Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi.
Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça möhüm meselelere garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu
ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 23-si, hususan-da,
“Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda”,
“Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda”, “Energiýany tygşytlamak we
energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda”, “Gidrometeorologiýa işi hakynda”
Kanunlar hem-de ýurdumyzyň daşary syýasy başlangyçlaryny hukuk taýdan goldamak bilen
baglanyşykly başga-da birnäçe kanunlar kabul edildi. Dürli ulgamlarda
gatnaşyklary kadalaşdyrýan birnäçe kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeler we
goşmaçalar girizildi. Mejlisiň kararlarynyň 15-si kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça
ýylyň başyndan bäri daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary
we Doly ygtyýarly ilçileriniň 10-syndan ynanç hatlary kabul edildi. Daşary
ýurtlaryň parlamentleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklary
pugtalandyrmagyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň 27-si geçirildi.
Deputatlar kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň
ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça abraýly düzümler bilen bilelikde
guralan maslahatlaryň 77-sine gatnaşdylar. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe
alyşmak maksady bilen, daşary ýurtlara iş saparlarynyň 26-sy guraldy. Şeýle hem
deputatlaryň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň we mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy
bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini
giňden wagyz etmek, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine
düşündirmek boýunça guralan çärelere gatnaşandyklary barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Halk Maslahatynyň mejlisine gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny
döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny
belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
H.Geldimyradow 2024-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýurdumyzda gazanylan
makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. Maksatnamalaýyn çäreleriň
üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, şu ýylyň ýedi aýynda jemi içerki önüm
6,3 göterim artdy. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,6 göterime, gurluşykda 9,3
göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 7,1 göterime, söwdada 7,8 göterime, oba
hojalygynda 7,8 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7 göterime deň boldy. Geçen ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda jemi
öndürilen önüm 11,5 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik
netijeleri gazanyldy.
2023-nji ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 11 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar
— iýul aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102,9
göterim, çykdajy bölegi 97,8 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta
kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä,
10,5 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary,
pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa
goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12,1 göterim
artdy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat
berildi, hususan-da, durmuş maksatly we düzümleýin desgalaryň gurluşygy boýunça
görkezijiler beýan edildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady
görkezijilerini durnukly saklamak boýunça zerur işleri geçirmegiň wajypdygyny
belledi. Şunda jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklamaga
möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere
hereket edýän önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak, täzeleriniň işini ýola goýmak
boýunça alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän ýangyç-energetika
toplumynda şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri, pudaklaýyn düzümleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça
görlen çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, nebiti we gaz
kondensatyny çykarmak babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler hakynda
aýdyldy.
Bellenilişi
ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy
102,6 göterim, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan
işlemegiň meýilnamasy 102,9 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe benzin
öndürmegiň meýilnamasy 108,5 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 112
göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 110,6 göterim boldy. Şunuň
bilen birlikde, suwuklandyrylan gazy öndürmek, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak,
mawy ýangyjy daşary ýurtlara ibermek babatda gazanylan görkezijiler hakynda
aýdyldy. Maýa goýumlar barada maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleri boýunça
meýilnama 119,1 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyna degişli
kärhanalaryň doly güýjünde işledilmegini gazanmak üçin toplumyň işini
yzygiderli kämilleşdirip durmagyň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen birlikde,
nebitiň çykarylýan we gaýtadan işlenen nebit önümleriniň möçberini artdyrmak
zerurdyr. Döwlet Baştutanymyz gyş möwsüminde tebigy gaza islegiň artýandygyny
nazara alyp, häzirden taýýarlyk işlerini geçirmegiň wajypdygyny belledi.
