Şu
gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk
etmeginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy —
parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi.
Söwda-senagat
edarasynda geçirilen ýokary derejeli foruma gatnaşmak üçin Ermenistan
Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan, Eýran Yslam Respublikasynyň
Prezidenti Masud Pezeşkian, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart
Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Mongoliýanyň
Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif
Ali Zardari, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan
Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň
Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurdumyza geldiler. Myhmanlaryň hatarynda Türkiýe
Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy, ÝUNESKO-nyň Baş
konferensiýasynyň başlygy, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň
Hökümet agzalary, alymlar, medeniýet işgärleri, diplomatlar hem bar. Bu forum
beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününi baýram etmegiň
maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýär. Bu maksatnama ýurdumyzda, şeýle-de
daşary ýurtlarda guralan köp sanly dabaraly çäreler girizildi. Magtymguly
Pyragynyň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmek, Gündogar halklarynyň
dilleriniň we edebiýatlarynyň özara baglanyşygyny, söz ussadynyň milli
döwletliligi ösdürmekde eýeleýän ornuny, umumadamzat gymmatlyklarynyň
genji-hazynasyna goşan goşandyny öwrenmek halkara forumyň esasy maksadydyr.
Akyldar
şahyryň ömür we döredijilik ýoluny çuňňur öwrenmek boýunça ýurdumyzda amala
aşyrylýan işler abraýly halkara guramalaryň, dünýä ýurtlarynyň uly goldawyna
eýe boldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki
dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etdi,
şahyryň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň
halkara sanawyna girizildi. Şeýle hem Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy
2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly
seneleriň sanawyna goşuldy. Bularyň ählisi beýik türkmen söz ussadyna goýulýan
belent sarpanyň nyşanydyr. Ýurdumyzda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy
boýunça Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejede
bellenilýär, şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen şygyrlaryny dünýäde
giňden wagyz etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Milli Liderimiz
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda akyldar şahyryň baý
döredijiligini wasp edip, onuň şan-şöhratyny has-da belende galdyrdy. Bu ajaýyp
şygyr ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemäge, ildeşlerimizi täze üstünliklere
ruhlandyrmaga gönükdirilendir.
Halkymyzyň
taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak we giňden wagyz etmek, ÝUNESKO bilen
hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça ýurdumyzyň başlangyçlary Milletler
Bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda
BMG-niň Baş Assambleýasy birnäçe Kararnamalary, şol sanda 2025-nji ýyly
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamany
kabul etdi. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň we tutuş
adamzat siwilizasiýasynyň beýik taglymlarynyň dabaralanmagynyň bähbidine alyp
barýan medeni we ylmy diplomatiýasynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň
beýanydyr.
...Ir
bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Söwda-senagat edarasyna
geldi. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyz foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza
gelen döwlet we hökümet Baştutanlaryny, Parlament ýolbaşçylaryny mähirli
mübärekledi. Hormatly Prezidentimiz foruma gatnaşyjylar bilen mähirli
salamlaşyp, belent mertebeli myhmanlar we halkara guramalaryň wekilleri bilen
bilelikde surata düşdi. Soňra mejlisler zalynda «Döwürleriň we
siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly
halkara forum geçirildi.
Türkmenistanyň
Prezidenti daşary ýurtlardan wekilçilikli foruma gatnaşmaga gelen belent
mertebeli myhmanlary mübärekläp, şu gün Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300
ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy —
parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşmak baradaky çakylygy kabul eden döwlet
Baştutanlaryna, Hökümetleriň, Parlamentleriň, halkara guramalaryň
ýolbaşçylaryna we wekillerine, ýokary derejeli ähli myhmanlara öz adyndan
hem-de Türkmenistanyň halkynyň adyndan minnetdarlyk bildirdi.
Bellenilişi
ýaly, XVIII asyrda ýaşap geçen beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň şanly
toýuna bagyşlanyp köp sanly çäreler geçirildi. Ýurdumyzda we daşary ýurtlarda
onuň heýkelleri dabaraly ýagdaýda açyldy. Magtymguly Pyragy öz döwrüniň hem-de
ähli döwürleriň söz ussady, beýik akyldary bolmak bilen, eserlerinde bütin
adamzady parahatçylyga, agzybirlige çagyrypdyr.
Döwlet
Baştutanymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp geçirilýän
«Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we
ösüşiň binýady» atly halkara forumy açyk diýip yglan etdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, türkmen
halkynyň müňlerçe ýyllyk taryhynyň dowamynda ruhy we medeni gymmatlyklary
döreden halkdygyny belledi. Dünýä edebiýatynyň ägirdi, görnükli akyldarymyz
Magtymguly Pyragy bütin adamzat üçin gymmatly garaýyşlary bilen dünýä
medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alandyr. Şonuň üçin şahyryň
ömrüni we döredijiligini giňden öwrenmek bilen bagly işler abraýly halkara
guramalar, dünýä döwletleri tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine
bagyşlanýan bu günki wakanyň hem aýratyn many-mazmunynyň bardygyny nygtady.
Türkmen
halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň toýy bu gün dünýäniň toýuna
öwrüldi. Dana Pyragynyň parasatly pikirleri asyrlarboýy halkymyz üçin, şeýle-de
beýleki halklaryň wekilleri üçin hem durmuş ýörelgesine öwrülip geldi.
Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim,
ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy»
maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy
bu abraýly gurama bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna
goşuldy. Bularyň ählisi türkmen halkynyň beýik söz ussadyna bolan belent
sarpasyny ýüze çykarýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Bellenilişi
ýaly, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki
dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etdi.
Ýurdumyzda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip
yglan edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz beýik akyldar
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny örän ýokary derejede bellemek,
şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen eserlerini dünýä ýaýmak baradaky
başlangyçlaryny öňe sürdi. Türkmenistanly hem-de daşary ýurtly meşhur
ýazyjy-şahyrlar, alymlar, edebiýatçylar, suratkeşler, sungat işgärleri beýik
şahyra bagyşlap köp işleri bitirdiler, kämil eserleri döretdiler. Bu eserler
söz ussadynyň baý edebi mirasyny öwrenmekde, dünýä giňden ýaýmakda möhüm
ähmiýete eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň gözel
künjeginde, Köpetdagyň eteginde türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň
ajaýyp heýkeliniň we medeni-seýilgäh toplumynyň gurulmagynyň Gahryman
Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen berk baglydygyna aýratyn ünsi
çekdi. Hormatly Prezidentimiz bu seýilgäh toplumynda daşary ýurtly
ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleriniň hem oturdylmagynyň Magtymguly Pyragynyň
arzuwlan berkarar döwletinde dost-doganlygyň dabaralanýandygynyň ýene bir aýdyň
nyşanydygyny, daşary ýurtlaryň birnäçesinde Magtymguly Pyragynyň heýkelleriniň
oturdylandygyny belledi. Şeýle sahawatly işler halklaryň arasynda dost-doganlyk
köprülerini has-da pugtalandyrýar.
Magtymgulynyň
baý mazmunly beýik mirasy türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasyny
kesgitledi. Onuň parahatçylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk we
ähli halklara hormat goýmak baradaky düýpli pikirleri beýleki döwletler bilen
özara gatnaşyklarda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmenleriň milli häsiýetiniň
kemala gelmeginde uly hyzmaty bitiren akyldar şahyr köp ýurtlara aýlanyp görüp,
dünýä akyl ýetiripdir. Bu bolsa onuň aň-düşünjesinde öçmejek yz galdyrypdyr.
