Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini
geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan
işleriň jemleri jemlenildi hem-de öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş
edip, şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada
maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, geçen dokuz aýyň dowamynda
Türkmenistanyň Kanunlarynyň 23-si, hususan-da, “Türkmenistanyň “Magtymguly
Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Magtymguly
Pyragynyň medeni mirasy hakynda”, “Energiýany tygşytlamak we energiýadan
netijeli peýdalanmak hakynda”, “Gidrometeorologiýa işi hakynda” Kanunlar,
ýurdumyzyň daşary syýasat başlangyçlaryny hukuk taýdan goldamak bilen
baglanyşykly başga-da birnäçe Kanunlar kabul edildi. Şeýle hem hereket edýän
kanunlary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine, halkara hukugyň
kadalaryna laýyk getirmek maksady bilen, Raýat, Maşgala, Býujet, Zähmet, Ilaty
durmuş taýdan goramak, Sanitariýa kodekslerine we başga-da birnäçe kanunlara
degişli üýtgetmeleridir goşmaçalary girizmek bilen baglanyşykly Kanunlar,
Mejlisiň kararlarynyň 18-si kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet
gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin deputatlaryň gatnaşmagynda kanun
çykaryjylyk işiniň döwrebap usullary we ýörelgeleri boýunça okuw sapaklary
guraldy. Ýylyň başyndan bäri daşary döwletleriň Türkmenistandaky Adatdan daşary
we Doly ygtyýarly ilçileriniň 14-sinden ynanç hatlary kabul edildi. Daşary
ýurtlaryň parlamentleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklary
pugtalandyrmagyň çäklerinde duşuşyklaryň 30-dan gowragy geçirildi. Deputatlar
kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek hem-de döwlet maksatnamalarynyň ýerine
ýetirilmegini üpjün etmek meseleleri boýunça maslahatlaryň 91-sine gatnaşdylar.
Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, daşary ýurtlara iş
saparlarynyň 28-si guraldy. Şeýle-de Watanymyzda gazanylýan beýik ösüşleri,
täze taryhy döwürde öňde goýlan maksatlary giňden wagyz etmek, kabul edilýän
kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek üçin deputatlaryň ençeme
çärelere gatnaşýandyklary barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
kanunçylyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň we ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de
pugtalandyrmagyň möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň
wajypdygyna ünsi çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýurdumyzda gazanylan
makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.
Maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa
geçirilmegi netijesinde, şu ýylyň dokuz aýynda jemi içerki önüm 6,3 göterim
artdy. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,5 göterime, gurluşykda 9,3 göterime,
ulag-aragatnaşyk pudagynda 6,8 göterime, söwdada 9 göterime, oba hojalygynda
5,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,5 göterime deň boldy. 2023-nji ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,7 göterim artdy.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň üç çärýeginde bölek
satuw haryt dolanyşygy 11,2 göterim köpeldi. Daşary söwda dolanyşygynda hem
oňyn görkezijiler gazanyldy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102,4 göterim,
çykdajy bölegi 97,7 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta
kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä,
10,5 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary,
pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa
goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 16,6
göterim artdy. Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda gurulmagy
we durky täzelenilmegi meýilleşdirilen desgalar boýunça ýerine ýetirilen işler
barada aýdyldy.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň», şeýle hem geljek ýylyň Döwlet
býujetiniň taslamalaryny seljermegiň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen birlikde,
wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak
boýunça zerur çäreleri görmek tabşyryldy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän
ýangyç-energetika toplumynda 2024-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Nebiti we gaz kondensatyny
çykarmak babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler hakynda-da aýdyldy.
