Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini
geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş
edip, milli kanunçylyk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp
barylýan işler barada maglumat berdi. Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze
beýanynyň taslamasyny taýýarlamak, hereket edýän birnäçe ugurdaş kanunçylyk
namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işleriň alnyp
barylýandygy habar berildi.
14-nji oktýabrda Merkezi Aziýa döwletleriniň
we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň
geçirilendigi, onuň netijeleri boýunça Bilelikdäki Jarnamanyň kabul edilendigi
barada aýdyldy. Bu çäräniň çäklerinde türkmen-koreý geňeşme maslahatynyň ikinji
mejlisi geçirilip, onda dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen
baglylykda, parlament diplomatiýasyny ulanmagyň mümkinçilikleri ara alnyp
maslahatlaşyldy. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmagyň möhümdigi
bellenildi. Şeýle hem birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Mälim bolşy
ýaly, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” parlamentara forumyny döretmek we
türkmen-koreý geňeşme maslahatyny geçirmek başlangyjyny Gahryman Arkadagymyz
Gurbanguly Berdimuhamedow öňe sürüpdi. Mundan başga-da, Gyrgyz Respublikasynyň
Žogorku Keneşiniň Başlygy, Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň
Başlygy bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň, parlamentara dostluk toparlarynyň
duşuşyklarynyň geçirilendigi habar berildi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy pursatdan
peýdalanyp, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament
ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň üstünlikli geçirilmegi babatda beren
goldawlary üçin hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine
hoşallyk sözlerini beýan etdi.
Mejlisiň deputatlary giň jemgyýetçilige döwlet
syýasatynyň esasy wezipeleriniň, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň
many-mazmunyny düşündirmek, milli mirasymyzy wagyz etmek, hormatly
Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň
özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumyň
ähmiýetini düşündirmek boýunça çärelere gatnaşýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
ýurdumyzyň milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek hem-de parlamentara
gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de
dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
H.Geldimyradow Türkmenistanyň Döwlet etalon merkeziniň hem-de
“Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň barlaghanalarynyň işini halkara
ölçeglere laýyklykda kämilleşdirmek hem-de akkreditasiýadan geçirmek boýunça
ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ugurdaky
çäreler standartlaşdyrmak ulgamyndaky işleri döwrüň talabyna laýyklykda alyp
barmaga, ugurdaş maddy-enjamlaýyn binýady mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga,
bu düzümleriň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam berer. Şunuň
bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip
hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda hereket edýän barlaghanalary talabalaýyk işletmegiň zerurdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz degişli synag barlaghanalaryny halkara akkreditasiýadan
geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Amanow şu ýylyň 23 — 25-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçirilmegi
meýilleşdirilýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024” atly XXIX halkara
maslahata we sergä görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu çärä
gatnaşmak üçin köp sanly daşary ýurtly kompaniýalary, ýurdumyzyň kärhanalarydyr
telekeçileri hasaba alyndy. Halkara sergiň işine Türkmenistanyň Hökümet
agzalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw
mekdepleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň,
daşary ýurt we ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
ýolbaşçylarynyňdyr wekilleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Ýyl-ýyldan bu
çäräniň geriminiň giňemegi dürli ýurtlaryň işewür toparlarynyň ýurdumyz bilen
netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalarynyň artýandygyny görkezýär.
Halkara maslahat “Ählumumy energetika bazarynda täze depginler we özara
bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi” atly plenar mejlisden we alty sany bölümçeden
ybarat bolar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,
«Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahatyň we serginiň her ýyl
geçirilýändigini, bu çäräniň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň
ileri tutulýan ugurlary, nebitgaz pudagyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň
ugurlary barada pikir alyşmaga ýardam berýändigini belledi we forumy ýokary
derejede guramagy wise-premýere tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda işleriň barşy hem-de welaýatlarda
möwsümleýin işleriň geçirilişi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň
welaýatlarynda bugdaý ekişi dowam edýär. Ekişde oba hojalyk tehnikalarynyň we
gurallaryň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ekiş geçirilen
meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Dowam edýän pagta ýygymy möwsüminiň çäklerinde
ýetişdirilen hasyly ýygnap almak, kabul ediş harmanhanalarynda kabul etmek,
pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli işler alnyp
barylýar. Ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük ekilen azyklyk ekinleriň hasylyny
ýygnap almak, sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek hem-de bu önümler bilen
bazarlarymyzy üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Daşoguz, Lebap
welaýatlarynda şaly hasylyny ýygnamaga, Mary welaýatynda bolsa gant
şugundyrynyň ýygymyna başlamaga taýýarlyk görülýär. Şeýle hem wise-premýer
Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere görülýän
taýýarlyk barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba
hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini kämilleşdirmegi dowam
etdirmegiň, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň möhümdigini
belledi. Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekip,
bugdaý ekiş möwsümini talabalaýyk alyp barmak, bu işlerde oba hojalyk
tehnikalaryndan netijeli peýdalanmak, pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly
geçirmek, ýygnalýan hasyly kabul etmek, gaýtadan işlemek boýunça degişli işleri
alyp barmagy wise-premýere tabşyrdy. Şeýle-de oktýabr aýynyň soňky
ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek
çärelere gowy taýýarlyk görmek babatda tabşyryk berildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annamämmedow Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli
geçiriljek möhüm çärelere, hususan-da, “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty,
energetikasy — 2024” atly halkara sergä hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk,
senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly maslahata görülýän taýýarlyk
barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, geçiriljek halkara sergi we
maslahat ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda, senagat önümçiliginde, energetika,
himiýa pudagynda, ýol gurluşygynda gazananlary bilen tanyşmaga ýardam berer. Bu
möhüm çäreleriň çäklerinde gurluşyk-senagat toplumynyň ministrlikleriniň we
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň
wekilleriniň duşuşyklary meýilleşdirilýär. Munuň özi täze işewürlik
gatnaşyklaryny ýola goýmaga, özara tejribe alyşmaga ýardam berer. Şeýle hem
Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda kuwwaty 10 megawat bolan köpugurly Gün
we ýel elektrik stansiýasynyň, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda “Bäherden”
keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabaralaryna taýýarlyk görülýändigi habar
berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli
geçiriljek halkara sergä we maslahata, Gyzylarbat etrabynda köpugurly Gün we
ýel elektrik stansiýasynyň, Bäherden etrabynda «Bäherden» keramiki önümler
kärhanasynyň açylyş dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary
derejede geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Atdaýew ýurdumyzyň dokma senagaty pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin
ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Dokma senagaty
ministrligi tarapyndan Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda nah
ýüplük, nah we tüýjümek matalary, taýýar tikin önümlerini öndürýän dokma
toplumyny gurmak meýilleşdirilýär. Bu täze toplumyň gurulmagy importyň ornuny
tutýan ýokary hilli, ekologik taýdan arassa dokma önümlerini öndürmäge, olary
eksport etmäge, täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna toplumyň gurluşygyny amala aşyrmak
boýunça teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, dokma senagatyny ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzda döwrebap
tehnologiýalar ornaşdyrylan kärhanalaryň yzygiderli işe girizilýändigini,
olarda öndürilýän ýokary hilli dokma önümleriniň içerki we daşarky bazarlarda
uly islegden peýdalanýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Dokma senagaty
ministrligi tarapyndan Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda
dokma toplumyny gurmak baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary M.Mämmedowa “Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň
aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň
“Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek
hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararynyň taslamasy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, her ýyl geçirilmegi asylly
däbe öwrülen bu bäsleşik türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge
uly goşant goşýan zehinli döredijilik işgärlerini ýüze çykarmaga we olaryň iň
ussatlaryny saýlap-seçmäge ýardam berýär. Bäsleşigiň çäklerinde “Ýaňlan,
Diýarym!” telebäsleşigini, “Çalsana, bagşy!”, “Garaşsyzlygyň merjen däneleri”
bäsleşiklerini yglan etmek meýilleşdirilýär. “Türkmeniň Altyn asyry”
bäsleşigini ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli, 2025-nji
ýylyň sentýabrynda jemlemek göz öňünde tutulýar. Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli
resminamanyň taslamasyny hödürledi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn
asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň milli medeniýetimizi
ösdürmekde, medeni mirasymyzy öwrenmekde, ýaş zehinleri ýüze çykarmakda, kämil
eserleriň döremeginde möhüm ähmiýetini belledi. Hormatly Prezidentimiz degişli
Karara gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we bu
möhüm bäsleşigi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli zerur
çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa şu ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda
ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara
ylmy-amaly maslahatlar barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen
toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň dünýäniň
ylym-bilim giňişligindäki orny has-da pugtalandyrylýar.
“Türkmenistanyň
ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda”,
bilim ulgamy boýunça kabul edilen konsepsiýalarda kesgitlenen wezipeleri
durmuşa geçirmek maksady bilen, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň
25 — 30-njy noýabry aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetinde “Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we
himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi” atly halkara ylmy-amaly maslahaty;
5-6-njy dekabrda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri
institutynda “Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we
tehnologiýalary” atly halkara ylmy-amaly maslahaty; 19-njy dekabrda Türkmen oba
hojalyk institutynda sanly ulgam arkaly “Oba hojalyk pudagynyň durnukly
ösüşinde biotehnologiýalaryň orny” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek
meýilleşdirilýär.