Dünýägaraýşynyň kämil bolmagyna, halklaryň arasynda medeniýetleriň, bilimleriň
özara baýlaşmagyna getiripdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Magtymgulynyň
şygryýeti watançylyk senasydyr. Ol öz halkyny, topragyny söýen, ony goramagy we
onuň gadyryny bilmegi ündän watançy şahyrdyr. Adamzada abadanlyk islän we onuň
dogry ýoluny görkezen beýik akyldardyr. Şahyryň goşgulary nesillerde
watansöýüjiligi, ýokary ahlaklylygy terbiýelemäge, olaryň bilimli, hünärli,
il-ýurt üçin, bütin adamzat üçin haýyrly işleri amala aşyrmaga mynasyp adamlar
bolup ýetişmegine ýardam edýär. Magtymguly Pyragynyň mirasy biziň üçin uly
baýlykdyr. Akyldar şahyryň wesýetlerine wepaly bolmagy biz mukaddes borjumyz
hasaplaýarys diýip hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de akyldar şahyryň
wesýetlerine eýermek bilen, halkymyzyň agzybirliginiň, bitewüliginiň, berkarar
döwletliligimiziň mundan beýläk-de berkidiljekdigini, beýleki döwletler bilen
dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklaryň giňeldiljekdigini
belledi.
Döwlet
Baştutanymyz sözüniň ahyrynda parahatçylygyň we adamzadyň sazlaşykly ösüşiniň
bähbidine öz goşandymyzy goşmaga hemişe taýýardyrys diýip aýtdy hem-de foruma
gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet
Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi hem-de dowamly el çarpyşmalar
bilen garşylanyldy. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belent
mertebeli myhmanlara söz berdi.
Ilki
bilen, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian çykyş edip, beýik
şahsyýet Magtymguly Pyragynyň hormatyna bagyşlanyp geçirilýän «Döwürleriň we
siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly
möhüm medeni çärä çakylygy üçin hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň
Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ol iki dostlukly halkyň gadymy
döwürlerden bäri parahatçylykda, ylalaşykda ýaşaýandyklaryny, olaryň umumy
medeni mirasynyň bardygyny belledi. Biziň sebitimizde ýaşaýan halklaryň
dilleriniň tapawutlydygyna garamazdan, olaryň medeniýeti şol bir çeşmelerden
gözbaş alypdyr. Şoňa görä-de, ol medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň dürli
ugurlarynyň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi bilen tapawutlanýar. Iki goňşy
döwlet bolan Eýranyň we Türkmenistanyň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyga
esaslanýan özara bähbitli gatnaşyklar häzirki wagtda syýasy, ykdysady, medeni
ulgamlarda depginli ösdürilýär. Eýran halkynyň taryhynyň, edebiýatynyň we
medeniýetiniň möhüm bölekleri Merkezi Aziýa halklarynyň medeniýeti bilen berk
baglanyşyklydyr.
Halklarymyzyň
arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda alymlara, şahyrlara uly
orun degişlidir. Pars edebiýatynyň Firdöwsi, Rudaky, Saady, Omar Haýýam ýaly
meşhur wekilleriniň Gündogaryň medeniýetini dünýä ýaýmakda hyzmatlary uludyr.
Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragy hem türkmen medeniýetini we dilini
belende göteren şahsyýetleriň biridir. Ol öz manyly ömrüniň dowamynda
umumadamzat gymmatlyklarynyň ösüşinde möhüm yz galdyrdy, onuň döredijiligi bolsa
dünýä edebiýatyny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy. Biziň
däp-dessurlarymyzyň, dilimiziň şu günki günlere çenli ýetip gelmegi şeýle beýik
şahsyýetleriň tagallalary bilen mümkin boldy. Eger-de pars diliniň ösüşi
Firdöwsi ýaly şahyrlaryň döredijiligine borçly bolsa, onda türkmen dili we
edebiýaty hem Magtymguly ýaly beýik şahyrlaryň bitiren hyzmatlaryna borçludyr
diýip, Eýranyň döwlet Baştutany nygtady.
Bellenilişi
ýaly, Magtymgulynyň miras galdyran eserlerinde ahlak, syýasy, durmuş, medeni
meselelere ýüzlenilýär. Bu onuň dil baýlygyna we giň dünýägaraýşyna şaýatlyk
edýär. Magtymguly öz şygyrlarynda adamlary agzybirlige, jebislige, parahatçylyk
söýüjilige, ylalaşyklylyga çagyrypdyr hem-de agzalalygy, ahlaksyzlygy
ýazgarypdyr. Dostlukly ýurduň döwlet Baştutany çykyşynyň ahyrynda
Türkmenistanyň Hökümetine bu möhüm medeni forumy gurandygy üçin ýene-de bir
gezek hoşallygyny beýan edip, medeni hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň, şeýle
çäreleriň geçirilmeginiň biziň umumy meşhur şahsyýetlerimizi we edebi mirasymyzy
dünýä tanatmakda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.
Hormatly
Prezidentimiz çuňňur many-mazmunly çykyşy üçin Eýran Yslam Respublikasynyň
Prezidentine minnetdarlyk bildirdi we Magtymguly Pyragynyň ömür ýolunyň,
döredijiliginiň Eýran topragy bilen aýrylmaz baglydygyny belledi. Döwlet
Baştutanymyz goňşy ýurduň Baştutanyna Gündogaryň meşhur şahyry Magtymgulynyň
doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Eýranda köp sanly çäreleriň guralandygy
üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz iki ýurduň
arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, beýik söz
ussadynyň döredijilik mirasynyň ylmy taýdan öwrenilmegine goşýan goşandyny
nazara alyp, Prezident Masud Pezeşkiany «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna»
atly ýubileý medaly bilen sylaglamak barada karara gelendigini aýtdy.
Soňra
çykyş eden Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari türkmen
edebiýatynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy
mynasybetli guralýan şu günki abraýly foruma gatnaşmagynyň özi üçin uly
hormatdygyny nygtady. Dostlukly döwletiň Baştutany Türkmenistanyň Hökümetine we
halkyna özara düşünişmegi, parahatçylygy, medeni dialogy ilerletmäge
gönükdirilen bu halkara çäräni gurandygy üçin hoşallyk bildirip, Pakistan bilen
Türkmenistany özara hormat goýmaga esaslanýan, has gowy we parahat geljegi
üpjün etmäge gönükdirilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny
nygtady. Pakistanyň bu maslahata gatnaşmagy iki doganlyk ýurduň arasynda
netijeli gatnaşyklary, sebitiň döwletleri bilen medeni, ykdysady hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmaga ygrarlydygyny görkezýär.
Belent
mertebeli myhman Magtymgulynyň we Pakistanyň milli şahyry Allam Muhammad
Ykbalyň sufizm garaýyşlarynyň meňzeşdigini kanagatlanma bilen belläp,
Magtymguly Pyragynyň diňe bir şahyr däl-de, eýsem, türkmen halkynyň öz Watanyna
söýgüsiniň hem nusgasydygyny nygtady. Onuň XVIII asyrda ýazan şygyrlary häzirki
wagtda hem öwrenilýär. Magtymguly çylşyrymly syýasy, durmuş ýagdaýlarynyň
döwründe ýaşady we öz ömrüni türkmen halkynyň berkarar döwleti baradaky
arzuwlara bagyş etdi.
Pakistan
Yslam Respublikasynyň Prezidenti hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa
dana Pyragynyň döredijiligini ýaýmaga gönükdirilen forumyň guralandygy, şeýle
hem sebitiň ýurtlarynyň Baştutanlary bilen pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik
üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkyny 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik
şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen gutlady.