Wise-premýer
täze, döwrebap ugurdaş desgalary gurmak, işe innowasiýalary, öňdebaryjy
tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak arkaly “Türkmengaz” döwlet konserniniň
infrastrukturasyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler
barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda Türkmenistanda ýangyç-energetika toplumyny
diwersifikasiýalaşdyrmaga, onuň serişdelerinden we önümçilik kuwwatyndan doly
peýdalanmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy
ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn strategiýanyň durmuşa geçirilýändigi
bellenildi. “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan bu ugurda alnyp barylýan
çäreler tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmaga, ýurdumyzyň sarp edijilerine
iberilýän gazyň we eksportyň möçberini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmengaz» döwlet
konserniniň «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasyny gurmak hakynda Kararyň taslamasy
hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri
üstünlikli ýerine ýetirmegiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz türkmen
tebigy gazyny dünýä bazarlaryna çykarmakda uly ähmiýeti bolan desgalaryň
taslamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň
«Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasyny gurmak hakynda Karara gol çekdi we resminamany
wise-premýere sanly ulgam arkaly iberip, onuň ýerine ýetirilişine berk
gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän pudagynda şu
ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada
hasabat berdi.
Oba
hojalyk pudagynda önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, 125,4 göterime, şol sanda Oba hojalyk ministrligi boýunça 104,1
göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 100 göterime, Suw hojalygy
baradaky döwlet komiteti boýunça 134,6 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni
boýunça 101,3 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 225,9
göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 115 göterime, Azyk
senagaty döwlet birleşigi boýunça 100,3 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk
senagaty döwlet birleşigi boýunça 105,5 göterime, “Türkmen atlary” döwlet
birleşigi boýunça 101,5 göterime barabar boldy. Maýa goýum serişdelerini
özleşdirmegiň meýilnamasy 434,1 göterim ýerine ýetirildi.
Häzirki
wagtda welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär. Gowaça ekilen
meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar.
Pagta ýygýan kombaýnlary we beýleki oba hojalyk tehnikalaryny, pagta
arassalaýjy kärhanalary, kabul ediş harmanhanalaryny möwsüme taýýarlamak
boýunça degişli işler geçirilýär. Ýurdumyzda ýeralmanyň, gök we beýleki azyklyk
oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, azyk üpjünçiligini
pugtalandyrmak babatda işler alnyp barylýar.
Welaýatlarda
bugdaý ekişi möwsümine degişli taýýarlyk görülýär. Bugdaý ekiljek meýdanlarda
sürüm, tekizlemek, geriş we çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri dowam edýär.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň
welaýatlarynda 2025-nji ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda, bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirmek maksady
bilen, ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň, mehanizatorlaryň
gatnaşmagynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de hormatly ýaşulularyň
gatnaşmagynda bugdaý ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermek
baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk
pudagynda geçirilýän düýpli özgertmeleriň ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň
möçberini artdyrmaga, azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilendigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere oba hojalyk pudagyny
toplumlaýyn ösdürmek boýunça netijeli işleri geçirmegi dowam etdirmegi
tabşyrdy.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlarymyzyň yhlasly zähmet
çekip, ýerden bol hasyl almagy üçin döwletimiz tarapyndan zerur şertleriň
döredilýändigini belledi. Häzir gallaçy daýhanlarymyz üçin örän möhüm we
jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişi ýetip geldi. Bu möwsümi agrotehniki
möhletlerde, guramaçylykly geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatlarynda 4-nji sentýabrda
bugdaý ekişine girişmäge ak pata berýändigini aýtdy we hormatly ýaşululardan
bugdaý ekişini «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.
Döwlet
Baştutanymyz zähmetsöýer gallaçylara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow 2024-nji ýylyň ýanwar — iýul
aýlarynda gurluşyk-senagat toplumy tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine
ýetirilen işleriň meýilnamasy 110,5 göterim boldy. Şu ýylyň ýedi aýynda
Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça işleriň meýilnamasy 107,8 göterim
berjaý edildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň
we ýerine ýetirilen işleriň möçberi 1 milliard 28 million manada deň boldy.
Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we işleriň meýilnamasy 106,6
göterim, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan öndürilen önümleriň we
işleriň meýilnamasy 126,8 göterim berjaý edildi.
