Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini
geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Mejlise türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow hem gatnaşdy.
Mejlisiň başynda hormatly Prezidentimiz
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berdi.
Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, şu günki
geçirilýän Ministrler Kabinetiniň mejlisine ýüzlenmäge mümkinçilik berendigi
üçin Arkadagly Serdarymyza minnetdarlygyny bildirdi.
Milli Liderimiz hormatly Prezidentimize hem-de
Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, düýn — 24-nji oktýabrda Birleşen
Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagyna 79 ýyl bolandygyny, döwlet
Baştutanymyzyň bu abraýly halkara guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterriş
bilen duşuşmagynyň, ony guramanyň güni bilen gutlamagynyň ählimiz üçin uly
mertebe bolup durýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Türkmen halkynyň Milli
Lideri dünýäde hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilen Garaşsyz
Türkmenistanyň «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýandygyny aýdyp, hormatly
Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan
şäherinde geçirilen BRICS sammitinde eden çykyşynyň hem munuň aýdyň güwäsi
bolup durýandygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz, Siziň belläp geçişiňiz
ýaly, dünýäniň strategik sebitleriniň biri bolan Merkezi Aziýa häzirki günde
depginli ösüşleri gazanýar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Sebitiň ýurtlary
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.
Ýurdumyzda hem Durnukly ösüş maksatlary boýunça edilen işler kän. Ýagny
ykdysadyýeti, ekologiýany, hususyýetçiligi, ylmy-intellektual başlangyçlary ösdürmek
ugrunda köp işler ýerine ýetirilýär. Geljekde hem bu ugurda degişli çäreler
alnyp barlar diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. Gahryman
Arkadagymyz, öz gezeginde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Durnukly ösüş
maksatlary boýunça çäreleri berk gözegçilikde saklajakdygyna ynandyryp, bu
möhüm çäreleri amala aşyrmakda hemmelere uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam
edip, häzirki wagtda eziz Watanymyzda sport ulgamyny ösdürmek boýunça uly
işleriň alnyp barylýandygyny, Türkmenistanyň diňe bir iri halkara ýaryşlara
gatnaşmak bilen çäklenmän, sebit we dünýä derejeli ýaryşlaryň geçirilýän
merkezine öwrülendigini kanagatlanma bilen belledi. Şu ýylyň 6-njy sentýabrynda
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda
Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly
Kararnama kabul edildi. BMG-ä agza ýurtlaryň biziň bu başlangyjymyzy goldamagy,
87 ýurduň oňa awtordaş bolmagy biziň üçin örän uly abraýdyr diýip, Gahryman
Arkadagymyz aýtdy. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň
Geňeşiniň Çözgüdine laýyklykda, şu ýyl Aşgabat şäheri «Arkalaşygyň täze sport
mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edildi. Bularyň ählisi Garaşsyz
ýurdumyzda sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan işlere berlen ýokary bahadyr.
Möhüm ähmiýetli Kararnama kabul edilenden soň
hem biziň türgenlerimiz köp sanly halkara ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlary
eýelediler. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň tuguny al-asmanda parladyp,
ýurdumyzyň sport abraýyny belende göterdiler. Bu bolsa ýurdumyzyň sport
syýasatynyň gowy netijeleri berýändigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen
baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli
orunbasarlary, Daşary işler ministrligi bilen bilelikde halkara ýaryşlarda
ýeňiji bolan türgenlerimizi sylaglamak dabarasyny geçirmek baradaky teklibi
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýylsaýyn
özgerýän Diýarymyzda döwlet we halkara derejedäki dürli çäreleriň,
toý-baýramlaryň giňden bellenilip geçilýändigini, sentýabr aýynda
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýokary derejede geçirilendigini,
ýakynda bolsa dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berlen, akyldar
şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli
«Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we
ösüşiň binýady» atly halkara forumyň guralandygyny aýtdy. Türkmenistanyň Halk
Maslahaty bu çärelere taýýarlyk görmek we ýokary derejede geçirmek boýunça
guramaçylyk tarapdan köp işleri alyp bardy diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri
belledi hem-de Halk Maslahatynyň mejlisine we halkara çärelere taýýarlyk görmek
bilen bagly awgust aýynda zähmet rugsadyny almandygy sebäpli, 1-nji noýabrdan zähmet
rugsadynyň öwezini dolmak barada hormatly Prezidentimize ýüzlendi.