“Men
forumdaky ara alyp maslahatlaşmalaryň Magtymguly Pyraga hormat goýmak bilen
çäklenmän, eýsem, ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlyk üçin hem täze
ugurlary açjakdygyna ynanýaryn. Milli gymmatlyklarymyza ygrarlydygymyzy
tassyklamak, geljek nesillerimiziň abadançylygynyň bähbidine bilelikde işlemek
üçin şu mümkinçilikden peýdalanmagy teklip edýärin” diýip, Prezident Asif Ali
Zardari çykyşyny Magtymgulynyň goşgy setirleri bilen tamamlap, öz dosty,
görnükli syýasatçy we alym, köp kitaplaryň awtory Gurbanguly Berdimuhamedowyň
ogly — hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen ýene-de bir gezek
duşuşmaga şatdygyny nygtady.
Döwlet
Baştutanymyz Pakistanyň Prezidentine manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip,
Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli Pakistanda hem birnäçe
ylmy maslahatlaryň, döredijilik duşuşyklarynyň geçirilýändigini, akyldar
şahyryň çuň mana ýugrulan eserlerine uly sarpa goýulýandygyny kanagatlanma
bilen belledi. Hormatly Prezidentimiz meşhur türkmen şahyrynyň döredijiligini
wagyz etmekde bitiren hyzmatlary üçin Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti
Asif Ali Zardarini «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly
bilen sylaglamak hakynda karara gelendigini aýtdy we belent mertebeli myhmany
bu sylag bilen tüýs ýürekden gutlady.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine söz
berdi. Belent mertebeli myhman Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300
ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara
arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň häzirki
döwürde möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.
Bellenilişi
ýaly, onuň döredijilik mirasy dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň bölegidir.
Magtymguly türkmen diliniň gözelligini doly açyp görkezen ilkinji nusgawy
şahyrlaryň biridir. Onuň özboluşly şygryýet ýoly bolupdyr. Ol pikirlerini
gysgaça we örän jaýdar beýan edipdir. Onuň köp setirleri atalar sözüne,
nakyllara, parasatly jümlelere öwrülip gidipdir. Magtymgulynyň kitaplary
mukaddeslige deňelip, aýawly saklanypdyr.
Russiýa
Federasiýasynyň Prezidenti Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda türkmen
esgerleriniň dogan-garyndaşlarynyň olara iberýän hatlarynda Magtymgulynyň goşgy
setirlerini ýazyp, esgerleri watansöýüjilige, gahrymançylyga
ruhlandyrandyklaryny aýratyn belledi we şahyryň «Türkmenler baglasa bir ýere
bili,//Gurudar Gulzumy, derýaýy-Nili» diýen setirlerini mysal getirdi.
Magtymgulynyň
şygyrlary rus diline hem terjime edildi. Şahyryň Astrahanyň etegindäki Funtowo
obasynda bolandygy barada taryhy maglumatlar bar. Bu ýerde XVII asyrdan bäri
türkmenler kowçum bolup ýaşaýarlar. 2019-njy ýylda ol ýerde Magtymguly adyndaky
mekdep açyldy. Bu mekdep türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen
guruldy. Astrahanda Magtymgulynyň ýadygärligi oturdyldy. Şu ýylyň sentýabrynda
bolsa Moskwada şahyryň heýkeli dabaraly ýagdaýda açyldy diýip, dostlukly ýurduň
Baştutany nygtady. Bellenilişi ýaly, öz döwründen öňe giden Magtymguly hemişe
döredijilik gözleginde bolupdyr we hemişe hakykata göz ýetirmäge çalşypdyr. Ol
öz zehini bilen halkynyň röwşen geljegini görmegi başarypdyr. Magtymguly öz
döredijiliginde päk ahlaklylyga, adalatlylyga, deňlige çagyrypdyr. Şahyryň
şygyrlarynda beýan edilýän pikirler häzirki wagtda-da adamlara ýakyn we
düşnüklidir.
Şu
günki foruma gatnaşýan ýurtlar hem Magtymgulynyň filosofik çemeleşmeleriniň
ruhunda halkara durmuşyň yzygiderli demokratiýalaşdyrylmagy ugrunda çykyş
edýärler diýip, Prezident W.Putin aýtdy we ählumumy ösüşiň diňe her bir halkyň
bähbidini nazara almaga, her bir döwletiň özygtyýarly ýoluna bolan hukugyna,
dünýägaraýşyna, däp-dessurlaryna hormat goýmak esasynda üpjün ediljekdigine
ynam bildirdi.
Russiýa
giň halkara hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edip, ähli dostlary we pikirdeşleri
bilen, şol sanda GDA-nyň, Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk
Guramasynyň, BRICS-iň çäklerinde halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini ara
alyp maslahatlaşmak üçin açykdyr. Hut şulary nazara almak bilen, biz 22 —
24-nji oktýabrda Kazanda BRICS we BRICS+ sammitlerini geçirmäge taýýarlanýarys.
Elbetde, biz Kazanda geçiriljek bu çärelerde biziň şu günki duşuşygymyza
başlyklyk edýän Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy we şu foruma
gatnaşýan beýleki döwlet Baştutanlaryny görmäge şatdyrys diýip, RF-niň Lideri
aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti hormatly
Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Liderine Magtymgulynyň parasatly
taglymlaryna eýerip, sebitde parahatçylygy, durnuklylygy gorap saklamaga,
köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşýan saldamly goşantlary üçin aýratyn
hoşallyk bildirdi.
Hormatly
Prezidentimiz dostlukly ýurduň Baştutanyna çuň manyly çykyşy üçin minnetdarlyk
bildirip, beýik şahyr Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň Russiýa
Federasiýasynda hem giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýändigini
aýtdy. Moskwadaky Bütinrussiýa döwlet daşary ýurt edebiýaty kitaphanasynda
Magtymgulynyň heýkeliniň açylmagy şanly waka boldy diýip, döwlet Baştutanymyz
belledi we pursatdan peýdalanyp, bu işde goldaw berýändigi üçin belent
mertebeli myhmana minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Russiýa
Federasiýasynyň Prezidenti W.Putini Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
mynasybetli ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda karara gelendigini aýtdy.
Munuň özi biziň halklarymyzyň we ýurtlarymyzyň arasyndaky berk dostlugyň
nobatdaky aýdyň nyşany bolar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we Russiýanyň
Liderini bu sylag bilen tüýs ýürekden gutlady.
Soňra
çykyş eden Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew foruma
gatnaşyjylary şanly sene — türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň
doglan gününiň 300 ýyllygy bilen gutlap, hormatly Prezidentimize çakylygy
hem-de bildirilen myhmansöýerlik, forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin tüýs
ýürekden hoşallyk bildirip, bu çäräniň biziň halklarymyz üçin aýratyn ähmiýete
eýedigini belledi.
Magtymguly
Pyragy türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy we Gündogaryň meşhur
akyldarydyr. Onuň eserleri köp dillere terjime edilip, dünýä edebiýatynyň altyn
hazynasyna girdi. Şahyryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň
hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi dana Pyragynyň
şahsyýetiniň taryhy ähmiýetiniň ykrarnamasydyr we bu abraýly halkara guramanyň
Magtymgulynyň golýazmalar toplumyna diňe bir Türkmenistanyň ýazuw mirasynyň
däl-de, eýsem, tutuş türki siwilizasiýanyň hem örän seýrek nusgasy hökmünde
garaýandygy örän buýsançlydyr diýip, gazak Lideri nygtady.