Bellenilişi
ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy
102,6 göterime deň boldy. Şu ýylyň dokuz aýynda nebiti gaýtadan işleýän zawodlar
tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 104,1 göterim, benzin
öndürmegiň meýilnamasy 106,9 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy
105,9 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 100,3 göterim,
mawy ýangyjy daşary ýurtlara ibermegiň meýilnamasy 101,7 göterim ýerine
ýetirildi. Şunuň bilen bir hatarda, dizel ýangyjyny, polipropilen,
suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler
barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz pudagynyň kärhanalaryny we
önümçiliklerini doly güýjünde, durnukly işletmek üçin toplumyň işini yzygiderli
kämilleşdirip durmagyň wajypdygyny nygtap, wise-premýere bu babatda birnäçe
anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän pudaklarynda
şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň
welaýatlaryndaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, oba hojalyk pudagynda önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri
bilen deňeşdirilende, 126,3 göterime, şol sanda Oba hojalyk ministrligi boýunça
101,9 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 120,1 göterime, Suw
hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 142,4 göterime, “Türkmenpagta” döwlet
konserni boýunça 100 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça
226,4 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 119,8 göterime,
Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 100,2 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk
senagaty döwlet birleşigi boýunça 100,7 göterime, “Türkmen atlary” döwlet
birleşigi boýunça 102,4 göterime barabar boldy. Maýa goýum serişdelerini
özleşdirmegiň meýilnamasy 340,6 göterim ýerine ýetirildi.
Häzirki
wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaý ekişini bellenen möhletlerde we
talabalaýyk geçirmek, ýetişdirilen pagta, şaly hasylyny ýygnap almak boýunça
degişli işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy. Şunuň bilen bir hatarda, mallaryň
baş sanyny artdyrmak, olaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen,
maldarçylyk hojalyklarynda mallar üçin ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek
işleri dowam edýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini, ýerleriň
melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak üçin suwaryş we şor suw akabalaryny
arassalamak boýunça degişli işler geçirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda alnyp barylýan
oba hojalyk işlerini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmegiň, oba hojalyk
tehnikalaryny netijeli peýdalanmagyň, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde
geçirmek boýunça zerur işleri alyp barmagyň, oba hojalyk pudagynyň
kärhanalaryny doly güýjünde işletmek üçin öz wagtynda zerur çäreleri görmegiň
wajypdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz ýokary hilli oba hojalyk önümlerini
öndürýän döwrebap önümçilikleri döretmegi dowam etdirmegiň, mallaryň we
guşlaryň baş sanyny artdyrmagyň, tohumçylyk işini ylmy taýdan guramak boýunça
zerur işleri geçirmegiň möhümdigini aýdyp, wise-premýere birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow şu ýylyň ýanwar — sentýabr
aýlarynda gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň hem-de ýerine
ýetirilen işleriň meýilnamasy 110,5 göterim boldy. Ýylyň başyndan bäri Gurluşyk
we binagärlik ministrligi boýunça işleriň meýilnamasy 106,4 göterim ýerine
ýetirildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen
önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň möçberi 1 milliard 302 million manada deň
boldy. Hasabat döwründe Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň,
ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 104,7 göterime, “Türkmenhimiýa” döwlet
konserni boýunça 125,6 göterime deň boldy. Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda
Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi boýunça
ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 114 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi
boýunça 137,1 göterim berjaý edildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň
kärhanalaryny taslama kuwwatyna çykarmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegi
dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Bilelikdäki kärhanalary, önümçilikleri
ýola goýup, täze iş orunlaryny döretmek boýunça işleri ilerletmek wajyp
wezipeleriň hatarynda görkezildi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere 2024-nji
ýylda açylyp ulanmaga berilmeli binalaryň we desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň
gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyna berk gözegçilik etmegi
tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän ministrliklerinde,
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar —
sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Söwda
we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş
depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 102,1 göterime,
öndürilen önümleriň ösüş depgini 103,1 göterime barabar boldy. Dokma senagaty
ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah
ýüplügiň öndürilişi 144,4 göterime, nah matalar 128,4 göterime, tikin we
trikotaž önümleri 100,3 göterime, gön önümleri 124,6 göterime barabar boldy.
