Şu
gün Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy giňden bellenilýär. Ol
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döretmek,
öňegidişlik we gülläp ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň taryhynda
ykbal çözüji sene bolup durýar.
“Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýyl uly üstünliklere
beslenýär. Şol üstünlikler halkymyzyň jebisligi, zähmetsöýerligi, maksada
okgunlylygy netijesinde gazanylýar. Şu gün bellenilýän uly baýram biziň her
birimiz üçin aýratyn mana eýedir. Sebäbi ol özünde birnäçe ajaýyp taryhy
wakalary jemleýär. Dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik akyldar
şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede
bellenilýär.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň mejlisinde beýan eden ösüşlerimiz we täze maksatlarymyz biziň
öňümizde uly wezipeleri goýýar. Mähriban halkymyz bilen bilelikde tutanýerli
zähmet çekip, geljek ýyl üçin bellenen sepgitlere hem abraý bilen
ýetiljekdigine berk ynanýaryn. Biziň esasy maksadymyz eziz Watanymyzy beýik
geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, ähli
tagallalarymyzy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de
gülledip ösdürmäge, merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da
ýokarlandyrmaga gönükdirmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow 24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
nobatdaky mejlisindäki çykyşynda nygtady.
Asylly
däbe görä, milli senenamamyzyň şanly senesi mynasybetli esasy dabaralar toý lybasyndaky
köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagynda Döwlet münberi toplumynyň öňündäki
meýdançada ýaýbaňlandyryldy. Hökümet münberiniň öňündäki meýdançada Milli
goşunymyzyň harby gullukçylary hatara düzüldiler.
Sagat
10:00. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow münberiň syn ediş ýerine
barýar. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň Birleşen harby orkestriniň ýerine
ýetirmeginde harby sazlar ýaňlanýar. Ýygnananlar uly ruhubelentlik bilen döwlet
Baştutanymyzy mübärekleýärler.
Däp
bolşy ýaly, baýramçylyk çäresi dabaraly harby ýöriş bilen badalga alýar. Onuň
dowamynda Watanymyzyň goranyş kuwwaty, halkymyzyň parahat we asuda durmuşynyň,
mukaddes serhetlerimiziň, Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň goragynda duran
türkmen esgerleriniň ýokary hünär ussatlygy, başarjaňlygy görkezilýär.
Goranmak
ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly
Serdar Berdimuhamedowa ýüzlenip, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygy
mynasybetli dabaraly harby ýörişe başlamaga rugsat bermegini haýyş edýär.
Döwlet Baştutanymyz gözden geçirilişe başlamaga rugsat berýär.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri
Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylyp, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän
toplumlaýyn harby özgertmeleriň çäklerinde esgerleriň, serkerdeleriň gulluk we
ýaşaýyş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar. Ýaragly Güýçleriň düzümleri
döwrebap tehnikalar, ýaraglar bilen üpjün edilip, olaryň işine sanly
tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Harby hem hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümi
iň täze tehnikalara ussatlyk bilen erk edýändiklerini, nazary, söweşjeň
taýýarlygynyň ýokary derejesini görkezmek bilen, döwletimiz tarapyndan edilýän
yzygiderli aladalara mynasyp jogap berýärler. Olar öz borçlaryny ýerine
ýetirenlerinde, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, çäk bitewüligini üpjün etmegiň
harby-syýasy, harby-ykdysady, harby-strategik esaslaryny kesgitleýän goranyş
häsiýetli Harby doktrinanyň hukuk ýagdaýyndan, maksatlaryndan we wezipelerinden
ugur alýarlar.
...Dаbаrаly
hаrby
ýörişiň sеrkеrdеsi
polkownik R.Aýazow goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary
B.Gündogdyýewe Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň gözden
geçirilişe taýýardygy barada hasabat berýär. B.Gündogdyýew hasabaty kabul edip,
awtoulagda goşun bölümleriniň öňünden geçip, dabaraly harby ýörişiň düzüm
bölümleriniň esgerlerini mübärekleýär. Ýörişe gatnaşýanlaryň hatarynda
ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň harby gullukçylary we harby
talyplary, Milli goşunymyzyň esgerleridir serkerdeleri egin-egne berip durlar.
Soňra
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Baýdak sütüninde Türkmenistanyň Döwlet
baýdagy belende galdyrylýar. Mukaddes tugumyz asuda asmanymyzda parlap, hakyky
watançylyk, ata Watanymyza çäksiz söýgi, halkymyzyň döredijilik ruhy ýaly
mizemez gymmatlyklary alamatlandyrýar. 33 ýylyň dowamynda ýurdumyz Döwlet
baýdagynyň astynda öz täze taryhyny ýazýar, öňegidişligiň, gülläp ösüşiň ýoly
bilen ynamly öňe gidip, belent sepgitlere ýetýär, Garaşsyz we Bitarap döwlet
hökmünde dünýäde ykrar edilýär.
...Meýdançada
nyzama düzülen serkerdeler, esgerler we harby talyplar Watanymyza, halkymyza,
hormatly Prezidentimize wepalylyk baradaky mukaddes kasamy aýdýarlar. Milli
goşunymyzyň harby gullukçylary asyrlaryň dowamynda toplanyp, häzirki günlere
ýetirilen şöhratly däpleri saklamak bilen birlikde, ata-babalarymyzyň
öwüt-ündewlerine wepalydyklaryny iş ýüzünde tassyklaýarlar.
Däp
boýunça, baýramçylyk ýörişini baýdak göterijiler topary açýar. Olar dabaraly
ýörişiň owazy astynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny hem-de ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň goşun görnüşleriniň baýdaklaryny göterip, münberiň öňünden ynamly
gadamlar bilen geçýärler. Soňra münberiň öňünden Türkmenistanyň Goranmak
ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň
harby okuwçylary sazlaşykly gadam urup geçýärler. Hormat garawulynyň aýratyn
batalýonynyň esgerleri dabaraly sazyň owazy astynda Döwlet baýdagyny, goşun
görnüşleriniň söweşjeň baýdaklaryny meýdançadan alyp geçýärler.
