Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň
hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda
ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli
maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi
S.Soltanmyradowa söz berildi.
Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda pagta
ýygymynyň depginini güýçlendirmek, pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça
zerur işler alnyp barylýar. Ýygym möwsüminde oba hojalyk tehnikalary, kabul
ediş harmanhanalary, pagta arassalaýjy kärhanalar netijeli işledilýär.
Welaýatda bugdaý ekişi agrotehniki möhletlerde dowam edip, ekiş geçirilen
meýdanlarda endigan gögeriş alynýar. Bu
ugurda oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär. Ekiş
geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda
güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki azyklyk ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen
hasyly ýygnap almak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Maldarçylyk hojalyklarynda
gyş pasly üçin ot-iýmleri taýýarlamak, mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak
boýunça degişli işler geçirilýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy
barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pagta hasylyny ýitgisiz
ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin ähli zerur
çäreleriň görülmelidigini belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk
işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin
oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, ýetişdirilen
pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ýygnalan hasyly bökdençsiz kabul etmek we
talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Bugdaý ekişini
ýokary hilli, agrotehniki möhletlerde geçirmek, ekişde ulanyljak oba hojalyk
tehnikalaryny doly güýjünde işletmek, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny
tutmak üçin zerur çäreler görülýär. Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen
güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak işleri dowam
edýär. Maldarçylyk hojalyklarynda gyş pasly üçin ot-iýmleriň ätiýaçlyk
gorlaryny döretmek, mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak boýunça işler
alnyp barylýar. Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat
berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň
möhüm ähmiýetini belledi hem-de welaýatda bugdaý ekişiniň ýokary hilli
geçirilmegini, ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny üpjün
etmegi häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli
ýerine ýetirilmegini hem gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewiň welaýatdaky möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur
çäreler görülýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde
işledilmegine aýratyn üns berilýär. Welaýatda bugdaý ekişi dowam edip, ekiş
geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş alynýar. Ekerançylyk meýdanlarynda
ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş,
önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki
möhletlerde we ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylmagynyň zerur talap
bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.
Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge
gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga
berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň
ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Lebap
welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak barada
öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, şu günler welaýatda ýetişdirilen pagta
hasylyny ýitgisiz ýygnap almak hem-de döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça
degişli işler alnyp barylýar. Möwsümde oba hojalyk tehnikalaryny, pagta kabul
ediş harmanhanalaryny, pagta arassalaýjy kärhanalary bökdençsiz işletmek
ugrunda zerur çäreler görülýär. Sebitde bugdaý ekişi dowam edip, ekiş
möwsüminde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Ekiş geçirilen
ýerlerde gögeriş suwuny tutmak işleri öz wagtynda alnyp barylýar. Welaýatyň güýzlük
ýeralma, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg
etmek, ýetişdirilen ekinleriň hasylyny ýygnap almak işleri guramaçylykly dowam
edýär. Sebitde ýetişdirilen şaly hasylyny gysga wagtda ýygnap, döwlet harmanyna
tabşyrmak üçin zerur işler geçirilýär. Maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň baş
sanyny artdyrmak, olary talabalaýyk idetmek, gyş paslynda ýyly we dok saklamak
boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 —
2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba
hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekdi we bu
işleriň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegi babatda häkime
birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyny
durmuşa geçirmegiň çäklerinde şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işlerini hem gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň döredýän mümkinçilikleriniň netijesinde
welaýatda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, hasyly ýitgisiz ýygnap almak
boýunça zerur işler geçirilýär. Ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda,
pagta arassalaýjy kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek we talabalaýyk saklamak
boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Sebitde geljek ýylyň hasyly üçin
bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek, ekiş geçirilen ýerlerde
gögeriş suwuny tutmak, kadaly gögeriş almak üçin zerur çäreler görülýär.
Güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarynda
ideg işleri, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Gant
şugundyry ekilen meýdanlarda ideg işleri bilen bir hatarda, ýetişdirilen hasyly
ýygnap almaga taýýarlyk görülýär. Maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň baş
sanyny we olardan alynýan önümleriň möçberini artdyrmak, gyş pasly üçin
ätiýaçlyk ot-iým gorlaryny, mallaryň gyşladyljak ýerlerini möwsüme taýýarlamak
babatda degişli işler geçirilýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp
alynmagyny, bugdaý ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk
geçirilmegini esasy wezipeleriň hatarynda kesgitläp, bu babatda häkime anyk
tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen
maksatnamalarda bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň zerur
talap bolup durýandygyny belledi we bu ugurda welaýatda alnyp barylýan işleriň
ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Diýarymyzda
ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda ýygnap almak, ýygnalan hasyly kabul
ediş kärhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek
boýunça degişli işler alnyp barylýar. Möwsümde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary
netijeli işledilýär. Welaýatlarda bugdaý ekişini bellenen agrotehniki
möhletlerde we talabalaýyk geçirmek maksady bilen, ekişde ulanylýan oba hojalyk
tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ekiş geçirilen
meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar.
Hormatly Prezidentimiziň ilaty ýurdumyzda
öndürilýän oba hojalyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek baradaky
tabşyryklaryndan ugur alnyp, sebitlerde güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja
ekinleriniň, miweleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak boýunça işler ýerine
ýetirilýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly oragy dowam edip, Mary
welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almaga taýýarlyk görülýär.
Ýurdumyzyň maldarçylyk hojalyklarynda gyş paslyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde
ätiýaçlyk ot-iýmleri taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary guramaçylykly geçirilmegini
gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara
ýüzlenip, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda jogapkärli möwsümiň — pagta ýygymy
möwsüminiň dowam edýändigine ünsi çekdi we ýygymyň depginini güýçlendirmegi,
hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur işleri geçirmegi,
ýygymda kombaýnlaryň we tehnikalaryň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul
ediş harmanhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmagy tabşyrdy. Bu
işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegi köp zähmet siňdirilip
ýetişdirilen hasyly zaýasyz ýygnap almagy, pudakda özgertmeleri üstünlikli
amala aşyrmagy üpjün eder.
Hormatly Prezidentimiz bugdaý ekişiniň hem
dowam edýändigine ünsi çekip, bugdaýyň bol hasylyny almagyň, şeýlelikde,
ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkitmegiň, halkymyzyň saçagynyň berekedini
artdyrmagyň ekiş möwsüminiň öz wagtynda, ýokary hilli geçirilmegine köp
derejede baglydygyny belledi we geljek ýylyň hasyly üçin welaýatlarda bugdaý
ekişiniň agrotehniki möhletlerde alnyp barylmagyna berk gözegçilik etmegi,
ekişde ulanylýan tehnikalaryň netijeli işledilmegini üpjün etmegi, bugdaýa tagt
we gögeriş suwuny wagtynda tutmagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, döwlet
Baştutanymyz welaýatlarda güýzlük ýeralmany, gök we beýleki oba hojalyk
ekinlerini ýitgisiz ýygnap almak üçin hem ähli zerur işleri geçirmegi, bu
önümler bilen içerki bazarlarymyzyň doly üpjün edilişini aýratyn gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz gyş paslynyň golaýlap gelýändigini
belläp, maldarçylyk hojalyklarynda zerur möçberde ot-iým taýýarlamak hem-de
mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak işleriniň öz wagtynda ýerine
ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny tamamlap,
oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde
uly üstünlikleri arzuw etdi.