Ýanwar
— iýul aýlarynda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet
agentligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 109 göterim, Aşgabat
şäheriniň häkimligi boýunça 110,8 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumy boýunça kärhanalaryň
bökdençsiz işledilmegini gazanmak hem-de taslama kuwwatyna çykarmak üçin
toplumlaýyn çäreleri görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde,
täze önümçilikleri ýola goýup, iş orunlaryny döretmek işlerini dowam etdirmegiň
möhümdigi bellenildi. Döwlet Baştutanymyz 2024-nji ýylda açylyp ulanmaga
berilmeli binalaryň we desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň bellenen
möhletlerde tamamlanmagyna berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny aýdyp,
wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän ministrliklerinde
we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, hususy pudakda şu ýylyň ýanwar — iýul
aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Söwda
we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş
depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 104,5 göterime barabar
boldy. Öndürilen önümleriň ösüş depgini 103 göterim ýerine ýetirildi. Dokma
senagaty ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende,
nah ýüplügiň öndürilişi 139,4 göterime, nah matalaryňky 125 göterime, tikin we
trikotaž önümleriniňki 105 göterime, gön önümleriniňki 119,6 göterime barabar
boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 100,1
göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan ýanwar — iýul
aýlarynda 174 birža söwdasy geçirilip, olarda 16 müň 821 şertnama hasaba
alyndy. Hasabat döwründe Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň
ösüş depgini 103,1 göterime barabar boldy. Sergileriň 13-si, maslahatlaryň
77-si geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk
hem-de azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,3 göterime, senagat
önümleriniň ösüş depgini 105,8 göterime deň boldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda toplumynyň işini kämilleşdirmek, hususy
pudagyň önümçiliklerini artdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegiň möhümdigini
nygtady. Döwlet Baştutanymyz täze önümçilikleri döretmek, eksporta iberilýän
önümleriň mukdaryny köpeltmek babatda maksatnamalaýyn işleri geçirmegiň, Döwlet
haryt-çig mal biržasynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak işlerini
çaltlandyrmagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere
degişli tabşyryklar berildi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň ýedi aýynda
gözegçilik edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe şanly seneler, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300
ýyllygy mynasybetli dürli çäreler guraldy. Ozal yglan edilen döredijilik
bäsleşikleriniň jemleri jemlenildi, “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň Aşgabat
we Arkadag şäherleri, Ahal, Balkan welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlary
geçirildi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyzyň şu ýylyň iýulynda Gazagystan Respublikasyna amala aşyran iş
saparynyň çäklerinde Astana şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň
açylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň döredijilik toparlary gatnaşdy. Mundan
başga-da, Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen halk tanslarynyň
“Altyn garagöz” atly 36-njy Bütindünýä bäsleşigine, ýurdumyzyň Hytaý Halk
Respublikasyndaky Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasyna, Sankt-Peterburg
şäherinde geçirilen ýaş opera aýdymçylarynyň halkara bäsleşigine, Wena
şäherinde guralan Bütindünýä orkestr festiwalyna Türkmenistanyň wekilleriniň
gatnaşandyklary barada aýdyldy.
Teatrlaryň,
sirkleriň, kinoteatrlaryň we kinokonsert merkezleriniň, kitaphanalaryň, Türkmen
döwlet neşirýat gullugynyň, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň,
Döwlet habarlar agentliginiň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada-da hasabat
berildi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek, medeni
mirasymyzy giňden wagyz etmek hem-de geljek nesillere ýetirmek boýunça alnyp
barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň
33 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerine we Döwlet münberiniň öňünde
geçiriljek dabaralara ýokary derejede taýýarlyk görmek möhümdir diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän
ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri
barada hasabat berdi.
