi
ýurdumyzyň daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde ileri tutulýan ugurlaryň biri
bolup durýar. Şoňa görä, metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça dünýä bileleşigi
bilen özara hyzmatdaşlyk baradaky başlangyja aýratyn üns çekildi.
Mälim
bolşy ýaly, Türkmenistan 2023-nji ýylyň 30-njy noýabry — 12-nji dekabry
aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Birleşen
Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna
gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (COP28) Ählumumy metan borçnamasyna
goşulýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Şundan ugur alnyp, 2025-2026-njy ýyllar
üçin Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça «Ýol kartasynyň»
taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu resminama 2030-njy ýyla çenli
Türkmenistanyň metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça maksatlaryny ýene-de bir
gezek tassyklamaga, dünýä jemgyýetçiliginiň bu ugurdaky umumy tagallalaryna
goşant goşmaga gönükdirilendir. «Ýol kartasyny» durmuşa geçirmek maksady bilen,
metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça dürli halkara guramalar, hususan-da,
Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly
konwensiýasynyň Sekretariaty, degişli ýöriteleşdirilen edaralary, Bütindünýä
banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky, beýleki halkara düzümler bilen
ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barmak meýilleşdirilýär.
Türkmenistan
BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasynyň çäginde döredilen “MARS” atly sanly
platformanyň işine işjeň gatnaşmaga hem uly ähmiýet berýär. «Ýol kartasyny» iş
ýüzünde amala aşyrmak üçin metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça 2025-2026-njy
ýyllarda çäreler toplumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Hususan-da, dürli halkara
guramalar bilen bilelikde ylmy-amaly maslahatlary, «tegelek stol» duşuşyklaryny,
okuw sapaklaryny we beýleki çäreleri geçirmek, bu ugurda öňde goýlan wezipeleri
çözmek babatda daşary ýurtly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek,
innowasion we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ugurdaş
gazy gaýtadan işlemek hem-de ulanmak boýunça tehniki-ykdysady esaslandyrmalary
taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Milli we halkara köpçülikleýin habar beriş
serişdelerinde metan zyňyndylaryny azaltmak babatda Türkmenistan tarapyndan
durmuşa geçirilýän çäreler barada maglumatlary ýaýratmak teklip edilýär. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýokarda agzalan «Ýol
kartasynyň» we ony durmuşa geçirmek üçin göz öňünde tutulan çäreler toplumynyň
taslamalary hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça
halkara derejede öňde goýlan wezipeleri berjaý etmäge jogapkärçilikli
çemeleşýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň geljekde hem metanyň
zyňyndylaryny azaltmak babatda ählumumy çärelere goşýan goşandyny
artdyrjakdygyny, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar hem-de halkara guramalar
bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini aýdyp, wise-premýer, daşary
işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew şu ýylyň 14 — 16-njy
noýabry aralygynda «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergini hem-de ylmy
maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, foruma birnäçe halkara
guramalaryň, önüm öndüriji we programma üpjünçiligini taýýarlaýan
kompaniýalaryň 150-den gowragynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň, halkara
sergä bolsa daşary ýurt we ýerli kompaniýalaryň 60-dan köpüsiniň gatnaşmagyna
garaşylýar. Bu kompaniýalar sergide sanly ykdysadyýet, kiberhowpsuzlyk,
maglumat goraglylygy, telekommunikasiýa, maglumat we kompýuter tilsimatlary,
hemra aragatnaşyk ulgamynyň enjamlary, öýjükli aragatnaşygyň 5G ülňüleri ýaly
ugurlarda gazanylanlar bilen tanyşdyrarlar. Şeýle hem forumyň çäklerinde
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi we Bütindünýä poçta birleşigi bilen bilelikde
«Poçta ulgamyndaky sanly geçiş» atly okuw maslahatyny geçirmek
meýilleşdirilýär. Çäräniň çäklerinde «Sanly çözgüt — 2024» atly innowasion
taslamalaryň nobatdaky bäsleşiginiň jemi jemlener we onuň ýeňijilerini
sylaglamak dabarasy bolar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
häzirki döwürde ýurdumyzda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak işleriniň
üstünlikli amala aşyrylýandygyny kanagatlanma bilen belledi. «Türkmentel —
2024» atly XVII halkara sergi we ylmy maslahat hem öňdebaryjy innowasion
tehnologiýalary ornaşdyrmakda, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda
möhüm ähmiýete eýe bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we agentligiň
ýolbaşçysyna halkara ähmiýetli çärelere gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary
ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler
Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 3-nji noýabrda ýurdumyzda Gurluşyk we senagat
toplumynyň işgärleriniň gününiň giňden bellenilip geçiljekdigini aýtdy. Gurluşyk
we senagat toplumy milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Toplumyň işgärleri ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere öz mynasyp goşantlaryny
goşýarlar. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz hemmeleri gurluşyk we
senagat toplumynyň işgärleriniň hünär baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça
degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.