Ýurdumyzyň
ýaş harby gullukçylary, goşunlaryň ähli görnüşleriniň şahsy düzümi ady hemişe
belentden tutulýan häzirki ýaşlar üçin hakyky watançylygyň nusgasy bolup hyzmat
edýän gaýduwsyz esger, döwlet Baştutanymyzyň garry atasy Berdimuhamet Annaýewiň
nusgalyk işlerinden mertlik göreldesini alýarlar.
Oňyn
Bitaraplygy, parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetli goňşuçylygy, netijeli halkara
hyzmatdaşlygy döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde ykrar eden
Türkmenistan goranmak we ýurduň howpsuzlygyny üpjün etmek häsiýetine eýe bolan
Harby doktrinany durmuşa geçirýär. Pederleriň asylly däplerini mynasyp dowam
etdirijiler bolan ýaş harby hünärmenleriň täze neslini kemala getirmek döwlet
syýasatynyň esasy wezipeleriniň biridir. Şu ýyl Bilimler we talyp ýaşlar
gününde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky
Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň dabaraly açylmagy hem munuň şeýlediginiň
aýdyň mysalydyr. Mälim bolşy ýaly, bu harby mekdebiň düýbüni tutmak dabarasy
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda, Watan goragçylarynyň gününe
gabatlanyp, 2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda geçirilipdi.
Zenan
harby gullukçylar şu gezekki dabaraly harby ýörişiň bezegine öwrüldi. Olar
ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda Watanymyza wepaly gulluk
edýärler. Olaryň yzysüre Ýaragly Güýçlerimiziň hatarynda gulluk edýän
serkerdeler batalýony — harby we raýatlyk borjuny abraý bilen ýerine ýetirýän
söweşjeň taýýarlygyň ussatlary geçýärler. Şolaryň hatarynda Milli goşunyň,
Döwlet gümrük gullugynyň, Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary bar.
Garaşsyzlyk
ýyllarynda ýurdumyzda bitewi harby bilim ulgamy döredildi. Onuň esasy wezipesi
häzirki zaman tehnikalarynydyr enjamlaryny dolandyrmagyň başarnyklaryny ele
alýan serkerdeleriň ýaş neslini kemala getirmekden ybaratdyr. Harby institutyň
we Harby-deňiz institutynyň alyp barýan işleri hem öňde goýlan şol maksada
ýetmäge gönükdirilendir. Bu harby ýokary okuw mekdepleriniň talyplary-da
meýdançadan nyzamly ädimler bilen geçýärler. Olardan soňra Içeri işler
ministrliginiň institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň, Serhet institutynyň
talyplary münberiň öňünden sazlaşykly ýöräp geçýärler. Beýleki ýokary okuw
mekdeplerinde bolşy ýaly, bu institutlarda hem okuw-terbiýeçilik işleri häzirki
döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär.
Motoatyjylar
batalýonynyň esgerleri-de ajaýyp taýýarlygyň we ýokary ussatlygyň nusgasyny
görkezmek bilen, Watanymyzyň parahatçylygynyň, abadançylygynyň üpjün edilmegine
uly goşant goşýarlar. Olaryň yzy bilen asmanda Harby-howa güýçleriniň
uçarmanlary peýda bolýarlar. Türkmen uçarmanlary Watanymyzyň asuda asmanyny
ygtybarly goraýarlar. Soňra meýdançadan tankçylar batalýony geçýär. Olar
häzirki zamanyň kuwwatly tanklaryny dolandyrmaga ussatlarça erk edýärler.
Artilleriýa we asmana atyjylar diwizionlarynyň harby gullukçylary, deňiz-pyýada
batalýony hem şu gezekki gözden geçirilişe gatnaşdylar. Olar harby
okuw-türgenleşik çäreleriniň dowamynda ýokary ussatlygyny görkezýärler.
Meýdança
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen «Türkmen edermen» diýlip at berlen
Goranmak ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň we Milli howpsuzlyk ministrliginiň,
Döwlet serhet gullugynyň ýörite maksatly batalýonlarynyň esgerleri çykýarlar.
Bu bölümiň harby gullukçylarynyň tapawutly aýratynlygy söweşjeň, nazary we
beden taýýarlygynyň ýokary derejesinden, batyrlykdan hem-de aýgytlylykdan
ybaratdyr. Olar halkymyzyň taryhynda öçmejek yz goýan Görogly beg, Togrul beg,
Çagry beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar, Baýram han, Soltan Jelaleddin
ýaly beýik söweşjeň serkerdelerimiziň şöhratyna mynasyp nesillerdir.
Ýurdumyzyň
harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atly bölümleriniň baýramçylyk ýörişi
dabaranyň aýratyn bezegine öwrüldi.
Türkmen
halkynyň buýsanjy hem şöhraty bolan, ady rowaýata öwrülen ganatly bedewler täze
taryhy döwürde döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe ymtylyşyň
aýdyň nyşany bolup durýar. Köp asyrlaryň dowamynda ahalteke bedewleri gaýduwsyz
ýigitlerimiziň wepaly ýoldaşy, baýramçylyklarda olaryň ýakyn dostlary bolupdyr.
Gadym döwürlerde bolşy ýaly, häzirki wagtda-da behişdi bedewler Watan
goragçylarynyň, hukuk tertibiniň goragynda duranlaryň ygtybarly kömekçileridir.
Soňky
ýyllarda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna gelip gowşan iň häzirki
zaman harby tehnikalarynyň gözden geçirilişi türkmen döwletiniň goranyş
ukybynyň ýokary derejesini, häzirki döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna garşy
durmaga taýýardygyny görkezýär. Döwlet münberiniň meýdançasynda gurnalan ýörite
uly ekran arkaly çärä gatnaşyjylar göni ýaýlymda Hazar deňzinde geçirilýän
deňiz flotunyň baýramçylyk ýörişini synladylar.
Harby-deňiz
güýçlerine gelip gowşan, döwrebap takyk ýaraglar bilen enjamlaşdyrylan «Deňiz
han» atly korwet söweşjeň gämisi baýramçylyk gözden geçirilişini açýar. Onuň
yzy bilen «Edermen», «Gaýratly» raketa gämileri dabaraly ýüzüşi dowam edýär.
Olar ýurdumyzyň deňiz serhetleriniň howpsuzlygyny üpjün edýär. Tomaşaçylar
ekranda “Galkan” kysymly serhet-gorag gämilerini synlaýarlar.