Döwlet Baştutanymyz Gahryman Arkadagymyzyň
belläp geçen ähli meseleleriniň, aýratyn-da, ýurdumyzda Durnukly ösüş
maksatlary boýunça öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmegiň möhüm ähmiýete
eýedigini belledi. “Ýaş türgenlerimiz halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip,
ýurdumyzyň abraýyny belende göterýärler. Biz mundan beýläk hem olar üçin ähli
şertleri dörederis” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyzyň
şu ýylyň 1-nji noýabryndan başlap zähmet rugsadyna çykmagy bilen bagly meseläni
hem goldady.
Milli Liderimiz döwlet Baştutanymyza döredýän
mümkinçilikleri üçin minnetdarlygyny bildirip, hemmelere ýurdumyzy mundan
beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz sanly ulgam
arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini dowam edip, Mejlisiň Başlygy
D.Gulmanowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de
kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda amala
aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady
bilen, administratiw hukuk bozulmalary, raýatlaryň zähmet gatnaşyklaryny
döwrebaplaşdyrmak, salgytlar, awtomobil ulagy bilen baglanyşykly we beýleki
hereket edýän kanunlara üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizmek boýunça işler
dowam etdirilýär. Daşary ýurtlaryň parlamentleri we halkara guramalar bilen
gatnaşyklary ösdürmek üçin Mejlisiň wekilleri ýurdumyzyň degişli döwlet
edaralary bilen bilelikde BMG-niň Ilat gaznasynyň guran maslahatyna, Bütindünýä
Söwda Guramasynyň geçiren okuw sapagyna gatnaşdylar. Şeýle hem Mejlisiň
wekilleri Parlamentara Birleşigiň 149-njy Assambleýasyna gatnaşmak maksady
bilen, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde iş saparynda boldular.
Deputatlaryň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda durmuşa geçirilýän
beýik işleriň taryhy ähmiýetini wagyz etmek, kabul edilýän kanunlaryň
many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça guralýan çärelere
gatnaşýandyklary we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýändikleri
barada hem aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Mejlisiň deputatlarynyň ýurdumyzyň häzirki we geljekki ösüşini kesgitleýän
kanunlary işläp taýýarlamalydyklaryny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmek
boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
H.Geldimyradow milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli
Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan şu ýylyň 1-nji noýabrynda “Türkmen
manady — ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň nyşany” atly ylmy-amaly maslahaty
geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Maslahatyň gün tertibine milli manadymyzyň
dolanyşyga girizilmegi netijesinde ýurdumyzyň gazanan ykdysady üstünlikleri,
milli pul-karz syýasatynyň durmuşa geçirilişi, sanly tehnologiýalary
ornaşdyrmak arkaly döwrebap bank hyzmatlaryny hödürlemek, elektron tölegler
ulgamyny kämilleşdirmek, halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek
bilen baglanyşykly meseleler giriziler. Foruma ugurdaş ministrlikleriň,
pudaklaýyn dolandyryş we bank edaralarynyň, ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň
wekilleri gatnaşarlar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli
manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahata
gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi
wise-premýere tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary B.Amanow «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn
binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, pudaklaýyn desgalaryň
infrastrukturasyny kämilleşdirmek, geologiýa-gözleg işleriniň netijeliligini
ýokarlandyrmak maksady bilen, döwlet konsernini ýöriteleşdirilen tehnikalar,
hususan-da, nebitgaz guýularyny burawlamakda, özleşdirmekde we düýpli
abatlamakda ulanylýan serişdeler bilen üpjün etmek boýunça zerur işler
geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak üçin «Türkmennebit» döwlet konserniniň
maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli kämilleşdirip durmagyň zerurdygyny
belledi hem-de ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri
üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli Karara gol çekdi we ony
wise-premýere sanly ulgam arkaly iberip, resminamadan gelip çykýan wezipeleriň
ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda işleriň alnyp barlyşy hem-de welaýatlarda
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.