Olara
ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary,
alymlary bilen bir hatarda, Russiýa Federasiýasynyň, Amerikanyň Birleşen
Ştatlarynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Birleşen Arap
Emirlikleriniň, Awstriýanyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Rumyniýanyň,
Türkiýäniň, Gazagystanyň, Belarusuň, Malaýziýanyň, Özbegistanyň we beýleki
ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň zehinli ýaşlarynyň, alymlarynyň hem
gatnaşmagyna garaşylýar. Bu maslahatlaryň geçirilmegi ylym-bilim ulgamynda
halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, milli ykdysadyýetimiziň çalt depginler
bilen ösýän pudaklary boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda uly
ähmiýete eýe bolar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda,
kämil hünärmenleri taýýarlamakda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa
geçirilýändigine, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýän ylmy-amaly
maslahatlaryň yzygiderli guralýandygyna ünsi çekdi we Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetinde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä
dilleri institutynda, Türkmen oba hojalyk institutynda geçiriljek halkara
ylmy-amaly maslahatlary guramaçylykly geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi
wise-premýere tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa
söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyzy beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň
doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara
arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň
üstünlikli geçirilmegi bilen Hökümet agzalarynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady.
Şunuň bilen baglylykda, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly, hoşniýetli
goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, özara hormat goýmaga, ynanyşmaga,
ýokary ynsanperwer gymmatlyklara esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde
forumyň ähmiýeti bellenildi. Çärä dünýäniň 24 ýurdundan wekilleriň, şol sanda
döwlet Baştutanlary derejesindäki 10 wekiliýetiň, halkara guramalaryň 8-siniň
ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy munuň aýdyň güwäsidir. Forumy şöhlelendirmek üçin
daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň 200-den
gowragy Aşgabada geldi.
Soňra
wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň 15 — 17-nji oktýabry
aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistan Yslam Respublikasyna amala
aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Sebitiň
döwletleri, halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi
ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Şolaryň hatarynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyny hem görkezmek bolar. Mälim
bolşy ýaly, Türkmenistan ŞHG-niň sammitlerine we beýleki duşuşyklaryna hormatly
myhman hökmünde gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň wekiliýeti
ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisine gatnaşmak maksady
bilen, Yslamabat şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu sapar Pakistanyň
Hökümetiniň çakylygy we döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça amala aşyryldy.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň wekiliýeti 16-njy
oktýabrda agzalan mejlise gatnaşdy. Türkmen tarapynyň çykyşynda ulag,
aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi ŞHG bilen hyzmatdaşlygyň esasy
ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, hususy pudagyň ugry
boýunça, aýratyn-da, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Işewürler geňeşiniň arasynda göni
hyzmatdaşlygy ýola goýmak teklip edildi.
Iş saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti
Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari tarapyndan kabul
edildi. Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň
meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistanyň
Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarif bilen duşuşygynda döwletara
hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyna garaldy. Şeýle
hem saparyň dowamynda Pakistanyň energetika ministri bilen gepleşikler
geçirildi. Dostlukly ýurduň bilim ministri bilen duşuşygyň çäklerinde bilim
ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara guramalar bilen
özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we berkitmegiň ýurdumyzyň daşary
syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Döwlet Baştutanymyz
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen ýurdumyzy däp bolan
dostlukly hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny
belläp, wise-premýer, daşary işler ministrine bu düzüm bilen hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de ösdürmek babatda degişli tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş
direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagynyň işini mundan beýläk-de
kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» demir ýol ulagy pudagyny
döwrebaplaşdyrmak, elektrikleşdirmek, dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek,
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de hünärmenleri taýýarlamak
işleri göz öňünde tutulyp, bu ugurda zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň
bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, kabul edilen maksatnama esasynda ýurdumyzyň
demir ýol ulagy pudagyny döwrebaplaşdyrmagyň, elektrikleşdirmegiň, onuň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak arkaly hünärmenleri taýýarlamagyň
möhüm wezipe bolup durýandygyny, bu ugurda halkara tejribäni ornaşdyrmagyň
zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz pudagyň işini halkara derejede
kämilleşdirmäge gönükdirilen teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýakynda
beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we
siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly
halkara forumyň ýokary derejede guralandygy üçin hemmelere minnetdarlyk
bildirdi we forumyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Häzirki wagtda
akyldar şahyrymyzyň ýubileýi bilen bagly çäreler dowam edýär. Ýurdumyzyň
döredijilik işgärleri, ýazyjy-şahyrlary bu ugurda uly işleri bitirýärler diýip,
döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz
ýylyň ahyrynda olaryň zähmetine mynasyp baha berlip, öz zähmeti bilen
tapawutlanan raýatlaryň hem dabaraly ýagdaýda sylaglanyljakdygyny aýtdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi
ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.