Magtymguly
Pyragynyň döredijiligine türki dünýäde aýratyn sarpa goýulýar. Türki
medeniýetiň halkara guramasynyň 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we
akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmegi munuň mysalydyr. Prezident
Kasym-Žomart Tokaýewiň belleýşi ýaly, bu çözgüt akyldaryň döredijiligini
halkara derejede giňden wagyz etmäge ýardam berer. Çylşyrymly geosyýasatyň
emele gelen häzirki döwründe beýik şahyryň eserleri has-da möhüm ähmiýete eýe
bolýar. Şahyryň şygryýetinde ynsanperwer garaýyşlar dabaralandyrylýar, onuň
goşgulary biziň hemmämize parahatçylygyň, ynanyşmagyň, özara hormatyň müdimi
gymmatlyklar bolup durýandygyny ýene-de bir gezek ýatladýar.
Magtymgulynyň
eserleri diňe bir geçmişde bolan wakalaryň düýp mazmunyna göz ýetirmäge däl-de,
adamzadyň häzirki döwürdäki meselelerine düşünmäge-de mümkinçilik berýär.
Akyldar türkmen milletiniň hem-de döwletliliginiň kemala gelmegine uly goşant
goşdy diýip, gazak Lideri geçen nesilleriň şöhratly mirasyna sarpa goýmagyň her
bir halkyň mukaddes borjudygyny belledi. Şeýle giň gerimli çäre Türkmenistanyň
ýolbaşçylarynyň we ähli halkynyň geçen nesilleriniň mirasyna aýawly
çemeleşýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Gazagystanyň
Baştutany häzirki wagtda Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň, türkmen döwletiniň
mizemez binýadynyň kemala getirilmegine gönükdirilen giň gerimli
durmuş-ykdysady, syýasy özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny aýdyp, geljek ýyl
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň belleniljekdigini we
doganlyk halkyň bu ýörelgä berk ygrarlydygyny nygtady. Türkmenistan bu hukuk
derejesine üýtgewsiz eýermek bilen, öz milli bähbitlerini goraýar, halkara
giňişlikde abraýyny barha berkidýär we dünýäde howpsuzlygyň, durnuklylygyň
pugtalandyrylmagyna, Merkezi Aziýada, Hazar sebitinde köpugurly hyzmatdaşlygyň
ilerledilmegine uly goşant goşýar.
Birleşen
Milletler Guramasy 2025-nji ýyly Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Siziň ýurduňyzyň gazanýan
üstünlikleri Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet baradaky arzuw-hyýallarynyň
hasyl bolandygyny görkezýär diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy we
türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň kuwwatly, gülläp
ösýän türkmen döwletini gurmakdaky hem-de beýik şahyryň eserlerini halkara
derejede wagyz etmekde ägirt uly hyzmatlaryna ünsi çekdi. Ol şahyryň
döredijiliginiň gazak halkynyň kalbynda hem orun alandygyny aýtdy we şu ýylyň maýynda
Almaty şäherinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara
maslahatyň geçirilendigini ýatlatdy.
Gazagystan
Respublikasynyň Prezidenti öz ýurdunda Gazagystanyň medeniýet işgärleriniň
gatnaşmagynda surata düşürilen şahyr hakyndaky «Ismim düşdi ilden-ile» atly
dokumental filmiň uly gyzyklanma döredendigini hem-de milli telewideniýäniň
ýaýlymynda görkezilendigini aýdyp, Gazagystanyň Magtymguly adyndaky halkara
baýragy esaslandyrmak başlangyjy bilen çykyş edendigini belledi we munuň
şahyryň baý mirasyny wagyz etmegiň, medeni diplomatiýany ilerletmegiň ýene-de
bir täsirli guraly boljakdygyna ynam bildirdi.
Astanada
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň
gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagy iki halkyň
arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mizemezdigini
alamatlandyrdy diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy hem-de Aşgabatdaky
«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda meşhur gazak sazandasy we kompozitory Kurmangazy
Sagyrbaýulynyň heýkeliniň açylandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Şeýle-de ol hut düýn öz resmi saparynyň çäklerinde paýtagtymyzyň ajaýyp
künjekleriniň birinde beýik gazak şahyry we akyldary Abaý Kunanbaýewiň
ýadygärliginiň açylandygyny buýsanç bilen belledi.
Abaý
Kunanbaýewiň hem-de Magtymguly Pyragynyň eserlerini ruhy çeşmelere aýawly
çemeleşmek, öz halklarynyň geljegi baradaky çuňňur oýlanmalar, ynsanperwerligiň
beýik taglymaty we abadançylyga çagyryş birleşdirýär. Olaryň baý filosofik
mirasy halklarymyzyň köpöwüşginli medeniýetinde aýratyn orun eýeleýär, şeýle
hem tutuş adamzadyň mirasy bolup durýar diýip, gazak Lideri aýtdy. Ol biziň
halklarymyzy umumy ruhy kökleriň, taryhyň, köpasyrlyk özara goldawyň
baglanyşdyrýandygyny, iki döwletiň arasynda ähli derejede işjeň dialogyň ýola
goýlandygyny, munuň bolsa halklarymyzyň has-da ýakynlaşmagyna, gazak-türkmen
gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagyna ýardam edýändigini nygtap, Türkmenistanyň
doganlyk halkyna üstünlik, abadançylyk arzuw etdi.
Hormatly
Prezidentimiz Kasym-Žomart Tokaýewe çuňňur manyly çykyşy üçin minnetdarlyk
bildirip, Gazagystan Respublikasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300
ýyllygy mynasybetli köp sanly çäreleriň geçirilýändigini kanagatlanma bilen
belledi. Astana şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagy, birnäçe
medeni çäreleriň geçirilmegi türkmen halky üçin uly hormatdyr diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gazagystanyň Baştutanyna bitiren
uly hyzmatlary üçin «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň
gowşurylandygyny aýdyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi bu ýokary sylag bilen
tüýs ýürekden gutlady.
Soňra
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe söz berildi. Dostlukly
döwletiň Baştutany ajaýyp Aşgabat şäherinde geçirilýän «Döwürleriň we
siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly
halkara foruma gatnaşýandygyna örän şatdygyny aýdyp, türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa
hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa bu çäräniň ýokary derejede
guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Özbegistanyň
Prezidenti Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň edebiýaty we bilimi döwlet syýasaty
derejesine çykarandygyny, olary halkara giňişlikde hoşniýetli ýörelgeleri öňe
sürmek üçin netijeli gurala öwrendigini aýratyn belledi we şu günki maslahatyň
dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, halklarymyzyň ýakynlaşmagynda,
baý ruhy mirasymyzy bütin dünýäde wagyz etmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam
bildirdi.
Gadymy
türkmen topragynda ylym, medeniýet, sungat bilen meşgullanan ençeme beýik
şahsyýetler kemala geldi. Şolaryň hatarynda Azadyny, Andalyby, Şeýdaýyny,
Gaýybyny, Mollanepesi we beýlekileri görkezmek bolar. Şol beýik şahsyýetleriň
arasynda döredijilik mirasy diňe bir Gündogaryň nusgawy şygryýetini däl, eýsem,
dünýä edebiýatyny hem baýlaşdyran türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragy
aýratyn orun eýeleýär. Beýik ynsanperwer şahyryň öçmez-ýitmez eserleri
parahatçylyk we ylalaşyklylyk, ýagşylyk, adalatlylyk ýaly düşünjeleri wasp
edip, umumadamzat gymmatlyklary bilen utgaşýar diýip, Özbegistanyň Baştutany
aýtdy we dana Pyragynyň eserleriniň binýadynda: «Dünýäni ýagşylyk, dostluk,
hoşniýetli hyzmatdaşlyk, mähirlilik, adamkärçilik halas edýär» diýen pikiriň
durandygyny belledi.
