Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini
geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri
girizildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş
edip, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada
maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň
möçberli özgertmeleriň hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen, kanunçylyk
namalarynyň birnäçesine, hususan-da, raýat-hukuk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak,
administratiw hukuk bozulmalary, salgytlar, awtomobil ulagy bilen baglanyşykly
hereket edýän kanunlara üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizilýär. Watanymyzyň
mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli geçiriljek Halk Maslahatynyň
mejlisine taýýarlyk görlüşi barada-da aýdyldy. Bu ugurdaky işler Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Diwany, Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we
pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler, jemgyýetçilik guramalary bilen
bilelikde alnyp barylýar.
Daşary ýurtlaryň parlamentleri, halkara
guramalar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäklerinde Beýik
Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşyk we ösüş ministrliginiň Sebitleýin ösüş
müdirliginiň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi. Mejlisiň deputatlarynyň
Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleriniň wekilleri bilen duşuşyklary
guraldy. Şeýle hem parlamentiň ýolbaşçysy deputatlaryň döwlet syýasatyny, kabul
edilen kanunlaryň many-mazmunyny halkymyza düşündirmek, Halk Maslahatynyň
taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada geçirilýän wagyz-nesihat
çärelerine gatnaşýandyklary, Garaşsyzlygyň 33 ýylynyň dowamynda ýurdumyzyň
durmuşynyň dürli ugurlarynda gazanylan üstünlikleri barada köpçülikleýin habar
beriş serişdelerinde çykyş edýändiklerini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
täze kanun taslamalary işlenip taýýarlananda olaryň kämil, döwrebap bolmagyny
gazanmagyň zerurdygyny belledi. Kanunlar döwletimiziň alyp barýan netijeli
syýasatyny görkezmelidir, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga şert
döretmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we olaryň ähmiýetini halk
köpçüligine düşündirmek işlerini dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
H.Geldimyradow 10-11-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen maýa goýum forumynyň,
Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek
boýunça halkara maslahatyň we ugurdaş sergileriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly, maýa goýum forumyna 44
ýurtdan, şol sanda halkara guramalaryň 22-sinden, daşary ýurt döwlet
edaralarynyň we kompaniýalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik
wekilhanalaryň wekilleri gatnaşdylar. Maksatnama laýyklykda, forumyň çäklerinde
ýurdumyzyň ösüşine we halkara başlangyçlaryna bagyşlanan ykdysadyýet,
ulag-aragatnaşyk, nebitgaz, energetika meseleleri boýunça umumy mejlisleriň
3-si, ykdysadyýetiň möhüm ugurlary boýunça mejlisleriň 7-si, “tegelek stoluň”
başyndaky maslahatlaryň 4-si geçirildi. Türkmen tarapynyň wekilleri öz
çykyşlarynda milli ykdysadyýetiň pudaklaryndaky maýa goýum mümkinçilikleri,
durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan taslamalar, döredilen amatly maýa goýum
gurşawy, halkara tejribä laýyklykda, maýadarlar üçin döredilýän hukuk,
maliýe-ykdysady şertler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Forumda çykyş eden
daşary ýurtly bilermenler, iri halkara guramalaryň, kompaniýalaryň ýolbaşçylary
döwletimiziň halkara abraýynyň has-da ýokarlanýandygyny we öz üstüne alan halkara
borçnamalaryna ygrarlydygyny bellediler.
Forumyň wekilleri Türkmenistan bilen
Owganystanyň arasynda nebit-gaz, energetika, ulag-logistika, aragatnaşyk
pudaklaryna degişli iri maýa goýum taslamalarynyň açylyş we gurluşyk işlerine
badalga bermek dabarasyna sanly ulgam arkaly gatnaşdylar. Maýa goýum forumynyň
çäklerinde ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary
we kärhanalary bilen daşary ýurtly kärdeşleriniň arasynda jemi 9 sany ähtnama,
5 sany ylalaşyga, 8 sany şertnama gol çekildi. Halkara guramalaryň, maliýe
institutlarynyň, daşary ýurtlaryň döwlet edaralarynyň hem-de kompaniýalaryň
ýolbaşçylarydyr wekilleri bilen 80-den gowrak duşuşyk guraldy. Olaryň barşynda
ykdysadyýetiň dürli pudaklary boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň we ösdürmegiň
mümkinçilikleri, özara bähbitli gatnaşyklaryň ugurlary barada pikir alşyldy.
