Şu
gün Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň ikinji
gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kazan şäherinde geçirilýän
«BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine hormatly myhman
hökmünde gatnaşdy.
...Ir
bilen hormatly Prezidentimiz ýokary derejeli forumyň geçirilýän ýerine — «Kazan
Ekspo» halkara sergiler merkezine ugrady.
Daşary
ýurtlaryň 30-dan gowragynyň wekiliýet Baştutanlary, halkara guramalaryň, şol
sanda BMG-niň, ŞHG-niň, GDA-nyň ýolbaşçylary, şeýle hem Täze ösüş bankynyň
prezidenti bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, «BRICS goşmak»/«autriç»
formatyndaky XVI BRICS sammitiniň plenar mejlisine gatnaşdylar.
Mälim
bolşy ýaly, BRICS 2006-njy ýylda Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäginde
esaslandyryldy we şondan bäri geçen döwürde dünýäniň abraýly düzümleriniň
birine öwrüldi. Guramanyň ady oňa gatnaşyjy ilkinji bäş ýurduň — Braziliýa
Federatiw Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Hindistan Respublikasynyň
we Hytaý Halk Respublikasynyň hem-de 2011-nji ýylda bu gurama goşulan Günorta
Afrika Respublikasyň atlarynyň ilkinji harplaryny aňladýar. Soňra gurama doly
hukukly agza hökmünde Müsür Arap Respublikasy, Birleşen Arap Emirlikleri, Eýran
Yslam Respublikasy, Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasy goşuldy. Bu
döwletara birleşigiň çäklerindäki hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, birek-biregiň
bähbitlerini nazara almak, açyklyk we ylalaşyklylyk ýörelgeleri esasynda alnyp
barylýar. Bu bolsa dünýäniň beýleki ýurtlary üçin guramanyň özüne çekijiligini
artdyrýar.
Geljekki
hyzmatdaşlaryň barha artýan gyzyklanmalary göz öňünde tutulyp, «BRICS goşmak»
formaty döredildi. Bu format häzirki döwrüň ählumumy meseleleri boýunça
netijeli dialog üçin meýdança bolup durýar. Durnukly ösüşe, özara bähbitli
ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Bu
hyzmatdaşlygyň ugurlary her ýyl geçirilýän ýokary derejedäki sammitlerde we
köptaraplaýyn duşuşyklarda kesgitlenilýär.
Russiýa
Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin «Adalatly ählumumy ösüşiň we
howpsuzlygyň bähbidine köptaraplylygyň pugtalandyrylmagy» şygary astynda,
guramada Russiýanyň başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän XVI BRICS
sammitine gatnaşyjylary hem-de hormatly myhmanlary mähirli mübärekläp, öz
netijeliligini görkezen «BRICS goşmak»/«autriç» formatynyň gurama agza ýurtlar
bilen hyzmatdaşlara açyk dialog üçin mümkinçilik berýändigini nygtady. Soňra
mejlise gatnaşyjylara söz berildi. Şolaryň hatarynda GDA ýurtlarynyň, Aziýa,
Afrika, Ýakyn Gündogar we Latyn Amerikasy döwletleriniň Liderleri, şeýle hem
BRICS bilen has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýän halkara
guramalaryň ýerine ýetiriji edaralarynyň ýolbaşçylary bar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bildirilen myhmansöýerlik üçin Russiýa
Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine minnetdarlygyny beýan edip,
Türkmenistanyň «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky BRICS sammitine ilkinji
gezek gatnaşýandygyny belledi we şeýle wekilçilikli çärä çakylyk üçin
minnetdarlyk bildirip, munuň ýurdumyza goýulýan hormatyň nyşany hökmünde kabul
edilýändigini aýtdy.
Bellenilişi
ýaly, Türkmenistan halkara jemgyýetçiligiň dünýäde hyzmatdaşlyk, özara hormat
goýmak we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerini berkarar etmäge
gönükdirilen tagallalaryna işjeň gatnaşýar. Ýurdumyz öz Bitaraplyk hukuk
ýagdaýyny parahatçylyk döredijilik gün tertibini ilerletmek, ählumumy we sebit
howpsuzlygyny üpjün etmek, döwletara gatnaşyklarda deňhukukly dialog,
ynanyşmak, açyklyk medeniýetini pugtalandyrmak üçin ulanýar. Gapma-garşylykly
ýagdaýlaryň öňüni almak, olary döredýän sebäpleri aradan aýyrmak üçin
Bitaraplygyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallarynyň ulanylmagy
Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm bölegidir hem-de häzirki ýagdaýlarda
Bitaraplygyň esasy ýörelgeleri örän zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady
we dünýä jemgyýetçiliginiň goldamagynda ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek işinde
anyk peýda getirmäge ukyplydygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda,
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň
alyp barýan işiniň aýratyn ähmiýeti we netijeliligi bellenildi. Bu merkeziň
ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýär.