Wise-premýer,
ilki bilen, hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň ähli
bilim işgärleriniň adyndan Bilimler we talyp ýaşlar güni, täze okuw ýylynyň
başlanmagy bilen gutlap, Diýarymyzda işlemek, döwrebap bilim almak babatda ähli
şertleriň döredilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge, bilim işini
döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Bilim işine
okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ornaşdyryldy, okuw kitaplarydyr
gollanmalar neşir edildi. Mekdep okuwçylary we talyp ýaşlar halkara ders hem-de
internet bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, medallary gazandylar. Ylmy
barlaglaryň netijeliligi ýokarlandyryldy, okuw kitaplarynyň, gollanmalaryň
1305-si makullanyldy. Alymlyk derejesine dalaşgärler hasaba alyndy,
dissertasiýalar goraldy. Hasabat döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
bilen, Döwlet ylmy-tehniki maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň, ýerine
ýetirmegiň we maliýeleşdirmegiň Tertibi tassyklanyldy. Magtymguly Pyragynyň
doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, sergiler we beýleki
çäreler, şol sanda tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Ýaşlaryň arasynda ylmy
işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
Ýylyň
başyndan bäri amaly lukmançylyga öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy
usullary ornaşdyryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň
hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. Degişli
saglygy goraýyş edaralaryna gazna tarapyndan gemodializ enjamlary sowgat
berildi. Täze ylmy-kliniki merkezleriň gurluşyk işleri alnyp barylýar.
Şu
ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda bedenterbiýäni, sporty ösdürmek, ussat türgenleri
taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi. Hasabat döwründe türgenlerimiz halkara
ýaryşlaryň 115-sine gatnaşyp, jemi 391 (127 altyn, 110 kümüş, 154 bürünç)
medala mynasyp boldular. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumy
«Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edildi
hem-de Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan degişli güwänama gowşuryldy.
Soňra
wise-premýer Bilimler we talyp ýaşlar gününe, 2024-2025-nji täze okuw ýylyna
görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, dürli
dabaralaryň, şol sanda Garaşsyzlyk binasynyň öňünde, Berdimuhamet Annaýew
adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde, Gökdepe
etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde çäreleriň geçirilmeginiň
meýilleşdirilýändigi aýdyldy.
Täze
okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagy “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ady
bilen geçiriler hem-de ol Garaşsyzlygyň 33 ýylynyň dowamynda gazanylan
üstünliklere, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesiller üçin döredilýän giň
mümkinçiliklere bagyşlanar. Ýurdumyzyň 1-nji synp okuwçylarynyň ählisine
hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan “Bilimli” atly
kompýuterler dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
Şol
gün Diýarymyzyň dürli künjeklerinde täze bilim edaralary açylyp, bilimler
baýramçylygy has-da dabaralandyrylar. Şolaryň hatarynda Ahal welaýatyndaky 1200
orunlyk orta mekdep, Lebap welaýatyndaky 1360 orunlyk 2 sany orta mekdep, Mary
welaýatyndaky 160 orunlyk çagalar bagy hem-de 500 orunlyk orta mekdep bar.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli
çäreleri ýokary derejede guramaçylykda geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, 1-nji synpa kabul
edilýän mekdep okuwçylaryna döwrebap kompýuterleri sowgat bermek boýunça
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisiň
dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri
R.Meredowa söz berildi. Ol Hökümet agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimizi
Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2024-2025-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy
bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, halkymyzyň,
Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimize ýolbaşçylar düzümine
zähmet dynç alşy döwründe ýurdumyzyň şypahanalarynda, “Awaza” milli
syýahatçylyk zolagynda dynç almak üçin döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden
hoşallyk bildirildi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
şu ýylyň ýedi aýynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bitarap
Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek, döwlet
Baştutanymyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn
gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmak boýunça ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen,
degişli işler geçirildi. Halkara gatnaşyklary pugtalandyrmakda ýokary
derejedäki saparlara we gepleşiklere aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen
baglylykda, hasabat döwründe hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasyna iş
saparyny amala aşyrandygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz 9-njy maýda Beýik
Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli guralan dabaraly
çärelere gatnaşdy.
