Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini
geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara
alnyp maslahatlaşyldy, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlise
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri
hem çagyryldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp: “Hemişe
bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip,
ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň günäsini geçýäris, olary jeza çekmekden
boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys” diýip belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä
geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy
B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň
Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek boýunça bu
toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, asylly
däbimize eýerip, iş kesilen 736 raýatyň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy
mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekýändigini aýtdy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary,
goranmak ministri B.Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen
bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn
wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri
geçirmek tabşyryldy. Hormatly Prezidentimiz günäsi geçilen adamlara yhlasly
zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini
görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.
Soňra Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa alnyp
barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, iş toparlarynda döwletimiziň
we jemgyýetimiziň durmuşynyň dürli ugurlarynyň kanunçylyk taýdan üpjün
edilmegine gönükdirilen işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, Mejlisde
geçirilen duşuşyklar barada aýdyldy. Hususan-da, Wengriýanyň Türkmenistandaky
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. ABŞ-nyň
Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de bu ýurduň
Döwlet departamentiniň ýörite geňeşçisi, Gazagystan Respublikasynyň
ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyklar
geçirildi. Mejlisiň wekilleri BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Çagalar gaznasynyň
wekilhanalarynyň, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýurdumyzyň degişli döwlet
edaralary bilen bilelikde guran iş maslahatlaryna gatnaşdylar. Deputatlar
Merkezi Aziýa döwletleriniň ikinji parlamentara forumyna gatnaşmak üçin
Özbegistan Respublikasynyň Hywa şäherinde iş saparynda boldular.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň
Halk Maslahaty, Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş
edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri hem-de
jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
mejlisine taýýarlyk görlüşi barada habar berdi. Mundan başga-da, deputatlar
mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, Halk Maslahatynyň döredilmeginiň hem-de onuň alyp
barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz-nesihat etmek
boýunça geçirilýän çärelere gatnaşýarlar.
Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň hukuk
binýadyny we ykdysady esaslaryny berkitmäge ýardam berýän kanun taslamalaryny
işläp taýýarlamagy dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen bir
hatarda, Halk Maslahatynyň mejlisine, Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy
mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygy bellenildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
H.Geldimyradow Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän
onkologiýa hassahanalary bilen bagly meseleler barada hasabat berdi.
Hususan-da, olary gurmagyň taslamalaryny maliýeleşdirmek boýunça geçirilen
degişli işleriň netijeleri barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, ýurdumyzda ynsan saglygyny goramaga we berkitmäge, sagdyn
durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini nygtady.
Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän hassahanalaryň,
saglyk merkezleriniň gurluşygyny yzygiderli dowam etdirmek zerurdyr. Munuň özi
saglygy goraýyş ulgamyny döwrebap derejede ösdürmäge ýardam berer. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary
berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän ýangyç-energetika
ulgamyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, “Türkmengaz” döwlet konserni, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy
tarapyndan çykarylýan uglewodorod serişdeleriniň möçberini artdyrmak,
ýurdumyzyň nebitgaz ýataklaryny gözlemek we özleşdirmek boýunça degişli çäreler
görülýär. Şunuň bilen baglylykda, gaz känlerinde gözleg-barlag, baha beriş-ulanyş
guýularyny burawlamak boýunça bilelikde işlenip düzülen degişli meýilnamanyň
esasynda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň çäklerindäki meýdançalarda
gözleg-barlag guýularyny burawlamak işleri meýilleşdirildi. Şonuň esasynda
Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän meýdançalaryň birinde geçirilen buraw
işleriniň netijesinde, senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy. Munuň özi çykarylýan
mawy ýangyjyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň
hasabyna nebitiň, tebigy gazyň goşmaça möçberini çykarmaga uly ähmiýet
berilýändigini belledi. Bu ugurda türkmen geologlary tarapyndan netijeli işler
alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz täze açylan gaz
ýatagyny özleşdirmek üçin ähli zerur işleri geçirmegiň wajypdygyny aýtdy we
wise-premýere ýurdumyzyň çägindäki meýdançalarda gözleg-barlag guýularyny
burawlamak işlerini yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalyk
pudagynda, welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler Diýarymyzda bugdaý ekişini bellenen möhletlerde we talabalaýyk
geçirmek, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary öndürijilikli
işletmek, gallaçy daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün etmek
boýunça işler dowam etdirilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy
tutulýar. Gowaça meýdanlarynda pagta ýygymy dowam edýär. Ýetişdirilen hasyly
gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak, pagta kabul ediş harmanhanalarynda, pagta
arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek, möwsümde ulanylýan tehnikalary
netijeli işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň ekerançylyk
meýdanlarynda güýzlük azyklyk ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap
almak işleri utgaşykly alnyp barylýar.