Soňra
gezek Milli goşunymyzyň düzüminde duran döwrebap harby tehnikalara ýetýär.
Meýdançadan gezekli-gezegine dürli kysymly goşunlaryň mehanizirlenen hatary
geçip gidýär. Dabaraly harby ýörişiň öňüni «TITAN DS» kysymly sowutlanan harby
awtoulag çekýär. Onuň yzy bilen «Türkmen edermen» ýörite maksatly bölümler üçin
niýetlenen «ХР-1000» we «MV-850»
kysymly kämil kwadrosikller hereket edýär. Soňra meýdança ýokary söweşjeň
ýaraglar gurnalan «MRZR-2», «MRZR-4» kysymly harby awtoulaglar çykýar. Watan
goragçylary «DAGOR» harby awtoulaglarynda öz wepaly ýoldaşy bolan türkmen
alabaýlary bilen geçýärler.
Harby
tehnikalaryň gözden geçirilişi «Land Rover» we «Bars» kysymly ýeňil harby
awtoulaglar, «NIMR», «Al SHIBL2» kysymly sowutlanan awtoulaglar bilen dowam
edýär. «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlar bu awtoulaglar bilen
sazlaşykly hereket edip, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözýärler.
Baýramçylyk ýörişini “BTR-80A” kysymly sowutlanan tehnikalardyr pulemýotlar
hem-de göçme asmana atyjy raketa toplumlaryny özünde jemleýän «TITAN-DS» we
«KIRPI» kysymly sowutlanan harby awtoulaglar dowam edýär. 2-nji mehanizirlenen
kerweniň öňüni «Taýfun» kysymly köpmaksatly sowutlanan harby awtoulag çekýär.
Onuň yzy bilen «T-90S» tanklary, “BMP-2D”, “BMP-3” kysymly pyýada goşunyň
döwrebap harby ulaglary geçýär.
Ýurdumyzda
üstünlikli durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň netijesinde raketa we
artilleriýa goşunlary kuwwatly öňdebaryjy tehnikalar bilen üpjün edilip,
yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Munuň mysaly hökmünde bu goşun bölümlerinde
ulanylýan artilleriýa goşunlarynyň «2S-1 Gwozdika» kysymly özi hereket edýän
söweş tehnikalaryny görkezip bolar. Şol tehnikalar münberiň öňünden geçýär. Soňra
meýdançadan «KamAZ» kysymly awtoulagyň çekijisine ýüklenen «D-30» görnüşli
toplar, «BM 21A BELGRAD» hem-de «Smerç» kysymly reaktiw ulgamlar geçýär. Olar
ýokary söweşjeň mümkinçiligi, takyklygy we kuwwaty bilen tapawutlanýar.
Meýdança
üçünji kerweniň tehnikalary çykýar. Olaryň başyny «TITAN DS» kysymly harby
awtoulag çekýär. Onuň yzy bilen ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerine täze gelip
gowşan, «KLTV-181» kysymly köpmaksatly söweşjeň harby awtoulaglar, pesden uçýan
uçarlar we dikuçarlar, «ZU-23-2» kysymly sowutlanan ulaglar geçýär.
Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaraly harby ýörişe
«Baýraktar TB2» we «Falko» kysymly söweşjeň uçarmansyz uçýan enjamlar hem
gatnaşýar. Şeýle-de dabara gatnaşyjylara «SKY STRIKER» kysymly söweşjeň
uçarmansyz uçýan enjam, «Orbiter-2B», «CW-15D» kysymly uçarmansyz uçýan
enjamlar, «QW-12» görnüşli elde göterilýän asmana atyjy raketa toplumy,
«LDC-00» kysymly radarly serkerdelik dolandyryş ulgamy görkezildi.
Harby
gözden geçiriliş «Rode Şwars» kysymly aragatnaşyk toplumy oturdylan «Land
Rover» we «SwellPro Spash Drone 4» uçarmansyz uçýan enjamly, «MAN» kysymly
harby awtoulaglaryň geçmegi bilen dowam edýär. Häzirki wagtda olar ýurdumyzyň
howa giňişligini ygtybarly goraýarlar. Olaryň yzy bilen «KS-1A», «FD-2000»,
«Peçora-2BM», «FM-90» kysymly iň kämil asmana atyjy raketa toplumlarynyň
kerweni barýar.
Soňra
meýdançadan dördünji mehanizirlenen kerweniň düzüminde Döwlet serhet gullugynyň
“KIA KLTV 141” kysymly harby awtoulaglary hem-de “Motowezdehod” kysymly häzirki
zaman motoulaglary geçýär. Münberiň öňünden üstünde merdana serhetçiler hem-de
olaryň wepaly ýoldaşy bolan türkmen alabaýlary oturan “Toyota Hilux”
awtoulaglary geçýärler. Olaryň yzy bilen «KIA KLTV 141» hem-de «Cobra» kysymly
köpmaksatly, sowutlanan söweşjeň awtoulaglar barýar. Bu ulag serişdeleri
Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramakda netijeli ulanylýar.
Dabaraly
harby ýörişden Serhet goşunlarynyň «Mantra» kysymly awtoulagynda 120 mm
kalibrli minomýotlar, «KIRPI» kysymly sowutlanan harby awtoulaglar geçýär.
Ýörişi “IVECO” awtoulaglary dowam edýär. Olaryň binýadynda pesden uçýan howa
nyşanlaryny ýok etmek üçin niýetlenen “ZU-23” kysymly asmana atyjy raketa
toplumlary, «Simbat» raketa uçurma ulgamy, “Orbiter 2B” kysymly uçarmansyz
uçýan enjamlar ýerleşdirilendir.
Döwlet
serhet gullugynyň harby gullukçylary motoulaglarda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň
şanly toýunyň hormatyna «33» ýazgyny emele getirip geçýärler. Bäşinji
mehanizirlenen kerweniň düzüminde «IVECO M65» kysymly ýörite enjamlaşdyrylan
sowutlanan söweşjeň awtoulagy, «Storm-Rider» söweşjeň awtoulagy, «Lazar III»
kysymly sowutlanan tehnikalar görkezildi. Altynjy mehanizirlenen kerweniň
başyny «TITAN DS» kysymly sowutlanan täsin awtoulag çekýär. Onuň yzy bilen
Içeri işler ministrliginiň «FORD HENNESSEY» kysymly awtoulaglary geçýär.