Ylymlar akademiýasynyň Halkara
ylmy-tehnologiýa parkynda geçirilen Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary
tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahata hem-de sergä
ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 28-si, ýerli hususy
taraplaryň 58-si, 14 döwletden daşary ýurt kompaniýalarynyň 28-si gatnaşdy. Maslahatyň
çäginde «Hi-Tech Startup Turkmenistan — 2024» atly bäsleşigiň jemlerini jemlemek
dabarasy geçirildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň paýtagtynda geçirilen maýa goýum
forumynyň döwletimiziň dünýä ýurtlary bilen ykdysady hyzmatdaşlygyny
pugtalandyrmaga, täze işewür gatnaşyklary ýola goýmaga, ýurdumyzyň maýa goýum
mümkinçilikleri bilen tanyşmaga oňyn şertleri döredendigini belledi. Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýere ýurdumyzda maýa goýum taslamalaryny durmuşa
geçirmek hem-de bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek
babatda işleri netijeli dowam etdirmek tabşyryldy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzda uglewodorod serişdelerine
baý meýdançalary ýüze çykarmak we özleşdirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň sanly ulgam arkaly
dolandyrylýan we dürli şertlerde işlemäge mümkinçiligi bolan 3D geofiziki
enjamlar toplumy bilen üpjün edilmegi türkmen geologlaryna uglewodorod
serişdelerine baý meýdançalary ýüze çykarmaga, anyk maglumatlary almaga
mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça degişli teklip
hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýerasty baýlyklary ýüze çykarmak, uglewodorod
çig mal binýadyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini
güýçlendirmegiň, pudagyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek hem-de zerur bolan
enjamlar bilen üpjün etmek babatda çäreleri dowam etdirmegiň zerurdygyny
nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Türkmengeologiýa» döwlet
korporasiýasyna 3D geofiziki enjamlar toplumyny ornaşdyrmak baradaky teklibini
goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, welaýatlarda bugdaý ekişi agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp
barylýar. Ekiş möwsüminde önüm öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün
etmek, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek boýunça degişli çäreler
görülýär. Döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen, ýurdumyzda pagta
ýygymyna girişilip, häzirki wagtda bu iş guramaçylykly dowam edýär. Ýygnalýan
hasyly kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz
kabul etmek, hasyly daşamakda ulanylýan awtoulaglary netijeli işletmek babatda
zerur işler ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň maldarçylyk
hojalyklarynda oba hojalyk mallaryny talabalaýyk idetmek, olaryň baş sanyny
artdyrmak, önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, mallar üçin
ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek, ahalteke bedewleriniň baş sanyny
köpeltmek, olary talabalaýyk idetmek, tohum arassalygyny gorap saklamak boýunça
işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, ekerançylyk meýdanlarynyň suw
üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýlaryny gowulandyrmak, suw
serişdelerini tygşytly peýdalanmak üçin derýalaryň kenarlaryny berkitmek,
suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak işleri dowam etdirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatlarda bugdaý ekişini bellenen möhletlerde
we talabalaýyk geçirmek boýunça degişli çäreleri görmegiň, gallaçy daýhanlary
ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmegiň, ekişde ulanylýan tehnikalary doly
güýjünde işletmegiň möhümdigini belledi we ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz
ýygnap almak boýunça guramaçylyk işlerini alyp barmagy tabşyrdy.
Şeýle
hem wise-premýer şu ýylyň 16-njy sentýabrynda Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň
mejlisini, 19-20-nji sentýabrda “Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen
sepgitler we öňde durýan wezipeler” atly halkara ylmy maslahaty geçirmek
boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
geňeşiň mejlisine we halkara ylmy maslahata, degişlilikde, Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygynyň Baş sekretarynyň orunbasarynyň, Tohumçylyk meseleleri boýunça
hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň agzalarynyň, oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygy
bilen meşgullanýan hem-de oba hojalyk pudagynyň beýleki ugurlarynda işleýän
hünärmenleriň, ylmy işgärleriň, kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmaklary
meýilleşdirilýär.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyna dünýä tejribesini ornaşdyrmagyň,
bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ähmiýetini belledi hem-de
GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň
mejlisini, «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde
duran wezipeler» atly halkara ylmy maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy” ýylynda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33
ýyllyk baýramyna, Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde
paýtagtymyzda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, baş baýramymyzyň öňüsyrasynda Aşgabady bagy-bossanlyga büremek,
paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin
has amatly şertleri döretmek, baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk
derejesinde geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda,
medeni-durmuş maksatly binalary abatlamak, ýanaşyk ýerleri, seýilgähleri,
baglary, suw çüwdürimlerini abadanlaşdyrmak, bezeg güllerini ekmek boýunça
işler yzygiderli alnyp barylýar. Şäheriň baýramçylyk bezegine aýratyn ähmiýet
berilýär. Şeýle hem Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 4 sany
her biri 54 öýli, 9 gatly, 9 sany her biri 36 öýli, 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň
we seýilgähiň açylyş dabaralaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen
birlikde, ýurdumyzyň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan taryhy waka —
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzda, şol sanda Aşgabatda
döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerini
giňden guramagyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede
taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere
paýtagtymyzda bezeg we abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri
talabalaýyk dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33
ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisini guramak
boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, onuň açylyş dabarasy 19-njy sentýabrda guralar. Sergide hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda dürli ugurlar boýunça amala aşyrylýan
özgertmeler, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler öz beýanyny tapar.
Forumyň çäklerinde döwlet we hususy kärhanalara täze önümleri, geljekki ösüş
maksatnamalary, maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmak üçin mümkinçilik
dörediler. Şeýle hem haly dokamak, dutar ýasamak, küýzegärlik ýaly halk
senetçiliginiň görnüşleri boýunça ussatlyk sapaklaryny guramak göz öňünde
tutulýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli
geçirilýän ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine ýokary derejede
taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz wise-premýere sergide döwletimizde durmuşa geçirilýän
özgertmeleriň, gazanylan üstünlikleri beýan edýän işleriň giňden görkezilmegini
üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Magtymguly Pyragynyň doglan
gününiň 300 ýyllygy mynasybetli yglan edilen döredijilik bäsleşikleri barada
hasabat berdi.
Beýik
akyldar şahyrymyzyň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmek, çeper döredijilik bilen
meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek, olaryň kalbynda dana şahyrymyzyň
eserlerinde öňe sürülýän watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik
ýaly asylly ýörelgelere söýgi döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň
Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky
bäsleşiginiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly bäsleşik yglan edildi. Magtymguly
Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33
ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe,
radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan degişli
jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ýaş ýazyjylaryň, dramaturglaryň,
suratkeşleriň, sazandalaryň hem-de kitaphana işgärleriniň arasynda birnäçe
döredijilik bäsleşikleri geçirildi. Olaryň jemleri jemlenildi hem-de ýeňijilere
baýraklary gowşurmak dabaralary boldy.
Şu
ýylyň 28-nji sentýabrynda Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda
şanly seneler mynasybetli yglan edilen bäsleşikleriň ýene-de birnäçesiniň
jemlerini jemlemek dabarasy bolar. Bellenilişi ýaly, bu çäreleriň geçirilmegi
Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny giňden
wagyz etmek, ýaş döredijileri täze üstünliklere ruhlandyrmak, milli
edebiýatymyzy we medeniýetimizi has-da belent sepgitlere ýetirmek üçin ajaýyp
mümkinçilikdir.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Magtymguly Pyragynyň
doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejede giň gerimli işleriň
alnyp barylýandygyny, bu işleriň şahyryň hormat-sarpasyny has-da belende
götermäge, edebi mirasyny giňden wagyz etmäge, düýpli öwrenmäge ýardam
edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere Magtymguly Pyragynyň
300 ýyllyk ýubileýi we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli
geçiriljek döredijilik bäsleşiklerine gowy taýýarlyk görmek hem-de olary ýokary
derejede geçirmek tabşyryldy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa ýurdumyzyň ýokary okuw
mekdeplerinde halkara olimpiadalary we ylmy-amaly maslahatlary geçirmäge
görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmyň iň soňky gazananlary bilen
enjamlaşdyrylan bilim edaralary gurlup ulanmaga berilýär, kämil hünärmenleri
taýýarlamak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ylym-bilim ulgamynda
halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge ýardam berýän halkara ylmy
maslahatlary, sergileri, bäsleşikleri, olimpiadalary geçirmekde oňyn tejribe
toplandy.
«Türkmenistanyň
ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda»,
şeýle hem bilim ulgamy boýunça kabul edilen konsepsiýalarda kesgitlenen
wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrligi
tarapyndan 16-17-nji oktýabrda Türkmen oba hojalyk institutynda
«Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly sanly ulgam arkaly
halkara ylmy-taslamalar bäsleşigini; 1-nji noýabrda Türkmen döwlet maliýe
institutynda «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça Açyk
halkara internet olimpiadasyny; 6-njy noýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetinde «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi»; 13-nji
noýabrda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde
«Himiýa we gazhimiýa innowasion tehnologiýalaryň geljegi» atly sanly ulgam
arkaly halkara ylmy-amaly maslahatlary; 15-nji noýabrda Türkmen döwlet
ykdysadyýet we dolandyryş institutynda maliýe dersi boýunça Açyk halkara
internet olimpiadasyny, 29-njy noýabrda «Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara
tejribe we ösüşiň geljekki ugurlary» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly
maslahaty; 18 — 20-nji noýabrda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetinde filosofiýa, 21 — 23-nji noýabrda ykdysadyýet dersleri boýunça
halkara internet olimpiadalaryny; 20-nji noýabrda Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde biologiýa dersi boýunça III
halkara internet olimpiadasyny; 25 — 30-njy noýabrda Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadasyny
geçirmek meýilleşdirilýär.
Bellenilişi
ýaly, bu halkara olimpiadalara, ylmy-amaly maslahatlara ýurdumyzyň ýokary okuw
mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary, alymlary bilen bir hatarda,
Russiýa Federasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, ABŞ-nyň, Koreýa
Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Awstriýanyň, Germaniýanyň,
Belarusuň, Malaýziýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, beýleki onlarça döwletiň
abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, alymlarynyň gatnaşmagyna
garaşylýar. Halkara derejeli intellektual ýaryşlarda ýeňiji bolan zehinli
talyplary medallar, dürli derejeli diplomlar bilen sylaglamak göz öňünde
tutulýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak,
kämil hünärmenleri taýýarlamak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini
belledi. Döwlet Baştutanymyz halkara ylmy maslahatlaryň, sergileriň,
olimpiadalaryň ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýändigini
aýdyp, şu ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde
halkara olimpiadalary we ylmy-amaly maslahatlary geçirmek boýunça taýýarlanan
teklibi goldady hem-de wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
Türkmenistanyň sanly ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça ýerine
ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe teklipler hödürlenildi.
Ýurdumyzyň
kanunçylyk binýadyny halkara hukugyň häzirki zaman kadalaryna laýyk getirmäge
gönükdirilen Hereketleriň meýilnamasyny taýýarlamak teklip edilýär. Şunuň bilen
baglylykda, Türkmenistanyň sanlylaşdyrmak boýunça kabul edilen konwensiýalara
goşulmagynyň mümkinçiliklerini öwrenmek, milli kanunçylygymyzy halkara
resminamalara laýyklykda kämilleşdirmek babatda hyzmatdaş halkara guramalar
bilen degişli okuwlary we maslahatlary yzygiderli geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şu ýylyň noýabrynda Aşgabatda sanly hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebitara
dialogy geçirmek teklip edilýär. Bu çäre agzalan ugurda sebitdäki döwletler
hem-de kompaniýalar bilen ýurdumyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze
mümkinçiliklerine seretmäge, tejribe alyşmaga, Türkmenistanda alnyp barylýan
işler bilen dünýä jemgyýetçiligini giňden tanyşdyrmaga mümkinçilik döreder.
Hasabatyň
dowamynda sanly ulgamyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmekde dünýäniň tehnologik
taýdan ösen ýurtlary bilen 2025 — 2027-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek barada
Maksatnamany taýýarlamak teklip edildi.
Şunuň
bilen baglylykda, bu ugurda döwletimiziň hünärmenleri tarapyndan daşary
ýurtlarda kiberhowpsuzlygy üpjün etmek, maglumat tehnologiýalaryny goramak
boýunça ulgamlaýyn alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrmak, ýurdumyzyň tejribesi
bilen paýlaşmak boýunça degişli işleri yzygiderli geçirmek meýilleşdirilýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirligi bilen
bilelikde sanly ulgamy goramak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de
berkitmek teklip edilýär. Şunda 2024-2025-nji ýyllarda BMG-niň bu
ýöriteleşdirilen düzümi tarapyndan internet ulgamynda kiberterrorçylygyň öňüni
almak, wajyp infrastrukturalary kiberhüjümlerden goramak ýaly ugurlarda alnyp
barylýan işlere we taslamalara ýurdumyzyň işjeň gatnaşmagy maksadalaýyk
hasaplanýar.