Ýylyň
başyndan bäri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerinde, Türkiýe
Respublikasynda, Täjigistan Respublikasynda, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan
Respublikasynda, Eýran Yslam Respublikasynda, Gazagystan Respublikasynda
saparda boldy.
Hasabat
döwründe Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana döwlet saparyny amala
aşyrdy. 24-nji maýda paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet
Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak maksady bilen,
Russiýa Federasiýasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň,
Gyrgyz Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň Hökümet ýolbaşçylary
Aşgabada iş sapary bilen geldiler.
Abraýly
halkara guramalar bilen köpugurly hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary
syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu ýyl Birleşen Milletler
Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Bütindünýä
Syýahatçylyk Guramasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň, Türki
Döwletleriň Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretarlary
ýurdumyzda saparda boldular.
Daşary
ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana hem-de ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary
ýurtlara amala aşyran saparlary, guralan gepleşiklerdir duşuşyklar dürli
ulgamlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirildi. Daşary ýurtly
hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň üsti 106 resminama
bilen ýetirildi. Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn
gatnaşyklar yzygiderli amala aşyrylýar. Hasabat döwründe Ýewropa Bileleşiginiň
daşary syýasat we howpsuzlyk meseleleri boýunça ýokary wekili bilen gepleşikler
geçirildi. Ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly
ähmiýet berlip, bu ugurda degişli çäreler görülýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä ýurtlary bilen
söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklary
yzygiderli berkitmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem abraýly halkara guramalar
bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek
möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer, daşary işler
ministrine anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory
M.Çakyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan
işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine
ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 118,1 göterime deň boldy.
2024-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we
derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 103,9 göterime, ýolagçy
gatnatmagyň ösüş depgini 103,6 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe
“Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş
depgini 104,8 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 110,9 göterime,
“Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 153,8 göterime,
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 107,3 göterime, “Türkmenaragatnaşyk”
agentligi boýunça bolsa 113,4 göterime barabar boldy.
“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
tarapyndan ýerine ýetirilen işler, “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda
sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde
görlen çäreler, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ulag-kommunikasiýa toplumyna
degişli durmuş-önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy barada-da
hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag
we kommunikasiýalar toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri doly ýerine ýetirmek
üçin toplumyň işini döwre görä yzygiderli kämilleşdirip durmagyň wajypdygyny
belledi. Döwlet Baştutanymyz ýolagçy we ýük dolanyşygynyň depginini
artdyrmagyň, halkara üstaşyr ulag gatnawlary üçin amatly şertleri döretmek
boýunça degişli işleri geçirmegiň möhümdigini aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna
birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda şu ýylyň ýedi aýynda
ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli
durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi. Hasabat
döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolmagy munuň
aýdyň güwäsidir. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,6 göterime, ulag we
aragatnaşykda 7,1 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7 göterime, söwda ulgamynda 7,8
göterime, gurluşykda 9,3 göterime, oba hojalyk pudagynda bolsa 7,8 göterime deň
boldy. Şeýle-de hasabat döwründe ýurdumyzda iri senagat, durmuş maksatly
desgalardyr binalar dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi.
Döwlet Baştutanymyz sentýabr aýynda köp sanly
çäreleriň geçiriljekdigine ünsi çekip, olara jogapkärçilikli çemeleşip,
çäreleri ýokary derejede guramak üçin degişli işleri ýerine ýetirmegiň
wajypdygyny belledi.
1-nji sentýabrda ýurdumyzda Bilimler we talyp
ýaşlar güni giňden belleniler, döwrebap okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň
birnäçesi dabaraly ýagdaýda ulanmaga berler. Ýaş nesillerimizi mynasyp
terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek döwletimiziň alyp barýan bilim
syýasatynyň baş maksady bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz geljekde-de bilim
ulgamyny yzygiderli ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça işleriň dowam
etdiriljekdigini belläp, mejlise gatnaşyjylary, ähli bilim işgärlerini,
bagtyýar ýaşlary Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň
başlanmagy bilen gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa
gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň
gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.