IIM-niň işgärleriniň garamagynda «FORD ATLAS», «Toyota Tundra», «GMC Sierra»,
«PMV Survivor II» we «INKAS SENTRY» kysymly ýeňil sowutlanan awtoulaglar hem
bar. Olar halkymyzyň parahat we asuda durmuşyny, jemgyýetçilik düzgün-tertibini
goldamaga hyzmat edýär.
Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaraly harby ýöriş howa
giňişliginde dowam edýär. Howadaky dabaraly ýörişi «Mi-17W-5» kysymly dikuçarlar
açýar. Olar guryýer goşunlarynyň söweş hereketlerini howadan goldamak,
goşunlary, harby tehnikalary daşamak üçin niýetlenendir. Içeri işler
ministrliginiň «Eurocopter-145» hem-de Milli howpsuzlyk ministrliginiň
«Eurocopter-365» kysymly dikuçarlary asman giňişliginde harby ýörişi dowam
edýär. Bu dikuçarlaryň her biri ýokary söweşjeň häsiýetnamalary bilen
tapawutlanýar. Döwlet serhet gullugynyň «Agusta-109», «Agusta-139» kysymly
häzirki zaman dikuçarlary hem tomaşaçylara görkezildi.
Baýramçylyk
harby gözden geçirilişine «A-29 Super Tucano» kysymly söweşjeň uçarlar hem
gatnaşýar. Bu tehnikalaryň maksady guryýer goşunlarynyň söweş hereketlerini
dürli howa şertlerinde gije-gündiz ot açyş bilen goldamakdan ybaratdyr. Olaryň
yzy bilen «С-27J Spartan» kysymly
häzirki zaman harby-ulag uçary, «Su-25» kysymly söweşjeň uçarlar geçýär.
Türkmen uçarmanlary söweşjeň uçarlary we dikuçarlary ussatlyk bilen dolandyryp,
ýokary hünär derejelerini görkezýärler. Bu bolsa Watanymyzyň asmanynyň
asudalygyny goramagyň ygtybarly ellerdediginiň güwäsidir. Şu gün görkezilen
häzirki zamanyň iň kämil harby howa tehnikalarynyň hatarynda islendik howa
şertlerinde, dürli belentliklerde, guryýer ýa-da deňiz çäklerinde, daglyk
ýerlerde uçmaga ukyply «M-346» kysymly uçarlar-da bar. Harby-howa güýçleriniň
öňünde duran wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ähli zerur enjamlar bilen
enjamlaşdyrylan bu tehnikalar howa giňişliklerini goramaga, aňtaw işlerini alyp
barmaga, guryýer goşunlarynyň söweşjeň hereketlerini goldamaga niýetlenendir.
Dabaraly
harby ýörişde görkezilen iň döwrebap ýerüsti, deňiz we howa tehnikalary
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistanyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerimizi
döwrebaplaşdyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de
kämilleşdirmek meselelerine yzygiderli üns berýändigini aýdyň görkezýär.
Ýurdumyzyň
baş meýdançasyndaky baýramçylyk gözden geçirilişini Goranmak ministrliginiň
Aýratyn hormat garawuly batalýony dowam edýär. Bu düzümiň esgerleri ellerindäki
ýaraglary bilen nyzam emellerini ýerine ýetirmekde ýokary ussatlygyny
görkezdiler. Meýdançada Gündogaryň beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň
Köpetdagyň eteginde bina edilen heýkeliniň hem-de Garaşsyzlyk binasynyň
şekilleri emele getirilýär. Soňra gaýduwsyz Watan goragçylary ýurdumyzyň
Garaşsyzlygynyň şanly senesini alamatlandyrýan “33” sany şekillendirýärler.
Ýurdumyzyň şanly baýramy mynasybetli ajaýyp sazly sowgady taýýarlan we milli
sungatymyzyň gaýtalanmajak eseri bolan türkmen haly gölüniň şekilini emele
getiren Birleşen harby orkestriniň joşgunly çykyşy harby ýörişe aýratyn öwüşgin
çaýdy.
...Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli giň gerimli dabara dowam edýär. Döwrebap
sanly tehnologiýalaryň we telekommunikasiýalaryň mümkinçilikleri
watandaşlarymyzyň, dünýäniň beýleki ýurtlarynyň ýaşaýjylarynyň bu dabara göni
ýaýlymda tomaşa etmeklerini üpjün edýär.
Bu
ýerde milli lybasdaky iki çapyksuwar ajaýyp ahalteke bedewini meýdança
çykarýar. Şaý-sepler bilen bezelen at esbaplary behişdi bedewiň gözelligini,
beden gurluşyny açyp görkezýär. Dowamly atly bu ajaýyp bedew Käkilik we
Mertebeli diýen atlaryň neslindendir. Ady rowaýata öwrülen naýbaşy ahalteke
tohumyna degişli bu bedew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy
mynasybetli, türkmen halkynyň bagtyýarlygy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp
ösmegi ugrunda hemişelik aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallygyň nyşany hökmünde
Hökümet agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa
sowgat berilýär.
Türkmen
halkynyň hem-de umumadamzat medeniýetiniň gymmatlygy hasaplanýan ganatly
bedewler gadymy döwürlerden bäri bütin dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Bu ajaýyp
gyr bedew meýdançada buýsanç bilen gezim edip, dabara gatnaşyjylarda we
myhmanlarda ýakymly duýgulary döretdi.
Soňra
elinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy bolan türkmen çapyksuwarlarynyň ýörişi
başlanýar. Gadymy döwürlerden bäri behişdi bedewler halkymyzyň ähli
baýramçylyklarynyň bezegidir. Bedewler täze taryhy döwürde milli taryhymyzyň
janly nyşanyna, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň beýanyna
öwrüldi.
Aba
Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplary Türkmen bedewiniň
milli baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimize sowgat edilip, soňra döwlet
Baştutanymyz tarapyndan bu ýokary okuw mekdebine berlen bedewlerde dabaraly
geçýärler. Meýdança çykarylan ajaýyp dor at çarpaýa galyp, münberiň öňünden
geçýär. Diňe bir ýurdumyzda däl, daşary ýurtlarda-da şöhrat gazanan “Galkynyş”
milli at üstündäki oýunlar topary tarapyndan ýurdumyzyň baş baýramçylygy mynasybetli
görkezme çykyşlary taýýarlanyldy. Çapyksuwarlaryň at üstünde ussatlarça ýerine
ýetirýän tilsimleri, çylşyrymly akrobatik hereketleri tomaşaçylary haýran
galdyrdy.
Atlylaryň
çykyşlary we baýdakly çapyksuwarlaryň ýörişi ornuny “Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy” atly sahnalaşdyrylan edebi-sazly çykyş bilen çalyşdy.
Meýdança tans toparlary, türkmen halkynyň, şeýle hem dünýäniň beýleki
halklarynyň görnükli şahsyýetleriniň keşplerini janlandyrýan teatr artistleri
çykdylar. Olar häzirki nesillere watançylyk mazmunyndaky goşgy setirleri we
aýdymlar bilen ýüzlenýärler.
Watanymyzyň
Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk ýörişini Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň, Mejlisiň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly
ýaşulular açýarlar. Meýdançadan milli nyşanlar bilen bezelen awtoulag
platformasy geçýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan demokratik özgertmeler hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Döwrüň talaplaryna we
halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň
kanunçylyk-hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu işlerde Türkmenistanyň
Halk Maslahatyna, Mejlise we jemgyýetçilik guramalaryna möhüm orun degişlidir. «Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýylda “Magtymguly Pyragynyň
300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda” we “Magtymguly Pyragynyň
medeni mirasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Munuň özi milli
medeni mirasymyzy aýawly saklamagyň, öwrenmegiň hem-de ony geljek nesillere
ýetirmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini subut
edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde bu şanly senäniň öňüsyrasynda
geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen möhüm çözgütler agzybir
halkymyzy täze üstünliklere, zähmet ýeňişlerine ruhlandyrdy.
Kanun
esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan
Arkadag şäheriniň häkimliginiň baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulag platformasy
meýdança çykýar. Mälim bolşy ýaly, gurluşygynda öňdebaryjy sanly,
maglumat-kommunikasiýa hem-de ekologik taýdan arassa tehnologiýalar giňden
ulanylan bu täsin “akylly” şäheri döretmek başlangyjy türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa
degişlidir.
Adamlaryň
ýaşamaklary üçin has amatly şertler döredilen bu täze şäheriň köp sanly halkara
sylaglara mynasyp bolandygyny bellemek gerek. Şeýlelikde, Koreýa
Respublikasynda geçirilen «World Smart City Expo 2024» sergisinde Arkadag
şäheri birbada üç baýraga mynasyp boldy: olar “Iň tapawutlanan “akylly” şäher”,
“Daşary ýurt “akylly” şäheri”, «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine
goşan uly goşandy üçin” atly baýraklardyr. Şunda “Iň tapawutlanan “akylly”
şäher” diýen baýrak bilen diňe Arkadag şäheri sylaglandy. Bu täsin şäher
dünýäniň şähergurluşyk we inženerçilik-tehniki tejribesiniň ähli innowasion
hem-de öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemleýär. Häzirki wagtda halkara
hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar edilen “akylly” şäheriň ikinji tapgyrynyň
desgalarynyň gurluşygy dowam edýär. Onuň keşbinde milli binagärligiň iň gowy
däpleri binagärligiň we dizaýnyň öňdebaryjy meýilleri bilen sazlaşykly
utgaşýar. Diýarymyzyň gadymy künjekleriniň birinde, pederlerimiziň şöhratly
taryhynyň gözbaş alýan ýerinde bina edilen ajaýyp şähere “Arkadag şäheri —
geljegiň şäheri” atly aýdym we tans kompozisiýasy bagyşlandy.
Garaşsyz,
Bitarap Watanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
şanyna gutlaglar ýaňlanýar. Soňra Aşgabat şäher häkimliginiň paýtagtymyzyň
binagärlik nyşanlary bilen bezelen awtoulag platformasy Döwlet münberiniň
öňünden geçýär. Paýtagtymyz sebitiň we dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin amatly
şäherleriniň biri hökmünde ykrar edildi. Giň gerimli şähergurluşyk
maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi
yzygiderli özgerýär, infrastrukturasy döwrebaplaşdyrylýar, durmuşyň ähli
ugurlaryna ösen sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Şunda ekologiýa ugruna
aýratyn ähmiýet berilýär. Her ýyl Aşgabadyň ajaýyp binagärlik keşbiniň üsti
dürli maksatly täze binalar bilen ýetirilýär. Baýramçylyklar, şanly seneler
mynasybetli paýtagtymyzda, tutuş ýurdumyzda döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň
ulanmaga berilmegi asylly däbe öwrüldi. 1-nji sentýabrda bolsa Aşgabatda şäher
häkimliginiň toplumynyň binasy açyldy. Paýtagtymyzyň binagärlik,
inženerçilik-tehniki çözgütleriniň özboluşlylygy bilen tapawutlanýan birnäçe
desgalary Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Şeýle hem Aşgabadyň «Dizaýn»
ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilendigini
bellemek gerek.
Soňra
dabaraly ýöriş ýurdumyzyň bäş welaýatyna wekilçilik edýän awtoulag
platformalarynyň toparynyň geçmegi bilen dowam etdi. Suratly pannolarda dünýä
belli taryhy binagärlik ýadygärlikleri, häzirki döwrüň iri desgalary, Ahal,
Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň ajaýyp künjeklerinde ýerleşýän
binalaryň şekilleri görkezilýär. Döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa
geçirilmegi netijesinde sebitleriň durmuş-medeni, ykdysady infrastrukturasy
yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Olaryň her biri mähriban Watanymyzyň ösüşine
mynasyp goşant goşýar. Hormatly Prezidentimizi we dabaranyň köp sanly
myhmanlaryny awtoulag platformalarynda barýan ýaşulular, ýaş nesliň wekilleri
mübärekleýärler. Joşgunly aýdym-sazlar, asmana göterilýän köpöwüşginli şarlar
aýratyn baýramçylyk ruhuny döredýär.
Baýramçylyk
ýörişini saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri dowam etdirýärler. Raýatlaryň
bagtyýar durmuşda ýaşamagy baradaky alada döwlet syýasatynyň baş maksady bolup
durýar. Soňky ýyllarda milli saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejä
çykdy we raýatlara halkara standartlara laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlarynyň
elýeterli bolmagyny üpjün etdi. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde
saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek we ugurdaş infrastrukturany
döwrebaplaşdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, derman senagatyny
ösdürmek maksatlaryna gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda,
ýurdumyzyň welaýatlarynda bu pudaga degişli öňdebaryjy ýöriteleşdirilen
enjamlar, iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap desgalar
guruldy. Şunuň bilen birlikde, şypahana-dynç alyş infrastrukturasy hem
giňeldilýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edilýär we
netijeli tejribe alşylýar. “Il saglygy — ýurt baýlygy” şygary astynda durmuşa
geçirilýän bu köpugurly işler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty
ministrliginiň baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulagynda öz mynasyp beýanyny
tapdy.
Soňra
Döwlet münberiniň öňünden Bilim ministrliginiň baýramçylyk äheňinde bezelen
awtoulaglary, bu ulgamyň wekilleri, ýaş nesiller geçýärler.
Gahryman
Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
baştutanlygynda durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri bu ulgamy halkara
standartlaryň derejesine çykarmaga mümkinçilik döretdi. Bilimiň we ylmyň
döwletiň hem-de jemgyýetiň ösüşiniň esasyny düzýändigi aýdyň hakykatdyr. Ylmy
we tehnologiýany ösdürmek, ýurdumyzyň aň-paýhas kuwwatyny artdyrmak, giň
dünýägaraýyşly, ýokary bilimli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek, ugurdaş
maksatnamalary we konsepsiýalary durmuşa geçirmek, hünärmenleriň taýýarlygyny
kämilleşdirmek täze taryhy döwürde Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri
tutulýan ugurlarydyr. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň, ýokary okuw
mekdepleriniň talyplarynyň abraýly halkara bäsleşiklerde, ders olimpiadalarynda
gazanýan üstünlikleri bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe
bolýandygyny görkezýär. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda
täze, döwrebap mekdepleriň we çagalar baglarynyň açylyş dabaralary boldy. Şu
ýyl paýtagtymyzda geçirilen «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara
sergi-ýarmarkasy ýurdumyzda ýaş nesliň aýratyn alada we söýgi bilen gurşalandygyny
aýdyňlygy bilen tassyklady. Aýdymçylaryň, çagalar döredijilik we tans
toparlarynyň ýerine ýetiren “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kompozisiýasy
ählihalk baýramyna ajaýyp sowgat boldy.
Meýdança
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň baýramçylyk
görnüşinde bezelen awtoulagy, köp sanly türgenler çykýarlar. Şolaryň hatarynda
sportuň dürli görnüşleriniň ussatlary, milli we halkara derejedäki ýaryşlaryň
ýeňijileri, olaryň tälimçileri bar. Öňdengörüjilikli döwlet strategiýasynyň netijesinde,
häzirki wagtda milli sport ulgamy hil taýdan täze derejelere çykdy.
Türkmenistanda sport bilen meşgullanmak, türgenleriň başarnyklaryny
kämilleşdirmek, tälimçileriň we beýleki hünärmenleriň işlemekleri üçin ähli
şertler döredilýär. Netijede, türkmen türgenleri dürli abraýly halkara
ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýärler we medallara mynasyp bolýarlar.
Mälim
bolşy ýaly, şu ýylyň 24-nji maýynda paýtagtymyzda geçirilen GDA-nyň Hökümet
Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Aşgabat “Arkalaşygyň täze sport
mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň
78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy we Milletler Bileleşigine agza
döwletleriň biragyzdan goldamagy bilen “Birleşen Milletler Guramasynyň
oýunlary” atly Kararnama kabul edildi. Bularyň ählisi dünýäniň sport
giňişliginde Watanymyzyň abraýynyň yzygiderli artmagyna ýardam berýär.
Meýdançadan
Türkmenistanyň ykdysadyýet ulgamynyň gazananlaryny we üstünliklerini
şöhlelendirýän bezegler bilen bezelen awtoulag platformasy hereket edýär.
Döwlet münberiniň öňünden milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň wekilleri
geçýärler. Olar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny mynasyp zähmet
sowgatlary bilen garşyladylar. Däp bolşy ýaly, bu şanly senäniň öňüsyrasynda
paýtagtymyzda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirildi.
Köpugurly sergi ähli pudaklary döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak
boýunça döwlet strategiýasynyň, milli maksatnamalaryň çäklerinde amala
aşyrylýan oňyn özgertmeleriň, innowasion taslamalaryň netijelerini aýdyň
görkezdi. Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň ministrlikleri we pudaklaýyn
dolandyryş edaralary ýerine ýetirilen işler, gazanylan üstünlikler barada
özboluşly “hasabaty” hödürlediler. Baýramçylyk ýörişi ykdysadyýetiň pudaklarynyň
her biriniň ýeten sepgitleri baradaky teswir bilen utgaşýar.
Meýdançadan
gurluşyk-senagat toplumynyň işgärleri geçýärler. Gurmak we döretmek Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň baş şygarydyr. Muňa täzeçil
şähergurluşyk strategiýasy hem şaýatlyk edýär. Onuň üstünlikli durmuşa
geçirilmegi bilen, obalaryň we şäherleriň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Iri
taslamalaryň amala aşyrylmagy, gurluşyk senagatynyň toplumlaýyn ösdürilmegi
düýpli döwlet goldawyna eýedir. Ýurdumyzda bar bolan awtomobil ýollaryň durky
täzelenilýär hem-de täzeleri gurulýar. Şu ýylyň aprel aýynda Aşgabat —
Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň ulanmaga
berilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Bularyň ählisi Türkmenistanyň Gurluşyk we
binagärlik ministrliginiň hem-de Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak
baradaky döwlet agentliginiň awtoulag platformasynyň bezeginde öz beýanyny
tapdy.
Soňra
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, “Türkmenhimiýa” döwlet
konserniniň işgärleri ýeten sepgitlerini görkezýärler. Olaryň kärhanalary ýerli
çig mal esasynda ýokary hilli, import edilýän harytlaryň ornuny tutýan we
eksport ugurly önümleri, şol sanda gurluşyk, timarlaýyş serişdeleriniň, mineral
dökünleriň, beýleki himiki önümleriň dürli görnüşlerini öndürýärler. Ýurdumyzy
senagatlaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde
senagat infrastrukturasy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar we giňeldilýär. Muňa şu
ýyl Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda Lebap, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda
Bäherden sement zawodlarynyň ikinji tapgyrlarynyň ulanmaga berilmegi-de anyk
mysaldyr. Bu kärhanalaryň hersiniň kuwwaty ýylda 1 million tonna sement
öndürmäge niýetlenendir.
Soňra
meýdançadan Energetika ministrliginiň awtoulag platformasy geçýär. Täze taryhy
döwürde döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda elektroenergetika pudagynyň
maddy-tehniki binýadyny berkitmek, diňe bir içerki sarp edijileri doly we
üznüksiz üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, elektrik energiýasynyň eksport
edilýän möçberini hem yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýän ygtybarly
ugurdaş infrastrukturany döretmek boýunça yzygiderli işler dowam etdirilýär.
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy
döretmek boýunça giň gerimli taslamanyň başy başlandy. Mälim bolşy ýaly, şu
ýylyň 5-nji iýunynda Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze asma elektrik
geçirijisini we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini
işe girizmek dabarasy boldy. Munuň özi bu taslamanyň üçünji — ahyrky tapgyrynyň
tamamlanandygyny alamatlandyrdy. Netijede, Türkmenistanyň energiýa zynjyrlaryny
bir halka birleşdirýän elektroenergetika ulgamy emele geldi.
Elektrik
energiýasynyň eksporty we onuň iberilýän ugurlarynyň giňeldilmegi barada
aýdylanda, bu ugurda ýurdumyz sebit hem halkara ähmiýetli taslamalaryň başyny
başlap, olary durmuşa geçirýär. 11-nji sentýabrda Türkmenistan — Owganystan —
Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa
geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän “Nur-el-Jahad”
elektrik bekedi işe girizildi. Ýurdumyzda ekologik taýdan arassa energiýany we
gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini iş ýüzünde peýdalanmak ulgamynda-da
yzygiderli işler alnyp barylýar.
Soňra
dokma we halyçylyk pudaklarynyň mümkinçilikleri görkezilýär. Döwletimiz
tarapyndan pudagyň maddy-tehniki binýadyny berkitmäge uly üns berilýär. Bar
bolan kärhanalar döwrebaplaşdyrylýar, ýerli çig mal esasynda ýokary hilli önüm
öndürýän täze kärhanalar gurulýar. Dokma senagaty ministrliginiň we
“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň awtoulag platformasynda ýurdumyzda hem-de
daşary ýurtlarda sarp edijiler tarapyndan uly isleg bildirilýän dürli önümler
şöhlelendirilýär. Olaryň arasynda gadymy döwürlerden bäri bütin dünýäde meşhur
bolan ajaýyp türkmen halylary-da bar. “Dokmaçylar” folklor-etnografiýa
toparynyň ýerine ýetiren “Alkyşnama” atly aýdymy we tans kompozisiýasy dabaraly
ýörişe aýratyn öwüşgin çaýdy.
Meýdança
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň,
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň,
Söwda-senagat edarasynyň awtoulag platformalary çykýar. Bu düzümleriň alyp
barýan işi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga, türkmen önümlerini
dünýä bazaryna çykarmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşant goşýar. Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň
ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem häzirki zaman bazar gatnaşyklary bilen
ýokary netijeli ykdysadyýeti döretmekdir. Şoňa görä, hususy pudagy
höweslendirmäge we goldamaga, pudagyň wekilleriniň netijeli iş alyp barmaklary
üçin ähli zerur şertleri döretmäge uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda türkmen
telekeçileri dürli ugurlarda öndürijilikli zähmet çekýärler, sarp ediş
harytlaryny öndürmekde, gurluşyk pudagynda, hyzmatlar ulgamynda ösen
tehnologiýalary üstünlikli özleşdirýärler. Kabul edilen döwlet
maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam bermekde, bäsdeşlige ukyply,
import edilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksporta gönükdirilen önümleri
öndürmek, azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmekde
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna uly orun
degişlidir.
Häzirki
wagtda ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek okgunly durmuş-ykdysady ösüşiň,
sebit we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm şertidir. Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda ulaglaryň ähli görnüşiniň —
deňiz, demir ýol, awtomobil, howa ulaglarynyň we aragatnaşyk ulgamynyň
mümkinçiliklerini artdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda,
ýolagçy, ýük daşamalaryny kämilleşdirmek, maglumat-kommunikasiýa torlaryny
ösdürmek, öňdebaryjy sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, pudagyň
infrastrukturasyny täzelemek boýunça maksatnamalaýyn işler ýaýbaňlandyrylýar.
Döwlet münberiniň öňünden «Türkmendeňizderýaýollary», «Türkmendemirýollary»,
«Türkmenawtoulaglary», «Türkmenhowaýollary», “Türkmenaragatnaşyk» agentliklerine
wekilçilik edýän bezelen awtoulag platformalary hem-de bu toplumyň wekilleri
geçýärler.
Türkmenistanyň
Ýewraziýa we transkontinental aragatnaşyk ýollarynyň strategik çatrygynda
geografik taýdan amatly ýerleşişini göz öňünde tutup, ýurdumyzyň üstaşyr ulag,
logistika mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmaga gönükdirilen giň
gerimli işler alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, şu aýda Serhetabat — Turgundy
demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir
ýol köprüsiniň açylyş dabarasy boldy, “Turgundy” demir ýol bekediniň “gury
portunda” ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji
tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga berildi,
şeýle hem Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk
geçirijisiniň düýbi tutuldy.
Döwlet
münberiniň öňünden milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy bolan nebitgaz
toplumynyň işgärleri geçýärler. Meýdançadan “Türkmengaz” we “Türkmennebit”
döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň awtoulag
platformalary hereket edýär.