Şeýle
hem wise-premýer ýurdumyzyň maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň baş sanyny
artdyrmak, önüm berijiligini ýokarlandyrmak, ekerançylyk meýdanlarynyň suw
üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini
tygşytly peýdalanmak üçin ýerine ýetirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn
ösdürmegi, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy dowam etdirmegiň
wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekişini bellenen möhletlerde,
talabalaýyk alyp barmagyň, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli peýdalanmagyň,
gallaçy daýhanlarymyzyň ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün edilmeginiň
zerurdygyny nygtap, wise-premýere pagta ýygymy möwsümini ýokary depginde dowam
etdirmegi, beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ösdürip ýetişdirmekde-de
netijeli işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Türkmenistany senagat taýdan
ösen ýurtlaryň birine öwürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny
tutýan hem-de eksport ugurly önümleri öndürýän döwrebap önümçilikleri döretmek
boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Iri
gurluşyklary, ykdysadyýetiň pudaklaryny, ilatymyzy ýokary hilli gurluşyk
serişdeleri bilen ýeterlik derejede üpjün etmek boýunça netijeli işler alnyp
barylýar. Ýurdumyzda we daşary ýurtlarda demir garyndylaryna bolan islegleriň
artýandygy bilen baglylykda, häzirki wagtda bu önümi öndürýän zawody gurmak
mümkinçiligi öwrenilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna zawodyň gurluşyk taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça degişli teklip
hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmekde, ýerli
çig-mal serişdelerimizi rejeli we netijeli peýdalanmakda maksatnamalaýyn
işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz demir garyndylaryny öndürýän zawodyň gurluşyk taslamasy üçin
tehniki-ykdysady esaslandyrmany işläp taýýarlamak baradaky teklibi goldady we
wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew eksportyň we ýurdumyzyň daşary
söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek,
eksport-import harytlarynyň dünýä bazarlaryndaky bahalaryny seljermegiň halkara
maglumat ulgamlaryny ulanmak arkaly birža söwdasyny häzirki döwrüň talaplaryna
laýyklykda guramak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda daşary söwda dolanyşygyny artdyrmak,
eksportyň möçberini we ugurlaryny giňeltmek boýunça netijeli işleriň amala
aşyrylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
wise-premýere eksport we import edilýän harytlaryň nyrhlaryna gözegçilik etmek
bilen bagly degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň oktýabr aýynda
geçiriljek esasy çäreleriň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ulanmaga
berilmeginiň Tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, geljek aýda dürli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, sergileri,
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, Ýaşulularyň halkara güni,
Hatyra güni, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni, Türkmen
alabaýynyň baýramy mynasybetli dürli çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle
hem ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlener.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň mejlisinden gelip çykýan wezipeleri wagyz etmek maksady
bilen, maslahatlary, wagyz-nesihat çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen birlikde, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna
bagyşlanan “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy —
parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forum, Russiýa Federasiýasynyň,
Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri, Türki
medeniýetiň halkara guramasyna agza ýurtlaryň II teatr festiwaly we beýleki
çäreler guralar.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän baýramlar we şanly seneler
bilen bagly oktýabr aýynda guraljak esasy çärelere, şol sanda Ýaşulularyň
halkara güni, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni, Türkmen
alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň
möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz ulanmaga berilýän medeni-durmuş
maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryny ýokary derejede geçirmegiň zerurdygyna
ünsi çekip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa 2028-nji ýylda Amerikanyň
Birleşen Ştatlarynyň Los-Anjeles şäherinde geçiriljek XXXIV tomusky Olimpiýa we
XVIII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny
taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Olimpiýa
hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça giň mümkinçilikler
döredilýär. Türkmen türgenlerini dünýä derejesindäki ýaryşlara häzirden
taýýarlamak we olaryň ussatlygyny kämilleşdirmek, ýokary netijeleri
gazanmaklary üçin zerur şertleri döretmek boýunça öňde goýlan wezipelere
laýyklykda, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti
guramaçylyk toparyny döretmegi, Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň
desgalarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky sport toplumynda sportuň
görnüşleri boýunça okuw-türgenleşik sapaklaryny hem-de ýygnanyşyklary guramagy
teklip edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty halkara
derejede ösdürmegiň, iri sport ýaryşlarynda türkmen türgenleriniň üstünlikli
çykyş etmeklerini gazanmagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup
durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz türgenlerimiziň 2028-nji ýylda
geçiriljek tomusky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş
etmekleri üçin häzirden zerur işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi we
wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hem-de ýurdumyzda ýaşamak üçin
ygtyýarnamalary bermek meseleleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ynsanperwer ulgam döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri
bolup durýar. Milli kanunçylygymyz we halkara kadalar esasynda ýurdumyzda
ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, bähbitlerini goramak hem
kepillendirmek üçin yzygiderli işler geçirilýär. Şol işleriň netijesinde,
Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan BMG we beýleki halkara guramalar bilen
bilelikde bosgunlaryň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny ýokary derejede
üpjün etmek boýunça degişli çäreler amala aşyrylýar.