Wise-premýer, ilki bilen, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy Türkmen
alabaýynyň baýramy mynasybetli oba hojalyk toplumynyň işgärleriniň adyndan tüýs
ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli
işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra
wise-premýer hasabatyny dowam etdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý
ekişi dowam edýär, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak işleri
alnyp barylýar. Pagta hasylyny, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen
şaly hasylyny ýygnap almak boýunça degişli işler dowam etdirilýär. Häzirki
wagtda welaýatlarda güýzlük ekilen azyklyk ekinleriň ýetişdirilen hasylyny
ýygnap almak, olary sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek, bu önümler bilen
bazarlarymyzy üpjün etmek babatda degişli işler geçirilýär.
Ýurdumyzda
mallaryň baş sanyny we olardan alynýan önümleriň möçberini artdyrmak maksady
bilen, maldarçylyk hojalyklarynda mallar üçin ot-iýmleri taýýarlamak boýunça
degişli işler alnyp barylýar. Welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynyň suw
üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak üçin suwaryş, şor
suw akabalaryny arassalamak işleri geçirilýär. Diýarymyzy bagy-bossanlyga
öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek, ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg
etmek, Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen,
häzirki wagtda ýurdumyzda güýzki bag ekmek möwsümine taýýarlyk işleri alnyp
barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegiň,
onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy dowam etdirmegiň, bugdaý
ekişini bellenen möhletlerde we talabalaýyk alyp barmagyň, munuň üçin oba
hojalyk tehnikalaryny netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny belledi. Döwlet
Baştutanymyz pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmegi dowam etdirmegiň,
beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde-de netijeli işleri alyp
barmagyň, ýurdumyzda güýzki bag ekmek möwsümine gowy taýýarlyk görmegiň
möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere bu babatda degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýekşenbe
güni Türkmen alabaýynyň baýramynyň giňden bellenilip geçiljekdigini, türkmen
alabaýynyň merdana halkymyzyň gadymdan gelýän milli buýsanjydygyny belledi
hem-de hemmeleri Türkmen alabaýynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň elektroenergetika
pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak
boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe içerki sarp edijileri
elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, türkmen elektrik
energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça degişli
işler amala aşyrylýar. Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň gaz turbina
desgalarynyň kadaly işlemegini üpjün etmek hem-de zerur bolan abatlaýyş-tehniki
işleri geçirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň
taslamasy hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy
bilen ygtybarly üpjün etmegiň hemişe üns merkezinde saklanylýandygyny, türkmen
elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça
maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyz Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, degişli Karara gol çekdi hem-de
resminamany sanly ulgam arkaly iberip, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew goňşy döwletler bilen
söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, degişli resminamalara laýyklykda, Türkmenistanyň we Özbegistanyň çäginde
özara sergileri hem-de ýurdumyzda Ikinji türkmen-özbek sebitara forumyny
geçirmek meýilleşdirilýär. Bellenen çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, şu
ýylyň 15-16-njy iýulynda Daşkent şäherinde “Türkmenistanda öndürilen” atly
ýurdumyzyň harytlarynyň milli sergisi geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna şu ýylyň 20-21-nji noýabrynda Lebap welaýatynyň
Türkmenabat şäherinde özbek harytlarynyň milli sergisini hem-de Ikinji
türkmen-özbek sebitara forumyny geçirmek baradaky teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hoşniýetli goňşuçylyk däplerine
esaslanyp, goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli
ösdürilýändigini, bu ugurda Özbegistan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy
ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz noýabr aýynda
Türkmenabat şäherinde Özbegistan Respublikasynyň milli sergisini we Ikinji
sebitara forumy geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek
esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň
Tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu ýylyň noýabr aýynyň dowamynda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli maslahatlary,
döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, sergileri we aýdym-sazly
dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Ozal yglan edilen döredijilik
bäsleşikleriniň jemini jemlemek, talyplardyr okuwçylaryň arasynda “Türkmenistan
— ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly uniwersiadanyň we spartakiadanyň
sport ýaryşlaryny geçirmek meýilleşdirilýär.