“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 100,2
göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan hasabat
döwründe 225 birža söwdasy geçirilip, olarda 21 müň 378 şertnama hasaba alyndy.
Dokuz aýda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini
103,4 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe sergileriň 17-si, maslahatlaryň
96-sy geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we
azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 109,5 göterime, senagat önümleriniň
ösüş depgini 104 göterime deň boldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýokary hilli harytlary öndürmek
boýunça alnyp barylýan işlere berk gözegçilik etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan
harytlaryň eksportyny artdyrmak babatda zerur işleri geçirmegiň möhümdigini
belläp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň ýanwar — sentýabr
aýlarynda gözegçilik edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde şanly
seneler, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, medeni-durmuş
maksatly desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli dürli çäreler
geçirildi. “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi,
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak
ugrundaky bäsleşigiň jemleri jemlenildi. Hasabat döwründe Watanymyzyň
Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli dabaralar, konsertler, sergiler we
beýleki medeni çäreler guraldy. Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde-de dürli
çäreler geçirilip, türkmen hünärmenleri daşary ýurtlarda iş saparlarynda
boldular. Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň we Täjigistan
Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sanly ulgam arkaly gatnaşmaklarynda
dostlukly ýurduň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky
umumybilim berýän orta mekdebiň binalar toplumynyň açylyş dabarasynda iki
ýurduň sungat ussatlarynyň çykyşlary guraldy. Ýurdumyzyň döredijilik topary
Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde beýik türkmen şahyry Magtymguly
Pyragynyň heýkeliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Teatrlaryň,
sirkleriň, kinoteatrlaryň we kinokonsert merkezleriniň, kitaphanalaryň,
muzeýleriň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm”
birleşiginiň, Döwlet habarlar agentliginiň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri
barada-da hasabat berildi. Hasabat döwründe döwlet maksatnamalaryndan, sanly
ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine
ýetirmek, şol sanda elektron neşirleriň sanyny artdyrmak, pudaga degişli
elektron saýtlary häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän maglumatlar bilen
üpjün etmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça degişli işler
alnyp baryldy.
Soňra
wise-premýer Arkadag şäherinde VI Wena balyny geçirmäge görülýän taýýarlyk
barada hasabat berdi. Garaşylyşy ýaly, bu döredijilik çäresine Saglygy goraýyş
we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna,
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň we
siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly
halkara foruma gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlar hem-de beýlekiler gatnaşar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bu medeni çäräni
geçirmek bilen bagly degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, 10-njy oktýabrda Arkadag şäherinde guraljak VI
Wena balyna gowy taýýarlyk görmegiň we ony ýokary derejede geçirmegiň
möhümdigini belledi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda
şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň
başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň bilim edaralarynda “Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy” atly dabaraly çäreler geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň we
Gahryman Arkadagymyzyň adyndan 1-nji synpa okuwa kabul edilen ähli okuwçylara
“Bilimli” noutbuk kompýuterleri gowşuryldy. Baýramçylyk mynasybetli çagalar
baglary, orta mekdepler dabaraly açylyp ulanmaga berildi. Ylymly-bilimli
nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi.
Bilim işine okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ornaşdyryldy. Mekdep
okuwçylary halkara ders bäsleşiklerinde 15 altyn, 32 kümüş, 55 bürünç medal,
halkara internet bäsleşiklerinde 94 altyn, 99 kümüş, 102 bürünç medal
gazandylar. Halkara derejede geçirilen ders bäsleşiklerinde, olimpiadalarda
talyp ýaşlar 58 altyn, 122 kümüş, 202 bürünç, toparlaýyn bäsleşiklerde 5 altyn,
11 kümüş, 17 bürünç medala mynasyp boldular.