Türkmenistan
energiýa serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, ýangyç-energetika
toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny durmuşa geçirýär. Şunda gazyp
alýan, gaýtadan işleýän pudaklaryň kuwwatyny artdyrmaga, ýokary hilli önümleriň
dürli görnüşlerini öndürýän innowasion önümçilikleri döretmäge, energiýa
serişdelerini eksport etmek üçin köpugurly turbageçiriji infrastrukturany emele
getirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi netijeli halkara hyzmatdaşlyk üçin
amatly mümkinçilikleri açýar. Bu ugurda ýurdumyz giň gerimli taslamalaryň
başyny başlaýar we olary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde durmuşa
geçirýär. Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz
geçirijisiniň gurluşygy hem bar. 11-nji sentýabrda Mary welaýatynda “Şatlyk-1”
gaz gysyjy desgasynyň, TOPH taslamasynyň möhüm tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly
bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň düýbüni tutmak dabaralary boldy. Bu
giň gerimli taslama ykdysady ugur bilen bir hatarda, wajyp durmuş wezipelerini
çözmekde-de uly ähmiýete eýedir. Aýdymçylaryň we tans toparlarynyň ýerine
ýetiren “Nebit-gazly jan Watanym” atly kompozisiýasy hem şanly toýa bagyşlandy.
Soňra
meýdançadan Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, bank pudagyna wekilçilik edýän
awtoulag platformalary geçdi. Watanymyzy yzygiderli ösdürmekde, maýa goýum
işjeňliginiň artmagynda olara möhüm orun degişlidir. Milli ykdysadyýetimizi
sanlylaşdyrmagyň çäklerinde ýurdumyzda bu pudagy döwrebaplaşdyrmak boýunça
maksada gönükdirilen çäreler görülýär. Bank hyzmatlary ulgamyna sanly
tehnologiýalar ornaşdyrylýar, olaryň gerimi giňeldilýär, elektron töleg ulgamy
kämilleşdirilýär we nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi artdyrylýar. Aşgabatda
geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumy, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary
tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat, olaryň
çäklerinde guralan ugurdaş sergiler şu ýylyň möhüm wakalary boldy. Bu iri
çäreler Türkmenistan bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasyndaky ykdysady
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak babatda
oňat mümkinçilikleri döretdi.
Oba
hojalyk ministrliginiň baýramçylyk äheňinde bezelen awtoulaglary we pudagyň
işgärleri dabaraly ýörişi dowam edýärler. Azyk bolçulygyny pugtalandyrýan
Türkmenistan ýylyň-ýylyna oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini
artdyrýar, pudagyň infrastrukturasy kämilleşdirilýär, dünýäniň öňdebaryjy
kompaniýalarynyň döwrebap tehnikalary we enjamlary yzygiderli satyn alynýar.
Ýer-suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak, öňdebaryjy tehnologiýalary
ornaşdyrmak, täze suw howdanlaryny gurmak boýunça maksada gönükdirilen çäreler
durmuşa geçirilýär. Şunda ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine aýratyn
ähmiýet berilýär. Döwletimiz oba hojalyk işgärleriniň netijeli zähmet çekmegi
üçin ähli şertleri döredýär. Şu ýyl türkmen gallaçylary şertnamalaýyn
borçnamalaryny üstünlikli berjaý edip, Watan harmanyna 1 million 400 müň
tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrdylar. Ýurdumyzyň pagtaçylarynyň hem “ak
altynyň” bereketli hasylyny ýygnamagyna garaşylýar.
Dabara
medeniýet ulgamynyň işgärleriniň ýörişi bilen jemlendi. Ýurdumyzda medeniýet
ulgamynyň ösdürilmegine, maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna,
döredijilik işgärleriniň öz ukyp-başarnyklaryny doly derejede açmaklary üçin
şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Halkymyzyň milli gymmatlyklary
tutuş dünýäde giňden wagyz edilýär we halkara jemgyýetçilik tarapyndan ykrar
edilýär. Türkmen halkynyň sungatynyň we senetçiliginiň birnäçe görnüşleriniň
ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem muňa
aýdyň şaýatlyk edýär.
Şu
ýyl ýurdumyzda we daşary ýurtlarda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň
doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenilýär. Şanly sene mynasybetli
paýtagtymyzda “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumy we şahyryň beýikligi
60 metre ýetýän ýadygärligi açyldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy 2024-nji
ýyly “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly”, Änew
şäherini bolsa “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýip yglan etdi. Bu şanly
wakalar mynasybetli ýurdumyzda hem-de onuň çäklerinden daşarda dürli çäreler
geçirilýär. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň
hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şahyryň doglan gününiň
300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip
geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy beýik söz ussadynyň eserleriniň
umumadamzat ähmiýetine eýedigini görkezýär.
Hormatly Prezidentimiziň «Änew —
müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby hem gadymy Änew şäheriniň
“Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegine bagyşlandy. Döwlet
Baştutanymyzyň bu eseriniň, şeýle hem “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynyň
çap edilmegi ýurdumyzyň durmuşynda möhüm waka öwrüldi. Arkadag şäherinde
üstünlikli geçirilen Medeniýet hepdeligi hakyky döredijilik baýramçylygy bolup,
oňa gatnaşyjylara we myhmanlara ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlady.
Diýarymyzyň bäş welaýatyna wekilçilik edýän
aýdymçylaryň we tans toparlarynyň ýerine ýetiren “Gutly bolsun Garaşsyzlyk
baýramy!” atly kompozisiýasy Döwlet münberiniň öňündäki dabaralaryň ajaýyp
jemlenmesine öwrüldi. Artistler çykyşynda mähriban Watanymyzy, agzybir türkmen
halkyny, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we Gahryman Arkadagymyzy wasp etdiler.
Paýtagtymyzda badalga alan baýramçylyk
dabaralary tutuş ýurdumyzda dowam edip, ildeşlerimiziň kalbyny şatlyk hem-de
buýsanç duýgulary bilen doldurdy. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 33
ýyllygy mynasybetli dabaralar “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki
meýdançada geçirilen konsert bilen jemlendi. Bu ýere ýygnanan köp sanly
tomaşaçylaryň öňünde meşhur hem-de ýaş artistler, folklor-tans toparlary çykyş
etdiler. Konsert tamamlanandan soňra, baýramçylyk feýerwerki Aşgabadyň gijeki
görnüşlerini bezedi.