Prezident
Şawkat Mirziýoýew özbek halkynyň hem Magtymgulynyň döredijiligine ýokary baha
berýändigini, oňa uly hormat-sarpa goýýandygyny buýsanç bilen nygtady. Beýik
türkmen şahyry Hywanyň Şirgazy medresesinde bilim aldy, ol ýerde dünýewi we
dini bilimleri öwrendi. Magtymguly Pyragy beýik özbek şahyry Alyşir Nowaýyny öz
halypasy hasaplapdyr. Özbegistanda Magtymgulynyň ajaýyp şygyrlary we olaryň esasynda
döredilen aýdymlar hemişe ýaňlanýar. Özbegistanda Magtymguly Pyragynyň doglan
gününiň 300 ýyllygyny giňden bellemek hakynda Karar kabul edildi. Bu ajaýyp
senäniň hormatyna edebiýat agşamlary, bäsleşikler, maslahatlar we beýleki
çäreler yzygiderli geçirilýär. Teatrlarda sahnalar goýulýar, özbek hem türkmen
kinematograflary tarapyndan beýik şahyryň ömür ýoluna, döredijiligine
bagyşlanan çeper film surata düşürildi. Häzirki wagtda beýik söz ussadynyň ady
özbek paýtagtynyň hem-de welaýatlarynyň köçelerine, seýilgählerine dakyldy.
Daşkentde, Hywada Magtymguly Pyragynyň ýadygärlikleri oturdyldy.
Özbek
Lideri şu günki günde ene topragyny tüýs ýürekden söýen, onuň parlak geljegi
üçin göreşen, hakykaty, adalaty wasp eden Magtymguly Pyragynyň arzuwlarynyň hasyl
bolýandygyny aýtdy we Özbegistanda biziň ýurdumyzyň okgunly ösüşine, halkara
abraýynyň has-da belende galýandygyna buýsanç bilen syn edilýändigini belledi.
Çykyşynyň ahyrynda Özbegistanyň Prezidenti Magtymguly Pyragy ýaly beýik
şahsyýetleri dünýä beren Türkmenistanyň hemişe gülläp ösmegini, iki halkyň
dost-doganlygynyň müdimi bolmagyny arzuw etdi.
Hormatly
Prezidentimiz Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.Mirziýoýewe çuňňur manyly
çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300
ýyllygyny Özbegistanda giňden bellemek hakynda kabul edilen Kararyň esasynda
dürli çäreleriň geçirilýändigini belledi. Şahyryň goşgularynyň özbek dilinde
neşir edilmegi, şygyrlaryna aýdymlaryň döredilmegi, heýkelleriniň oturdylmagy,
çeper filmiň surata düşürilmegi bizi örän buýsandyrýar diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy we özbek Liderini Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
mynasybetli ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda karara gelendigini habar
berdi hem-de ony bu sylag bilen tüýs ýürekden gutlady.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona
söz berdi. Ol döwlet Baştutanymyza türkmen myhmansöýerligi hem-de «Döwürleriň
we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady»
atly halkara foruma gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, forumyň
Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ýubileýi mynasybetli geçirilýän
çäreleriň, şol sanda ÝUNESKO-nyň howandarlygynda guralýan dabaralaryň dowamy
bolup durýandygyny belledi. Bu dabaralar dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan
türkmen halkynyň şöhratly oglunyň umumadamzat edebi mirasyna goşan mynasyp
goşandynyň ykrar edilýändigini görkezýär. Biz akyldar şahyryň golýazmalar
toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna,
beýik şahyryň ýubileýiniň BMG-niň bu düzüminiň şanly seneleriniň sanawyna
girizilmegini mübärekleýäris diýip, dostlukly ýurduň Lideri aýtdy. Şunuň bilen
baglylykda, Täjigistanda şu ýyl Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine
bagyşlanan halkara çäreleriň geçirilendigine üns çekildi.
Prezident
Emomali Rahmon sözüni dowam edip, Duşenbe şäherinde Magtymgulynyň
ýadygärliginiň oturdylandygyny we täjik paýtagtynyň gözel köçeleriniň birine
onuň adynyň dakylandygyny habar berdi. Bellenilişi ýaly, 1-nji sentýabrda — Bilimler
we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam
arkaly gatnaşmagynda Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly
adyndaky umumybilim berýän orta mekdep dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu wakalar iki
doganlyk halkyň dostlugynyň we döredijilikli gatnaşyklarynyň aýdyň nyşany bolup
durýar.
Magtymguly
Pyragy öz täsin zehini bilen Merkezi Aziýanyň halklarynyň medeniýetiniň we
edebiýatynyň ösmegine saldamly goşant goşdy. Şeýle hem onuň döredijiligi
täjik-pars edebiýatynyň beýik mirasy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr diýip,
dostlukly döwletiň Baştutany aýtdy. Şahyryň eserlerinden görnüşi ýaly, ol öz
döredijiliginde Abulkasym Firdöwsi, Omar Haýýam, Saady, Jelaleddin Balhy, Hafyz
Şirazy ýaly bütin dünýäde meşhur akyldarlaryň mirasyndan ylham alypdyr. Şunuň
bilen baglylykda, dana Pyragynyň döredijiliginiň täjik edebiýatçylaryny
ruhlandyrýandygy bellenildi. Olar şahyryň şygyrlarynyň onlarça ýygyndysyny
täjik diline terjime we neşir etdiler.
Magtymgulynyň
döredijiligi dost-doganlyk, hoşniýetlilik, adamlar barada alada, ynsanyň ahlak
gözelligi ýaly ýörelgelerden gözbaş alýar we medeniýetleriň arasyndaky
gatnaşyklary giňeltmek, ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň ýakynlaşmagy üçin
köpri bolup hyzmat edýär diýip, Täjigistanyň Baştutany aýtdy we birek-biregiň
däp-dessurlaryna, gymmatlyklaryna, ruhy-medeni mirasyna uly sarpa
goýulýandygyna ünsi çekdi. Prezident Emomali Rahmon Täjigistan ynsanperwer
ulgamda özara gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça bilelikde işlemek ugrunda
çykyş edýär diýip belledi we ähli hyzmatdaşlar, şol sanda Türkmenistan bilen
medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigine
ynandyrdy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ýokary
derejededigi bellenildi. Häzirki wagtda bu gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlyk
häsiýetine eýedir. Prezident Emomali Rahmon çykyşyny Magtymgulynyň täjik diline
terjime edilen şahyrana setirleri bilen jemläp, türkmenistanlylary bu forumyň
ýokary derejede guralmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet
Baştutanymyz Täjigistan Respublikasynyň Prezidentine çuň manyly çykyşy üçin
minnetdarlyk bildirip, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň dostlukly ýurtda
giňden okalýandygyny, goşgular ýygyndysynyň yzygiderli neşir edilýändigini
aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly
adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylmagynyň halklarymyzyň dostlugyny
dabaralandyrýan möhüm waka bolandygyny nygtap, Prezident Emomali Rahmony
Magtymguly Pyragynyň eserlerini wagyz etmäge goşan goşandy üçin şahyryň 300
ýyllygyna bagyşlanan ýubileý medaly bilen sylaglamak baradaky karara
gelendigini belledi we Täjigistanyň Baştutanyny bu sylag bilen tüýs ýürekden
gutlady.