3-nji
noýabrda ýurdumyzda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni giňden
belleniler. Şu mynasybetli birnäçe baýramçylyk dabaralaryny, şol sanda medeni
çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. 10-njy noýabrda bolsa Hasyl toýy
mynasybetli giň gerimli çäreleri we dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär. Şu
ýylyň 13 — 15-nji noýabry aralygynda paýtagtymyzda “Gorkut ata” halkara
kinofestiwaly geçiriler. Şeýle hem 14 — 16-njy noýabrda telearagatnaşyk,
telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň
“Türkmentel — 2024” atly halkara sergisini we ylmy maslahaty geçirmek, “Sanly
çözgüt — 2024” atly innowasion taslamalaryň bäsleşiginiň jemini jemlemek göz
öňünde tutulýar.
Wise-premýer
şu ýylyň noýabr aýynda başga-da birnäçe möhüm ähmiýetli çäreleriň, şol sanda
ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklar we şanly
seneler bilen bagly noýabr aýynda geçiriljek esasy çärelere gowy taýýarlyk
görmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
ulanmaga berilýän desgalaryň açylyş dabaralaryny ýokary derejede geçirmegiň,
Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni, Hasyl toýy mynasybetli
çärelere gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere bu
babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa «Innowasiýalar, täze
tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III
türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, döwletimiziň daşary syýasat strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi
netijesinde, Hytaý Halk Respublikasy bilen köpugurly gatnaşyklar, hususan-da,
ylmy-tehnologik hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Munuň özi ylym ulgamyny
kämilleşdirmek hem-de bu ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak
üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Forumyň gün tertibine ylmy barlaglaryň
netijelerini önümçilige işjeň ornaşdyrmak, halkara ylmy-tehnologik
hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek bilen bagly meseleler giriziler. Şeýle hem
forumda nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek
we energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we
genetika, maglumat-aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, häzirki
zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, innowasion
ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlar boýunça türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň giň
ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň dünýä döwletleri, şol sanda Hytaý
Halk Respublikasy bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet
berilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar
we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý
ylmy-innowasion forumyny geçirmek hakynda» Karara gol çekip, ony wise-premýere
sanly ulgam arkaly iberdi we bu möhüm çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde
geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa
söz berildi. Ol sözüniň başynda Hökümetiň agzalarynyň adyndan hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan
Respublikasynyň “Duslyk” ordeni bilen sylaglanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden
gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny
mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şeýle
hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň şu günki mejlisine syýasy
taýdan örän ähmiýetli we manyly çykyşy bilen gatnaşandygy bellenildi. Hormatly
Arkadagymyzyň bu mejlise gatnaşmagy hemmämiz üçin uly hormatdyr we uly
jogapkärçilikdir diýip, wise-premýer, daşary işler ministri aýtdy. Gahryman
Arkadagymyz BMG-niň çäklerinde Türkmenistanyň ýokary derejedäki ornuny belläp,
“Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnama boýunça esasy pikirini
paýlaşdy we bu babatda öz tekliplerini beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda,
türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirildi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Türkmenistan bilen
BMG-niň hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýete eýedigini nygtap, hormatly
Prezidentimizi Birleşen Milletler Guramasynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän başlangyçlary BMG-niň
çäklerinde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan
kabul edilýän Kararnamalarda öz beýanyny tapýar.
Wise-premýer,
daşary işler ministri R.Meredow şu gün BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki
ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar barada aýtdy. 2024-nji ýylyň 24-nji
oktýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar
mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa — parahatçylyk,
ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.
Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň köpüsi we sebitdäki hemme ýurtlar
bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowyň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan
syýasatynyň aýdyň nyşany bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzy
ýurdumyzyň bu daşary syýasy üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlady we iň gowy
arzuwlaryny beýan etdi.