Ýewropada
Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen kiberhowpsuzlyk, döwlet we bank
hyzmatlaryny, şeýle-de ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak, sanly maliýe ulgamlaryny
peýdalanmakda milli hünärmenleriň sowatlylygyny ýokarlandyrmak babatda
hyzmatdaşlygy ösdürmek teklip edilýär. Agzalan ugurlarda bu gurama bilen hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de berkitmek maksady bilen, dürli sebitleýin taslamalary durmuşa
geçirmegi öwrenmek, hünär kämilleşdiriş okuwlaryny yzygiderli geçirmek göz
öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda ykdysadyýetiň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmakda sanly ulgamyň giňden
ornaşdyrylýandygyny belledi. Döwrüň talabyna görä, hyzmatlaryň görnüşleri
kämilleşdirilýär hem-de artdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky işleri
dünýä ülňülerine laýyk alyp barmak üçin halkara tejribäni yzygiderli öwrenmek
zerur bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer, daşary
işler ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew raýat awiasiýasy
pudagynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, “Türkmenhowaýollary”
agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň binýadynda
Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň okuwyny guramak teklip edilýär. Şeýle hem
ýurdumyzyň Halkara howa menzilleriniň ýük dolanyşygyny artdyrmak we ýük
ammarlarynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, halkara ýük howa gatnawlarynyň
sanyny artdyrmak maksady bilen, amaly okuwlary guramak meýilleşdirilýär. Şunuň
bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, soňky
ýyllarda ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagynyň barha ösdürilýändigini, täze uçarlaryň
yzygiderli satyn alynýandygyny, howa menzillerinde döwrebap şertleriň
döredilýändigini, munuň bolsa halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamagy talap
edýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz raýat awiasiýasy pudagynyň
hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we tejribelerini artdyrmak
boýunça okuwlary geçirmek baradaky teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu
ugurda degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly
Pyragy» ýylynda “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
we maýa goýum Maksatnamasynyň” kabul edilendigini belledi. Maksatnamanyň
çäklerinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen birnäçe
işler alnyp barylýar. Ýakynda bolsa paýtagtymyzda Türkmenistanyň maýa goýum
forumy ýokary derejede geçirildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we forumyň
netijeleri boýunça seljeriş işlerini geçirip, ähli ugurlar boýunça maýa
goýumlary çekmekde hasabatlary taýýarlamagyň möhümdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Hökümet agzalaryna
halkara derejeli bu forumda gelnen netijeleri, anyk teklipleri jemläp, wajyp
ähmiýetli desgalary işe girizmek we düýbüni tutmak dabaralarynyň taryhy
ähmiýetini beýan etjek brifing görnüşli halkara maslahaty ýokary guramaçylyk
derejesinde geçirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz
Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň jemleri boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan
okuw-usuly gollanmany taýýarlamak babatda degişli görkezmeleri berdi. Munuň özi
ýurdumyzyň ykdysady ugurly ýokary okuw mekdeplerinde bilim berýän mugallymlar,
talyplar üçin gymmatly gollanma bolar.
Soňra wise-premýer, daşary işler ministri
R.Meredow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek
boýunça başyny başlan giň möçberli işleriniň hormatly Prezidentimiz tarapyndan
üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Ýakynda paýtagtymyzda geçirilen maýa
goýum forumynyň giň wekilçilikli düzümi hem-de onuň çäklerinde gazanylan
ylalaşyklar onuň aýdyň güwäsidir. Türkmenistan bu möhüm forumy üstünlikli
geçirmek bilen, dünýä giňişliginde ygtybarly hyzmatdaşdygyny ýene-de bir gezek
görkezdi. Şunuň bilen bir hatarda, türkmen-owgan serhedinde täze energetika,
ulag-kommunikasiýa, logistika desgalarynyň işe girizilmegi hem-de gurluşygyna
badalga berilmegi mynasybetli dabaralaryň möhüm ähmiýeti bellenildi. Bu
taslamalar hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň aýdyň
nusgasydyr.
Pursatdan peýdalanyp, wise-premýer, daşary
işler ministri mejlise gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy bu möhüm wakalar bilen tüýs
ýürekden gutlady we berk jan saglyk, uzak ömür, asylly başlangyçlarynyň
rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz halkara maýa goýum
forumynyň üstünlikli geçirilendigine ünsi çekdi hem-de onuň çäklerinde guralan
gepleşikleriň we gazanylan ylalaşyklaryň wajyp ähmiýetini belledi. Gahryman
Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň we Owganystanyň halklarynyň umumy
bähbidine hyzmat etjek möhüm desgalaryň işe girizilmegi we düýbüniň tutulmagy
ýurdumyzyň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň
üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr diýip, hormatly
Prezidentimiz aýtdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da
birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa
gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň
gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.