Soňra
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa söz berildi. Belent mertebeli
myhman hormatly Prezidentimize beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan
gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara
arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň işine
gatnaşmaga çakylyk üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Gyrgyzystanyň
Baştutany çykyşyny ajaýyp gyrgyz ýazyjysy we akyldary Çingiz Aýtmatowyň
Magtymgulynyň döredijiligi barada aýdan sözleri bilen başlady: «Magtymgulynyň
şahyrana sözüniň biziň günlerimize gelip ýetmegi türkmen halkynyň
edermenligidir. Magtymguly Pyragynyň goşgulary türkmenleriň kalbynda,
bagşylaryň aýdymlarynda saklanyp galypdyr»... Belent mertebeli myhman pursatdan
peýdalanyp, türkmen halkyna paýtagtymyzdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh
toplumynda beýleki meşhur ýazyjylar we şahyrlar bilen birlikde, Çingiz
Aýtmatowyň hem ýadygärliginiň oturdylandygy üçin hoşallyk bildirdi.
Biziň
türkmen doganlarymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň adamkärçiligiň, ahlak
päkliginiň nyşany bolup durýandygyna buýsanmaga haklydyr. Onuň eserleri
jebisleşdiriji güýç bolup çykyş edýär diýip, Gyrgyzystanyň Baştutany aýtdy.
Beýik türkmen şahyry öz goşgularynda ahlak päkligine, watansöýüjilige,
ynsanperwerlige, gaýduwsyzlyga çagyrypdyr. Akyldaryň bu wesýetleri biziň
günlerimizde hem derwaýys bolmagynda galýar. Onuň eserleri nesilleri
birleşdirýän parasatly pikirlerden doludyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi
döwürleriň we siwilizasiýalaryň arabaglanyşygyny alamatlandyrýar.
Bellenilişi
ýaly, 2023-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň
hormatyna Gyrgyz Respublikasynyň Batken welaýat sazly drama teatrynda beýik
türkmen şahyrynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan «Magtymguly Pyragy» atly
sahna eseri goýuldy. Bu sahna oýny geçen ýylyň noýabrynda Türkmenistanda
geçirilen dördünji halkara teatr festiwalynda hem üstünlikli görkezildi.
Gyrgyzystanyň Prezidenti geçen hepdede Bişkekde ylmy-döredijilik
intelligensiýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda «Gündogaryň nusgawy şahyry
Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy» atly ylmy-amaly maslahatyň guralandygyny
belledi. Onda şahyryň eserleriniň gyrgyz dilinde neşir edilen ýygyndysynyň
tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Gyrgyz
Lideri şu günki forumyň ýurtlarymyzyň arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Şeýle forumlar halklaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek meselelerini ara
alyp maslahatlaşmak babatda ajaýyp mümkinçilikleri döredýär. Dialogy
pugtalandyrmaga, ýakyn hyzmatdaşlygyň esasyny goýmaga ýardam edýär. Çünki hut
medeniýet we ruhy gymmatlyklar üstünlikli halkara hyzmatdaşlygyň, durnukly
parahatçylygyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Çykyşynyň ahyrynda Gyrgyzystanyň
Prezidenti Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmeginiň
halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary ilerletmekde möhüm ähmiýete eýedigini
nygtady. Medeniýet diňe bir bizi birleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, täze
üstünliklere ruhlandyrýar, birek-birege has gowy düşünmäge, özara hormat
goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan berk gatnaşyklary ýola goýmaga hem ýardam edýär.
Gyrgyzystanyň Lideri foruma gatnaşyjylara netijeli işlemegi, Magtymguly Pyragy ýaly
beýik akyldarlaryň mirasynyň hemmeleri mundan beýläk-de uly üstünliklere
ruhlandyrmagyny arzuw etdi.
Hormatly
Prezidentimiz Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa çuň manyly
çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň Baştutanynyň akyldar
şahyryň döredijiligini öwrenmek babatda giň goldaw berýändigini, onuň 300
ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp birnäçe çäreleriň geçirilendigini kanagatlanma
bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz Magtymguly Pyragynyň mirasyny wagyz etmekde
bitiren hyzmatlary üçin Gyrgyzystanyň Baştutanyny beýik akyldaryň 300 ýyllygyna
bagyşlanan ýubileý medaly bilen sylaglamak barada karara gelendigini aýtdy we
ony bu sylag bilen tüýs ýürekden gutlady.
Soňra
Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan çykyş edip, beýik şahyr,
türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň
300 ýyllygy mynasybetli guralan ýokary derejeli halkara foruma gatnaşmagyň özi
üçin uly hormatdygyny nygtady.
Bellenilişi
ýaly, Magtymguly sebitiň medeni taýdan ösmegine uly goşant goşdy we
Türkmenistanyň edebi hem milli özboluşlylygynda öçmejek yz galdyrdy. Onuň
mirasy dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan adamlary ruhlandyrmagyny dowam
edýär. Köpugurly gymmatlyklary goran ynsanperwer şahsyýet hökmünde onuň
wesýetleri häzirem derwaýys bolmagynda galýar diýip, Ermenistan Respublikasynyň
Baştutany aýtdy. Ermeni halky Magtymguly Pyragynyň eserleri bilen ýakyndan
tanyşdyr. Munuň özi edebiýatlaryň şol döwürdäki taryhy meňzeşligini görmäge
mümkinçilik berýär diýip, belent mertebeli myhman nygtady we Saýat Nowanyň
täsin sazly-şahyrana döredijiligine ünsi çekdi. Onuň döredijilik mirasy ermeni
halky üçin medeni şamçyrag bolup durýar. Magtymguly halklary birleşdirýän
umumadamzat gymmatlyklaryna esaslanyp, “milli edebiýat” diýen düşünjäniň
gerimini giňeltdi. Şunuň bilen baglylykda, şu günki waka nusgawy edebiýata akyl
ýetirmek, özara hormat goýmak ýörelgesini wagyz etmek, milli edebiýatlaryň
ählumumy mirasa giňden goşulyşmagynyň zerurdygyna çuňňur düşünmäge ýardam
bermek boýunça möhüm başlangyç hökmünde garamak bolar diýip, ermeni Lideri
nygtady.
Ol
çykyşynda Magtymguly Pyragynyň filosofik setirlerini mysal getirdi. Olarda
asylly işlere, bütin dünýäde parahatçylygy gorap saklamaga çagyryş öz beýanyny
tapýar. Belent mertebeli myhman ertir türkmen paýtagtynda Magtymguly Pyragynyň
ermeni dilinde neşir edilen eserleriniň tanyşdyrylyş dabarasynyň
meýilleşdirilýändigini aýdyp, hormatly Prezidentimize bu möhüm foruma
gatnaşmaga çakylygy hem-de netijeli dialog we geljekki hyzmatdaşlyk üçin täze meýdançanyň
döredilendigi üçin hoşallyk bildirdi.
Döwlet
Baştutanymyz Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana çuň manyly
çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, nusgawy şahyra bagyşlanyp Ermenistanda köp
sanly çäreleriň geçirilmeginiň, onuň goşgularynyň ermeni diline terjime
edilmeginiň beýik akyldaryň ruhy hazynasyna goýulýan hormat-sarpanyň
nyşanydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz belent mertebeli myhmana
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň Ermenistanda giňden wagyz edilmegine goşan
goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi we bu ugurda bitiren işlerini nazara alyp,
dostlukly ýurduň Baştutanyny beýik söz ussadynyň 300 ýyllygy mynasybetli
ýubileý medaly bilen sylaglamak baradaky karara gelendigini aýtdy hem-de ony bu
sylag bilen tüýs ýürekden gutlady.
