Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine
harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine
ýetiren işleriniň netijeleri, Garaşsyz Türkmenistanda howpsuzlygy,
parahatçylygy üpjün etmek, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly
meseleler girizildi.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew hasabat döwründe ýolbaşçylyk edýän
düzümlerinde alnyp barlan işleriň netijeleri, ýurdumyzyň goranyş ukybyny
pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerimiziň serkerdeler düzüminiň hünärini
ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem harby
gullukçylaryň gullugy, ýaşaýyş-durmuşy üçin döredilýän şertler, çagyryş boýunça
harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we harby
gulluga çagyrmak babatda geçirilýän işler barada aýdyldy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary,
goranmak ministri Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilen
dabaraly harby ýörişiň netijeleri barada-da hasabat berdi. Şunuň bilen
birlikde, hasabat döwründe döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda ýaş Watan
goragçylaryny taýýarlamak üçin ähli mümkinçilikler bilen üpjün edilen
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky
Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasynyň
geçirilendigi aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň döwrüň talabyna görä kämilleşdirilmeginiň hem-de
goşunlaryň ähli kysymlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň
döwrebaplaşdyrylmagynyň goranyş häsiýetine eýe bolan Türkmenistanyň Harby
doktrinasynyň çäklerinde amala aşyrylýan özgertmeleriň ileri tutulýan
ugurlarynyň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, çagyryş boýunça harby
gullugy geçýän harby gullukçylaryň harby gullukdan boşadylmagynyň we
Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşynyň talabalaýyk
derejede geçirilmegini üpjün etmek barada görkezme berildi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde serkerdeleri taýýarlamak
işlerini wajyp wezipeleriň hatarynda görkezdi. Hormatly Prezidentimiz harby we
hukuk goraýjy edaralarda gulluk edýän ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemegiň
ähmiýeti barada aýdyp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak
ministrine birnäçe tabşyryklary berdi.
Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň ýanwar —
sentýabr aýlarynda ähli ulgamlarda kanunylygyň berjaý edilişine berk hem takyk
gözegçiligiň amala aşyrylmagy ugrunda görlen çäreler barada hasabat berdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy esasynda kadalaşdyryjy hukuk
namalarynyň düzgünleriniň berjaý edilişine geçirilen barlaglaryň netijeleri,
ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işine sanly tehnologiýalaryň, öňdebaryjy
usullaryň ornaşdyrylyşy barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kanun
bozulmalary, olary döredýän sebäpleri aradan aýyrmak maksady bilen, anyk
çäreleriň görülmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy hukuk tertibini pugtalandyrmakda harby we hukuk goraýjy
hem-de beýleki edaralar bilen sazlaşykly işlemegiň möhümdigini belläp, Baş
prokurora birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Içeri işler ministri M.Hydyrow jemgyýetçilik
tertibini üpjün etmek, düzgün bozulmalaryň öňüni almak, ýangyn howpsuzlyk
gullugynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak maksady bilen, şu ýylyň
dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle
hem “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” şygary astynda
geçirilen biraýlygyň çäklerinde guralan çäreler hakynda aýdyldy. Mundan
başga-da, Ahal, Balkan, Mary, Lebap welaýatlarynyň birnäçe etraplarynda IIM-niň
Polisiýa müdirlikleriniň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba
alyş toparlarynyň döwrebap edara binalarynyň ulanmaga berlendigi aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda kanunylygy we jemgyýetçilik tertibini goramak, ýol hereketiniň
hem-de ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berk berjaý etmek boýunça işleriň
degişli derejede geçirilmelidigini aýtdy. Içeri işler ministrliginiň ähli
düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin
anyk çäreleri görmegiň wajypdygyny belläp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy içeri işler ministrine degişli görkezmeleri berdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew
hasabat döwründe ýolbaşçylyk edýän düzüminde ýerine ýetirilen işler, ony
ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, kazylaryň netijeli işlemegi üçin
döredilýän şertler barada hasabat berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň
ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, Mary welaýatynyň Garagum etrap
kazyýetiniň döwrebap binasynyň açylandygy barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, kazyýet
ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ähmiýetine ünsi çekdi. Öňde durýan
wezipeleri üstünlikli çözmek üçin innowasion tehnologiýalary işjeň ulanmak, bu
düzümiň işgärleriniň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak zerurdyr diýip,
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy we Ýokary kazyýetiň
ýolbaşçysyna ilat arasynda, edara-kärhanalarda, guramalarda, köpçülikleýin
habar beriş serişdelerinde milli kanunçylygyň düzgünleri barada wagyz-nesihat
işlerini alyp barmagy tabşyrdy.
Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew
döwletimizde amatly jemgyýetçilik ýagdaýyny üpjün etmek maksady bilen ýylyň
başyndan bäri geçirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Milli howpsuzlyk
ministrliginiň wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek üçin döwrebap tehniki
serişdeleri we usullary ulanmak boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
degişli ösüş maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns bermegiň
zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz beýleki hukuk goraýjy edaralar bilen
sazlaşykly işleşmegiň, işgärler mümkinçiligini berkitmegiň möhümdigini belläp,
ministrligiň ýolbaşçysyna birnäçe görkezmeleri berdi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew
hasabat döwründe Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň eldegrilmesizligini üpjün
etmek, serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak,
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň tabşyryklaryny ýerine
ýetirmek boýunça amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
Watanymyzyň serhetlerini ygtybarly goramagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Serhet
galalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, harby gullukçylaryň netijeli
gulluk etmegi üçin amatly şertleri döretmek möhüm wezipeleriň hatarynda
görkezildi. Döwlet serhet gullugynyň ýolbaşçysyna serkerdeleriň hünär
derejesini ýokarlandyrmak üçin zerur çäreleri görmek hem tabşyryldy.
Adalat ministri M.Taganow milli kanunçylyk
binýadyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, raýatlaryň hukuk medeniýetini
ýokarlandyrmak, ilata talabalaýyk hukuk kömegini bermek ugrunda şu ýylyň ýanwar
— sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanun çykaryjylyk babatda bitewi döwlet
syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegini wajyp ugurlaryň hatarynda
görkezdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow raýatlarymyzyň hukuk
medeniýetini ýokarlandyrmagyň möhümdigine aýratyn ünsi çekip, ministre hukuk
bozulmalarynyň öňüni almak hem-de her bir raýatyň öz hukuklaryna, borçlaryna
doly düşünmegini gazanmak üçin ilat arasynda wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini
yzygiderli geçirmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy
M.Hudaýkulyýew şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri,
ýurdumyzyň serhetleriniň üstünden geçýän ýükleriň kadaly geçirilmegini üpjün
etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Ýewraziýa
sebitinde üstaşyr ulag geçelgeleriniň möhüm çatrygy hökmünde ýurdumyzyň
geostrategik ornunyň artýandygy bilen baglylykda, bu edaranyň işiniň geriminiň
giňeýändigini aýtdy. Munuň özi gümrük serhedi arkaly ýükleriň geçirilmeginiň
tertibine berk gözegçilik edilmegini talap edýär. Şunuň bilen baglylykda,
gullugyň ýolbaşçysyna gümrük serhedinden geçirilýän harytlary ygtybarly
gözegçilikden geçirip, harytlaryň hiliniň bellenen talaplara doly laýyk
gelýändigini hemişelik üns merkezinde saklamak barada görkezmeler berildi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow
bu düzümiň ösüş maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ýylyň başyndan
bäri geçirilen toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. Şeýle hem sanly ulgamy,
öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmagyň hasabyna gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu
gullugyň esasy maksadynyň döwletimiziň özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn
ýardam etmekden ybaratdygyny belledi. Bu ulgamda dünýä tejribesini işjeň
özleşdirmegiň, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň hasabyna geçirilýän
işleri kämilleşdirmäge aýratyn üns bermek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz
aýtdy we degişli görkezmeleri berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy mejlisi jemläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina
laýyklykda, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň howpsuzlygyny we bitewüligini üpjün
etmek boýunça netijeli çäreleriň görülýändigini belledi. Döwletimiziň goranyş
ukybyny pugtalandyrmaga, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga uly ähmiýet berilýär diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy we bu ugurdaky işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini
belledi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde
başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul
edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi
tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň parahat hem-de bagtyýar
durmuşynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri
arzuw etdi.