Mälim
bolşy ýaly, köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary
bilen, ýurdumyzda ýaşaýan we şol bir wagtyň özünde hiç bir döwletiň raýaty
bolmadyk 30 müň 998 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle-de
häzirki wagta çenli 5 müň 18 daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk
adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi. Bu ynsanperwer
häsiýetli çözgütler Türkmenistanyň köptaraplaýyn halkara resminamalary,
hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň statusy hakynda,
Apatridleriň statusy hakynda we Raýatsyzlygy azaltmak hakynda Konwensiýalaryny
üstünlikli berjaý edýändigini aýdyň görkezýär.
Dünýä
bileleşigini bu ugurda ýurdumyzyň toplan oňyn tejribesi bilen tanyşdyrmak üçin
geçirilmegi meýilleşdirilýän raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça ýokary
derejeli sebitleýin maslahatyň ähmiýeti has-da artýar. Döwlet Baştutanymyzyň
başlangyjyndan hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň
78-nji sessiýasyndaky ileri tutýan garaýyşlaryndan ugur alyp, BMG-niň
Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi bilen bilelikde bu
forumy şu ýylyň 8-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirmek göz öňünde
tutulýar.
Daşary
işler ministrligi we ýurdumyzyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan
ýurdumyzyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan, döwletimiziň raýatlygyna kabul
edilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 1 müň 146 adamyň
Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmegi boýunça degişli işler geçirildi.
Raýatlyk almak üçin hödürlenilýän adamlar 29 milletiň wekilleridir. Şunuň bilen
birlikde, Türkmenistana gelen daşary ýurt raýatlaryna ýurdumyzda ýaşamak üçin
ygtyýarnamanyň berilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 134 adamyň
Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi boýunça degişli işler
geçirildi. Olar 6 döwletiň raýatlary we 15 milletiň wekilleridir. Şunuň bilen
baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna Türkmenistanyň raýatlygyna
kabul etmek, şeýle hem ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnamalarynyň berilmegi
bilen bagly resminamalaryň taslamasy hödürlenildi.
Pasportlary we degişli resminamalary gowşurmak
dabarasyny ýakyn günlerde Döwlet migrasiýa gullugynyň binasynda Türkmenistanda
işleýän halkara guramalaryň we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň
wekilleriniň, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň
wekilleriniň gatnaşmagynda geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda halkara
hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýermek bilen, ýurdumyzda bu ugurda
netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi we 1 müň 146 adamy
Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda Permana hem-de 134 adama
Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakynda Karara gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew halkara awtomobil
gatnawlary, üstaşyr ýükleriň möçberini artdyrmak, awtoulag serişdeleri arkaly
ýükleri daşamak babatda hyzmatlary giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak boýunça
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ozal gazanylan hökümetara
ylalaşyklar esasynda ulag, sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribäni
ornaşdyrmak ulgamynda daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk üstünlikli dowam
etdirilýär. Munuň özi ulag amallaryny çaltlandyrmakda, ulag ulgamynyň
kuwwatyndan netijeli peýdalanmak üçin amatly şertleri döretmekde aýratyn orun
eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, ýük daşamalary kadalaşdyrmak üçin sanly
ulgama geçmek boýunça daşary ýurt tejribesini öwrenmegiň maksadalaýykdygy
bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
halkara awtoulag gatnawlary hakynda ýurdumyzyň baglaşan hökümetara ylalaşyklary
esasynda ulag babatda hyzmatdaşlygyň giňden ösdürilýändigini aýtdy. Bu ugurda
sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga möhüm ähmiýet berilýär. Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzyň mundan beýläk-de dünýä ulag ulgamyna goşulyşmagy
boýunça işleri dowam etdirmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan teklibi
goldap, agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler
Kabinetiniň giňişleýin mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, geljek hepdede
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33
ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň giňden bellenilip geçiljekdigini
aýtdy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň oktýabr aýynda hem
dabaraly çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy
mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy —
parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçiriljekdigini aýtdy.
Foruma gatnaşmak üçin ýokary derejeli myhmanlaryň gelmegine garaşylýar.
Hormatly Prezidentimiz bu ugurda degişli
guramaçylyk işleriniň ýola goýulmagynyň möhüm bolup durýandygyny nygtap,
halkara forumy ýokary derejede geçirmek maksady bilen, guramaçylyk toparyny
döretmek hakynda Buýruga gol çekdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da
birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul
edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin mejlisini
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar
Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi.