Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini
geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş
edip, döwlet durmuşynyň dürli ulgamlaryny hukuk taýdan kadalaşdyrmaga
gönükdirilen kanunlaryň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylyşy barada maglumat
berdi. Hususan-da, iş toparlarynda Türkmenistanyň Administratiw hukuk
bozulmalary hakynda kodeksine, “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Bitewi
kanunyna, “Awtomobil ulagy hakynda”, “Adalatçy hakynda”, “Döwlet gullugy
hakynda” Kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda degişli işleriň
alnyp barylýandygy bellenildi.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy
mynasybetli geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk
görlüşi barada aýdyldy. Mejlise taýýarlyk işleri Halk Maslahaty, Ministrler
Kabineti, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary,
häkimlikler, iri jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde alnyp barylýar.
Döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm orny eýeleýän umumymilli
forumyň taryhy ähmiýetini ilata düşündirmek maksady bilen, dürli çäreler
guralýar, gazet-žurnallaryň sahypalarynda şu mowzuk boýunça makalalar çap
edilýär. Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda Garaşsyzlygyň şanly senesi
mynasybetli ýurdumyzyň durmuşynyň syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarynda ýokary
zähmet üstünliklerini gazanan raýatlarymyzy döwlet sylaglaryna hödürlemek
boýunça işleriň geçirilýändigi bellenildi. Şeýle-de milli parlamentiň
ýolbaşçysy Kamboja Patyşalygynyň, Mawrikiý Respublikasynyň, Somali Federatiw
Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden
ynanç hatlarynyň kabul edilendigini habar berdi. Mejlisiň deputatlary Birleşen
Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Çagalar gaznasy tarapyndan ýurdumyzyň
ugurdaş döwlet düzümleri bilen bilelikde guralan maslahatlara gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz döwrüň talabyna laýyk
gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagyň möhüm wezipeleriň biri
bolup durýandygyny belledi. Şeýle hem Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy
mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň zerurdygyna üns
çekildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
H.Geldimyradow “Sanly we “ýaşyl” ykdysadyýet — durnukly ykdysady ösüşi üpjün
etmegiň şerti” atly ylmy-amaly maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, bu forum hormatly Prezidentimiziň Karary bilen
tassyklanan ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan
2024-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we
festiwallaryň Sanawyna laýyklykda, 20-nji sentýabrda geçiriler. Maslahatda
ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşi, maliýe-ykdysady we pul-karz syýasaty, zähmet
gatnaşyklary, standartlaşdyryş ulgamy, sanly we “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmek
ugrunda amala aşyrylýan çäreler, durmuş goraglylygy ulgamyny sanlylaşdyrmak
ýaly ugurlar boýunça çykyşlar göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady ösüşine bagyşlanan ylmy-amaly maslahata
gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Forumyň esasy maksady
Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri
giňden beýan etmekden ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we
wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Galkynyş” gaz käninde goşmaça
gazylmagy göz öňünde tutulan gaz guýularynyň buraw işleri üçin zerur bolan
serişdeler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu gaz känini tapgyrlaýyn
esasda özleşdirmek babatda zerur işler geçirilýär. “Galkynyş” gaz känini
özleşdirmegiň birinji tapgyrynda ulanmaga berlen önüm berýän gaz guýularynyň
bökdençsiz we ygtybarly işlemegini üpjün etmek maksady bilen, goşmaça gaz
guýularynyň birnäçesini burawlamak, önümçilige girizmek meýilleşdirilýär. Olary
ýörite enjamlar bilen üpjün etmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
«Galkynyş» gaz käninde goşmaça gazylmagy göz öňünde tutulan gaz guýularynyň
buraw işlerini ýerine ýetirmek üçin zerur serişdeler bilen üpjün etmek boýunça
teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi, pagta ýygymyna
taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ak
pata bermegi bilen ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaý ekişine guramaçylykly
girişildi. Bu jogapkärli möwsümi agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirmek
üçin degişli çäreler görülýär. Ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryndan
netijeli peýdalanmak, bugdaý öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün
etmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Ýeralmanyň, gök we beýleki azyklyk
oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, azyk üpjünçiligini
pugtalandyrmak boýunça netijeli çäreler görülýär. Şu günler welaýatlarda gowaça
ideg etmek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Pagta arassalaýjy
kärhanalar, harmanhanalar, pagta daşamakda ulanyljak awtoulaglar, beýleki oba
hojalyk tehnikalary möwsüme taýýar edildi.
Pagta hasylyny öz wagtynda ýygnap almak, ýygym
möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, wise-premýer hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ussat daýhanlaryň, tejribeli
hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe
maslahatlaryny geçirmegiň hem-de il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda pagta
ýygymyna başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermek baradaky haýyş bilen
ýüzlendi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba
hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini kämilleşdirmegi dowam
etdirmegiň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz geljek ýylyň bugdaý
hasylynyň ekiş möwsümini talabalaýyk geçirmegiň zerurdygyny aýdyp, şunda ýokary
hilli bugdaý tohumyndan peýdalanyp, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli
ulanmagyň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen birlikde, beýleki möwsümleýin oba
hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek işlerini hem talabalaýyk alyp
barmak tabşyryldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara
ýüzlenip, oba hojalygynda örän möhüm we jogapkärli möwsüm bolan pagta ýygymynyň
ýetip gelendigini aýtdy. Bu möhüm çäräni guramaçylykly geçirmek maksady bilen,
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda 11-nji sentýabrda pagta
ýygymyna başlamaga ak pata berdi we hormatly ýaşululardan pagta ýygymyny
«bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzyň edermen pagtaçylaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp
barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annamämmedow içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli
önümleriň öndürilişini artdyrmak maksady bilen, “Türkmenhimiýa” döwlet
konserniniň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada
hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, “Maryazot” önümçilik birleşiginiň
kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça geçirilýän toplumlaýyn işler hakynda aýdyldy.
Konserniň hünärmenleri tarapyndan mineral dökünleri öndürýän toplumyň daşky
inženerçilik ulgamlary bilen bilelikde taslamalaşdyrmak we doly taýýar edip
gurmak boýunça tehniki tabşyryk taýýarlanyldy.
Bu taslamanyň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň oba
hojalyk önümlerini öndürijileriniň mineral dökünlere bolan isleglerini doly
kanagatlandyryp, artýan bölegini daşary ýurtlara eksport etmäge, öndürilýän
mineral dökünleriň görnüşlerini artdyrmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, ýurdumyzda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän täze,
döwrebap önümçilikleriň ýola goýulmagynyň möhümdigini belledi. Döwlet
Baştutanymyz Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde mineral dökünleri öndürýän
toplumy gurmak boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Atdaýew ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny
has-da ösdürmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, söwda amallaryny halkara
kadalara laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmek, işiň döwrebap usullaryny we
sanly ulgamy ornaşdyrmak daşary söwdanyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Wise-premýer şu ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady
aragatnaşyklar ministrligi bilen Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça
jemgyýetiniň (GIZ) arasynda “Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek”
atly sebitleýin taslama hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol
çekilendigini aýtdy. Ähtnamany durmuşa geçirmek maksady bilen, 2024-nji ýylyň
ahyryna çenli ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulýan çäreleriň meýilnamasynyň
taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu resminama döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýä
döwletleri, şol sanda sebit ýurtlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy
ösdürmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi. Söwda amallaryny halkara
kadalara laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmek zerurdyr diýip, döwlet
Baştutanymyz nygtady we häzirki zaman usullaryny, sanly ulgamy ornaşdyrmak
arkaly söwda amallaryny ýönekeýleşdirmäge aýratyn üns bermegiň wajypdygyny
belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere «Merkezi Aziýada söwda amallaryny
ýönekeýleşdirmek» atly sebitleýin taslamanyň çäginde göz öňünde tutulan çäreler
boýunça degişli işleri geçirmek tabşyryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
M.Mämmedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek
dabaralaryň we çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şanly sene mynasybetli şu
ýylyň sentýabr aýynyň dowamynda dürli maslahatlar, sergiler, döredijilik
duşuşyklary, wagyz-nesihat çäreleri we aýdym-sazly dabaralar geçirilýär. Aýyň
esasy çäreleriniň hatarynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji
tapgyry, “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumyndaky Magtymguly Pyragynyň
ýadygärligine we Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabaralary, “Arkadag Serdarly
Watanyň şöhraty Garaşsyzlyk!” atly şekillendiriş we amaly-haşam sungaty
eserleriniň sergisi, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly
bäsleşiginiň jemini jemlemek, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan raýatlary
sarpalamak çäreleri, dabaraly ýöriş, baýramçylyk konsertleri, feýerwerk, at
çapyşyklary we beýleki çäreler bar.
Şu günler teatrlarda, kinoteatrlarda,
kinokonsert merkezlerinde halk köpçüligine täze sahna oýunlary, filmler
görkezilýär. Ýurdumyzyň muzeýlerinde, kitaphanalarynda, taryhy-medeni
ýadygärlikler toplumlarynda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan
üstünlikleri giňden beýan edilýär. Telewideniýe, radiogepleşikler we
kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan dokumental filmler,
wideoşekiller, dürli mazmunly gepleşikler taýýarlanylyp, ýaýlyma berilýär.
Şeýle hem olary daşary ýurt teleýaýlymlarynda görkezmek boýunça giň gerimli
işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň ýetip gelýändigini nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli bellenen dabaralary we
çäreleri ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyna üns çekildi. Olarda ýurdumyzyň
ähli ugurlardaky üstünlikleri öz beýanyny tapmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz
aýtdy we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary B.Orazdurdyýewa ýurdumyzyň käbir ýokary okuw mekdeplerinde
ylmy-amaly elektron žurnallary döretmek işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň
taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak
ugrundaky işler halkara ölçeglere laýyklykda kämilleşdirilýär, ýaş alymlaryň,
talyplaryň ylmy-döredijilik işlerini has-da işjeňleşdirmek üçin sanly ulgamyň
giň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga ähli şertler döredilýär. “Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” kesgitlenen wezipä laýyklykda,
ýokary hünär bilimi edaralarynyň halkara reýtingine goşulmak üçin guramaçylyk
işleri alnyp barylýar.
Ylmy işleri, innowasion işläp taýýarlamalaryň
netijelerini ýurdumyzda we dünýäniň ylym-bilim giňişliginde giňden ýaýmak
maksady bilen, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri
institutynda “Filologiýanyň meseleleri” atly ylmy-usuly, Türkmen döwlet
ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Innowasiýa ykdysadyýeti we durnukly
ösüş” atly ylmy-amaly elektron žurnallary döretmek, olary çärýekde bir gezek
elektron görnüşde türkmen, iňlis, rus dillerinde internet ulgamy arkaly
okyjylar köpçüligine ýetirmek maksadalaýyk hasaplanýar. “Filologiýanyň
meseleleri” atly elektron žurnalda filologiýanyň nazary-amaly meselelerine,
dünýä dilleriniň, şol sanda türkmen diliniň taryhyna, deňeşdirme-degşirme
derňewlerine, milli we dünýä edebiýatynyň taryhyna, okatmagyň usulyýetlerine,
terjimeçilik işlerine bagyşlanan ýurdumyzyň hem daşary ýurtly alymlaryň,
talyplaryň makalalaryny ýerleşdirmek maksat edinilýär. “Innowasiýa ykdysadyýeti
we durnukly ösüş” atly elektron žurnalyň sahypalarynda bolsa ykdysadyýetiň,
ykdysady ösüşiň nazaryýetine, innowasion ykdysadyýete, durnukly ösüşi üpjün
etmegiň ylmy esaslaryna, maliýe-bank ulgamynyň meselelerine bagyşlanan makalalary
ýerleşdirip, alymlaryň, hünärmenleriň, işewürleriň, talyplaryň tejribe
alyşmaklary üçin giň mümkinçilikleri döretmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda alnyp barylýan ylmy barlaglary sanly ulgamyň üsti bilen giň köpçülige
ýaýmak üçin Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri
institutynda «Filologiýanyň meseleleri» atly ylmy-usuly, Türkmen döwlet
ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Innowasiýa ykdysadyýeti we durnukly
ösüş» atly ylmy-amaly elektron žurnallary döretmek baradaky teklibi goldap,
wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 10-njy sentýabrynda açyljak 79-njy
sessiýasyna gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
BMG bilen strategik hyzmatdaşlygy giňeltmegiň
ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy
nygtaldy. Dünýä bileleşigi ýurdumyzyň howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek,
daşky gurşawy goramak, syýasy, ykdysady, energetika, ulag we beýleki ugurlarda
hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebit hem-de halkara ähmiýetli başlangyçlaryny
doly goldaýar. Türkmenistanyň oňyn teklipleri Birleşen Milletler Guramasynyň
Kararnamalarynda we beýleki resminamalarynda öz beýanyny tapýar.