Hasabat
döwründe ylmy barlaglaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, innowasion
tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagyna gönükdirilen işler dowam
etdirildi. Öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullary amaly lukmançylyga
ornaşdyryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara
hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag
çagalara operasiýalar we bejergiler geçirildi. Gazna tarapyndan saglygy goraýyş
edaralaryna gemodializ enjamlary sowgat berildi. Şu ýylyň dokuz aýynda
bedenterbiýäni, sporty ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça işler hem
dowam etdirildi. Türgenlerimiz halkara ýaryşlarda 146 altyn, 134 kümüş, 193
bürünç medal gazandylar. Aşgabat şäheri “Arkalaşygyň täze sport
mümkinçilikleriniň şäheri”, Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumy «Tennis
boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edildi.
Soňra
wise-premýer Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň
gününe görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Baýramçylygyň
öňüsyrasynda, 9 — 12-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde Halkara fiziologiýa
ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezlerini, Türkmenabat şäherinde
glisirrizin turşusyny öndürýän kärhanany, Mary şäherinde Mary welaýatynyň
hem-de Mary şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek
gulluklarynyň edara binalaryny dabaraly açyp ulanmaga bermek göz öňünde
tutulýar. “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi hem-de ylmy maslahat geçiriler. Myrat
Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde zähmetde
tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerine döwlet sylaglary gowşurylar.
Türkmenistanda
fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny;
Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar
üçin Milli strategiýasyny; Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 —
2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny tassyklamak; Ilatyň derman
serişdeleri we lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler bilen üpjün
edilmegini kämilleşdirmek; Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezini; Halkara
fiziologiýa ylmy-kliniki merkezini döretmek; Balkan, Lebap we Mary
welaýatlarynda onkologiýa hassahanalarynyň gurluşygynyň taslamalaryny
maliýeleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlarynyň taslamalary
işlenip taýýarlanyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň mundan beýläk-de
kämilleşdirilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezdi. Şunuň bilen
birlikde, sporty ösdürmäge aýratyn üns berlip, Diýarymyzda dürli sport
çärelerini, halkara ýaryşlary geçirmegiň möhümdigi bellenildi. Döwlet
Baştutanymyz saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyny aýdyp, bu
ugurda tejribe alyşmak üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýakyndan
gatnaşyklary dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz
wise-premýere Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli
ulanmaga beriljek häzirki zaman saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş dabarasynyň
ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi, «Saglygy goraýyş, bilim we sport
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy
maslahata gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Mejlisiň
dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda
fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny;
Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar
üçin Milli strategiýasyny; Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 —
2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny tassyklamak; Ilatyň derman
serişdeleri we lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler bilen üpjün
edilmegini kämilleşdirmek; Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezini; Halkara
fiziologiýa ylmy-kliniki merkezini döretmek; Balkan, Lebap we Mary
welaýatlarynda onkologiýa hassahanalarynyň gurluşygynyň taslamalaryny
maliýeleşdirmek hakynda Kararlara gol çekdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
şu ýylyň dokuz aýynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bitarap
Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek, döwlet
Baştutanymyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn
gatnaşyklary, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ozal
beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek üçin degişli işler geçirildi. Halkara
gatnaşyklary giňeltmekde ýokary derejedäki saparlara we gepleşiklere aýratyn
orun degişlidir. Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiz Russiýa
Federasiýasyna, Gazagystan Respublikasyna iş saparlaryny amala aşyrdy. Ýylyň
başyndan bäri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerinde, Türkiýe
Respublikasynda, Täjigistan Respublikasynda, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan
Respublikasynda, Gazagystan Respublikasynda, Eýran Yslam Respublikasynda
saparlarda boldy. Şu ýylyň iýunynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti
Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrdy.
Hasabat
döwründe hormatly Prezidentimiz Eýran Yslam Respublikasynyň, Gyrgyz
Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Gazagystan Respublikasynyň,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri, Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen
telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi. 24-nji maýda paýtagtymyzda Garaşsyz
Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi
geçirildi. Oňa gatnaşmak maksady bilen, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň
Başlygy, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz
Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministrleri ýurdumyza iş
sapary bilen geldiler. Ýylyň başyndan bäri, Birleşen Milletler Guramasynyň,
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Bütindünýä Syýahatçylyk
Guramasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Türki Döwletleriň
Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretarlary Türkmenistanda
saparda boldular.
Daşary
ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana hem-de ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary
ýurtlara amala aşyran saparlary, halkara derejedäki gepleşikler we duşuşyklar
dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirildi. Daşary ýurtly
hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň üsti 141 resminama
bilen ýetirildi. Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlyk yzygiderli amala aşyrylýar. Şeýle hem ilçihanalar arkaly
diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça degişli işler geçirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýä ýurtlary, şeýle hem abraýly halkara
guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam
etdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam
edip, ýylyň ahyryna çenli geçiriljek çärelere, resmi we döwlet saparlaryna,
halkara maslahatlara, Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk baýramyna gowy taýýarlyk
görmegiň möhümdigini belläp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
ýurdumyzyň wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň
79-njy sessiýasyna gatnaşmagynyň netijeleri barada hasabat berdi. Şu maksat bilen,
şu ýylyň 26-njy sentýabry — 1-nji oktýabry aralygynda Nýu-Ýork şäherine iş
sapary amala aşyryldy.
Bellenilişi
ýaly, 27-nji sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti sessiýada çykyş edip, häzirki
zamanyň ählumumy meseleleri, hususan-da, howpsuzlyk, durnukly ösüş, howanyň
üýtgemegi, ynsanperwerlik meseleleri boýunça ýurdumyzyň garaýyşlaryny beýan
etdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň bu ulgamlardaky halkara
başlangyçlary barada aýdyldy. Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny geljekde amala
aşyrmak maksady bilen, halkara parahatçylygy berkitmek, dünýäde ýüze çykýan
dürli ýagdaýlary çözmek üçin öňüni alyş diplomatiýasyna, Bitaraplygyň
ýörelgelerine esaslanmak babatda teklipler öňe sürüldi. Türkmenistanyň
wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylygy üpjün etmekdäki
tagallalarynda bitarap ýurtlara bu guramanyň çäklerinde ileri tutulýan
hyzmatdaş derejesini bermek başlangyjy bilen çykyş etdi.
Durnukly
ösüş babatda ýurdumyz tarapyndan çalşykly dolanyşykdaky ykdysadyýete geçmegiň
Ählumumy çarçuwaly maksatnamasy; Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy
atlasy; Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň
bileleşigi baradaky teklipler beýan edildi. Türkmenistan Aral meselesine,
Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitlerinde ekologik abadançylygy üpjün etmäge
uly üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň
ýöriteleşdirilen edaralary, hususan-da, Daşky gurşawy goramak maksatnamasy,
Ösüş maksatnamasy, degişli halkara maliýe institutlary, şol sanda Ählumumy
ekologiýa gaznasy, Ýaşyl howa gaznasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça
başlangyçlar bilen çykyş edýär.
Ynsanperwer
ulgam barada aýdylanda, türkmen tarapy ilaty, eneligi we çagalygy goramak,
maýyplaryň, bosgunlaryň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny goramak,
durmuş meseleleri boýunça işleri dowam etdirmegiň ähmiýetini nygtady. Şeýle hem
2025-nji ýylda BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň, Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygyň 30 ýyllygynyň, dünýäde ýurdumyzyň başlangyjy bilen Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýylynyň belleniljekdigi bilen baglylykda, bu ýylyň aýratyn
ähmiýeti nygtaldy. Şoňa görä, bu şanly seneler mynasybetli meýilleşdirilýän
çäreleri BMG-niň agza döwletleri bilen bilelikde üstünlikli geçirmegiň
möhümdigi aýdyldy.
Nýu-Ýorka
saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýeti Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-nyň
daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň “C5+1” düzümdäki duşuşygyna,
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň nobatdaky her
ýylky duşuşygyna gatnaşdy. Olarda garalan meseleler boýunça Türkmenistanyň
resmi garaýyşlary beýan edildi.