Soňra
wise-premýer, daşary işler ministri «Türkmenistan — Birleşen Milletler
Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisine görülýän
taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Mälim bolşy ýaly, bu geňeş döwlet
Baştutanymyzyň goldaw bermeginde 2024-nji ýylyň martynda döredildi. Şu ýyl onuň
mejlisleriniň ikisi geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň
garamagyna noýabr aýynda geňeşiň nobatdaky mejlisini geçirmek we onuň gün
tertibi baradaky teklipler hödürlenildi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul
edilen “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama
laýyklykda, Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň
meýilnamasynyň deslapky taslamasy işlenip düzüldi we ony öňümizdäki mejlisde
ara alyp maslahatlaşmak teklip edilýär. Durnukly ösüş maksatlaryny milli
derejede durmuşa geçirmekde ulgamlaýyn çemeleşmeleri we oňyn tejribeleri
ornaşdyrmak maksady bilen, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň
wekilhanasy we ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudak edaralary bilen
bilelikde taýýarlanylan «2024 — 2026-njy ýyllarda Türkmenistanda Durnukly ösüş
maksatlary boýunça hasabatlylygy berkitmek baradaky «Ýol kartasyna» garamak
teklip edilýär. Bu resminamanyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň
ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde birnäçe çäreleri guramak
meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, BMG
bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň alyp barýan daşary
syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Ýurdumyz bu abraýly gurama
bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge aýratyn üns berýär. Döwlet Baştutanymyzyň
belleýşi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň
Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Bu Kararnama bilen bagly ýurdumyzda we
dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz geňeşiň nobatdaky mejlisini geçirmek hem-de mejlisde
degişli çäreler boýunça soraglary ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly teklibi goldap,
wise-premýer, daşary işler ministrine anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Balkan» gämi gurluşyk we
abatlaýyş zawodynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan
işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gury ýük
gämileriniň ýokary depginde alnyp barylýan gurluşygy netijesinde bu ugurda
ýerli hünärmenler taýýarlanylyp, zawodda dünýäniň iň döwrebap tehnologiýalary
ornaşdyrylýar we zawodyň awtomatlaşdyrylan enjamlary işe girizilýär. Şunuň
bilen birlikde, zawodyň has netijeli işlemegi üçin onuň maddy-enjamlaýyn
binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, bu ýerde täze enjamlary öndürmek
zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
degişli teklipler hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda gury ýük gämileriniň gurluşygyna badalga berilmeginiň milli
senagatyň täze ugruny ösdürmekde möhüm ädim bolandygyny aýtdy. Munuň özi
ýükleriň möçberini yzygiderli artdyrmaga, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň
işini kämilleşdirmäge itergi berýär. Şunda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş
zawodyna hem aýratyn orun degişlidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz bu döwrebap zawodyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek
boýunça taýýarlanan teklipleri goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň
agzalaryna ýüzlenip, Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň
başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji
mejlisinde «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul
edildi diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu möhüm
ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli 2-nji noýabrda sport çäresini
geçirmegi, hemmeleriň bilelikde jemgyýet bolup, sagdyn durmuş ýörelgesine
eýerip, Saglyk ýolundan geçmegini teklip etdi. “Bu çärede ýylyň dowamynda
halkara ýaryşlarda gowy netije gazanyp, ýaşyl tugumyzy belentde parladan
türgenlerimizi gazanan sport üstünlikleri bilen gutlalyň, mynasyp bolan
sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşuralyň!” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip,
ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny aýtdy.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisiniň
dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Merkezi Aziýa — parahatçylyk,
ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu
hoş habar hormatly Arkadagymyzyň belläp geçişi ýaly, Türkmenistanyň dünýäde
«Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýandygynyň güwäsi bolup durýar. Birleşen
Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň köpüsiniň biziň bu başlangyjymyzy
goldamagy, sebitdäki hemme ýurtlaryň oňa awtordaş bolup çykyş etmegi biziň üçin
uly abraýdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we teklibi biragyzdan goldan ähli
ýurtlara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiz hemmeleri «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we
hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden
gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa
gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň
gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.