Jogapkärli
döwlet hökmünde Türkmenistan halkara ýagdaýlary kadalaşdyrmaga we
hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerine geçmäge gönükdirilen çäreleri teklip edýär
diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu babatda ýurdumyzyň BMG-de birnäçe
teklipler bilen çykyş edendigini, hususan-da, Ählumumy howpsuzlyk
strategiýasyny işläp taýýarlamak, BMG-niň parahatçylyk döredijilik
tagallalarynda bitarap ýurtlara guramanyň esasy hyzmatdaşy hukuk derejesini
bermek başlangyçlaryny, sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny berkitmek bilen
baglanyşykly teklipleri öňe sürendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda,
Türkmenistanyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip
yglan etmek baradaky başlangyjynyň BMG-niň Baş Assambleýasynda biragyzdan
goldanylmagy möhüm waka boldy. Baş Assambleýanyň degişli Kararnamasynyň
düzgünlerini durmuşa geçirmäge ähli döwletleriň işjeň gatnaşmagyna bil baglaýarys
diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Bellenilişi
ýaly, Türkmenistanyň halkara strategiýasy häzirki döwrüň geoykdysady
gatnaşyklaryna, häzirki zamanyň wajyp meselelerini çözmäge işjeň gatnaşmaga,
Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge, ekologiýa, azyk howpsuzlygy
babatda çylşyrymly ýagdaýlary aradan aýyrmaga, ýurtlaryň we halklaryň energiýa
çeşmelerine, arassa suwa, howa elýeterliliginiň deňhukukly, adalatly we
ygtybarly ýollaryny döretmäge esaslanýar. Muňa döwletimiz işjeň, jogapkärçilikli
çemeleşýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we Türkmenistanyň ykdysadyýet,
energetika, durnukly ulag ulgamlaryndaky başlangyçlaryna ünsi çekdi. Gürrüň
Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmegiň ählumumy Çarçuwaly maksatnamasyny işläp
taýýarlamak, Durnukly ulag birikmesiniň ählumumy atlasyny hem-de Ählumumy
energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini
döretmek barada barýar.
Umuman,
häzirki ählumumy geoykdysady meýiller barada aýdylanda, ösüp barýan ýurtlaryň
barha artýan ähmiýetini Türkmenistan şolaryň hatarynda aýratyn belleýär. Bu
ýurtlar dünýä gurluşynyň ozal ýola goýlan, ýöne özgerdilmegi talap edilýän
gatnaşyklaryna täze güýç we many-mazmun bermäge ukyplydyrlar.
Bellenilişi
ýaly, Türkmenistan ekologiýa hyzmatdaşlygy meselelerinde Merkezi Aziýada tebigy
landşaftlary, Hazar deňzinde bioköpdürlüligi gorap saklamaga, hyzmatdaşlaryň
bähbitlerini nazara almak we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary
esasynda bu sebitlerde suw, suw-energetika serişdelerini rejeli peýdalanmaga
aýratyn ähmiýet berýär. Biz ynsanperwer ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygyň, şol
sanda bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmäge uly
ähmiýet berýäris. Şeýle hem ýurdumyz medeniýet, ylym, bilim ulgamlaryndaky
hyzmatdaşlyga täze itergi berilmegini möhüm hasaplaýar. Birek-biregi has gowy
tanamak, medeniýetleriň, däp-dessurlaryň, milli sungatlaryň özara baýlaşmagy
halklary döredijilikli esaslarda birleşdirýän gatnaşyklary ösdürmäge ýardam
berýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Çykyşynyň
ahyrynda hormatly Prezidentimiz şu gezekki mejlise gatnaşmaga çakylyk hem-de
çykyş etmäge we garaýyşlarydyr teklipleri beýan etmäge döredilen mümkinçilik,
netijeli işlemäge döredilen şertler üçin guramaçylara ýene-de bir gezek
minnetdarlyk bildirdi.
Prezident
Wladimir Putin çuň mazmunly çykyşy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň durup geçen köp sanly
meseleleriniň, Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň örän
wajypdygyny belledi.
Soňra sammitiň dowamynda BMG-niň Baş sekretary
Antoniu Guterriş çykyş edip, halkara meseleleri çözmekde köptaraplylygy
goldaýandygyny aýtdy hem-de häzirki döwrüň wehimlerine garşy durmak üçin
tagallalary birleşdirmäge çagyrdy. BRICS-iň çäklerinde möhüm ugurlar hem-de
köptaraplaýyn dialogy çuňlaşdyrmagyň meseleleri barada pikir alyşmalaryň
dowamynda oňa gatnaşyjylar deňhukuklylyga, ynanyşmaga, özara bähbitli
hyzmatdaşlyk üçin bar bolan mümkinçilikleri doly açmak babatda täze gurallary
işläp taýýarlamaga umumy gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
Iki günlük iş saparynyň maksatnamasy
tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kazan
şäheriniň Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menziline geldi we bu ýerden
Watanymyza ugrady.
Üç sagatlyk uçuşy amala aşyryp, döwlet
Baştutanymyzyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde hormatly
Prezidentimizi resmi adamlar garşyladylar. Ýygnananlar Arkadagly Gahryman
Serdarymyzy saparynyň üstünlikli geçmegi bilen gutladylar.
***
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde
bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdylar.
Duşuşygyň hormatyna ýaş ildeşlerimize
Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ýygyndysy sowgat berildi. Bu kitap beýik söz
ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli neşir edildi. Ýygnananlar
gymmatly sowgat üçin hoşallyk bildirip, hemişe parahatçylyga, dostluga we
ylalaşyga çagyran dana Pyragynyň döredijilik hem filosofik mirasynyň ähmiýetini
aýratyn nygtadylar. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde bu ýörelgeler Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugrunyň hem
esasyny düzýär.
Talyplar Gahryman Arkadagymyza we hormatly
Prezidentimize türkmen ýaşlary barada edýän ýadawsyz aladalary, olaryň
sazlaşykly ösmegi babatda döredýän ajaýyp şertleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk
bildirip, eziz Watanymyza hem-de mähriban halkymyza peýda getirmek üçin ýokary
bilimli hünärmenler bolup ýetişjekdiklerine ynandyrdylar.