BMG-niň
Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen geçirilen duşuşygyň barşynda iri halkara
guramanyň ýolbaşçysynyň Aşgabada bolan iş saparynyň hem-de onuň dowamynda
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen gepleşikleriň
ähmiýeti bellenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň nusgawy
häsiýete eýedigi, häzirki zaman dünýäsiniň gün tertibinde duran dürli meseleler
babatda ýurdumyzyň işjeň we oňyn orny nygtaldy.
Baş
Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýeti
ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Saparyň dowamynda
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Kamboja Patyşalygynyň Daşary
işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň arasynda ikitaraplaýyn geňeşmeleri
ýola goýmak babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Daşary
işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Serbiýa
Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasynyň arasynda
hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, baky Bitarap
döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy alyp
barýandygyny belledi. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy
sessiýasynyň wise-başlygy hökmünde çykyş etmegi, şeýle hem nobatdaky sessiýada
ýurdumyzyň öňe süren teklipleri we başlangyçlary munuň şeýledigini görkezýär.
Döwlet Baştutanymyz geljekde-de Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli
hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigini aýdyp, wise-premýer, daşary işler
ministrine degişli tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş
direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp
barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe toplum boýunça ýerine
ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 117,2 göterime deň boldy. Şu
ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz, derýa
ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 102,7 göterime, ýolagçy gatnatmagyň
ösüş depgini 104,2 göterime, “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine
ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 102,5 göterime deň boldy. Arkadag şäheriniň
demir ýol menziliniň, “Turgundy” demir ýol bekediniň “gury portunda” ammarlar
toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy —
Sanabar aralygynyň gurluşyk işlerine girişildi, Serhetabat — Turgundy demir ýol
geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde täze demir ýol köprüsi açylyp ulanmaga
berildi. Hasabat döwründe “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 109,5
göterim, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 148,3 göterim, “Türkmendeňizderýaýollary”
agentligi boýunça 112,8 göterim, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça bolsa
114,3 göterim ösüş gazanyldy.
Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bu ulgama
degişli düzümleýin önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda
Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşyk işleri
alnyp barylýar. Hasabat döwründe halkara forumlaryň, bilelikdäki iş
toparlarynyň mejlisleriniň birnäçesi geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sanly
ulgamy ornaşdyrmak boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilişini çaltlandyrmagyň,
ýurdumyzda ýolagçy we ýük dolanyşygyny artdyrmak boýunça zerur işleri
geçirmegiň, demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak babatda zerur
çäreleri görmegiň, ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamyny döwrebaplaşdyrmak işlerini
berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi we agentligiň ýolbaşçysyna
degişli tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise
gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen
işleriň netijeleriniň kabul eden maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa
geçirilýändigini görkezýändigini belledi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň
ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolmagy, iri senagat, durmuş maksatly
desgalaryň we binalaryň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi munuň aýdyň
mysalydyr. Döwlet Baştutanymyz ýerine ýetirilmeli meýilnamalar barada aýdyp,
ýylyň ahyryna çenli az wagtyň galandygyny nygtady. “Şoňa görä-de, 2024-nji ýyly
gowy netijeler bilen tamamlamak üçin hemmämiz yhlas bilen zähmet çekmeli”
diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gowy
netijeleri gazanmak, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak üçin
zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz 10-njy oktýabrda Saglygy
goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň giňden bellenilip
geçiljekdigini aýtdy. “Türkmenistanda
saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny innowasion esasda ösdürmäge möhüm
ähmiýet berilýär. Şunda saglygy goraýyş işgärleriniň bitirýän işleri uly
hormata mynasypdyr” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de saglygy goraýyş
we derman senagaty ulgamynyň işgärlerini hünär baýramçylygy bilen tüýs ýürekden
gutlady.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi
ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.