Häzirki wagta çenli ýurdumyzyň başlangyjy
esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 26 Kararnamasy biragyzdan kabul edildi.
Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň 8 gezek Baş Assambleýanyň
wise-başlyklygyna saýlanylandygy, BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň
10 sany komissiýasynyň we geňeşiniň agzasy bolup durýandygy bellenildi.
Ýurdumyzda guramanyň agentlikleriniň 9-synyň wekilhanalary hereket edýär. Olaryň
gatnaşmagynda häzirki wagtda BMG bilen bilelikde jemi 40-dan gowrak taslama
durmuşa geçirilýär.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňümizdäki
sessiýasynyň çäklerinde 24 — 30-njy sentýabrda ýokary derejeli hepdeligiň
geçirilmegine garaşylýar. 22-23-nji sentýabrda “Geljegiň sammitiniň” we beýleki
çäreleriň guralmagy göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyzyň goldawy esasynda BMG-niň
Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary
taýýarlanyldy. Onda möhüm ugurlaryň birnäçesi beýan edildi. Şunda ählumumy
parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek wajyp ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Şunuň bilen baglylykda, Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek boýunça
daşary ýurtlar hem-de BMG-niň degişli düzüm birlikleri bilen bilelikde işleri
alyp barmak meýilleşdirilýär. Öňde açyljak sessiýanyň çäklerinde ýurdumyzyň
hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygy” atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlemek hem göz öňünde tutulýar.
Mundan başga-da, geljek ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda
Kararnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, birnäçe halkara çäreleri geçirmek
meýilleşdirilýär.
Türkmenistan halkara we sebit derejesinde
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek işinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek
ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Ýapyk aýlanyşykly
ykdysadyýete geçmek boýunça ählumumy Çarçuwaly maksatnamany, 2026 — 2035-nji
ýyllar üçin BMG-niň “Durnukly ulagyň onýyllygyny” durmuşa geçirmek boýunça
Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasyny işläp düzmegi, Ählumumy energetika
howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmegi
teklip edýär.
Türkmenistan dünýä bileleşiginiň howanyň üýtgemegi
we ekologik howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça tagallalaryna işjeň
gatnaşýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynyň çäklerinde
Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit
merkezini döretmek babatdaky işler dowam etdiriler. Mundan başga-da,
döwletimiziň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň
sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň döredilmeginiň şertlerine garamak» atly
Kararnamasyna laýyklykda geňeşmeler geçiriler. Hazar deňziniň tebigy
baýlyklaryny gorap saklamak hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda
durýar. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanda Hazar
ekologiýa forumyny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Ýurdumyz köptaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygy
işjeň ösdürmäge-de uly ähmiýet berýär. Bu ugurda «Zenanlar, parahatçylyk we
howpsuzlyk» atly gün tertibini durmuşa geçirmek boýunça zenanlar dialogynyň
yzygiderli esasdaky geňeşmeleriniň mehanizmini döretmek teklip edilýär. Şeýle
hem «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly halkara meýilnamany durmuşa
geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda döredilen Merkezi
Aziýanyň ýaşlar dialogy boýunça degişli işler amala aşyrylar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly
hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny we onuň ýylsaýyn täze many-mazmun bilen
baýlaşdyrylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
wise-premýer, daşary işler ministrine Türkmenistanyň BMG-niň Baş
Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň işine gatnaşmagyna ýokary derejede
taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew döwrüň talaplaryna
laýyklykda, ulag-kommunikasiýa toplumynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny
kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen
baglylykda, bu ugurda zerur çäreleriň görülýändigi habar berildi hem-de döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa pudagynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döwrüň
talabyna laýyk getirmegiň möhüm bolup durýandygyny belledi we hödürlenen
teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisini jemläp,
oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň
gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.