Soňra
Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuha söz berildi. Ol Magtymguly
Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we
siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly
halkara foruma hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga şatdygyny aýdyp, bildirilen
myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan
etdi we mongol halkynyň mähirli salamyny ýetirdi.
Mongol
Lideriniň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýanyň halklary meşhur şahyr we akyldar,
türkmen edebiýatyny esaslandyryjy, dünýä edebiýatyna, Gündogar
siwilizasiýasynyň ösüşine ägirt uly goşant goşan Magtymguly Pyraga belent sarpa
goýýarlar. 2023-nji ýylda şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden bellemek
hakynda Kararyň kabul edilmegi hem-de onuň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň
«Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi söz ussadynyň
dünýä derejesinde beýik şahyr hökmünde ykrar edilýändiginiň güwäsidir.
Mongoliýanyň
Prezidenti sözüni dowam edip, Magtymgulynyň köp ýurtlara syýahat edendigini,
olaryň medeniýetlerini, däp-dessurlaryny öwrenendigini, munuň bolsa şahyryň giň
dünýägaraýşynyň kemala gelmegine täsir edendigini belledi. Beýik şahyryň öz
halky üçin berkarar döwlet, parahat, abadan durmuş baradaky arzuwlary häzirki
wagtda hasyl boldy. Munuň özi Türkmenistanyň halky üçin tükeniksiz buýsanç
çeşmesi bolup, şahyryň eserlerinde öňe sürlen belent taglymlar Bitarap
Türkmenistanyň döwlet syýasatynda öz beýanyny tapýar. Şeýle-de akyldar öz
eserlerinde tebigat gözelligini, bedewleri wasp edipdir. Belent mertebeli
myhmanyň belleýşi ýaly, türkmenleriň hem mongol halkynyňky ýaly gadymy taryhy
bar, olar ynsanyň wepaly hemrasy bolan bedewlere uly sarpa goýýar.
Şöhraty
dünýä dolan ahalteke bedewleri häzirki türkmen döwletiniň okgunly ösüşiniň
nyşany bolup durýar. Türkmenleriň öz bedewlerini milli buýsanç
hasaplaýandyklary biziň halkymyza hem mälimdir. Şunda biziň halklarymyzyň
mizemez ruhy baglanyşygy aýdyň ýüze çykýar. Magtymgulynyň döredijiliginde
sähralyklarda mesgen tutan çarwadarlar, türkmenleriň ene topraga belent sarpa
goýşy, tebigat bilen sazlaşykda ýaşamak baradaky parasatly ýörelgeler beýan
edilýär. Çarwadarlaryň siwilizasiýasynyň ylham çeşmesi tebigata hormat-sarpa
bilen garamakdan, onuň berýän nygmatlaryny akylly-başly peýdalanmakdan, ynsan
bilen tebigatyň arasyndaky sazlaşygy berjaý etmekden ybaratdyr. Munuň özi
durnukly «ýaşyl» ösüşiň gözbaşydyr diýip, mongol Lideri belledi. Şu pelsepeden
ugur alyp, türkmen şahyrynyň eserlerinde durnukly ösüş taglymlarynyň binýady goýlandyr,
şol garaýyşlar adamzadyň ýaşaýşynyň we ösüşiniň esasyny emele getirýär.
Magtymguly öz eserlerinde agzybirlik, parahatçylyk baradaky pikirlerini
şahyrana setirler bilen dabaralandyrýar diýip, Mongoliýanyň Prezidenti şahyryň
«Türkmeniň» atly goşgusyndan setirleri mysal getirdi.
Belent
mertebeli myhman sözüni jemläp, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300
ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy —
parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň parahatçylygyň
pugtalandyrylmagyna, durnukly ösüşiň hem-de abadançylygyň üpjün edilmegine uly
goşant boljakdygyna ynam bildirip, Türkmenistana gelip görmäge çakylygy hem-de
wekilçilikli foruma gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly
Prezidentimize ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.
Hormatly
Prezidentimiz Mongoliýanyň Baştutanyna täsirli çykyşy üçin sagbolsun aýdyp,
türkmen halkynyň medeni mirasyna, taryhyna goýýan hormat-sarpasy üçin
minnetdarlyk bildirdi hem-de ony «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý
medaly bilen sylaglamak hakynda karara gelendigini habar berdi we belent
mertebeli myhmany bu sylag bilen tüýs ýürekden gutlady.
Soňra
Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuşa söz
berildi. Ol çykyşynyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we
halkara foruma gatnaşýan döwlet Baştutanlaryny mähirli mübärekläp, wekilçilik
edýän ýurdunyň adyndan dostlukly arzuwlaryny beýan etdi.
Bellenilişi
ýaly, Magtymgulynyň goşgulary we giň dünýägaraýşy diňe bir onuň dogduk
mekanynda däl, eýsem, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýän
ähli türki halklarda-da şamçyrag bolup şöhle saçýar. Dana Pyragy şygyrlarynda
watansöýüjiligi wasp edipdir. Onuň giň dünýägaraýşy bilen baýlaşdyran
eserlerinde ösen medeni-durmuşy, ruhy gymmatlyklar şöhlelendirilipdir. Ol Hoja
Ahmet Ýasawynyň edebi mirasyny dowam etdirip, türki dünýäniň agzybirligi we
parahatçylygy ugrunda tagalla edipdir. Magtymguly Pyragy Ýer ýüzüniň halklaryny
ruhy taýdan birleşdirýän şahsyýetdir. Häzirki wagtda türkmen akyldarynyň
pähim-parasadyna, baý edebi mirasyna dünýä guwanýar, ony içgin öwrenýär. Dürli
ýurtlarda, şol sanda Türkiýe Respublikasynda hem Magtymgulynyň heýkeli
oturdyldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki
dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan
edilendigini hem bellemek gerek.
Akyldar
şahyr Magtymguly Pyragynyň baky şöhrata beslenen ady diňe bir türkmen
edebiýatynyň däl-de, eýsem, dünýä edebiýatynyň taryhyna hem müdimilik ýazyldy.
Aradan üç asyr wagtyň geçendigine garamazdan, şahyryň döreden eserleri bu gün
öz ähmiýetini ýitirmän, biziň öňümizde bütin beýikligi bilen örboýuna galýar,
adamlary ynsanperwerlige, dostluga çagyrýar.
Hormatly
Prezidentimiz Numan Kurtulmuşa täsirli çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip,
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň Türkiýede giňden öwrenilýändigini, Ankara
şäherinde şahyryň heýkeliniň açylandygyny, köp sanly çäreleriň geçirilendigini
kanagatlanma bilen belledi. Biz ýakynda türkmen we türk halklarynyň arasynda
dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, akyldar şahyrymyzyň mirasyny
dünýä ýaýmakda bitiren hyzmatlary üçin Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep
Taýyp Ärdogany «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen
sylagladyk diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Türkiýäniň parlamentiniň
ýolbaşçysyna türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde
uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary
Çynar Rustemowa söz berildi. Ol bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda
türkmen halkynyň beýik şahyry, Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň
doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli tutulýan toýlaryň toýlara ulaşýandygyny
belledi. Dünýäniň çar künjeginiň dostlukly ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň,
ýokary derejeli wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilýän halkara forum
Gündogar edebiýatynyň ägirt söz ussady hökmünde ykrar edilen beýik şahyrymyzyň
toý-dabaralaryny has-da beýgeldýän möhüm ähmiýetli wakalaryň biridir.
Bellenilişi
ýaly, Magtymguly Pyragynyň nesillere miras galdyran ajaýyp eserleri indi üç
asyrdan bäri halkymyzy, eziz Watanymyzy dünýä tanadyp gelýän gymmatly
mirasymyzdyr. Gündogaryň beýik akyldary baryp XVIII asyrda halklary dost-doganlyga,
raýdaşlyga çagyran parahatçylyk söýüji şahyr hökmünde tanaldy. Beýik şahyryň
edebi mirasy hut şu günki gün hem Ýer ýüzüniň ähli döwletleriniň arasynda
hoşniýetli, ysnyşykly hyzmatdaşlygy berkitmegi dowam etdirýär. Magtymguly
Pyragy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň kalbynda-da
müdimilik orun alan umumadamzat şahyrydyr. Häzirki wagtda şahyryň ömrüni,
döredijiligini çuňňur öwrenmek, dünýä ýaýmak babatda Gahryman Arkadagymyz,
Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işler
abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň we
oňa agza döwletleriň, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça
guramasynyň uly goldawyna eýe bolýar.
2023-nji
ýylda Türkmenistan tarapyndan teklip edilen Magtymguly Pyragynyň golýazmalar
ýygyndysynyň ÝUNESKO-nyň agza döwletleriniň ýakyndan goldaw bermegi netijesinde
«Dünýäniň hakydasy» atly maksatnamanyň halkara sanawyna ýurdumyzyň iň gymmatly
ýazuw ýadygärligi hökmünde girizilmegi, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan
gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde
bellenilip geçilýän halkara seneleriň sanawyna goşulmagy munuň aýdyň mysalydyr
diýip, Ç.Rustemowa belledi. ÝUNESKO bu resminamalar arkaly Magtymguly Pyragynyň
ömrüni we döredijiligini içgin öwrenip, şahyryň eserlerinde öňe sürülýän
raýdaşlyk, jebislik, ahlaklylyk, deňhukuklylyk ýaly garaýyşlaryň bu guramanyň
häzirki wagtda durmuşa geçirýän ynsanperwer ýörelgelerine doly laýyk
gelýändigine ünsi çekip, şahyryň ösen dünýägaraýşyna ýokary baha berdi.
Nygtalyşy
ýaly, Magtymguly Pyragy bütindünýä şygryýet äleminiň baýlaşmagynda çäksiz
hyzmatlary bitiren beýik söz ussady, nusgawy we akyldar şahyr, halkara edebi
giňişlikde öçmejek yz galdyran belent şahsyýet hökmünde adamzadyň maddy däl
medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen milli buýsanjymyzdyr. Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli
mirasymyzy gorap saklamak, onuň halkara derejedäki ornuny beýgeltmek babatda
ýurdumyzda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda Diýarymyzyň taryhy,
tebigy, medeni we ýazuw ýadygärlikleriniň 20-den gowragynyň ÝUNESKO-nyň halkara
sanawlaryna goşulmagy, bu guramanyň medeniýet, bilim, ylym, sport, daşky
gurşawy goramak we ýaşlar syýasaty ugurly halkara taslamalarynyň Türkmenistanyň
çäklerinde üstünlikli durmuşa geçirilmegi ata Watanymyzyň dünýä giňişliginde
eýeleýän ornuny has-da berkidýär.
Ç.Rustemowa
pursatdan peýdalanyp, milli mirasymyzy gorap saklamak, Magtymguly Pyragynyň
eserlerini bütin dünýä ýaýmak ugrunda edýän bimöçber tagallalary üçin Gahryman
Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan
etdi.
Hormatly
Prezidentimiz Ç.Rustemowa manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Magtymguly
Pyragynyň golýazmalar toplumynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara
sanawyna girizilmeginiň we onuň 300 ýyllyk ýubileýiniň ÝUNESKO-nyň şanly
seneleriniň sanawynda orun almagynyň beýik söz ussadyna goýulýan uly hormaty
görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi we Türkmenistanyň geljekde hem
ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmäge möhüm ähmiýet
berjekdigini nygtady.
Hormatly
Prezidentimiz halkara forumy jemläp, bu günki maslahatda çuň manyly çykyşlaryň
diňlenilendigini hem-de olarda öňe sürlen teklipleriň geljekde halklarymyzyň
arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge,
parahatçylygy pugtalandyrmaga, hyzmatdaşlygy giň gerimde ösdürmäge itergi
berjekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz forumyň Magtymgulynyň adynyň we
eserleriniň halklary hem-de döwletleri birleşdirýändigini aýdyň görkezendigini
aýdyp, onuň özara gatnaşyklarda täze sahypany açjakdygyny belledi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, foruma gatnaşyjylaryň
ählisine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi hem-de «Döwürleriň we
siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly
halkara forumyň öz işini tamamlaýandygyny aýtdy. Umumy mejlisiň netijeleri
boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.
***
Günüň ikinji ýarymynda «Döwürleriň we
siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly
halkara forum iri halkara guramalaryň hem-de köp sanly sebit düzümleriniň
ýolbaşçylarynyňdyr wekilleriniň gatnaşmagynda iki ýörite mejlis görnüşinde öz
işini dowam etdi. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde
«Magtymguly Pyragynyň eserleriniň umumadamzat siwilizasiýasyndaky orny»,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda
bolsa «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň
diplomatiýasy» atly mejlisler geçirildi. Mejlisleriň işi beýik türkmen
şahyrynyň baý edebi mirasynyň mundan beýläk-de wagyz edilmegine, bu ugurda ylmy
barlaglaryň çuňlaşdyrylmagyna, halkara ylmy-edebi jemgyýetçiligiň akyldaryň
şahyrana-filosofik döredijiligine ünsüni çekmäge gönükdirilendir. Çykyş edenler
türkmen halkynyň köpasyrlyk pähim-paýhasyny we şahyrana diliniň gözelligini öz
eserlerinde açyp görkezen, döredijiliginde her bir ynsana ýakyn ruhy gymmatlyklary
wagyz eden Magtymguly Pyragynyň çuňňur zehine eýe bolandygyny nygtadylar.
Bellenilişi ýaly, şahyryň goşgularyndaky röwşen geljek, Watana söýgi,
ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik baradaky çuňňur oýlanmalar,
döredijilige, dost-doganlyga çagyryş diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem,
bütin adamzadyň hem ruhy dünýäsine laýyk gelýär. Hut şu ýörelgeler
Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň many-mazmunyny emele getirýär.
Myhmanlar Gahryman Arkadagymyzyň
başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimize hoşallyk
bildirdiler. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde beýik şahyryň mirasy
Ýer ýüzünde dürli halklaryň dillerinde barha belentden ýaňlanýar. Mejlislerde
«Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we
ösüşiň binýady» atly halkara forumyň jemleri jemlendi. Ýygnananlaryň pikirine
görä, bu gezekki forum halkara ylmy we medeni gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly
goşant boldy.
Forumyň medeni maksatnamasy daşary ýurtly
myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Onuň çäklerinde Arkadag
şäherine, «Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasyna we paýtagtymyzyň
muzeýlerine gezelençler guraldy, kinofilmleriň, sahna oýunlarynyň görkezilişi
boldy, sirk çykyşlaryna tomaşalar we beýleki çäreler guraldy.
Häzirki günde Gündogar şygryýetiniň
köpöwüşginliligini, haýran galdyryjy äheňini, çuňňur pähim-paýhasyny özünde
jemlän Magtymguly Pyragynyň döredijiligi milli edebiýatlaryň, sebitiň we
dünýäniň halklarynyň ruhy medeniýetleriniň ösüş ýoluna şugla saçýan şamçyrag
bolup hyzmat edýär.